Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hakykaty öwrediň

Hakykaty öwrediň

«Ýa Reb... Seniň sözüň jemi hakdyr» (Zeb. 119:159, 160).

AÝDYMLAR: 34, 145

1, 2. a) Isa ýer ýüzünde ýaşanda ünsüni nämä gönükdirýärdi we näme üçin? b) «Hudaýyň işdeşi» bolmak üçin biz näme etmeli?

ISA MESIH agaç ussasy we mugallym hökmünde tanalýardy (Mar. 6:3; Ýah. 13:13). Ol bu iki kärini kämil derejede ýerine ýetirdi. Agaç ussasy hökmünde Isa agaçdan peýdaly zatlary ýasamak üçin zähmet gurallaryny nädip ulanmalydygyny öwrenipdi. Hoş habaryň mugallymy hökmünde bolsa, ol adamlara Hudaýyň Sözündäki hakykatlara düşünmäge kömek etmek üçin Ýazgylary ökdelik bilen ulanýardy (Mat. 7:28; Luka 24:32, 45). Isa 30 ýaşlarynda ussaçylyk kärini goýdy. Sebäbi ol mugallym bolmagyň has wajypdygyna düşünýärdi. Isa özüniň ýer ýüzüne iberilmeginiň bir sebäbiniň Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmekdigini aýtdy (Mat. 20:28; Luka 3:23; 4:43). Şonuň üçin ol ýer ýüzünde ýaşanda, bar ünsüni wagyz işine gönükdirdi. Ol yzyna eýerýän adamlaryň hem şeýle etmegini isleýärdi (Mat. 9:35—38).

2 Biz agaç ussasy bolmasak-da, hoş habary wagyz edýäris, «sebäbi biz Hudaýyň işdeşleridiris». Bu işe Hudaýyň özüniň hem gatnaşýandygy üçin, ol örän wajyp (1 Kor. 3:9; 2 Kor. 6:4). Biz «(Ýehowanyň) sözüniň... hakdygyna» düşünýäris (Zeb. 119:159, 160). Ine, şonuň üçin wagyzda «hakykat sözüni dogry ulanmak» isleýäris (2 Timoteos 2:15-i okaň). Ýehowa, Isa we Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty öwredenimizde, biz esasy guralymyz bolan Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulanmaly. Ökdelik bilen wagyz edip biler ýaly, Ýehowa guramasy arkaly bize gerekli esbaplary berýär. Olara «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplar» diýilýär.

3. Biz wagyzda esasan nämä üns bermeli we Resullaryň işleri 13:48 bize bu babatda nädip kömek edýär?

3 Belki-de, siz «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplara» «Wagyz etmek üçin niýetlenen esbaplar» diýilmeýändigine geň galýansyňyz. «Wagyz etmek» diýlende, bir habary yglan etmek göz öňünde tutulýar; emma «öwretmek» şol habary adamyň aňyna we ýüregine ýetirmekligi aňladýar. Şonda adam öwrenen zatlaryna görä ýaşap başlaýar. Biz wagyzda adamlar bilen okuwa başlamaga we olara hakykaty öwretmäge tagalla etmeli. Munuň üçin biz «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýän adamlaryň ählisini» tapmak we olara Hudaýyň gullukçysy bolmaga kömek etmek üçin elimizde baryny etmeli (Resullaryň işleri 13:44—48-nji aýatlary okaň).

4. Biz kimleriň «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýändigini» nädip bilip bileris we olary tapmaga näme kömek eder?

4 Biz kimleriň «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýändigini» nädip bilip bileris? I asyrdaky ýaly şu günlerem şeýle adamlary tapmagyň bir usuly wagyz etmek. Munuň üçin biz Isanyň: «Haýsy şähere ýa oba barsaňyz-da, ol ýerde mynasyp adamlary gözläň» diýen görkezmesine eýermeli (Mat. 10:11). Elbetde, biz hemme adamlar, meselem, tekepbir ýa-da ruhy zatlary gymmat saýmaýan adamlar hoş habara seslener diýip pikir etmeýäris. Biz dogruçyl, pesgöwünli we hakykata ajygyp-suwsan adamlary gözleýäris. Muny Isanyň agaç ussasy mahaly dürli öý goşlaryny, gapylary, boýuntyryk we şuňa meňzeş başga-da zatlary ýasamak üçin gowy agaçlary gözleýşi bilen deňeşdirse bolýar. Ol şeýle agajy tapan badyna gurallaryny alyp we ukybyny ulanyp, olardan her dürli zatlary ýasaýardy. Şonuň ýaly bizem akýürekli adamlary tapanymyzda, olara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek üçin elimizde baryny etmeli (Mat. 28:19, 20).

5. «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyz» barada nämäni bilmeli? Mysal getiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Her bir gural ýörite bir maksat bilen ulanylýar. Meselem, Isanyň ulanan zähmet gurallaryny alyp göreliň *. Oňa agajy ölçemek, bellemek, kesmek, gönülemek we ýonmak üçin gurallar gerekdi. Şeýle-de agajyň böleklerini bir-birine seplemek üçin gural gerek bolandyr. Şonuň ýaly «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzyň» hersiniň öz maksady bar. Geliň, öwretmek üçin nähili esbaplarymyzyň bardygyna we olary nädip ulanyp biljekdigimize seredeliň.

TANYŞDYRÝAN ESBAPLAR

6, 7. a) Siz habarlaşmak üçin kartoçkalarymyzy nädip ulanýarsyňyz? b) Ýygnak duşuşyklaryna çagyrmak üçin paýlaýan çakylyklarymyzyň nähili iki maksady bar?

6 Kartoçkalar. Bu kiçijik, ýöne netijeli esbaplar bize kimdigimizi tanatmaga we adamlary web-saýtymyza ugrukdyrmaga kömek edýär. Olar web-saýtymyz arkaly biz barada köp zatlary öwrenip, hatda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş edip bilýärler. Häzire çenli jw.org saýtymyz arkaly 400 müňden gowrak adam okuw geçmegi haýyş etdi. Ortaça her gün ýüzlerçe adam Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge isleg bildirýär. Şonuň üçin siz gündelik işleriňiz bilen bir ýere gideniňizde hem ýanyňyza birnäçe kartoçkalary alyp bilersiňiz. Şonda wagyz etmäge mümkinçilik dörände, onuň size kömegi deger.

7 Çakylyklar. Adamlary ýygnak duşuşyklaryna çagyrmak üçin paýlaýan çakylyklarymyzyň esasan iki maksady bar. Çakylykda şeýle diýilýär: «Sizi Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge çagyrýarys». Ol adamlara «ýygnak duşuşyklarynda» ýa-da «biriniň kömegi bilen» Ýazgylary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu esbap diňe bir özümiz bilen tanyşdyrman, «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlary» Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge höweslendirýär (Mat. 5:3). Elbetde, adamlar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge isleg bildirse-de, bildirmese-de, ýygnak duşuşyklaryna arkaýyn gatnaşyp bilýär. Eger olar ýygnaga barsalar, Mukaddes Ýazgylara esaslanan dogry bilimi eşider we biziň şoňa görä ýaşaýandygymyzy görer.

8. Adamlary hatda bir gezeklikçe hem bolsa ýygnaga çagyrmak näme üçin wajyp? Mysal getiriň.

8 Adamlary hatda bir gezeklikçe hem bolsa ýygnaga çagyrmak örän wajyp. Näme üçin? Olar ýygnakda bol ruhy iýmitden iýmitlenýän we Beýik Wawilonyň täsiri bilen ruhy taýdan aç adamlaryň arasyndaky tapawudy görüp bilýär (Iş. 65:13). Muny ABŞ-da ýaşaýan Reý we Linda atly bir är-aýal bilen bolan waka subut edýär. Bir gezek olar buthana gatnamagy ýüregine düwýärler. Bu är-aýal Hudaýa ynanýardy we ruhy taýdan teşnedi. Şol sebäpli olar şäherindäki buthanalaryň ählisine bir-birden baryp görýärler. Olaryň ýaşaýan ýerinde birnäçe buthana we ençeme dini toparlar bardy. Bu är-aýal başda gatnajak buthanasy barada azyndan iki zady bilmegi ýüregine düwýär. Birinjiden, olar buthanada geçirilýän dini çäreler barada öwrenmek, ikinjiden, ol ýerdäki adamlaryň Hudaýyň hakyky gullukçylarydygyna göz ýetirmek isleýär. Olar şäherindäki buthanalaryň hemmesine baryp görenlerinden soň, gaty lapykeç bolýarlar. Sebäbi olar baran buthanalaryndan hiç zat öwrenmeýärler; ol ýerdäki adamlar hem bu är-aýalyň asla pikir edişi ýaly däldi. Soňky buthana baranlaryndan soň, Linda öz iş ýerine, Reý bolsa öýüne gaýdýar. Reý ýolda Ýygnak jaýynyň deňinden geçip barýarka: «Näme üçin men ol ýere baryp görmeli däl?» diýip pikir edýär. Bu Reýi gaty gyzyklandyrýar. Ol Ýygnak jaýyndaky adamlaryň mähirli, akýürekli we salykatly geýnendigini görýär. Reý iň öňdäki hatara geçip oturýar we aýdylýan zatlary höwes bilen diňleýär. Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, ýygnaga ilkinji sapar gelen adamlar: «Hudaý, hakykatdan-da, siziň bilendir» diýýärler (1 Kor. 14:23—25). Şeýdip, Reý her dynç güni ýygnaga gatnap başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol hepdäniň başynda geçirilýän duşuşyklara-da barýar. Onuň aýaly Linda hem ýygnaga gatnap başlaýar. Olar 70 ýaşlarynda bolsa-da, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, suwa çümdürilýär.

GÜRRÜŇE BAŞLAMAGA KÖMEK EDÝÄN ESBAPLAR

9, 10. a) Kitapçalary ulanmak näme üçin aňsat? b) «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen kitapçany nädip ulanyp bolýandygyny düşündiriň.

9 Kitapçalar. Biziň adamlar bilen gürrüňdeşlige başlamaga kömek edýän 8 sany kitapçamyz bar. Olary ulanmak gaty aňsat. Bu kitapçalar 2013-nji ýylda çykarylyp başlandy. Şondan bäri olaryň takmynan 5 milliard nusgasy çap edildi. Bu esbaplaryň bir aýratynlygy olaryň birini nädip ulanmalydygyny bilseň, galanlaryny hem aňsatlyk bilen ulanyp bolýar. Sebäbi kitapçalaryň ählisi şol bir tertipde düzülen. Siz adamlar bilen gürrüňe başlamak üçin kitapçalary nädip ulanyp bilersiňiz?

10 Meselem, siz «Hudaýyň Patyşalygy näme?» atly kitapçany ulanyp bilersiňiz. Adama kitapçany görkezip, onuň daşky sahypasyndaky «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen soragy beriň. Soňra «Siziň pikiriňizçe...» diýen sözbaşynyň aşagyndaky üç jogabyň haýsysyny saýlajakdygyny soraň. Ol dogry ýa nädogry jogaby saýlasa-da, kitapçanyň içki sahypasyndaky «Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?» diýen sözbaşynyň aşagyndaky Danyýel 2:44 we Danyýel 7:14-nji aýatlary okap, pikir alşyň. Eger adam gyzyklansa, gürrüňdeşligi dowam ediň. Soňra bolsa «Oýlanyp görüň» diýen sözbaşynyň aşagyndaky «Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünde höküm sürende nähili ýaşaýyş bolar?» diýen soragy beriň we bu barada indiki gezek gürrüň edip biljekdigiňizi aýdyň. Gaýtadan ideg edeniňizde, «Hudaýyň hoş habary» atly broşýuranyň 7-nji sapagynda bu barada giňişleýin düşündirilýändigini aýtmagy unutmaň. Bu broşýura adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin niýetlenen esbaplarymyzyň biri hasaplanýar.

GYZYKLANMA DÖREDÝÄN ESBAPLAR

11. Žurnallarymyzy nädip ulanyp bileris, ýöne olar barada nämäni bilmeli?

11 Žurnallar. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallary bütin dünýäde iň köp çap edilýän hem-de terjime edilýän edebiýat hasaplanýar. Sebäbi olar dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar üçin niýetlenip çykarylýar. Biz bu edebiýatlary durmuşda bolýan zatlara adamyň ünsüni çekmek üçin ulanyp bileris. Elbetde, biz bu žurnallary adamlara özbaşdak okamaga hem berip bileris. Emma biz olaryň kimler üçin niýetlenendigini gowy bilmeli.

12. «Oýanyň!» žurnaly kimler üçin niýetlenen we ol esasan näme maksat bilen çykarylýar?

12 «Oýanyň!» žurnaly Mukaddes Ýazgylar barada az bilýän ýa-da asla bilmeýän okyjylar üçin niýetlenen. Mümkin, olar mesihçileriň öwredýän zatlary we Mukaddes Ýazgylaryň peýdasy barada hiç zat bilýän däldir. Ýa-da olaryň dine bolan ynamy gaçandyr. «Oýanyň!» žurnaly adamyň, esasan, Hudaýyň bardygyna bolan ynamyny artdyrýar (Rim. 1:20; Ýew. 11:6). Şeýle-de ol adamyň Mukaddes Ýazgylaryň «hakykatdan-da Hudaýyň sözüdigine» imanyny berkidýär (1 Sel. 2:13). 2018-nji ýylda çykarylan üç sany «Oýanyň!» žurnaly «Hakyky bagtyň açary», «Maşgalany bagtly edýän 12 syr» we «Hasrat çekýänlere kömek ediň» diýip atlandyrylýar.

13. «Garawul diňi» žurnaly kimler üçin niýetlenen we onuň nähili peýdasy bar?

13 «Garawul diňi» žurnaly köpçülik üçin niýetlenen. Ol Hudaýa we onuň Sözüne hormat goýýan adamlara ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek edýär. Şeýle adamlaryň Mukaddes Ýazgylar barada biraz bilimi bolsa-da, ondaky taglymatlara doly düşünmeýärler (Rim. 10:2; 1 Tim. 2:3, 4). 2018-nji ýylda çykarylan üç žurnalda «Mukaddes Ýazgylaryň şu günler peýdasy barmy?», «Gelejekde size näme garaşýar?» we «Hudaý bizi söýýärmi?» diýen soraglara jogap berilýär.

HÖWESLENDIRÝÄN ESBAPLAR

14. a) «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyza» degişli dört wideo näme üçin çykaryldy? b) Siz bu wideolaryň haýsysyny ulanyp gördüňiz?

14 Wideolar. Isanyň günlerinde agaç ussalary diňe el bilen işlenilýän gurallary ulanýardy. Emma şu günler agaç ussalarynyň agajy kesmek, ýonmak, çüýlemek üçin tok bilen işleýän ýörite gurallary bar. Şonuň ýaly çap edilýän edebiýatlarymyzdan başga-da bizde adamlara görkezmek üçin täsirli wideolar bar. Olaryň dördüsi, ýagny «Mukaddes Ýazgylary näme üçin öwrenmeli?», «Mukaddes Ýazgylar okuwy nädip geçirilýär?», «Patyşalyk zalynda nämeler edilýär?» we «Ýehowanyň Şaýatlary kim?» atly wideolar adamlara hakykaty öwretmäge kömek edýär. Käbir wideolaryň dowamlylygy bary-ýogy iki minuda-da ýetmeýär. Şonuň üçin olary ilkinji gürrüňdeşlikde ulanmak köp peýda berýär. Bu ajaýyp esbaplar adamlary Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga höweslendirýär.

15. Wideolarymyzy öz ene dilinde görende käbir adamlara nähili täsir edendigini gürrüň beriň.

15 Geliň, bir uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ol Mikroneziýadan göçüp gelen bir aýala onuň ene dilinde «Mukaddes Ýazgylary näme üçin öwrenmeli?» diýen wideony görkezýär. Wideo ýaňy başlanda, ol aýal: «Wiý, bu meniň ene dilim ýaly-la. Geň galaýmaly. Onuň gürleýşi meniň ýaşan ýerimdäki adamlaryňka meňzeýär. Ol meniň ene dilimde gürläp dur» diýýär. Wideony görenden soň, ol uýamyza jw.org saýtymyzdaky öz dilinde çykýan zatlaryň hemmesini okajakdygyny we görjekdigini aýdýar (Resullaryň işleri 2:8, 11-nji aýatlary deňeşdiriň). Başga bir waka seredeliň. ABŞ-da ýaşaýan uýamyz ýegenine onuň öz dilinde Internet arkaly şol wideony ugradýar. Ýegeni wideony göreninden soň, uýamyzyň elektron poçtasyna şeýle hat ugradýar: «Dünýäniň üstünden Şeýtanyň höküm sürýändigini görkezýän ýeri hasam ünsümi çekdi. Men siziňkilere Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isleýändigimi aýtdym». Uýamyzyň ýegeni wagyz işiniň gadagan edilen ýerinde ýaşaýar.

HAKYKATY ÖWRETMEK ÜÇIN NIÝETLENEN ESBAPLAR

16. a) «Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň», b) «Hudaýyň hoş habary» we ç) «Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» atly broşýuranyň maksadyny düşündiriň.

16 Broşýuralar. Siz gowy okap bilmeýän ýa-da ene dilinde edebiýatlar bolmadyk adama hakykaty nädip öwredip bilersiňiz? Munuň üçin bizde «Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň» atly broşýura bar *. Bu ajaýyp esbap «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura arkaly okuwa başlamaga kömek edýär. Siz adama broşýuranyň arka tarapyndaky 14 sapagyň adyny görkezip, haýsysynyň ony has gyzyklandyrýandygyny sorap bilersiňiz. Soňra şol sapakdan okuwa başlaň. Eýsem, gaýtadan ideglerde hem şeýle edip bilerismi? «Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» atly broşýura hem öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzyň biri hasaplanýar. Ol okuw geçýän adamlary guramamyz bilen tanyşdyrmaga ýardam berýär. Her sapakda ony nädip ulanmalydygyny bilmek üçin, 2017-nji ýylyň mart aýynda çykan «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderine» serediň.

17. a) Okuw geçmek üçin niýetlenen iki kitabyň maksady näme? b) Suwa çümdürilmek isleýänleriň ählisinden näme talap edilýär we näme üçin?

17 Kitaplar. Broşýuralaryň biri arkaly okuwa başlanyňyzdan soň, siz okuw geçýän adam bilen «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitaby arkaly okuwy dowam edip bilersiňiz. Bu esbap okuw geçýän adama Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlary bilen tanyşmaga ýardam edýär. Kitaby geçip gutaranyňyzdan soň, okuw geçýän adam ruhy taýdan ösüş edýän bolsa, «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitapdan okuwy dowam edip bilersiňiz. Bu esbap okuw geçýän adama Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere gündelik durmuşynda eýermäge kömek eder. Şuny unutmaň, hatda okuw geçýänler suwa çümdürilenden soňam, bu iki kitaby doly geçip gutarmaly. Bu olara hakykatda kök urmaga kömek eder (Koloslylar 2:6, 7-nji aýatlary okaň).

18. a) 1 Timoteos 4:16-daky sözler hakykatyň mugallymlary hökmünde bizi näme etmäge höweslendirýär? b) «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzy» ulananymyzda maksadymyz näme bolmaly?

18 Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde bize ebedi ýaşaýşa eltýän «hoş habaryň hakykat sözlerini» adamlara wagyz etmek tabşyryldy (Kol. 1:5; 1 Timoteos 4:16-ny okaň). Bu işi soňuna çenli berjaý edip biler ýaly, bize käbir gurallar gerek. Bu babatda bize «Öwretmek üçin esbaplar» kömek edip biler (« Öwretmek üçin esbaplar» diýen çarçuwa serediň). Geliň, mümkin boldugyndan, bu esbaplary ökdelik bilen ulanalyň. Her bir wagyzçy gyzyklanan adama öwretmek üçin niýetlenen edebiýatlaryň haýsysyny we ony haçan teklip etmelidigini özi çözüp biler. Emma biziň esasy maksadymyz diňe bir edebiýat paýlamak ýa-da hoş habar bilen gyzyklanmaýan adamlara edebiýat goýup gaýtmak däl. Biz «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýän» dogruçyl, pesgöwünli we ruhy taýdan aç adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmegi maksat edinýäris (Res. iş. 13:48; Mat. 28:19, 20).

^ abzas 5 2010-njy ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňindäki» «Agaç ussasy» atly makala we «Agaç ussasynyň gurallary» diýen çarçuwa serediň.

^ abzas 16 Eger adam asla okap bilmeýän bolsa, köp suraty bolan «Hudaýa gulak asyň» atly broşýurany ulanyp bilersiňiz.