Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1918. 100 ýyl mundan öň

1918. 100 ýyl mundan öň

1918-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnaly şeýle sözler bilen başlanýar: «1918-nji ýyl bize nämeler getirer?» Ýewropada I Jahan urşy dowam edýärdi. Emma ýylyň başynda bolan wakalar Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere we bütin dünýädäki adamlara köp ýagşy zatlaryň garaşýandygyny görkezýärdi.

DÜNÝÄ PARAHATLYGA YMTYLÝAR

1918-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda ABŞ-da geçirilen mejlisde prezident Wudro Wilson dünýäde «adalatlylygy we parahatlygy dikeltmek» üçin zerur bolan 14 sany meseläni orta atýar. Ol «uly we kiçi döwletlere» peýda getirjek halklaryň arasyndaky özara parahat gatnaşyklary ýola goýmagy we ýaraglary azaltmagy teklip edýär. Onuň «On dört teklibi» esasynda biraz wagtdan «Milletler Ligasy» döredilmelidi we «Wersal şertnamasy» baglaşylyp, I Jahan urşunyň soňuna çykmalydy.

DUŞMANLAR ÝEŇILÝÄR

Geçen ýylyň * dowamynda bolan pajygaly wakalara garamazdan, «Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýetiniň» Ýyllyk duşuşygyndan görnüşi ýaly, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere parahatlyk dikeldiljek ýaly bolup görünýärdi.

1918-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda geçirilen şol Ýyllyk duşuşygynda Beýtelden giden birnäçe jogapkär adam guramanyň üstünden agalyk etmekligi öz eline aljak bolýardy. Şol wagt aýlanýan gözegçi bolup gulluk eden wepaly doganymyz Riçard Barber bu duşuşygy doga bilen başlaýar. Geçen ýylyň dowamynda edilen işler barada hasabat aýdylansoň, gurama bir ýylyň dowamynda gözegçilik etjek direktorlar saýlanýar. Barber dogan Jozef Ruterford bilen ýene 6 dogany belleýär. Soňra duşmanlaryň tarapyna geçen aklawjy hem 7 adamy belleýär. Olaryň arasynda Beýtelden giden doganlaram bardy. Emma olar ýeňlişe sezewar bolýar. Sebäbi köpçülik Ruterford dogan bilen beýleki alty sany wepaly doganyň direktor edip saýlanylmagyna ses berýär.

Şol duşuşyga baran dogan-uýalaryň köpüsi ony «ömründe gatnaşan kongresleriniň içinde has täsirli» hasaplaýardy. Ýöne olaryň şatlygy uzaga çekmedi.

«GUTARNYKLY SYR» ATLY KITABYŇ TÄSIRI

Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler birnäçe aýyň dowamynda «Gutarnykly syr» atly kitaby paýlaýar. Akýürekli adamlar ondaky hakykatlary höwes bilen kabul edýär.

Kanadada aýlanýan gözegçi bolup gulluk eden Kraýst dogan bir är-aýalyň «Gutarnykly syr» atly kitaby okap, bary-ýogy bäş hepdäniň içinde hakykaty kabul edendigini aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Bu är-aýal durmuşyny bütinleý özgertdi. Olar häzirem ruhy taýdan gowy ösüş edýärler».

Şol kitaby alan bir adam öwrenen zatlaryny derrew dostlary bilen paýlaşýar. Kitapdan okan zatlary onuň ýüregine «jüňk» bolupdy. Ol şeýle ýatlaýar: «Üçünji Ewenýu köçesinden ýöräp barýarkam, egnime bir zat degdi. Men kerpiçdir öýtdüm, ýöne görsem, ol „Gutarnykly syr“ atly bir kitap eken. Ony öýe getirip doly okap çykdym... Soňra men şol kitaby buthanamyzyň wagyzçysynyň gaharyna aýnadan zyňyp goýberendigini bildim... Ýöne men bir zada berk ynanýan. Onuň eden bu hereketi bütin ömrüniň dowamynda eden beýleki işlerinden has köp peýda getirdi. Ol adamlara umytly ýaşamaga kömek etdi... Onuň gaharyna eden şol hereketi sebäpli, häzir biz Hudaýy şöhratlandyryp ýaşaýarys».

Emma bu kitaba diňe bir şol wagyzçy garşy çykmandy. 1918-nji ýylyň 12-nji fewralynda Kanadanyň ýolbaşçylary kitapda uruşlary goldamazlyk we Watana dönüklik etmek bilen bagly zatlaryň agzalýandygyny aýdyp, ony gadagan edýär. Şondan biraz wagt geçensoň, ABŞ-da hem şeýle edýärler. Hökümet ýolbaşçylary guramamyzyň ýolbaşçylaryny aýyplamak maksady bilen, Beýteli we Nýu-Ýork, Pensilwaniýa hem-de Kaliforniýa ştatyndaky ofisleri dökýärler. Şeýdip, 1918-nji ýylyň 14-nji martynda ABŞ-nyň Adalat ministrligi içalylar babatdaky kanuna we ýurtda alnyp barylýan harby düzgünlere garşy gelýär diýip, «Gutarnykly syr» atly kitaby gadagan edýär.

TÜRMEDE

1918-nji ýylyň 7-nji maýynda ABŞ-nyň Adalat ministrligi Jowanni Deýçeka, Jorj Fişer, Aleksandr Makmillan, Robert Martin, Frederik Robison, Jozef Ruterford, Uilýam Wan Amburg we Kleýton Wudwort dogany tussag etmäge rugsat alýar. Bu doganlary «hökümete tabyn bolmazlykda, Watana dönüklik etmekde we ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine hem-de deňiz goşunyna gulluk etmekden boýun gaçyrmakda» bikanun aýyplaýarlar. 1918-nji ýylyň 3-nji iýunyndan başlap, olara garşy kazyýet işi gozgalýar we olaryň tussag ediljekdigi gümansyzdy. Näme üçin?

ABŞ-nyň baş prokurory doganlary içalylar babatdaky kanun esasynda aýyplap, şol kanuny «ýalan maglumatlara garşy güýçli ýarag» diýip atlandyrýar. 1918-nji ýylyň 16-njy maýynda Mejlisiň agzalary «ýagşy niýet we peýda getirmek maksady bilen dogry zady» ýazan adamlaryň hukugyny gorap biljek kanuna girizilen özgerişikleri kabul etmeýär. «Gutarnykly syr» atly kitap şol döwürde bolan çekişmelerde esasy orun eýeleýärdi. ABŞ-nyň Mejlisiniň hasabatynda bu babatda şeýle diýilýär: «„Gutarnykly syr“ diýen kitap ýalan maglumatlary ýaýradýan iň howply ýaraglaryň biridir... Onuň esasy maksady esgerleri ruhdan düşürip, yza çekilmäge itermekdir».

1918-nji ýylyň 20-nji iýunynda Kazyýet agzalary ýöňkelýän aýyplamalar esasynda sekiz dogany günäkär hasaplaýar. Şol günüň ertesi kazy gelen kararyny yglan edýär. Ol: «Bu adamlaryň ýaýradýan ýalan dini taglymatlary Germaniýanyň goşunyndan hem has howply... Olara iň agyr jezany bermeli» diýýär. Şondan iki hepde geçensoň, bu sekiz dogany 10 ýyldan 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edip, Atlanta şäherindäki (Jorjiýa ştaty) döwlet türmesine ugradýarlar.

WAGYZ IŞI DOWAM EDÝÄR

Şol döwür Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler güýçli garşylyklara sezewar bolýar. FDB (Federal Derňew Býurosy, rusça FBR) olaryň işine içgin seredip, müňlerçe resminamalary taýýarlaýar. Bu bolsa doganlarymyzyň wagyz işini dowam etmegi ýüregine berk düwendigini görkezýär.

Orlando şäheriniň (Florida ştaty) poçtasynyň başlygy FDB-niň işgärlerine ýazan hatynda şeýle diýdi: «(Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler) öýden-öýe, esasan-da, gijelerine wagyz edýärler... Görýän welin, garşylyklara garamazdan, olar bu işi dowam etmek isleýärler».

Harby ministrligiň polkownigi Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Frederik Frens doganyň edýän işleri barada Býuro bölümine hat ýazýar. Ol hatynda şeýle diýýär: «F. W. Frens „Gutarnykly syr“ atly kitabyň müňlerçe tomuny satdy».

Soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Çarlz Fekel dogan hem yzarlamalara sezewar bolýar. Hökümet ýolbaşçylary ony «Gutarnykly syr» atly kitaby ýaýradýandygy üçin tussag edip, işine seredýärler. Çarlz dogany «Awstriýaly ganym duşman» diýip, bir aýlap Merilend ştatynyň Baltimor şäherinde tussaglykda saklaýarlar. Ol sorag eden sülçülere batyrgaýlyk bilen şaýatlyk edende, Pawlus resulyň 1 Korinfliler 9:16-daky şu sözleri ýadyna düşýär: «Eger hoş habary wagyz etmesem, waý günüme!» *.

Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler diňe bir hoş habary yhlasly wagyz etmek bilen çäklenmän, Atlantadaky türmede oturan doganlary tussaglykdan boşatmaklary üçin yhlasly göreş alyp barýarlar. Anna K. Gardner uýa şeýle diýýär: «Biz hemişe bir zatlar edýärdik. Doganlary türmä basanlarynda, biz öýden-öýe aýlanyp, adamlara žurnala ýazylmagy teklip edýärdik. Müňlerçe adam oňa ýazyldy. Şeýle-de biz adamlara tussag edilen doganlarymyzyň Hudaýyň hakyky gullukçylarydygyny we olaryň bigünä türmä basylandygyny aýdýardyk».

KONGRESLER

Şol kyn döwürler bütindünýä doganlygymyzy ruhy taýdan berkitmek üçin ýygy-ýygydan kongresler gurnalýardy. Bir «Garawul diňinde» bu babatda şeýle diýilýär: «Bir ýylyň dowamynda 40-dan gowrak kongresler geçirildi... Şol kongresleriň ählisinde ruhy ösüş barada gowy hasabatlary eşitdik. Öňler kongresler tomsuň soňunda ýa-da güýzüň başynda geçirilýärdi. Ýöne häzir her aý birnäçe kongres bolýar».

Hoş habara seslenýän akýürekli adamlar gitdigiçe köpelýärdi. Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherinde geçirilen kongrese takmynan 1 müň 200 adam gatnaşdy we 42 adam suwa çümdürildi. Suwa çümdürilenleriň arasynda «berk imany bilen dünýädäki uly ýaşly adamlaryň köpüsini utanja goýjak Hudaýyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolup, oňa özüni bagyş eden» ýaş oglan hem bardy.

INDI NÄME BOLAR?

1918-nji ýylyň ahyrynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere üýtgeşik zatlar garaşýardy. Doganlar Bruklindäki guramamyzyň emläkleriniň käbirini satýarlar we Baş edaramyzy Pensilwaniýa ştatyndaky Pitsburg şäherine göçürýärler. Ýolbaşçy doganlar türmedekä, 1919-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda ýene bir Ýyllyk duşuşygyny geçirmek kararyna gelinýär. Soňra näme boldy?

Doganlar wagyz işini dowam etmegi ýüregine düwýär. Olar bu işi dowam edip biljekdiklerine doly ynanýardylar. Şonuň üçin 1919-njy ýylyň ýyllyk aýady hökmünde Işaýa 54:17-ni saýlaýarlar. Onda: «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýilýär. Bu bolsa olaryň öňlerinde garaşýan ägirt uly işi ýerine ýetirmäge bolan imanyny hasam berkitdi.

^ abzas 6 2017-nji ýylda çykan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk kitabyndaky» «1917. 100 ýyl mundan öň» atly makala serediň (sah. 172—176).

^ abzas 22 1969-njy ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňindäki» «Janaýamazlyk bilen eden ýagşy işlerimiz üçin alan şatlygymyz» atly makalada Çarlz Fekel doganyň terjimehaly gürrüň berilýär.