Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Sahy adam bereket tapar»

«Sahy adam bereket tapar»

HUDAÝA gurban bermeklik hakyky seždäniň wajyp bölegi bolup durýar. Meselem, ysraýyllylar mal gurbanlaryny, mesihçiler bolsa «öwgi gurbanlaryny» berýärdiler. Emma Hudaýa ýaraýan başga gurbanlar hem bar (Ýew. 13:15, 16). Aşakdaky mysallardan görnüşi ýaly, olar adama hem şatlyk, hem bereket getirýär.

Geçmişde ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçysy Hanna oglunyň bolmagyny isleýärdi. Emma ol önelgesizdi. Bir gezek ol Ýehowa doga edende: «Bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin» diýip, wada berýär (1 Şam. 1:10, 11). Biraz wagtdan Hanna göwreli bolup, bir ogul dogurýar we onuň adyna Şamuwel dakýar. Çaga süýtden aýrylanda, Hanna ony Hudaýa söz berşi ýaly, çadyra alyp barýar. Ýehowa Hannany janaýamazlyk ruhy üçin patalaýar. Onuň Şamuwelden başga ýene-de bäş çagasy bolýar. Şamuwel bolsa Hudaýyň pygamberi hökmünde saýlanýar we Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryny ýazmaga mynasyp bolýar (1 Şam. 2:21).

Şu günlerem mesihçiler Hanna we Şamuwel ýaly ömrüni Ýaradyjysyna bagyş edýärler. Isa Ýehowa sežde etmek üçin edýän islendik tagallamyzyň bolluk bilen sylaglanjakdygyny wada berdi (Mar. 10:28—30).

I asyrda ýaşan Dorka atly uýa «köp ýagşy işleri edip, garyplara ýardam edýärdi». Ol «syrkawlap, aradan çykanda», ýygnakdakylar gaty gynanýarlar. Şägirtler Petrusyň şol töwerekdedigini eşidenlerinde, ondan gelmegini haýyş edýärler. Petrus Dorkany ölümden direldende, olaryň nähili begenendigini göz öňüne getirip görüň! Bu resullar tarapyndan direldilen ilkinji adamdy (Res. iş. 9:36—41). Hawa, Hudaý Dorkanyň eden ýagşylygyny unutmady (Ýew. 6:10). Onuň sahylyk bilen eden ýagşylygy Hudaýyň Sözünde ýazylyp, bize görelde bolup hyzmat edýär.

Pawlus resul hem hakyky sežde üçin wagtyny gysganman sarp etmek bilen, ajaýyp görelde galdyrdy. Ol Korinfdäki doganlara ýazan hatynda: «Maňa gezek galsa, bar zatlarymy, özümi-de siziň ugruňyzda höwes bilen harçlaryn» diýdi (2 Kor. 12:15). Pawlus başgalara kömek etmek üçin özünden geçmegiň kanagat berýändigine, iň wajyby bolsa, Ýehowanyň berekedini we razylygyny gazanýandygyna düşünýärdi (Res. iş. 20:24, 35).

Görşümiz ýaly, Patyşalygyň bähbidini ileri tutmak we imandaşlarymyza kömek etmek üçin wagtymyzy hem-de güýjümizi sarp edenimizde, Ýehowa örän begenýär. Eýsem, wagyz işini goldamagyň başga-da usullary barmy? Elbetde! Biz pul sadakalaryny bermek bilen, Hudaýa diňe bir söýgimizi däl, eýsem, ony hormatlaýandygymyzy görkezip bileris. Berilýän sadakalar bütindünýä wagyz işini, missionerleri we ýörite pionerleri goldamak üçin ulanylýar. Şeýle-de olar edebiýatlary, wideolary taýýarlamak, betbagtçylyk bolan ýerlerde kömek etmek, Ýygnak jaýlaryny gurmak üçin harçlanýar. Biz «sahy adamyň bereket tapjakdygyna» şübhelenmän bileris. Galyberse-de, gymmat saýýan zatlarymyzy Ýehowa bagyş etmek bilen, ony şöhratlandyrýarys (Sül. tym. 3:9; 22:9).