Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Ýehowadan pena gözleýärsiňizmi?

Siz Ýehowadan pena gözleýärsiňizmi?

«Reb bendelerini azat edýändir, Oňa sygynýanlaryň hiç biri höküm edilmez». ZEB. 34:22

AÝDYMLAR: 49, 32

1. Hudaýyň wepaly gullukçylary günälidigi sebäpli özlerini nähili duýýarlar?

«NE BIÇÄRE adam men!» (Rim. 7:24). Pawlus resulyň bu sözleri bilen Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň köpüsi ylalaşýarlar. Biziň ählimiz günäniň ýetiren zyýanyndan ejir çekýäris. Edýän işlerimiz bilen Ýehowanyň göwnünden turup bilmesek, özümizi erbet duýýarys. Agyr günä eden mesihçileriň käbirine hatda Hudaýyň olary bagyşlandygyna ynanmak hem kyn bolýar.

2. a) Zebur 34:22-däki sözler özüni günäkärleýän mesihçileri nämä ynandyrýar? b) Şu makalada nämä serederis? (« Sapakmy ýa-da bir zadyň nusgasy?» diýen çarçuwa serediň).

2 Özümizi günäkärläp ýörmez ýaly, Ýehowa öz Sözi arkaly bize pena boljakdygyna ynandyrýar (Zebur 34:22-ni okaň). Eýsem, Ýehowadan pena gözlemek nämäni aňladýar? Ýehowanyň rehimdarlygyny we merhemetini gazanmak üçin nähili ädimleri ätmeli? Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, gadymy ysraýyl halkynyň gaçybatalga şäherleriniň gurnalyşyna seredeliň. Bu çäre ysraýyl halky bilen baglaşylan Kanun ähtine degişli bolup, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününe çenli dowam etdi. Emma Kanuny Ýehowanyň berendigi üçin, şäherleriň gurnalyşy bize Onuň günäkäre, eden etmişine we toba edişine nähili garaýandygyna düşünmäge kömek edýär. Geliň, başda şol şäherleriň näme maksat bilen gurnalandygyny we olaryň nädip hereket edendigini bileliň.

«GAÇYBATALGA GALALARYNY» SAÝLAŇ

3. Ysraýyllylar birini bilgeşleýin öldüren adamy näme edýärdiler?

3 Ýehowa kimdir biriniň ganyna galmaklygy agyr günä hasaplaýar. Şonuň üçin gadymy Ysraýylda bilgeşleýin öldürilen adamyň hossarynyň ganhory öldürmäge haky bardy (San. 35:19). Şeýdip, bigünä dökülen adamyň gany ýuwulýardy. Wada edilen diýar haramlanmaz ýaly, bu tabşyrygy derrew berjaý etmelidi. Şol sebäpli Ýehowa: «Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy (adamyň gany bilen) haramlamaň» diýdi (San. 35:33, 34).

4. Ysraýyllylara bigünä dökülen gan babatda nähili görkezme berlipdi?

4 Ysraýyllylara bigünä dökülen gan babatda nähili görkezme berlipdi? Adam birini bilmän öldürenem bolsa, ol ganhor hasaplanýardy (Gel. çyk. 9:5). Şonuň üçin öldürilen adamyň hossary ondan ar almaz ýaly, oňa alty sany gaçybatalga şäherleriň birine gaçmaga rugsat berilýärdi. Şeýdip, ol janyny halas edip bilýärdi we baş ruhany aradan çykýança, şol şäherden çykmaly däldi (San. 35:15, 28).

5. Gaçybatalga şäherleriniň gurnalyşy Ýehowany has ýakyndan tanamaga nädip kömek edýär?

5 Gaçybatalga şäherlerini gurmak adamyň oýlap tapan çäresi däldi. Ýehowanyň hut özi Ýeşuwa şeýle tabşyryk berdi: «Haýsy galalaryň (gaçybatalga) bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň». Ysraýyllylaryň gaçybatalga hökmünde bellän şäherleri mukaddes hasaplanýardy (Ýeş. 20:1, 2, 7, 8). Şeýle şäherleri bellemek barada Ýehowanyň özi ýörite görkezme berendigi üçin, biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Bu çäre bize Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyna düşünmäge nädip kömek edýär? Şu günler Ýehowadan pena gözlemek babatda mundan näme öwrenýäris?»

«ÝAŞULULARA EŞITDIRIP, ÖZ ÝAGDAÝYNY HABAR BERSIN»

6, 7. a) Bigünä gan döken adama höküm çykarmakda ýaşulularyň nähili jogapkärçiligi bardy? Düşündiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Gaçgak adamyň ýaşulularyň ýanyna barmagy näme üçin paýhaslydy?

6 Kimdir birini tötänden öldüren adam, ilki bilen, gaçan «galasynyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bermelidi». Galanyň ýaşaýjylary ony kabul etmelidi (Ýeş. 20:4). Biraz wagtdan ony wakanyň bolan ýerindäki ýaşulularyň ýanyna eltmelidi we işini şol ýaşulular derňemelidi (Sanlar 35:24, 25-nji aýatlary okaň) *. Diňe adamy tötänden öldürendigi anyklanansoň, ol gaçybatalga şäherine dolanyp bilýärdi.

7 Bu işe näme üçin ýaşulular seretmelidi? Olar ysraýyl halkynyň arassa bolmagyna jogapkärdiler we birini tötänden öldüren adama Ýehowanyň rehimdarlygyny gazanmaga kömek etmelidiler. Bir alymyň aýtmagyna görä, ýaşulularyň ýanyna barmakdan ýüz öwürýän gaçgak «janyny howp astyna salýardy». Şeýle-de ol: «Hudaýyň halas ediş çäresini kabul etmändigi üçin, bigünä dökülen gan ondan soralýardy» diýdi. Dogrudanam, bigünä gan döken adamyň ýagdaýy çykalgasyz däldi, ýöne ol berilýän kömegi kabul etmek üçin hereket etmelidi. Eger ol Ýehowanyň bellän şäherleriniň birinden pena gözlemese, öldürilen adamyň hossarynyň ony duşan ýerinde öldürmäge haky bardy.

8, 9. Agyr günä eden mesihçi näme üçin ýaşululardan kömek soramaly?

8 Şu günlerem agyr günä eden mesihçi kömek üçin ýaşululara ýüz tutmaly. Bu näme üçin wajyp? Birinjiden, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ýehowa ýaşululary agyr günä eden adamyň işine seretmek üçin belledi (Ýak. 5:14—16). Ikinjiden, bu çäre toba eden günäkäre Hudaýyň penasynda galmaga we günäli ýoldan el çekmäge kömek edýär (Gal. 6:1; Ýew. 12:11). Üçünjiden, ýaşulular toba eden günäkäriň derdini ýeňletmäge we erbet duýgularyny ýeňmegi öwretmäge jogapkär. Ýehowa ýygnagyň ýaşulularyna «tupandan pena» hökmünde garaýar (Iş. 32:1, 2). Siz Hudaýyň rehimdarlygyny aýan edýän bu çäräni gymmat saýýarmysyňyz?

9 Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi kömek üçin ýaşululara ýüz tutanda, dynçlyk tapdylar. Geliň, Daniýel dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol agyr günä edýär, ýöne birnäçe aýlap ýaşulularyň ýanyna barmaga ýaýdanýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Aradan köp wagt geçensoň, men indi ýaşululara aýdanyň peýdasy ýokdur diýip pikir etdim. Men eden etmişimiň netijesini bir gün bolmasa, bir gün hökman görerin diýen gorky bilen ýaşaýardym. Emma Ýehowa doga edenimde, etmişimi öňräk boýun almalydygyma düşünip başladym». Daniýel ahyry ýaşululardan kömek soraýar. Geçmişini ýatlap, ol şeýle diýýär: «Men olara ýüz tutmaga gorkýardym. Ýöne soňra egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Indi men Ýehowa arkaýyn ýüzlenip bilýärin». Häzir Daniýel arassa ynsap bilen gulluk edýär we ýakynda ony hyzmatçy edip bellediler.

OL «GALALARYŇ BIRINE GAÇMALY»

10. Birini tötänden öldüren adam Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin näme etmelidi?

10 Birini tötänden öldüren adam Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin hereket etmelidi; ol golaýdaky gaçybatalga şäherleriň birine gaçmalydy (Ýeşuwa 20:4-i okaň) *. Başga çykalga ýokdy; ol janyny halas etmek üçin mümkin boldugyndan çaltrak şäherleriň birine baryp, şol ýerde galmalydy. Elbetde, munuň üçin ol käbir zatlardan geçmelidi. Meselem, ol işini, öýüni terk etmelidi we baş ruhany aradan çykýança, ol galadan hiç ýere gitmeli däldi * (San. 35:25). Ýöne bu şeýle edeniňe degýärdi. Eger ol bardy-geldi şäherden çykaýsa, biriniň ganyna galandygyna asla ökünmeýändigini görkezýärdi we öz janyny howp astynda salýardy.

11. Toba eden mesihçi Hudaýyň rehimdarlygyna mätäçdigine düşünýändigini nädip görkezip biler?

11 Şu günler hem toba eden günäkär Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin belli bir zatlary etmeli. Meselem, ol günäli ýoldan doly ýüz öwürmek üçin diňe bir agyr günälerden gaça durman, eýsem, günäli işlere eltýän islendik zatdan daşda durmaly. Pawlus resul toba eden Korinfdäki mesihçiler barada şeýle diýdi: «Siziň Hudaýyň islegine laýyk gynanmagyňyz, gör, nähili netije berdi! Bu size özüňizi arassalamak islegini, erbetlige bolan ýigrenji, Hudaýdan gorkyny, toba etmäge güýçli islegi, özgermäge bolan yhlasy we ýalňyşyňy düzetmek islegini berdi» (2 Kor. 7:10, 11). Günäli ýoldan ýüz öwürmek üçin ýürekden tagalla etsek, özümize bil baglamaýandygymyzy we Ýehowanyň rehimdarlygyna mätäçdigimizi görkezeris.

12. Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin mesihçi ýene nämeden geçmäge taýyn bolmaly?

12 Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin mesihçi ýene nämeden el çekmeli? Ol gowy görýän, ýöne günäli işlere iterýän zatlardan geçmäge taýyn bolmaly (Mat. 18:8, 9). Dostlaryňyz Ýehowanyň halamaýan işlerini etmäge iterse, siz olar bilen gatnaşygyňyzy kesermisiňiz? Ýa-da spirtli içgileri içmek endigi bilen göreşýän bolsaňyz, muňa iterýän islendik ýagdaýdan daşda durarmysyňyz? Ahlaksyz isleglere garşy durmak üçin, hapa pikirleri döredýän filmlerden, web-saýtlardan ýa-da işlerden gaça durarmysyňyz? Ýadyňyzda bolsun, wepaly galmak üçin edýän islendik tagallamyzy Ýehowa gymmat saýýar. Ýehowanyň terk edendigini duýmakdan erbet zat ýok bolsa gerek. Emma Ýehowanyň «sadyk söýgüsini» duýmakdan gowy zat ýokdur (Iş. 54:7, 8).

«GALALAR GANHORLAR ÜÇIN... GAÇYBATALGA BOLSUN»

13. Gaçgak adamyň gaçybatalga şäherinde howpsuz we bagtly ýaşamaga nähili mümkinçiligi bardy?

13 Gaçybatalga şäheri gaçgak adama gorag berýärdi. Şeýle şäherler barada Ýehowa: «Galalar ganhorlar üçin... gaçybatalga bolsun» diýdi (Ýeş. 20:2, 3). Ýehowa tötänden gan döken adamy etmişi üçin indi höküm etmeýärdi, öldürilen adamyň hossary hem onuň janyny almak üçin şähere girip bilmeýärdi. Gaçgak adam bolsa etmişi üçin jeza çekerin öýdüp, gorkuda ýaşamaýardy. Sebäbi şäheriň içinde ol howpsuzlykda ýaşap, Ýehowanyň penasynda bolýardy. Gaçybatalga şäherlerine tussaghana diýsek nädogry bolardy. Ol ýere gaçan adama işlemäge, başgalara kömek etmäge we Ýehowa arkaýyn gulluk etmäge mümkinçilik berilýärdi. Hawa, günäkär adam üçin asuda we şatlykly durmuşda ýaşamak mümkindi!

Ýehowanyň sizi bagyşlandygyna doly ynanyň (14—16-njy abzaslara serediň)

14. Toba eden mesihçi nämä ynamly bolup biler?

14 Günä eden mesihçileriň käbiri toba etseler-de, özlerini etmişi üçin türmede ýaly duýýarlar. Hatda olary Ýehowa hiç haçan bagyşlamaz diýen duýgular gaplap alýar. Eger siz hem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz, onda Ýehowanyň bagyşlandygyna we rehimdarlygyny gazanandygyňyza asla şübhelenmän bilersiňiz. Ýokarda agzalan Daniýel hem munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ýaşulularyň düzedişini we kömegini kabul edensoň, ol ýene-de arassa ynsap bilen gullugyny dowam etdi. Daniýel şeýle gürrüň berýär: «Meniň ýüregim aram tapdy. Berlen görkezmä doly eýerenim üçin, indi ynsabym kösemeýär. Sebäbi Ýehowa günäňi bagyşlasa, ony gaýdyp ýatlamaýar. Ýehowa aýdyşy ýaly, egnimizdäki agyr ýüki alyp, ony uzak ýerlere taşlaýar. Ine, şonuň üçinem ony hiç haçan ýatlamaly däl». Gaçybatalga şäherine baran adam özünden ar alnar diýen gorky bilen ýaşamaly däldi. Şonuň ýaly-da Ýehowa günälerimizi bagyşlan bolsa, ony ýene-de ýatlar ýa-da höküm çykarar diýen gorky bizde bolmaly däl (Zebur 103:8—12-nji aýatlary okaň).

15, 16. Isanyň Halasgär we Baş ruhany bolmagy Hudaýyň rehimdarlygyny gazanyp biljekdigimize nädip ynandyrýar?

15 Aslynda, Ýehowanyň rehim etjekdigine ysraýyllylara garanyňda, bizde has köp degerli sebäp bar. Pawlus resul özüne «ne biçäre adam» diýenden soň: «Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaýa minnetdardyryn!» diýdi (Rim. 7:25). Hawa, Pawlus günä we öňki eden etmişlerine garşy göreşse-de, toba edendigi üçin, ol Hudaýyň Isa arkaly bagyşlandygyna ynanýardy. Halasgärimiz Isa ynsabymyzy arassalap, kalbymyza rahatlyk berýär (Ýew. 9:13, 14). Baş ruhanymyz hökmünde «ol özi arkaly Hudaýa ýakynlaşýanlary doly halas etmegi başarýandyr. Sebäbi ol hemişe ýaşaýar we Hudaýa ýalbaryp, olara kömek etmegini soraýar» (Ýew. 7:24, 25). Eger baş ruhany ysraýyllylaryň günäsiniň bagyşlanandygyna ynandyran bolsa, onda biziň Baş ruhanymyz bolan Isanyň «kömege mätäç bolanymyzda... bize rehimdarlyk bildirip, merhemet etjekdigine» asla şübhelenmän bileris (Ýew. 4:15, 16).

16 Ýehowanyň penasynda galmak üçin Isanyň töleg gurbanyna iman etmek wajyp. Munuň üçin töleg gurbanynyň köp adamlara peýda getirýändigini ýöne bir boýun almak ýeterlikli däl. Onuň hut özümize peýda getirýändigine iman etmeli (Gal. 2:20, 21). Şeýle iman günämiziň bagyşlanýandygynyň esasy özeni bolup durýar. Töleg gurbanyna iman etmek bize ebedi ýaşaýşa umyt berýär. Isanyň töleg gurbany Ýehowanyň bize beren sowgadydyr.

17. Siz näme üçin Ýehowadan pena gözlemek isleýärsiňiz?

17 Gaçybatalga şäherleri Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyny aýan edýär. Bu çäre diňe bir ýaşaýşyň mukaddesdigini däl-de, eýsem, ýaşulularyň bize kömek edişini, ýürekden toba etmegiň näme aňladýandygyny we Ýehowanyň günämizi bagyşlaýandygyna näme üçin doly ynanyp biljekdigimizi görkezýär. Siz Ýehowadan pena gözleýärsiňizmi? Şondan başga pena ýok! (Zeb. 91:1, 2). Indiki makalada gaçybatalga şäherleriniň gurnalyşyndan Ýehowanyň adalatlylygyna we rehimdarlygyna nädip eýerip biljekdigimizi bileris.

^ abzas 6 Sanlar 35:24 Ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün. 25 Jemagat öldürileniň hossarynyň elinden ganhory halas etsin we ony başdaky gaçyp baran gaçybatalga galasyna ugratsyn. Depesine mukaddes ýag guýlup bellenen baş ruhany ölýänçä, ganhor şol ýerde bolmalydyr.

^ abzas 10 Ýeşuwa 20:4 Kimde-kim şol galalaryň birine gaçyp barsa, ol adam galanyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bersin. Olar ol adamy öz ýaşaýjylarynyň biri hökmünde kabul edip, oňa öz aralarynda galada ýaşamaga orun bererler.

^ abzas 10 Ýehudylaryň bir kitabyna görä, adatça, birini tötänden öldüren adamyň maşgalasy hem derrew gaçybatalga şäherine gelýärdi.