Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Güýçli Ýolbaşçymyza bil baglalyň

Güýçli Ýolbaşçymyza bil baglalyň

«Siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir» (Mat. 23:10).

AÝDYMLAR: 108, 30

1, 2. Musa ölenden soň, Ýeşuwa nähili kynçylyga uçrady?

ÝEHOWANYŇ aýdan şu sözleri Ýeşuwanyň henizem gulagynda ýaňlanyp durdy: «Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň» (Ýeş. 1:1, 2). Ýeşuwa 40 ýyllap Musa pygambere kömek edipdi, şol sebäpli bu onuň üçin garaşylmadyk üýtgeşiklik boldy.

2 Musa pygamber köp ýyllap ysraýyl halkynyň ýolbaşçysy boldy. Şonuň üçin Ýeşuwa halkyň onuň ýolbaşçy bolmagyna nähili seslenjekdigine biynjalyk bolan bolmaly (Kan. tag. 34:8, 10—12). Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde Ýeşuwa 1:1, 2-nji aýatlardaky sözler babatda şeýle diýilýär: «Ýolbaşçylaryň çalyşmagy geçmişde-de, häzirem döwletiň asudalygy üçin iň kyn döwürleriň biri hasaplanýar».

3, 4. Ýeşuwanyň Hudaýa bil baglandygyny nireden bilýäris we bizde nähili sorag döremegi mümkin?

3 Elbetde, Ýeşuwanyň gorkmagy ýerliklidi, ýöne ol biraz wagtdan aýgytly hereket edýär (Ýeş. 1:9—11). Sebäbi ol Hudaýa bil baglaýardy. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň Ýeşuwa hem-de ysraýyl halkyna perişdesi arkaly görkezme berendigi aýdylýar. Şol perişde «Söz», ýagny Hudaýyň ilkinji doglan Ogly diýip pikir etsek, nädogry bolmaz (Müs. çyk. 23:20—23; Ýah. 1:1).

4 Musanyň ýerine Ýeşuwa ýolbaşçy bellenende, halk Ýehowanyň kömegi bilen onuň ýolbaşçylygyny kabul etdi. Bizem şu günler düýpli özgerişlikleriň bolýan döwründe ýaşaýarys. Belki-de, biz: «Eger Hudaýyň guramasy şeýle çaltlyk bilen öňe barýan bolsa, onda Ýolbaşçymyz Isa bil baglamaga esas barmy?» diýýändiris (Matta 23:10-y okaň). Geliň, Ýehowanyň geçmişde halkyna ynamdar ýolbaşçy arkaly nädip görkezme berendigine seredeliň.

HUDAÝYŇ HALKYNY KENGANA ALYP BARAN ÝOLBAŞÇY

5. Ýerihonyň golaýynda Ýeşuwa bilen nähili waka bolýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Ysraýyllylaryň Iordan derýasyndan geçenine biraz wagt bolanda, Ýeşuwa Ýerihonyň golaýynda eli gylyçly bir adama duşýar. Ýeşuwa bu nätanyş adamyň kimdigini bilmän, ondan: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip soraýar. Ol adam özüniň kimdigini aýdanda, Ýeşuwa geň galýar. Ol Hudaýyň halkyny goramak üçin iberilen «(Ýehowanyň) gökdäki goşunynyň serkerdesidi» (Ýeşuwa 5:13—15-nji aýatlary okaň) *. Mukaddes Ýazgylarda Ýeşuwa bilen Ýehowanyň hut özüniň gepleşendigi aýdylsa-da, Ol muny geçmişdäki ýaly perişdesi arkaly eden bolmaly (Müs. çyk. 3:2—4; Ýeş. 4:1, 15; 5:2, 9; Res. iş. 7:38; Gal. 3:19).

6—8. a) Ýehowanyň berýän käbir tabşyryklary näme üçin ýerliksiz ýaly bolup görünmegi mümkin? b) Ysraýyllylara berlen görkezmeleriň paýhaslydygy we öz wagtynda berlendigi nämeden görünýär? (Şeýle-de çykgyda serediň).

6 Ýehowanyň perişdesi Ýeşuwa Ýeriho şäherini basyp almak babatda aýdyň görkezmeleri berýär. Ilkibaşda, berlen görkezmeler harby taýdan gorag bermejek ýaly bolup görünýärdi. Meselem, Ýehowa ähli erkek adamlaryň sünnetlenmelidigini tabşyrýar. Şonda olar birnäçe günläp söweşe gidip bilmezdiler. Eýsem, häzir söweşe ýaramly erkekleri sünnetlemegiň wagtydymy? (Gel. çyk. 34:24, 25; Ýeş. 5:2, 8).

7 Ysraýyl esgerleri muny bilende, juda geň galan bolmaly. Eger duşmanyň goşuny üstlerine çozsa, olar maşgalasyny nädip gorap biler? Ýöne ýagdaý birden üýtgeýär. Şol wagt olar Ýerihonyň derwezeleri «ysraýyllardan gorkýandyklary üçin gulply goralyp saklanýar» diýen habary eşidýärler (Ýeş. 5:15). Bu täzelik ysraýyllylary Hudaýa has-da bil baglamaga we görkezmesine eýermäge höweslendirýär.

8 Şeýle-de ysraýyllylar Ýeriho şäherine hüjüm etmän, gaýtam, alty günläp günde bir gezek, ýedinji gün bolsa ýedi gezek şäheriň daşyndan aýlanmalydygy barada tabşyryk alýar. Esgerleriň käbiri: «Bu-la biderek wagtyňy we güýjüňi ýitirmek» diýip pikir edendir. Emma ysraýyllylaryň göze görünmeýän Ýolbaşçysy näme edýändigini gaty gowy bilýärdi. Ysraýyllylar Ýolbaşçysynyň görkezmesine eýerendigi üçin Ýeriho şäherini söweşsiz basyp alýar. Şeýdip, olar berlen görkezmä eýermegiň paýhaslydygyna göz ýetirýär we imanlary berkeýär (Ýeş. 6:2—5; Ýew. 11:30). *

9. Hudaýyň guramasy arkaly berilýän görkezmelere näme üçin eýermeli? Mysal getiriň.

9 Biz bu wakadan näme öwrenýäris? Käte biz guramamyzda edilýän özgerişlikleriň sebäbine doly düşünmezligimiz mümkin. Meselem, şahsy okuwyny geçirenimizde, wagyzda we ýygnak duşuşyklarynda elektron enjamlaryny ulanmak bilen bagly görkezme berlende, biz birbada düşünen däldiris. Ýöne häzir olary ulanmagyň peýdalydygyny görýäris. Dogrudan-da, şeýle özgerişlikleriň peýda berýändigini görenimizde, imanymyz we dogan-uýalar bilen gatnaşygymyz has-da berkeýär.

MESIH I ASYRDA ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄR

10. Iýerusalimde Ýolbaşçylyk maslahatynyň geçiren wajyp duşuşygyna kim ýolbaşçylyk edýär?

10 Korneliý bilen bolan wakadan takmynan 13 ýyl geçende, käbir ýehudylar ýene-de sünnetlenmek baradaky meseläni gozgaýar (Res. iş. 15:1, 2). Antiohiýadaky mesihçileriň pikiri bir-birine çapraz gelende, ýüze çykan meseläni çözmek üçin Pawlus resul Iýerusalimdäki Ýolbaşçylyk maslahatynyň ýanyna iberilýär. Emma oňa kim şeýle görkezme berdikä? Pawlus resul: «Maňa ol ýere dolanmalydygym barada görnüş arkaly aýdylypdy» diýip ýazdy. Görşümiz ýaly, meseläni çözmek üçin Ýolbaşçylyk maslahatyna Isanyň özi görkezme beripdi (Gal. 2:1—3).

Mesihiň ýolbaşçylyk edýändigi I asyrda aýdyň görünýärdi (10, 11-nji abzaslara serediň)

11. a) Ýehudylar sünnetlenmek bilen bagly meselä nähili garaýardy? b) Pawlus Iýerusalimdäki ýaşulularyň gelen kararyny höwes bilen goldaýandygyny nädip görkezdi? (Şeýle-de çykgyda serediň).

11 Mesihiň ýolbaşçylygynda Ýolbaşçylyk maslahaty ýehudy bolmadyk mesihçilere sünnetlenmegiň zerur däldigini aýan edýär (Res. iş. 15:19, 20). Emma şondan ençeme ýyl geçen soň hem ýehudylaryň köpüsi çagalaryny sünnetlemegini dowam edýärdi. Üstesine-de, hamala Pawlus resul Musanyň kanunyny berjaý etmeýär diýip, myş-myş ýaýraýar. Iýerusalimdäki ýaşulular muny bilende, Pawlus resula käbir görkezmeleri berýär * (Res. iş. 21:20—26). Olar Pawlusa ýanyna dört adamy alyp, ybadathana barmagy we Kanuna görä özüni tämizlemegi tabşyrýar. Şonda hemmeler Pawlusyň «Kanuny berjaý edýändigine» göz ýetirerdi. Elbetde, Pawlus bu meselä başgaça garamaly we ýehudylaryň sünnetlenmeklige nädogry düşünýändigini olara açyk aýtmaly diýip pikir edip bilerdi. Emma ol dogan-uýalaryň arasynda agzybirligiň bolmagy üçin, ýaşulularyň şeýle karara gelendigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol berlen görkezmäni pesgöwünlilik we höwes bilen berjaý etdi. Mümkin, siz: «Isa ölenden soň Musanyň Kanuny ýatyrylan bolsa, onda näme üçin ol bu meseläniň uzaga çekmegine ýol berdikä?» diýýänsiňiz (Kol. 2:13, 14).

12. Isa sünnetlenmek baradaky meseläniň çözülmegine näme üçin uzak wagtlap garaşan bolmaly? Düşündiriň.

12 Käbirlerine özgerişligi kabul etmek kyn bolýar. I asyrdaky ýehudy mesihçilere-de garaýşyny özgertmek üçin wagt gerekdi (Ýah. 16:12). Olaryň käbiri Hudaý bilen aýratyn dostlukly gatnaşygyň nyşany bolan sünnetlenmegiň indi gerek däldigini asla göz öňüne getirip bilmeýärdi (Gel. çyk. 17:9—12). Başgalar bolsa yzarlamadan gorkup, nalaç ýehudy imandaşlarynyň tarapyny tutan bolmaly (Gal. 6:12). Emma wagtyň geçmegi bilen, Isa Pawlus resulyň ýazan hatlarynyň üsti bilen bu babatda has aýdyň görkezme berýär (Rim. 2:28, 29; Gal. 3:23—25).

MESIH HÄZIREM ÝYGNAGA ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄR

13. Ýolbaşçymyz Isa minnetdar bolmaga bize näme kömek edýär?

13 Eger biz guramamyzda edilýän käbir özgerişiklere doly düşünmesek, Isanyň geçmişde nädip ýolbaşçylyk edendigi barada oýlansak gowy bolar. Ýeşuwanyň günlerinde-de, I asyrda-da Isa Hudaýyň halkyny goramak, olaryň imanyny we agzybirligini berkitmek üçin hemişe paýhasly görkezmeleri berýärdi (Ýew. 13:8).

14—16. «Wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» berýän görkezmesi Isanyň biz barada söýgi bilen alada edýändigini nädip aýan edýär?

14 «Wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» berýän görkezmesi Isanyň biz barada söýgi bilen alada edýändigini aýan edýär (Mat. 24:45). Dört çaganyň atasy Mark şeýle diýýär: «Şeýtan maşgalalara topulyp, ýygnaklary gowşatjak bolýar. Häzir biz her hepde maşgala okuwyny geçirmek baradaky görkezmä eýermegiň wajypdygyna has aýdyň düşünýäris. Sebäbi ol maşgalabaşylara maşgala agzalaryny ruhy taýdan goramaga ýardam edýär».

15 Biz Mesihiň görkezmesine düşünenimizde, onuň ruhy ýagdaýymyz bilen içgin gyzyklanýandygyna göz ýetirýäris. Ýaşuly bolup gulluk edýän Patrik dogan şeýle diýýär: «Ilkibaşda, käbir dogan-uýalara dynç günleri wagyz gullugy üçin geçirilýän kiçijik duşuşyklara gelmek kyn bolýardy. Emma Isanyň pesgöwünliler bilen gyzyklanmagy munuň wajypdygyny aýan edýär. Utanjaň ýa-da wagza känbir çykyp bilmeýän dogan-uýalar häzir özlerini has gerekli duýýarlar we ruhy taýdan berkeýärler. Bu bolsa olary wagyz işine yhlasly gatnaşmaga höweslendirýär».

16 Isa biziň diňe bir ruhy zerurlyklarymyz barada alada etmän, bütin ýer ýüzünde alnyp barylýan has wajyp işe ünsümizi gönükdirmäge kömek edýär (Markus 13:10-y okaň). Ýakynda ýaşuly bellenen Andre dogan Hudaýyň guramasynda edilýän özgerişlikleri hemişe höwes bilen kabul edýär. Ol şeýle diýýär: «Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalaryň sanynyň azaldylmagy maňa örän ähmiýetli döwürde ýaşaýandygymy we ünsümi wagyz işine gönükdirip, güýjümi gaýgyrmaly däldigimi ýatladýar».

MESIHIŇ GÖRKEZMESINE WEPALY EÝERIŇ

17, 18. Ýakynda edilen özgerişikleriň peýdasy barada oýlanmak näme üçin ýerlikli?

17 Yzygider berilýän görkezmeler Patyşamyz Isa Mesihiň gelejege ynamly garaýandygyny görkezýär. Şonuň üçin, geliň, ýakynda edilen özgerişlikleriň peýdasy hakda oýlanalyň. Siz maşgala okuwynda her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklary ýa-da wagyz gullugy bilen bagly edilen özgerişlikleriň nähili peýdasynyň bardygy hakda gürrüňdeş bolup, ruhlanan bolsaňyz gerek.

Siz maşgala agzalaryňyza we imandaşlaryňyza Ýehowanyň guramasynda edilýän özgerişikleri kabul etmäge ýardam edýärsiňizmi? (17, 18-nji abzaslara serediň)

18 Eger biz Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmelerini höwes bilen kabul etsek we olaryň bize nähili peýda berýändigi barada oýlansak, şol täze görkezmelere şatlyk bilen eýereris. Meselem, puly tygşytlamak üçin çap edilýän edebiýatlaryň sanynyň azaldylandygyna we Patyşalyk işini bütin ýer ýüzüne ýaýratmaga kömek edýän täze elektron enjamlaryny ulanyp bilýändigimize örän begenýäris. Şonuň üçin biz edebiýatlarymyzyň elektron görnüşini we audio-wideo ýazgylary, mümkin boldugyndan, köpräk ulanmak isleýäris. Şeýtsek, guramamyzyň emlägini paýhasly ulanmak üçin Mesihiň söýgi bilen edýän aladasyna minnetdardygymyzy görkezeris.

19. Biz Mesihiň görkezmesine näme üçin höwes bilen eýermeli?

19 Mesihiň görkezmesine höwes bilen eýerenimizde, dogan-uýalaryň imanyny berkidýäris we ýygnakda agzybirligiň bolmagyna ýardam edýäris. Beýtel maşgalasynyň agzalarynyň azaldylandygy barada oýlanyp, Andre dogan şeýle diýýär: «Öňki beýtelçileriň görkezýän janaýamazlyk ruhy meniň ynamymy artdyrýar. Olar özlerine tabşyrylan islendik ýumşy şatlyk bilen ýerine ýetirip, Ýehowanyň arabasy bilen deň ýöreýärler».

ÝOLBAŞÇYMYZA IMAN GÖZI BILEN BIL BAGLALYŇ

20, 21. a) Biz Ýolbaşçymyz Mesihe näme üçin bil baglamaly? b) Indiki makalada nämä serederis?

20 Ýolbaşçymyz Isa Mesih «tizden duşmanlarynyň üstünden doly ýeňiş gazanar» we «haýbatly işleri eder» (Ylh. 6:2; Zeb. 45:4, TD). Ol Hudaýyň halkyny şu zalym dünýäniň ýok edilip, her birimize tälim berjek wagtyna we ölen adamlar direlende, ediljek işlere häzirden taýýarlaýar.

21 Mesh edilen Patyşamyz nähili ýagdaý bolaýanda-da, bizi gorar we sag-aman täze dünýä elter (Zebur 46:1—3-nji aýatlary okaň). Käte durmuşymyzda garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda, ruhy taýdan söweşmek kyn bolup biler. Şeýle ýagdaýda bize kalbymyzda rahatlygy saklap, Ýehowa doly bil baglamaga näme kömek eder? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ abzas 5 Ýeşuwa 5:13 Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady. 14 Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady. Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi. 15 Şol wagty Ýerihonyň derwezeleri ysraýyllardan gorkýandyklary üçin gulply goralyp saklanýardy. Hiç kim ol ýere girip-de, çykyp-da bilmeýärdi.

^ abzas 8 Arheologlar harabaçylyga öwrülen Ýeriho şäherinden ätiýaçlyk üçin ýygnalyp goýlan azyk önümlerini tapdylar. Bu bolsa şäheriň uzak wagtlap gabawda saklanylmandygyny görkezýär. Ysraýyllylar şähere tüýs wagtynda hüjüm edipdi, sebäbi şol wagt hasyl ýygnalýan döwürdi we ekin meýdanlarynda hasyl köpdi (Ýeş. 5:10—12).

^ abzas 11 2003-nji ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňindäki» (rus.) «Pawlus synaga pesgöwünlilik bilen döz gelýär» diýen çarçuwa serediň (sah. 24).