Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Täze ýygnaga nädip öwrenişmeli?

Täze ýygnaga nädip öwrenişmeli?

ALAN * şeýle diýýär: «Meni täze ýygnaga geçirenlerinde, täze dost taparmykam ýa-da nädip kabul ederlerkä diýen ýaly soraglar biynjalyk edýärdi». Ol ýaşaýan ýerinden 1 400 km uzaklykda ýerleşýän ýygnakda gulluk edýär.

Mümkin, siz hem başga ýygnaga geçen bolsaňyz, biraz alada edýänsiňiz. Size öwrenişmäge näme kömek eder? Garaşanyňyzdan has köp özgerişlik etmeli bolsaňyz näme edip bilersiňiz? Ýa-da siziň ýygnagyňyza täze dogan-uýalar gelendir. Siz olara nädip kömek edip bilersiňiz?

ÖWRENIŞER ÝALY NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

Bir mysala seredeliň. Agaçlary bir ýerden başga ýere göçürenlerinde, olara biraz zyýan ýetýär. Göçürmek aňsat bolar ýaly, adatça, olaryň köküniň köp bölegini kesip aýyrýarlar. Bu olara derrew täze kök çykarmaga mümkinçilik berýär. Şonuň ýaly-da başga ýygnaga geçmek käbir kynçylyklary döredip biler. Mümkin, siz öňki ýygnagyňyzda «kök» uransyňyz, ýagny ýakyndan gatnaşýan dostlaryňyz bardyr. Ruhy işleri belli bir tertibe görä etmegi endik edinensiňiz. Indi täze ýygnaga geçip, täze kök çykarmaly bolýansyňyz. Täze ýagdaýlara öwrenişmäge size näme kömek eder? Geliň, bu babatda käbir prinsiplere seredeliň.

Hudaýyň Sözüni her gün okaýan adam «akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde berýän, ýapragy solmaýan agaç ýaly bolar; eden ähli işi rowaçlanar» (Zeb. 1:1—3).

Akar suwlar ýakasynda ekilen agajyň pajarlap ösüşi ýaly, mesihçi-de ruhy taýdan berk bolmak üçin Hudaýyň Sözünden iýmitlenip durmaly. Şol sebäpli ony her gün okamaly we ýygnak duşuşyklaryny sypdyrmaly däl. Şeýle-de maşgala we şahsy okuwyny yzygiderli geçirmegi bes etmeli däl. Ruhy işlere öňki ýeriňizde nädip yhlasly gatnaşan bolsaňyz, täze ýerde-de şeýle ediň.

«Suwdan gandyrýanyň özi-de suwdan gandyrylar» (Sül. tym. 11:25).

Eger siz wagyz gullugyna doly gatnaşsaňyz, ruhy taýdan berkäp, baran ýeriňize çalt öwrenişersiňiz. Kewin atly ýaşuly dogan şeýle diýýär: «Aýalym ikimiz başga ýygnaga baranymyzdan biraz wagt geçensoň, kömekçi pioner gullugyna başladyk. Bu bize ýerli dogan-uýalar we pionerler bilen tanşyp, täze ýere çalt öwrenişmäge kömek etdi». Ýaşaýan ýerinden 1 600 km uzaklykda ýerleşýän ýygnaga geçen Rojer dogan şeýle diýýär: «Täze ýere çalt öwrenişjek bolsaň, mümkin boldugyndan wagza köpräk çykmaly. Şeýle-de ýygnak ýaşulularyna kömegiňi hödürle. Meselem, Ýygnak jaýyny arassalamak, ýumuş almak, ulagyň bar bolsa, kimdir birini ýygnaga alyp gitmek ýaly işlere gatnaşyp bilersiň. Dogan-uýalar ýygnaga täze gelen imandaşynyň janaýamazlyk ruhuny görüp, örän begenerler».

«Ýüregiňizi giňden açyň» (2 Kor. 6:13).

Doganlyk söýgiňizi ösdüriň. Melissa maşgalasy bilen başga ýygnaga geçende, täze dostlary edinmäge jan edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Biz Ýygnak jaýyna baranymyzda, duşuşyk başlanmazdan öň we soň dogan-uýalar bilen tanyşmaga jan edýärdik. Bu bize ýöne bir salamlaşman, olar bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik berýärdi». Şeýdip, olar dogan-uýalaryň atlaryny örän çalt öwrendiler; täze dostlary bilen gatnaşygyny berkitmek üçin bolsa, myhmansöýerlik bildirýärdiler. Melissa sözüni şeýle dowam edýär: «Imandaşlarymyz bilen ruhy we başga işlere bile gatnaşyp biler ýaly, biz biri-birimize telefon belgilerimizi berdik».

Eger siz ýygnakda birgiden täze adamlary görüp aljyraýan bolsaňyz, onda kiçi zatlardan başlap bilersiňiz. Meselem, özüňizi oňaýsyz duýsaňyz-da, ýylgyryň. Bu adamlary özüňize çekmäge kömek eder. Sebäbi Ýazgylarda: «Gözleriň nury ýüregi şatlandyrýandyr» diýilýär (Sül. tym. 15:30). Önüp-ösen obasyndan uzak ýere göçen Reýçel şeýle gürrüň berýär: «Men gaty çekinjeň. Şonuň üçin baran ýygnagymdaky täze dogan-uýalar bilen käte gürrüň açmak maňa gaty kyn bolýar. Men Ýygnak jaýyna gelenimde, başgalar bilen gürrüňdeş bolmaýan birini tapyp, şonuň ýanynda oturýaryn. Belki, ol hem meniň ýaly çekinjeňdir». Ýygnakdan öň ýa-da soň kimdir biri bilen gürrüňdeş bolmagy maksat edinseňiz, gowy bolmazmy?

Mümkin, size ýygnakdaky täze dogan-uýalar bilen tanyşmaga birnäçe hepde gerek bolar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen siz olara öwrenişersiňiz. Emma täze dostlary edinmek üçin köpräk tagalla etmeli bolýar.

Agaçlary bir ýerden başga ýere göçürenlerinde, olara biraz zyýan ýetse-de, soňra täze kök çykarýarlar

KÖPRÄK WAGT GEREK BOLAR

Başga ýere geçirilen agaçlaryň käbirine kökleri berkeýänçä, köpräk wagt gerek bolýar. Şonuň ýaly-da baran ýygnagyna her kim her hili öwrenişýär. Eger täze ýygnaga geçeniňize ep-esli wagt geçip, ýöne henizem öwrenişmedik bolsaňyz, şu aşakdaky prinsipler kömek eder.

«Ýagşylyk etmekden ýadamasak, öz wagtynda miwesini orarys» (Gal. 6:9).

Mümkin, size täze ýygnaga öwrenişmek üçin garaşanyňyzdan hem has köpräk wagt gerek bolar. Meselem, Gilead mekdebini tamamlap, daşary ýurtda gulluk edýän missionerleriň köpüsi käte birnäçe ýyllap öýüne myhmançylyga gitmeýärler. Bu olara ýerli dogan-uýalar bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga we olaryň medeniýetine öwrenişmäge kömek edýär.

Birnäçe gezek başga ýygnaga geçen Alehandro täze ýere öwrenişmegi kynçylyk hasaplamaýar. Ol şeýle diýýär: «Soňky gezek göçenimizde, aýalym maňa „Meniň ähli dostlarym öňki ýygnakda galdy“ diýdi». Şonda ol aýalynyň 2 ýyl mundan öň hem edil şeýle sözleri aýdandygyny ýadyna saldy. Emma 2 ýyl geçensoň, aýaly baran ýygnagyndaky dogan-uýalar bilen tanşyp, olaryň birnäçesi bilen ýakyn dost bolupdyr.

«„Näme üçin geçen günler bu günden gowudy?“ diýip sorama, çünki bu sowaly paýhas bilen soramaýarsyň» (Wag. 7:10).

Täze ýygnagyňyzy öňki ýygnagyňyz bilen deňeşdirmekden gaça duruň. Meselem, täze ýygnagyňyzdaky dogan-uýalar öňki ýygnagyňyza garaňda, känbir geplemeýändir ýa-da has alçakdyr. Özüňize näme etmeklerini isleýän bolsaňyz, şony edip, olaryň gowy häsiýetlerine üns beriň. Ýygnaga täze gelenleriň käbiri özlerine şu soragy berendiklerini aýdýarlar: «Aslynda, men bütin dünýädäki doganlary söýýärinmi“?» (1 Pet. 2:17).

«Dilemegiňizi dowam ediň, size berler» (Luka 11:9).

Ýehowadan kömek soramagyňyzy dowam ediň. Dewid atly ýaşuly şeýle diýýär: «Ýeke özüňiz göreşmäň. Sebäbi biz köp zatlary diňe Ýehowanyň kömegi bilen edip bilýäris. Şonuň üçin doga ediň!» Ýokarda agzalan Reýçel uýa hem munuň bilen ylalaşyp, şeýle diýýär: «Täze ýygnaga öwrenişmek biraz kyn bolsa, ýoldaşym ikimiz bu hakda ýörite Ýehowa ýüzlenip, „Dogan-uýalara näme sebäpden bize ýakynlaşmaga kyn bolýandygyny görkezmegiňi haýyş edýäris“ diýip doga edýäris. Soňra bolsa dogan-uýalar bilen has köp wagt geçirmäge jan edýäris».

Ene-atalar, eger çagalaryňyza öwrenişmek kyn bolsa, onda bilelikde Ýehowa doga ediň. Olara dogan-uýalar bilen tanşyp, täze dost edinmäge mümkinçilik dörediň.

ÝYGNAGYŇYZA GELENLERE KÖMEK EDIŇ

Ýygnagyňyza geçen dogan-uýalara siz nädip kömek edip bilersiňiz? Olar gelen badyna ýürekden dostlaşjak boluň. Munuň üçin özüňizi olaryň ýerine goýuň we nähili kömek edilse, hoşal boljakdygyňyz barada oýlanyp, şony hem ediň (Mat. 7:12). Mümkin, siz täze gelenleri maşgala okuwyna ýa-da JW teleýaýlymyny görmäge çagyrarsyňyz. Belki-de, bile wagyz etmegi teklip edersiňiz? Eger siz ýöne bir çaýa çagyrsaňyz hem, olar görkezen myhmansöýerligiňizi ýatdan çykarmazlar. Täze gelenlere ýene nädip kömek etse bolar?

Karlos dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz täze ýygnaga gelenimizde, bir uýa zatlaryň biraz arzan satylýan dükanlaryň sanawyny berdi. Bu bize uly kömek boldy». Howa şertleri ýaşaýan ýerinden tapawutlanýan dogan-uýalara yssy, sowuk ýa-da ýagyşly howada nämeleri geýmelidigini aýtsaňyz, örän minnetdar bolarlar. Şeýle-de ýerli medeniýeti we halkyň dini ynançlaryny düşündirip, olara netijeli wagyz etmäge kömek edip bilersiňiz.

TAGALLA EDENIŇE DEGÝÄR

Makalanyň başynda agzalan Alan doganyň täze ýygnaga geçenine bir ýyl boldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ilki dogan-uýalar bilen tanyşmagy maksat edindim. Häzir biz edil bir maşgala ýaly we men muňa diýseň begenýärin». Alan täze ýygnaga geçip, dostlaryny ýitirmän, gaýtam, özi ýaly ýaşaýyş ýolunda wepaly ylgaýan täze dostlary edinendigini aýdýar.

^ abzas 2 Käbir atlar üýtgedildi.