Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hakykaty aýdyň

Hakykaty aýdyň

«Biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň» (Zak. 8:16).

AÝDYMLAR: 4, 63

1, 2. Näme zat bütin adamzada erbet täsir etdi we muňa kim sebäpkär?

TELEFON, çyra, ulag, sowadyjy ýaly adamlaryň ýasan käbir zatlary her günki ýaşaýşymyzy aňsatlaşdyrýar. Çilim, ýarag, ýere gömülýän minalar we atom bombalary ýaly başga zatlar bolsa, adamyň janyna howp salýar. Emma bütin adamzadyň durmuşyna erbet täsir eden has güýçli ýarag bar. Ol näme? Ýalan. Bu birini aldamak maksady bilen, oňa nädogry maglumat bermegi aňladýar. Eýsem, ilkinji ýalan sözi kim aýtdy? Isa Mesih oňa «ýalanyň atasy» diýdi (Ýahýa 8:44-i okaň). Ol ilkinji sapar haçan ýalan sözledi?

2 Bu müňlerçe ýyl mundan öň, Erem bagynda bolupdy. Ilkinji ynsan maşgalasy Adam ata bilen How ene Hudaýyň ýaradan Jennetinde bagtly ýaşaýardy. Şonda Şeýtan ilkinji sapar ýalan sözledi. Ol Hudaýyň Adam ata bilen How enä «ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden» iýmezligi tabşyrandygyny we oňa gulak asmasalar, öljekdiklerini bilýärdi. Şeýtan ýylany ulanyp, How enä: «Ýok, ölmersiňiz (bu ilkinji ýalandy). Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär» diýdi (Gel. çyk. 2:15—17; 3:1—5).

3. Näme üçin Şeýtan bilgeşleýin ýalan sözledi diýse bolar we munuň netijesi nähili boldy?

3 Şeýtan bilgeşleýin ýalan sözledi. Sebäbi ol aýdýanlaryna ynanyp, miweden iýse, How enäniň öljekdigini gowy bilýärdi. Adam ata bilen How ene Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asman, ölüme sezewar boldy (Gel. çyk. 3:6; 5:5). Iň erbedi bolsa, bu günä sebäpli ähli adamlara «ölüm... geçdi». Aslynda, ölüm «patyşa kimin... hatda Adam atanyňky ýaly günä etmedik adamlaryň üstünden hem höküm sürýärdi» (Rim. 5:12, 14). Häzir biz Hudaýyň ilkibaşdaky niýetine görä, kämil durmuşdan ebedi lezzet alyp ýaşamagyň deregine, bary-ýogy «ýetmiş ýyl, zordan segsen ýyl» ýaşaýarys. Emma şonda-da durmuşymyz «zähmet bilen jepadan» doly (Zeb. 90:10). Bu zatlaryň hemmesi Şeýtanyň ilkinji ýalan sözi sebäpli şeýle boldy.

4. a) Biz haýsy soraglara serederis? b) Zebur 15:1, 2-nji aýatlara görä kim Ýehowanyň dosty bolup bilýär?

4 Isa Iblisiň näme edendigini şeýle düşündirdi: «Ol... hakykatda berk durup bilmedi, sebäbi onda hakykat ýokdur». Şeýtanda häzirem hakykat ýok, sebäbi ol ýalan sözi bilen «bütin ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny aldaýar» (Ylh. 12:9). Biz Şeýtanyň aldawyna düşmek islemeýäris. Şonuň üçin, geliň, şu üç soraga seredeliň: Şeýtan adamlary nädip aldaýar? Adamlar näme üçin köplenç ýalan sözleýär? Adam ata we How ene ýaly Ýehowa bilen dostlugymyzy hiç haçan ýitirmezlik üçin biz hemişe «hakykaty aýdýandygymyzy» nädip görkezip bileris? (Zebur 15:1, 2-nji aýatlary okaň).

ŞEÝTAN ADAMLARY NÄDIP ALDAÝAR?

5. Şu günler Şeýtan adamlary nädip aldaýar?

5 Pawlus resul biziň Şeýtanyň aldawyna düşmekden gaça durup biljekdigimizi bilýärdi. Sebäbi «biz onuň hilelerinden habarsyz däl» (2 Kor. 2:11). Dogrudan-da, biz bütin dünýäniň, şol sanda ýalan diniň, parahor syýasy ýolbaşçylaryň we açgöz söwdagärleriň Iblisiň gol astyndadygyny bilýäris (1 Ýah. 5:19). Ine, şol sebäpli biz Şeýtanyň we jynlaryň ýokary wezipeleri eýeleýän adamlara «ýalan sözletmek» üçin täsir edip bilýändigine geň galmaýarys (1 Tim. 4:1, 2). Munuň hakykatdygyny söwdagärleriň hilegärlik bilen zyýanly zatlary reklama edişinden görse bolýar.

6, 7. a) Dini ýolbaşçylaryň günäsi näme üçin hasam uly? b) Siz dini ýolbaşçylardan nähili ýalan zatlary eşitdiňiz?

6 Dini ýolbaşçylaryň ýalan sözleýändigi üçin günäsi hasam uly. Sebäbi olaryň öwredýän ýalan zatlaryna ynanýan adamlar öz janyny howp astyna salýar. Eger adam ýalan taglymatlary kabul edip, şoňa görä ýaşasa, Hudaýyň hökümine sezewar bolup, ebedi ýaşamak mümkinçiligini ýitirip bilýär (Hoş. 4:9). Isa öz döwründe ýaşan dini ýolbaşçylaryň adamlary nädogry ýola iterýändikleri üçin günäkärdigini bilýärdi. Şol sebäpli Isa olara şeýle diýdi: «Waý günüňize, eý kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz bir adamy ýehudy dinine uýdurmak üçin, deňizlere we düzlere aýlanýarsyňyz. Maksadyňyza ýeteniňizde bolsa, ony özüňizden iki esse Jähennem oduna (hemişelik ýok edilmäge) mynasyp adam edýärsiňiz» (Mat. 23:15). Isa ýalan dini ýolbaşçylary mertlik bilen ýazgardy. Olar, hakykatdanam, ganhor «atasy Iblisiň» yzyna eýerýärdi (Ýah. 8:44).

7 Şu günler bütin dünýäde özlerini ruhany, buthana gullukçysy we molla diýip atlandyrýan köp dini ýolbaşçylar bar. I asyrdaky dini ýolbaşçylar ýaly, olar hem adamlara Hudaýyň Sözündäki «hakykaty bilmäge päsgel berýärler». Sebäbi olar «Hudaýyň hakykatyna däl-de, ýalan zatlara ynanmagy makul bildiler» (Rim. 1:18, 25). Olar dowzah ody, ölmeýän jan, adam ölensoň haýwana ýa başga adama öwrülýär diýen ýaly ýalan taglymatlary we Hudaý gomoseksuallaryň durmuşyny hem-de olaryň nikasyny makullaýar diýen nädogry düşünjäni öňe sürýär.

8. Syýasy ýolbaşçylar tizden nähili ýalany yglan eder we biz muňa nähili garamaly?

8 Syýasy ýolbaşçylar hem adamlary ýalan wadalary bilen aldawa salýarlar. Adamlaryň «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan etmegi syýasy ýolbaşçylaryň ýaýradýan iň uly ýalanlarynyň biri bolar. Emma «şol bada olaryň üstüne betbagtçylyk iner». Geliň, dünýädäki zatlaryň gowudygyna ynandyrmak üçin olaryň aýdýan sözlerine aldanmalyň! Sebäbi biz «Ýehowanyň gününiň ogrynyň gije gelşi ýaly geljekdigini» gowy bilýäris (1 Sel. 5:1—4).

ADAMLAR NÄME ÜÇIN KÖPLENÇ ÝALAN SÖZLEÝÄR?

9, 10. a) Adamlar näme üçin ýalan sözleýär we bu nähili netije berýär? b) Biz Ýehowa barada nämäni unutmaly däl?

9 Adatça, täze döredilen bir zat giňden ulanylyp başlanda, adamlar ony has köp öndürýärler. Ýalan barada hem şeýle diýse bolar. Şu günler ýalan sözlemek adamlaryň arasynda giňden ýaýran. Ýöne diňe ygtyýarly adamlar başgalary aldamaýar. Ý. Bhattaçarji «Biz näme üçin ýalan sözleýäris?» atly makalasynda «ýalan sözlemek adamyň durmuşynda kök urdy» diýip belläp geçýär. Adamlar köplenç özlerini goramak ýa-da gowy görkezmek üçin ýalan sözleýär. Olar ýalňyşlyklarynyň we eden nädogry işleriniň üstüni ýapmak, peýda almak ýa-da öz bähbidi üçin ýalan sözleýärler. Şol makalada olaryň nätanyş adamlara, işdeşlerine, dost-ýarlaryna we ýakynlaryna hatda kiçi zatlarda-da aňsatlyk bilen ýalan sözleýändigi aýdylýar.

10 Şeýle ýalanlaryň soňy näme bilen gutarýar? Adamlaryň birek-birege bolan ynamy gaçýar we gymmatly dostlukly gatnaşygy bozulýar. Meselem, aýaly wepaly ýanýoldaşyna ikilik edip, onuň üstüni ýapmak üçin ýalan sözlände, ýanýoldaşynyň özüni nähili duýýandygyny göz öňüne getiriň. Ýa-da adamsy sözi ýa-da hereketi bilen aýalyna we çagalaryna ýowuz daraşyp, ýöne başgalaryň ýanynda özüni göreldeli maşgalabaşy ýaly alyp barsa, bu onuň ýakynlaryna erbet täsir eder. Emma ýalana ýüz urýan adamlaryň edýän ikiýüzlüligini Ýehowadan gizläp bilmejekdigini unutmalyň. Sebäbi «ähli zat onuň öňünde açyk hem aýdyňdyr» (Ýew. 4:13).

11. Hananýa we Sapfira bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

11 Mukaddes Ýazgylarda Şeýtanyň I asyrda bir mesihçi är-aýaly nädip Hudaýa garşy ýalan sözlemäge iterendigi aýdylýar. Hananýa bilen Sapfira ýüreginde ýalanyň kök urmagyna ýol berýär. Olar mellek ýerini satýarlar, ýöne pulunyň bir bölegini özlerine alyp galyp, galanyny resullara getirip berýärler. Bu är-aýal ýygnakdaky dogan-uýalaryň arasynda özlerini gowy, has dogrusy, jomart görkezmek isleýärdi. Emma Ýehowa olaryň etmişini görýärdi. Şonuň üçin olara günäsine laýyk jeza berdi (Res. iş. 5:1—10).

12. Bilgeşleýin ýalan sözläp, muňa ökünmeýänleriň ählisine näme bolar we näme üçin?

12 Ýehowa ýalana nähili garaýar? Şeýtan ýaly bilgeşleýin ýalan sözläp, muňa ökünmeýänleriň ählisi «ot kölüne» zyňlar (Ylh. 20:10; 21:8; Zeb. 5:6). Näme üçin? Sebäbi Ýehowa ýalan sözleýänleri «(Öz) nazarynda nejis işleri edýänler» bilen deň hasaplaýar (Ylh. 22:15, çykgyt).

13. Biz Ýehowa barada nämäni bilýäris we bu bizi näme etmäge höweslendirýär?

13 Ýazgylarda: «Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly» diýilýär. Dogrudan-da, «Hudaýyň... ýalan sözlemegi» mümkin däl (San. 23:19; Ýew. 6:18). Ýehowa «ýalançy dili» ýigrenýär (Sül. tym. 6:16, 17). Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin, biz onuň adyl kadalary boýunça ýaşamaly. Ine, şonuň üçin hem biz «biri-birimize ýalan sözlemeli» däl (Kol. 3:9).

BIZ «DIŇE HAKYKATY AÝTMALY»

14. a) Mesihçiler ýalan dine uýýan adamlardan nämede tapawutlanýar? b) Siz Luka 6:45-däki prinsipi nädip düşündirerdiňiz?

14 Hakyky mesihçileri ýalan dine uýýan adamlardan tapawutlandyrýan zatlaryň biri näme? (Zakarýa 8:16, 17-nji aýatlary okaň) *. Pawlus resul muny şeýle düşündirýär: «(Biz) özümizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde alyp barýarys... hakykata laýyk gepleýäris» (2 Kor. 6:4, 7). Isa-da: «Ynsanyň ýüregi nämeden doly bolsa, şony-da aýdýandyr» diýdi (Luka 6:45). Dogrudan-da, ýagşy adam ýüreginden hakykaty aýdanda, onuň dili hem hakykaty sözleýär. Ol nätanyş adamlara, işdeşlerine, dost-ýarlaryna we ýakynlaryna uly ýa kiçi bolsun, ähli zatda hakykaty aýdýar. Geliň, ähli zatda nädip dogruçyl bolup bilýändigimizi görkezýän käbir mysallara seredeliň.

Uýa nähili durmuş alyp barýar? (15, 16-njy abzaslara serediň)

15. a) Biz näme üçin hiç haçan ikiýüzli durmuş alyp barmaly däl? b) Ýaşlara deň-duşlarynyň täsirine düşmez ýaly näme kömek eder? (Çykgyda serediň).

15 Aýdaly, sen deň-duşlaryňa ýaranmak isleýärsiň. Ýöne sen käbir ýaşlar ýaly ikiýüzli durmuş alyp barmaga iterýän işe hiç haçan baş goşmaly däldigiňi unutma. Olar maşgala agzalarynyň ýa-da ýygnakdaky imandaşlarynyň ýanynda özlerini dogruçyl, ýöne deň-duşlarynyň ýanynda we sosial ulgamlaryny ulananda, başgaça alyp barýarlar. Meselem, olar mesihçilere ýaraşmaýan sözleri aýdýarlar, gelşiksiz egin-eşikleri geýýärler, ýerliksiz sazlary diňleýärler, spirtli içgileri ýa-da neşe serişdelerini ulanýarlar, gizlinlikde kimdir biri bilen duşuşýarlar we şuňa meňzeş erbet işlere baş goşýarlar. Şeýdip, olar ene-atasyna, imandaşlaryna we Hudaýa garşy ýalan sözleýärler (Zeb. 26:4, 5). Biz Ýehowa «diňe dilimizde sarpa goýup, emma ýüregimiz (Ondan) gaty uzaklaşanda», ol muny bilýär (Mar. 7:6). Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýüregiň günäkärlere höwes etmesin, günuzyn diňe Rebden gorkýanlardan bol» diýen maslahata eýermek örän wajyp (Sül. tym. 23:17) *.

16. Uzak wagtly gulluga başlamak üçin arza dolduranymyzda näme üçin dogruçyl bolmaly?

16 Mümkin, siz pioner bolmak ýa-da Beýtelde gulluk etmek ýaly uzak wagtly gullugyň käbir görnüşlerine gatnaşmak isleýänsiňiz. Şeýle gulluklaryň birine arza dolduranyňyzda, dogruçyl bolmak we saglygyňyz, dynç almak üçin saýlaýan zatlaryňyz hem-de ahlak ýagdaýyňyz barada berlen soraglara dogry jogap bermek örän wajyp (Ýew. 13:18). Emma siz haýsydyr bir nädogry ýa-da şübheli bir işe baş goşup, ýöne muny ýaşululara aýtmasaň hem bolýar diýip pikir edýän bolsaňyz näme? Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk edip biler ýaly, olardan kömek soraň (Rim. 9:1; Gal. 6:1).

17. Imandaşlarymyz barada soranlarynda biz näme etmeli?

17 Siz wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan bolsaňyz we hökümet işgärleri imandaşlaryňyz barada soranlarynda näme edip bilersiňiz? Olara ähli zady aýtmalymy? Rim hökümdary Isany sorag edende ol näme edipdi? Mukaddes Ýazgylardaky «dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» diýen prinsip esasynda Isa-da käte hemme soraglara jogap bermeýärdi (Wag. 3:1, 7; Mat. 27:11—14). Dogan-uýalarymyzyň janyny howp astyna salmaz ýaly, bizem Isanyň göreldesine eýerip bileris (Sül. tym. 10:19; 11:12).

Siz haçan dymmaly we haçan hakykaty doly aýtmaly? (17, 18-nji abzaslara serediň)

18. Günä eden barada ýaşulular bilen gürleşenimizde nähili jogapkärçiligimiz bar?

18 Ýygnakda biriniň agyr günä edendigini bilseňiz näme etmeli? Ýygnagy ahlak taýdan arassa saklamaga jogapkär ýaşulular sizden bu barada sorasa näme jogap berersiňiz? Günä eden adam dostuňyz ýa-da ýakynyňyz bolsa näme edersiňiz? Mukaddes Ýazgylarda: «Hakykaty aýdýan dogrulyk... edýändir» diýilýär (Sül. tym. 12:17; 21:28). Diýmek, siz ýaşululara bilýän zatlaryňyzyň diňe käbirini däl-de, ýoýman, hemmesini aýtmaga jogapkär. Günä eden adama Ýehowa bilen gatnaşygyny berkitmäge kömek etmek üçin ýaşulularyň hakykaty bilmäge haky bar (Ýak. 5:14, 15).

19. Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

19 Dawut Ýehowa şeýle doga etdi: «Sen ýürekde hakykat isleýärsiň» (Zeb. 51:6). Dawut dogruçyllygyň ýüregimizden çykýandygyny bilýärdi. Mesihçiler durmuşyň ähli ýagdaýynda «bir-birine diňe hakykaty aýdýarlar». Hudaýyň gullukçylary hökmünde başga adamlardan tapawutlanýandygymyzy görkezmegiň ýene bir usuly başgalara hakykaty öwretmek. Indiki makalada muny nädip edip bilýändigimize serederis.

^ abzas 14 Zakarýa 8:16 Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň. 17 Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb aýdýandyr.

^ abzas 15 «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň II tomundaky «Deň-duşlarymyň erbet täsirine nädip garşy durmaly?» (bap 15) we «Ikiýüzli durmuşymy goýmalymy?» (bap 16) atly makalalara serediň.