Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Joşup aýdym aýdyň

Joşup aýdym aýdyň

«Hudaýymyza nagma aýtmak gowudyr». ZEB. 147:1

AÝDYMLAR: 9, 138

1. Aýdym aýtmak bize nähili mümkinçilikleri berýär?

BIR tanymal şahyr şeýle diýdi: «Goşgy oýlanmaga höweslendirýär. Saz duýgularyňy oýarýar. Emma aýdym duýgyňa-da, pikiriňe-de täsir edýär». Eýsem, gökdäki Atamyz Ýehowany şöhratlandyryp, oňa bolan söýgimizi aýan etmek üçin aýdym aýdanymyzda, bizem şeýle duýgulary başdan geçirmeýärismi?! Şonuň üçin ýekelikde ýa-da ýygnakda dogan-uýalar bilen bile aýdym aýtmaklyk arassa seždäniň wajyp bölegi bolup durýar.

2, 3. a) Käbirleri ýygnakda sesli aýdym atmaga nähili garaýar? b) Biz haýsy soraglara serederis?

2 Siz ýygnakda sesli aýdym aýtmagy gowy görýärsiňizmi ýa-da utanýarsyňyz? Käbir medeniýetde erkek adamlar köpçülikde aýdym aýtmaga çekinýärler. Şeýle garaýyş ýygnakdaky dogan-uýalara, esasan-da, aýdym aýdylanda jogapkär doganlar başga işler bilen meşgullansalar, bu tutuş ýygnaga täsir edip biler (Zeb. 30:12).

3 Eger biz aýdym aýtmagy seždämiziň wajyp bölegi hasaplasak, onda öz işlerimiz bilen meşgullanyp, ünsümizi başga zada sowmarys. Şol sebäpli her birimiz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men ýygnakda aýdym aýtmagy seždäniň bir bölegi hasaplaýarynmy? Hiç zada päsgel berdirmän joşup aýdym aýtmaga çalyşýarynmy? Aýdymy bütin duýgym bilen aýtmak üçin näme edip bilerin?»

AÝDYM AÝTMAK HAKYKY SEŽDÄNIŇ WAJYP BÖLEGI

4, 5. Ysraýyllylar Ýehowa sežde edende, aýdym aýtmaklyga nähili garaýardylar?

4 Ýehowanyň wepaly gullukçylary ony şöhratlandyrmak üçin hemişe aýdym aýdýardylar. Şonuň üçin gadymy ysraýyllylaryň Ýehowa wepaly gulluk edenlerinde, aýdym aýdandyklary geň galdyrmasa gerek. Meselem, Dawut patyşa ybadathanada sežde edilende öwgüli aýdymlary aýtjak 4 müň sany lewini taýýarlapdy. Olaryň arasynda Ýehowanyň «öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen» 288 adam bardy (1 Ýyl. 23:5; 25:7).

5 Dogrudan-da, ybadathananyň dabaraly açylyşynda aýdym-saza aýratyn üns berildi. Biz Ýazgylarda şeýle sözleri okaýarys: «Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldanda... Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurdy». Şonda ysraýyllylaryň imany, gör, nähili berkändir! (2 Ýyl. 5:13, 14; 7:6).

6. Nehemýanyň döwründe baýramçylyk mynasybetli gurnalan ýörite aýdym-saz hakda gürrüň beriň.

6 Nehemýa Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmäge ysraýyllylara ýolbaşçylyk edende, lewileriň hem saz gurallarda aýdym aýtmagyny gurnady. Dikeldilen diwarlar Ýehowa bagyş edilende, baýramçylyk mynasybetli ýörite taýýarlanan aýdym-saz goýberildi. Şonda «şükür edýän iki uly topar» diwaryň üsti bilen ýöräp, biri sag tarapa, beýlekisi çep tarapa gitdi. Aýdym-sazyň şowhuny uzak ýerlere eşidilýärdi (Neh. 12:27, 28, 31, 38, 40, 43). Ýehowa Özüne sežde edýän gullukçylarynyň joşgunly nagmalaryny eşidip, gör, nähili begenendir!

7. Isa aýdym aýtmagyň wajypdygyny nädip görkezdi?

7 Mesihçiler ýygnagy dörände-de, aýdym-saz hakyky seždäniň esasy bölegi bolup durýardy. Ynsan taryhynyň iň wajyp güni, ýagny Halypamyz Isa Agşam naharyny girizende-de, resullary bilen aýdym aýdypdy (Matta 26:30-y okaň).

8. I asyrdaky mesihçiler aýdym aýtmakda nähili görelde galdyrdylar?

8 I asyrda ýaşan mesihçiler bile ýygnanyşanda, Hudaýa öwgüli aýdymlary aýdyp, gowy görelde galdyrdylar. Olar köplenç öýlerde ýygnanyşsalar-da, Ýehowany şöhratlandyrmak üçin aýdym aýtmagy hiç haçan unutmandyrlar. Pawlus resul hem Hudaýyň ylhamy bilen mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Mezmurlar, Hudaýa aýdylýan alkyşlar, minnetdardygyňyzy görkezýän ruhy aýdymlar we ýürekleriňizde Ýehowa nagma aýdyp, biri-biriňize tälim beriň hem-de ruhlandyryň» (Kol. 3:16). Biziň täze aýdym kitabymyz hem «minnetdardygymyzy görkezýän ruhy aýdymlardan» ybarat. Ol «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» wagtly-wagtynda taýýarlaýan ruhy iýmitiniň bir bölegi bolup durýar (Mat. 24:45). 

TERS PIKIRLERI ÝEŇMEK

9. a) Käbirleri ýygnakda ýa-da kongresde näme üçin aýdym aýtmaga çekinýär? b) Biz Ýehowany aýdymlar bilen nädip şöhratlandyryp bileris we bu babatda kimler görelde görkezmeli? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

9 Siziň maşgalaňyzda ýa-da medeniýetiňizde aýdym aýtmak ýerliksiz hasaplanýarmy? Mümkin, siz soňky çykan tehniki enjamlar arkaly ady belli bagşylaryň aýdymlaryny höwes bilen diňleýänsiňiz. Sesiňizi şeýle aýdymçylar bilen deňeşdireniňizde, belki, ruhdan düşüp, özüňizi oňaýsyz duýýansyňyz. Emma bu size Ýehowany şöhratlandyrýan aýdymlary aýtmaga päsgel bermeli däl. Gaýtam, başyňyzy dik tutup, aýdym kitabyndaky nagmalary ýürekden joşup aýdyň! (Ezra 3:11; Zebur 147:1-i okaň). Şu günler Ýygnak jaýlarynyň köpüsinde aýdymyň sözleri ekranda görkezilýär. Ýaşulularyň okaýan «Patyşalyk gullugynyň mekdebinde-de» ýörite aýdym aýtmak sapagy girizildi. Görşümiz ýaly, ýaşulular aýdym aýtmakda görelde görkezmeli.

10. Sesli aýdym aýtmaga ýaýdanýan bolsak nämäni unutmaly däl?

10 Köpleri sesli aýdym aýtmakdan saklanýarlar. Mümkin, olar özlerine üns bererler ýa-da gowy aýdyp bilmerin öýdüp gorkýandyrlar. Meselem, biz geplänimizde, «ählimiz köp ýalňyşýarys» (Ýak. 3:2). Ýöne biz geplemegimizi bes edýärismi? Elbetde, ýok. Onda sesim gowy däl diýip, Ýehowa öwgüli aýdymlary aýtmakdan saklansak dogry bolarmy?

11, 12. Aýdymy gowy aýtmagy öwrenmäge haýsy maslahatlar kömek eder?

11 Mümkin, biz aýdymy nädip aýtmalydygyny bilmeýändigimiz üçin ony aýtmakdan çekinýändiris. Emma aýdym aýtmak babatda berilýän käbir esasy maslahatlara eýersek, muny başaryp bileris *.

12 Siz dogry dem almagy öwrenseňiz, aýdymy joşgunly we sesli aýtmagy başararsyňyz. Elektrik togunyň çyra ýagtylyk berşi ýaly, dem almaklyk hem gepläniňde ýa-da aýdym aýdanyňda, sesiň gowy çykmagyna ýardam edýär. Aýdymy adaty gepleýşiňiz ýaly ýa-da ondan batlyrak aýdyň («Wagyz mekdebi» kitabynyň 181—184-nji sahypalarynda «Dogry dem almak» diýen sözbaşydan peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz). Mukaddes Ýazgylaryň özi hem Ýehowanyň gullukçylaryny «şatlyk bilen gygyryşyp» nagma aýtmaga çagyrýar (Zeb. 33:1—3).

13. Aýdymy ynamly aýtmaga bize näme kömek eder? Düşündiriň.

13 Şahsy ýa-da maşgala okuwynda aýdym kitabyndan gowy görýän aýdymyňyzy saýlaň. Soňra sözlerini sesli we labyzly okaň. Ondaky aýry-aýry jümleleri bir demde aýdyp görüň. Soňra şol jümleleri saza goşup, batly ses bilen aýdyň (Iş. 24:14). Bu size aýdymy gowy aýtmaga kömek eder. Goý, size aýdym aýtmaga hiç zat päsgel bermesin!

14. a) Agzyňy biraz gatyrak açmak aýdymy gowy aýtmaga nädip kömek edýär? (« Aýdymy nädip gowy aýdyp bilersiňiz?» diýen çarçuwa serediň). b) Ses bilen bagly kynçylyklary ýeňmäge haýsy maslahatlar kömek eder?

14 Aýdym aýdanyňyzda, sözleri doly aýdyp biler ýaly, biraz säginiň. Şeýle-de agzyňyzy adaty gepleýşiňizdäkiden biraz gatyrak açyň. Eger sesiňiz gowşak ýa-da ýiti bolsa näme etmeli? Bu babatda «Wagyz mekdebi» kitabynyň 184-nji sahypasyndaky «Kynçylyklaryň hötdesinden gelmek» atly çarçuwadan peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz.

ÖWGÜLI AÝDYMLARY ÝÜREKDEN AÝDYŇ

15. a) Ýyllyk ýygnagynda nähili bildiriş edildi? b) Täze aýdym kitabymyzyň käbir aýratynlyklaryny agzap geçiň.

15 2016-njy ýylda «Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýetiniň (Pensilwaniýa)» geçiren Ýyllyk ýygnagynda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Stiwen Lett doganymyz «Ýehowa joşup aýdym aýdalyň» atly täze aýdym kitabynyň çykandygyny yglan etdi. Şeýle-de ony tizden ýygnak duşuşyklarynda ulanyp biljekdigimizi aýtdy. Lett dogan täze aýdym kitabyň aýratynlyklaryny agzanda, onuň «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesine» esaslanandygyny düşündirdi. Ol nutugynda 2013-nji ýylda çykan «Täze Dünýä terjimesinde» ulanylmaýan sözleriň aýrylandygy ýa-da ýerine başga söz goýlandygyny aýtdy. Şeýle-de wagyz gullugy we töleg gurbanyna bolan minnetdarlygymyz barada täze aýdymlar goşuldy. Aýdym aýtmak seždämiziň wajyp bölegi hasaplanýandygy üçin, Ýolbaşçylyk maslahaty aýdym kitabymyzyň daşynyň hem «Täze Dünýä terjimesiniňki» ýaly ýokary hilli bolmagynyň aladasyny etdi.

16, 17. Täze aýdym kitabynda nähili özgerişlikler girizildi?

16 «Ýehowa joşup aýdym aýdalyň» atly kitabynda aýdymlar temalara görä bölünendigi üçin ony ulanmak aňsat. Meselem, ilkinji 12 aýdym Ýehowa, indiki 8 aýdym Isa we töleg gurbany hakda aýdylýar. Doganlar jemagat nutugy üçin aýdym saýlanda, ondaky indeks hem peýdaly bolup biler.

17 Aýdymlardaky käbir sözleriň üýtgedilip, has aýdyňlaşdyrylmagy we ulanylmaýan sözleriň aýrylmagy hem joşup ýürekden aýtmaga kömek edýär. Meselem, «dözümlilik» sözi «sabyrlylyk» sözüne çalşyryldy. «Ýüregiňizi goraň» diýen aýdymyň ady indi «Ýüregimizi goraýarys» diýip atlandyrylýar. Näme üçin? Sebäbi ýygnaga ýa-da kongrese ýaňy gelip başlanlar, wagyzçylar, ýakynda suwa çümdürilenler, ýaşlar we uýalar aýdymyň käbir sözlerini aýdanlarynda, özlerini oňaýsyz duýýardylar. Şonuň üçin hem olaryň atlary we käbir sözler üýtgedildi.

Maşgala okuwynda aýdym aýdyň (18-nji abzasa serediň)

18. Täze aýdymlary näme üçin gowy bilmeli? (Çykgyda serediň).

18 «Ýehowa joşup aýdym aýdalyň» kitabymyzdaky aýdymlaryň köpüsi doga görnüşinde düzülen. Bu bize Ýehowa bolan duýgularymyzy beýan etmäge mümkinçilik berýär. Käbir aýdymlar bolsa dogan-uýalary «söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýär» (Ýew. 10:24). Elbetde, biz aýdymlaryň heňini, akymyny we sözlerini gowy bilmek isleýäris. Munuň üçin jw.org saýtymyzdaky aýdymlaryň wokal ýerine ýetirilişini diňläp bileris. Olary öýde aýdyp görsek, ýygnakda we kongreslerde ynamly hem-de ýürekden aýtmagy öwreneris *.

19. Ýygnaga gelenleriň ählisi nädip agzybirlikde aýdym aýdyp biler?

19 Geliň, Ýehowa sežde edenimizde, aýdym aýtmagyň wajyp orun eýeleýändigini unutmalyň. Sebäbi bu Ýehowa bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy bildirmegiň iň gowy usullarynyň biridir (Işaýa 12:5-i okaň) *. Eger biz aýdymy joşup aýtsak, başgalar hem ony ynamly aýtmaga höweslener. Şonda ýygnaga gelen ýaşlaram, garrylaram, gyzyklanýanlaram agzybirlikde Ýehowa sežde ederler. Goý, şonuň üçin aýdym aýtmaga hiç zat size päsgel bermesin. Gaýtam, mezmurçynyň: «Rebbe nagma aýdyň» diýen çagyryşyna seslenip, joşup aýdym aýdalyň! (Zeb. 96:1).

^ abzas 11 Aýdymy gowy aýtmak babatda 2014-nji ýylyň dekabr aýynda çykan JW teleýaýlymynda görkezme berilýär (STUDIÝAMYZDAN diýen bölümi saýlaň).

^ abzas 18 Her kongresiň başynda 10 minutlyk saz goýberilýär. Orkestriň ýerine ýetirýän bu sazy ýüregimizi we aňymyzy aýdyljak pikirlere taýýarlamaga kömek edýär. Şonuň üçin saz başlamanka, ýerimizde oturyp, ony ünsli diňlemek maslahat berilýär.

^ abzas 19 Işaýa 12:5 Rebbe öwgüler aýdyň, Ol beýik işler etdi; ýer ýüzi bilsin muny!