Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Dünýäniň garaýşyny ret ediň

Dünýäniň garaýşyny ret ediň

«Seresap boluň, hiç kim sizi... dünýäniň düşünjeleridir akyldarlygy... bilen aldap, ýesir edäýmesin». KOL. 2:8

AÝDYMLAR: 23, 26

1. Pawlus resul mesihçilere nähili maslahat berdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

PAWLUS RESUL Kolosdaky mesihçilere hatyny takmynan b. e. 60, 61-nji ýyllarynda ýazan bolmaly. Ol şonda ilkinji sapar Rimde tussaglykdady. Pawlus hatynda «ruhy zatlara çuňňur düşünmegiň» wajypdygyny agzady (Kol. 1:9). Soňra bolsa şeýle sözleri ýazdy: «Men muny hiç kim sizi ynandyryjy delilleri bilen aldaýmasyn diýip aýdýaryn. Seresap boluň, hiç kim sizi Mesihiň taglymatlaryna esaslanmadyk boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleridir akyldarlygy we ynsan adatlary bilen aldap, ýesir edäýmesin» (Kol. 2:4, 8). Pawlus dünýäde giňden ýaýran garaýyşlaryň käbiriniň näme üçin ýalandygyny we olaryň näme üçin bikämil adamlary özüne çekýändigini düşündirdi. Meselem, olar adamy özüni akylly saýmaga we başgalardan ýokary tutmaga iterýär. Onuň haty mesihçilere dünýäniň garaýşyny we nädogry işleri ret etmäge kömek etmelidi (Kol. 2:16, 17, 23).

2. Biz näme üçin dünýäniň öňe sürýän käbir garaýyşlary hakda gürrüň ederis?

2 Dünýäniň garaýşyna eýerýän adamlar Ýehowanyň görkezmesini inkär edýärler ýa-da onuň gymmatyny gaçyrýarlar. Olaryň täsirine düşsek, imanymyz kem-kemden gowşap biler. Şu günler biziň ählimize şeýle howp abanýar. Meselem, dünýäniň garaýşy telewizor we Internet arkaly, işde ýa-da mekdepde täsir edip biler. Şu makalada biz pikirimizi zaýalaýan dünýäniň garaýşyna nädip garşy durup biljekdigimize serederis. Şeýle-de dünýäniň öňe sürýän bäş garaýşy we olary nädip inkär edip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

HUDAÝA IMAN ETMEK WAJYPMY?

3. Adamlar nähili garaýşy öňe sürýär we näme üçin?

3 «Men Hudaýa iman etmesem-de, gowy adam bolup bilerin». Köp ýurtlarda Hudaýa iman etmeýän adamlaryň sany gitdigiçe artýar; olar özlerini hiç bir dine degişli hasaplamaýarlar. Mümkin, olar Hudaýyň bardygyny subut edýän zatlary ünsli öwrenen däldirler. Ýöne «islän zadyňy etmeli» diýen düşünjäni jany-teni bilen makullaýarlar (Zebur 10:4-i okaň). Käbir adamlar bolsa: «Hudaýa iman etmesem-de, ýokary prinsipler boýunça ýaşaýaryn» diýip, özlerini akylly saýmaklary mümkin.

4. «Ýaradyjy ýok» diýýän adam bilen nädip pikir alşyp bileris?

4 «Ýaradyjy ýok» diýen düşünje akyla laýyk gelýärmi? Ýaşaýşyň döredilendigine göz ýetirmek üçin ylma ser salsaň, onda birgiden maglumatdan ýaňa adamyň başy çaşyp biler. Emma munuň jogaby aýdyň. Eger binany kimdir biri guran bolsa, onda janly-jandarlary hem kimdir biri ýaradan bolmaly. Aslynda, ýer ýüzündäki janly öýjükleriň gurluşy islendik jaýdan has çylşyrymly. Sebäbi olar özi ýaly janly-jandarlary döredip bilýär. Munuň üçin öýjükler gerekli maglumaty özünde saklap, onuň nusgasyny emele getirýär. Eýsem, bu janly öýjükler nireden emele geldi? Injilde şeýle jogap berilýär: «Her bir öýüň gurujysy bardyr, ähli zady guran bolsa Hudaýdyr» (Ýew. 3:4).

5. «Hudaýa iman etmänem nämäniň ýagşydygyny kesgitläp bolýar» diýýän adam bilen nädip pikir alşyp bileris?

5 «Hudaýa iman etmänem nämäniň ýagşydygyny kesgitläp bolýar» diýýän adam bilen nädip pikir alşyp bileris? Hudaýyň Sözünde imansyz adamlaryň hem belli bir prinsipler boýunça ýaşaýandygy aýdylýar (Rim. 2:14, 15). Meselem, olar ene-atasyna hormat goýup, olary söýýärler. Emma ýagşy-ýamany kesgitleýän Ýaradyjyny inkär edýän adamyň eýerýän ahlak kadalarynyň düýbi berk bolup bilermi? (Iş. 33:22). Düşünjeli adamlaryň köpüsi dünýäniň gözgyny ýagdaýyny görüp, Hudaýyň kömegine mätäçdigini boýun alýarlar (Ýermeýa 10:23-i okaň) *. Şonuň üçin biz Hudaýa iman etmän we onuň kadalaryna eýermän nämäniň ýagşydygyny kesgitläp bolýandygy baradaky pikire asla berilmeli däl (Zeb. 146:3).

DINE UÝMAK HÖKMANMY?

6. Köp adamlaryň dine bolan garaýşy nähili?

6 «Sen dine uýmasaň-da, bagtly bolup bilersiň». Dünýäniň bu garaýşyna köp adamlar eýerýärler. Sebäbi olar dine ýürekgysgynç we biderek zat ýaly garaýarlar. Şeýle-de dinleriň köpüsi dowzah ody, zekat bermek ýa-da syýasaty goldamak ýaly ýalan taglymatlary bilen adamlary Hudaýdan daşlaşdyrýarlar. Ine, şol sebäpli-de köp adamlaryň «dine uýmasaň-da, bagtly bolup bilersiň» diýen düşünjä eýermegi geň galdyrmaýar. Olar: «Men ruhy zatlar barada gyzyklanýaryn, ýöne hiç bir dine uýmak islemeýärin» diýmekleri mümkin.

7. Hakyky din bagtly bolmaga nädip ýardam edýär?

7 Dogrudanam, adam dine uýmasa-da, bagtly bolup bilermi? Ýalan dine uýmasaň, bagtly bolmagyň mümkin. Ýöne «bagtly Hudaý» Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygy bolmadyk adam hiç haçan bagtly bolup bilmeýär (1 Tim. 1:11). Hudaýyň ähli edýän zatlary biziň peýdamyz üçindir. Onuň gullukçylary hem özlerini bagtly duýýarlar, sebäbi olar ünsüni adamlara kömek etmäge gönükdirýärler (Res. iş. 20:35). Geliň, hakyky seždäniň maşgalany nädip bagtly edýändigine seredeliň. Hakyky sežde ýanýoldaşyň gadyryny bilmegi, hormat goýmagy, oňa beren wadaňy mukaddes hasaplamagy, zynadan gaça durmagy, çagalary akylly-başly edip ýetişdirmegi we hakyky söýgini bildirmegi öwredýär. Ol Hudaýyň halkyny agzybir edýär we bütindünýä doganlygymyzy berkidýär (Işaýa 65:13, 14-nji aýatlary okaň) *.

8. «Adamy näme bagtly edýär?» diýenlerinde, biz Matta 5:3-e esaslanyp nädip jogap berip bileris?

8 Biz «adam Hudaýa gulluk etmese-de, bagtly bolup bilýär» diýen düşünjäniň dogry ýa-da nädogrudygyny nädip barlap bileris? Geliň, «adamy näme bagtly edýär?» diýen soraga seredeliň. Käbir adamlar wezipe, sport ýa-da gowy görýän zadyny etmek ýaly işlerden kanagat tapýarlar. Başgalar bolsa maşgalasy ýa-da dost-ýarlary bilen wagtyny geçirmekden lezzet alýar. Elbetde, bu zatlaryň bary adamy belli bir derejede bagtly edýär, ýöne biz ebedi bagtly ýaşamak üçin ýaradyldyk. Haýwanlardan tapawutlylykda, biz Ýaradyjymyz hakda bilim alyp, oňa wepaly gulluk edip bilýäris. Bu bizi hakykatdan bagtly edýär (Matta 5:3-i okaň). Meselem, hak Hudaýyň gullukçylary Ýehowa bilelikde sežde etmekden köp şatlyk tapýarlar we örän ruhlanýarlar (Zeb. 133:1). Olar bütindünýä doganlygyň agzasy bolmakdan we manyly ýaşamakdan lezzet alýarlar. Şeýle-de olary gelejege bolan umydy begendirýär.

AHLAK KADALARYNA EÝERMEK HÖKMANMY?

9. a) Şu dünýäde zyna we ahlaksyzlyga nähili garaýarlar? b) Hudaýyň Sözünde zyna näme üçin ýazgarylýar?

9 «Zyna etmek näme üçin ýazgarylýar?» Käbir adamlar: «Ýaşaýyş lezzet getirmeli. Zyna etmek nädogry däl» diýmegi mümkin. Mesihçi şeýle garaýşy ýerlikli hasaplasa, nädogry bolardy. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň Sözünde ahlaksyzlyk ýazgarylýar * (1 Selanikliler 4:3—8-nji aýatlary okaň). Ýehowa Ýaradyjy bolandygy üçin, nämäniň dogrudygyny kesgitlemäge haky bar. Hudaýyň beren kanunyna laýyklykda, şeýle gatnaşyk diňe durmuş guran erkek adam bilen aýal maşgalanyň arasynda bolmaly. Ýehowa bizi söýýändigi üçin şeýle tabşyryklary berýär. Olar bize diňe peýda getirýär. Şeýle tabşyryklary berjaý edýän maşgalalar birek-biregi söýýärler, hormat goýýarlar we howpsuzlykda ýaşaýarlar. Hudaý tabşyryklaryny bilgeşleýin bozýan adamlary halamaýar (Ýew. 13:4).

10. Mesihçiler ahlaksyzlykdan nädip gaça durup biler?

10 Hudaýyň Sözi bize ahlaksyzlykdan nädip gaça durmalydygyny öwredýär. Munuň üçin, esasan, görýän zatlarymyza ünsli bolmaly. Isa bu babatda şeýle diýdi: «Bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde onuň bilen eýýäm zyna edendir. Eger seniň sag gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla» (Mat. 5:28, 29). Mesihçiler pornografiýa görmekden we ahlaksyzlyga höweslendirýän sazlary diňlemekden gaça durmaly. Pawlus resul imandaşlaryna: «Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy... öldüriň» diýip maslahat berdi (Kol. 3:5). Şol sebäpli biz pikirimize we aýdýan zatlarymyza ünsli bolmaly (Efes. 5:3—5).

WEZIPÄ KOWALAŞMAK DOGRUMY?

11. Wezipä kowalaşmak näme üçin mesihçilere-de täsir edip biler?

11 «Wezipe edinmek bagtly edýär». Köp adamlar bizi şu dünýäde wezipe edinmäge höweslendirýär. Wezipe edinen adam ygtyýarly bolmagy we gurply ýaşamagy mümkin. Adamlaryň köpüsi öňünde şeýle maksatlary goýýandygy üçin, bu garaýyş mesihçilere-de täsir edip biler.

12. Wezipe adamy bagtly edip bilýärmi?

12 Ygtyýarly bolmaga we gurply ýaşamaga mümkinçilik berýän wezipe adamy bagtly edip bilermi? Ýok. Ýadymyzda bolsa, Şeýtan başgalaryň üstünden agalyk etmäge we özüni şöhratlandyrmaga bolan güýçli islegini kanagatlandyrsa-da, bu ony bagtly etmedi. Gaýtam, ol häzir güýçli gahar-gazapdan doly (Mat. 4:8, 9; Ylh. 12:12). Geliň, adamlara Hudaýyň akyldarlygynyň berýän peýdasy barada bilmäge kömek edip, alýan şatlygymyzy deňeşdirip göreliň. Wezipe diňe az salymlyk kanagat berýär. Ýöne Hudaýyň akyldarlygyny edinen adam ebedi ýaşaýyş sylagyna eýe bolup bilýär. Muňa garamazdan, dünýäniň ruhy adamlary bäsdeşlige iterýär. Olar biri-birinden galmajak bolýarlar, göriplik edýärler. Şeýdip, olar «salgyma çapýarlar» (Wag. 4:4).

13. a) Biz wezipe edinmeklige nähili garamaly? b) Pawlusyň Selaniklilere ýazan hatyna laýyklykda, oňa näme şatlyk getirýärdi?

13 Elbetde, ýaşamak üçin gazanç etmeli. Munuň üçin gowy görýän işiňi saýlamak nädogry bolmasa-da, ol durmuşda birinji orun tutmaly däl. Isa bu babatda şeýle diýdi: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez. Sebäbi ol birini ýigrenip, beýlekisini söýer ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» (Mat. 6:24). Ünsüňi Ýehowa gulluk etmäge we adamlara onuň Sözüni öwretmäge gönükdirmek, deňsiz-taýsyz şatlyk berýär. Pawlus resul munuň şeýledigine öz durmuşynda göz ýetiripdi. Ol hakykata gelmänkä, ýehudy dininde wezipe edinmäge ymtylýardy. Ýöne Isanyň şägirdi bolup we Hudaýyň habaryna seslenýän adamlaryň durmuşyny özgerdýändigini görende, ol hakyky bagty tapdy (1 Selanikliler 2:13, 19, 20-nji aýatlary okaň). Hawa, hiç bir wezipe şeýle şatlygy bermese gerek.

Adamlara Hudaýyň akyldarlygynyň berýän peýdasy barada bilmäge kömek etmek deňsiz-taýsyz şatlyk getirýär (12, 13-nji abzaslara serediň)

DÜNÝÄNIŇ KYNÇYLYKLARYNY ÇÖZÜP BILERISMI?

14. «Adamlar öz kynçylyklaryny çözüp bilýär» diýen düşünje näme üçin köpleriň gulagyna hoş ýakýar?

14 «Adamlar öz kynçylyklaryny çözüp bilýär». Dünýäniň bu garaýşy köp adamlaryň gulagyna hoş ýakmagy mümkin. Näme üçin? Sebäbi bu hakykatdanam şeýle bolsa, onda adam Hudaýyň görkezmesine mätäç bolmazdy we islän zadyny edip bilerdi. Şeýle-de käbir barlaglara görä, adamlar uruş, jenaýatçylyk, keselçilik we garyplyk ýaly kynçylyklary çözmegi başardylar. Bir maglumatda: «Ýaşaýyş gitdigiçe gowulanýar. Sebäbi adamlar dünýäniň ýagdaýyny gowulandyrmagy ýüregine düwdüler» diýilýär. Bu sözler adamy ömürboýy biynjalyk edýän kynçylyklaryny özbaşdak çözüp bilýändigini görkezýärmi? Munuň jogabyny tapmak üçin, geliň, käbir kynçylyklar barada gürrüň edeliň.

15. Adamlar nähili kynçylyklardan ejir çekýär?

15 Uruşlar. I we II Jahan urşunda 60 milliondan gowrak adam heläk boldy. Emma II Jahan urşy tamamlanandan bäri, adamlaryň gözi uruşdan açylmaýar. 2015-nji ýyldan başlap, uruşdan ýa-da yzarlamadan ýaňa öýlerini terk etmeli bolan adamlaryň sany 65 milliona ýetdi. Maglumatlara görä, diňe 2015-nji ýylda takmynan 12 ýarym million adam öýüni taşlap gitmeli boldy. Jenaýatçylyk. Jenaýatyň käbir görnüşleri diňe belli-belli ýerlerde bolsa-da, kiber (kompýuter ýa-da Internet arkaly) jenaýatçylyk, maşgalada zorluk we terrorçylyk ýaly zatlar gitdigiçe köpelýär. Köpleriň aýtmagyna görä, pula satylýan wezipeli adamlaryň sany gitdigiçe artýar. Adamlara bu jenaýatçylygy ýok etmek başartmaýar. Keselçilik. Käbir keselleri ýeňmek başartdy. Emma 2013-nji ýylyň maglumatyna görä, her ýyl 60 ýaşyna golaýlan 9 million adam ýüregagyry, beýnä gan inme, rak, dem alyş organlary bilen bagly (respirator) we süýji keselinden ýaňa aradan çykýar. Garyplyk. Bütindünýä bankynyň hasabatyna görä, Afrikada güýçli garyplykdan ejir çekýän adamlaryň sany 1990-njy we 2012-nji ýyllar aralygynda 280 milliondan 330 milliona ýetdi.

16. a) Adamlaryň kynçylyklaryny näme üçin diňe Hudaýyň Patyşalygy çözüp bilýär? b) Patyşalygyň bereketleri barada Işaýa we mezmurçy nähili pygamberlik etdi?

16 Häzirki ykdysady we syýasy guramalary açgöz ýolbaşçylar dolandyrýandygy üçin olar uruş, jenaýatçylyk, keselçilik we garyplyk ýaly kynçylyklary çözüp bilmeýärler. Muny diňe Hudaýyň Patyşalygy başarýar. Geliň, Ýehowanyň adamlar üçin näme etjekdigine seredeliň. Uruşlar. Hudaýyň Patyşalygy uruşlaryň düýp özeni bolan açgözlügi, parahorlygy, watansöýüjiligi, ýalan dini, hatda Şeýtanyň özüni-de ýok eder (Zeb. 46:8, 9). Jenaýatçylyk. Hudaýyň Patyşalygy millionlarça adamlara häzirden biri-birini söýüp, bil baglamagy öwredýär. Muny hiç bir hökümet edip bilmeýär (Iş. 11:9). Keselçilik. Ýehowa gullukçylaryna kämil saglyk berer (Iş. 35:5, 6). Garyplyk. Ýehowa garyplygy ýok edip, halkynyň ruhy hem-de ten zerurlyklaryny kanagatlandyrar. Hudaýyň berjek ajaýyp ýaşaýşy islendik baýlykdan hem gymmatlydyr (Zeb. 72:12, 13).

«HER KIME NÄDIP JOGAP BERMELIDIGINI BILIŇ»

17. Dünýäniň garaýşyny nädip inkär edip bileris?

17 Eger size dünýäniň haýsy-da bolsa bir garaýşy täsir edýän bolsa, bu barada Hudaýyň Sözünden gözleg geçiriň we tejribeli mesihçiden kömek soraň. Şeýle pikiriň näme üçin täsirlidigi, zyýanlydygy we ony nädip ret edip bolýandygy barada oýlanyň. Biziň ählimiz dünýäniň garaýşyny inkär edip, özümizi gorap bileris. Munuň üçin Pawlusyň Kolosdaky mesihçilere beren şu maslahatyna eýermeli: «Mesihçiler ýygnagyna degişli bolmadyk adamlar bilen mundan beýläk-de özüňizi paýhasly alyp baryň... Şonda siz her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz» (Kol. 4:5, 6).

^ abzas 5 Ýermeýa 10:23 Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin.

^ abzas 7 Işaýa 65:13 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz; 14 Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar, ýöne siz ýürek derdinden perýat edersiňiz, hasratly ruh bilen perýat edersiňiz».

^ abzas 9 Köp adamlar Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerindäki Ýahýa 7:53—8:11-nji aýatlaryň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylmandygyna düşünmeýärler. Şol sebäpli olar diňe günäsiz adamyň zyna edeni aýyplamaga haky bardyr öýdýärler. Emma Hudaýyň ysraýyl halkyna beren kanunynda: «Eger bir adamy başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutsaňyz, olaryň ikisini hem öldüriň. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň» diýilýär (Kan. tag. 22:22).