Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň mähirliliginden hem-de alada edişinden görelde alyň

Ýehowanyň mähirliliginden hem-de alada edişinden görelde alyň

«Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly» (Zeb. 41:1).

AÝDYMLAR: 35, 50

1. Hudaýyň halkynyň arasyndaky söýgi nämeden görünýär?

HUDAÝYŇ halky bir maşgala ýaly agzybir ýaşaýar we bir-birine bolan söýgüsi bilen tanalýar (1 Ýah. 4:16, 21). Olar imandaşlary üçin bar zadyndan geçmäge taýyn. Emma olaryň biri-birine bolan söýgüsi hatda kiçi zatlardan, meselem, aýdýan sözlerinden we edýän işlerinden görünýär. Biz başgalara mähirli bolup, aladasyny edenimizde, «söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alýarys» (Efes. 5:1).

2. Isa Atasynyň söýgüsinden nädip görelde alýardy?

2 Isa Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerýärdi. Ol: «Eý ýadap halys bolan we agyr ýükli adamlar, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin... çünki men ýumşak we pesgöwünlidirin» diýdi (Mat. 11:28, 29). Biz Isanyň göreldesine eýerip, «garyplara paýhasly garasak», gökdäki Atamyzyň razylygyny gazanarys we köp şatlyk taparys (Zeb. 41:1). Geliň, maşgalada, ýygnakda we wagyzda başgalaryň nädip aladasyny edip biljekdigimize seredeliň.

MAŞGALADA

3. Paýhasly we aladaçyl maşgalabaşy nämä düşünýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Ärler başgalaryň aladasyny etmekde maşgala agzalaryna görelde bolmaly (Efes. 5:25; 6:4). Meselem, olar «özlerini aýaly bilen paýhasly alyp barmaly» (1 Pet. 3:7). Paýhasly we aladaçyl maşgalabaşy aýaly bilen hemişe agzybir bolmalydygyna düşünýär. Aýalynyň garaýşy köp zatda özüniňkiden tapawutlansa-da, ol oňa hormat goýýar we özüni ondan ýokary tutmaýar (Gel. çyk. 2:18). Şonuň üçin ol aýalynyň duýgusyny göz öňünde tutýar we onuň gadyryny bilýär. Kanadada ýaşaýan bir uýamyz adamsy barada şeýle diýýär: «Ol meni hiç haçan kemsitmeýär ýa-da „Sen beýle pikir etmeli däl“ diýmeýär. Ol meni hemişe ünsli diňleýär. Hatda garaýşymy düzedende-de, ol özüni gaty ýumşak we mähirli alyp barýar».

4. Aladaçyl är başga gelin-gyzlar bilen gürleşende aýalynyň duýgusyny nädip göz öňünde tutýar?

4 Aladaçyl är başga gelin-gyzlar bilen gürleşende-de aýalynyň duýgusyny göz öňünde tutýar. Ol aýalyndan başga biri bilen hiç haçan näz-kereşme etmeýär ýa-da gyýa göz bilen bakmaýar. Hatda sosial ulgamlary ýa-da Internet arkaly habarlaşanda hem, ol şeýle zatlardan gaça durýar (Eýp. 31:1). Ol aýalyna diňe bir ony söýýändigi üçin däl-de, eýsem, Hudaýa bolan söýgüsi we erbetligi ýigrenýändigi üçin wepaly galýar (Zebur 19:14; 97:10-njy aýatlary okaň).

5. Aýal ýanýoldaşynyň aladasyny edýändigini nädip görkezip biler?

5 Maşgalabaşy Isanyň göreldesine eýerse, aýalyna oňa «çuňňur hormat goýmak» aňsat bolýar (Efes. 5:22—25, 33). Ýanýoldaşy ýygnagyň işleri ýa-da başga kynçylyklar sebäpli başagaý bolanda-da, bu aýalyny onuň aladasyny etmäge höweslendirer. Britaniýada ýaşaýan dogan şeýle diýýär: «Käte aýalym meni bir zadyň biynjalyk edýändigine üns berende, Süleýmanyň tymsallary 20:5-däki prinsipe eýerýär. Eger meni biynjalyk edýän zat aýalyma aýdyp biljek zadym bolsa, ol meniň ýüregimdäki pikirleri „çekip çykarmak“ üçin amatly wagta garaşýar».

6. Çagalara başgalaryň aladasyny etmegi nädip öwredip bileris we bu olara nähili peýda berer?

6 Ene-ata bir-biriniň aladasyny edende, çagalaryna gowy görelde görkezýär. Ene-atalar çagalaryna başgalaryň aladasyny etmegi öwretmäge jogapkär. Meselem, olar çagalaryna Ýygnak jaýynda ylgamaly däldigini öwredip biler. Ýa-da imandaşlary bilen dynç alanlarynda, olara gartaşan dogan-uýalara nahar eltip bermek ýaly zatlary etmegi öwredip biler. Elbetde, ýygnagyň ähli agzalary ene-atalary goldap biler. Meselem, çagalar Ýygnak jaýynyň gapysyny açyp bermek ýaly ýönekeýje işleri edende, biz olary öwüp bileris. Şeýtsek, olara gowy täsir eder we «bermegiň almakdan has bagtly edýändigine» düşünmäge kömek eder (Res. iş. 20:35).

ÝYGNAKDA

7. Isa ker adamyň aladasyny edýändigini nädip görkezdi we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

7 Bir gezek Isa Dekapolise baranda, adamlar onuň ýanyna «ker we sakawlap gepleýän bir adamy getirýärler» (Mar. 7:31—35). Isa ony köpçüligiň öňünde däl-de, «çete çykaryp» sagaldýar. Näme üçin? Ol adam märekäniň arasynda özüni oňaýsyz duýan bolmaly. Isa muny duýup, ony ýekelikde sagaldýar. Elbetde, biz gudrat bilen syrkaw adamlary sagaldyp bilmeýäris. Emma biz dogan-uýalaryň zerurlyklaryna we duýgularyna ünsli bolup bileris. Pawlus resul: «Geliň, bir-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň» diýip ýazdy (Ýew. 10:24). Isa ker adamyň duýgusyna düşünýärdi. Şonuň üçin mähir bilen onuň aladasyny etdi. Bu biziň üçin ajaýyp görelde!

8, 9. Biz gartaşan we ýarawsyz imandaşlarymyzyň aladasyny edýändigimizi nädip görkezip bileris? Mysal getiriň.

8 Gartaşan hem-de ýarawsyz imandaşlaryňyzyň aladasyny ediň. Mesihçiler, esasan, birek-birege bolan söýgüsi bilen tanalýar (Ýah. 13:34, 35). Şeýle söýgi bizi gartaşan imandaşlarymyzy ýygnaga alyp gitmäge we olar bilen wagza çykmaga höweslendirýär. Hatda olar köp zady edip bilmeseler-de, biz olara kömek etmeli (Mat. 13:23). Maýyp doganymyz Maýkl maşgala agzalarynyň we ýygnagyndaky dogan-uýalaryň berýän kömegine ýürekden minnetdarlyk bildirip, şeýle diýýär: «Olaryň ählisiniň kömegi bilen, men ýygnaklara we wagza yzygider gatnaşyp bilýärin. Men hasam köpçülik ýerlerinde wagyz etmegi gowy görýärin».

9 Köp Beýtellerde hem gartaşan we ýarawsyz dogan-uýalar bar. Jogapkär doganlar bu wepaly dogan-uýalara hat ýa-da telefon arkaly wagyz etmäge kömek edip, aladasyny edýärler. Çet ýerlerde ýaşaýan adamlara hat arkaly wagyz edýän 86 ýaşly Bill dogan şeýle diýýär: «Biz hat arkaly wagyz edip bilýändigimize diýseň begenýäris». 90 ýaşlaryndaky Nensi uýamyz hem şeýle diýýär: «Men hat arkaly wagyz etmeklige kimdir birine ýöne bir hat ýazmak däl-de, wagyz etmäge mümkinçilik hökmünde garaýaryn. Adamlara hakykaty ýetirmek örän wajyp». 1921-nji ýylda doglan Etel uýa şeýle diýýär: «Agyrysyz günüm geçenok. Käwagt geýinmek hem kyn bolýar». Uýamyz Etel telefon arkaly wagyz etmegi gowy görýär. Onuň gaýtadan ideglerem bar. 85 ýaşly Barbara uýamyz bolsa şeýle diýýär: «Saglygymyň erbetleşendigi sebäpli, maňa yzygider wagza çykmak gaty kyn bolýar. Ýöne men telefon arkaly wagyz edip bilýärin. Munuň üçin men Ýehowa ýürekden minnetdar». Beýtelleriň birinde gulluk edýän gartaşan dogan-uýalar bary-ýogy bir ýylyň içinde 1 müň 228 sagat wagyz etdiler, 6 müň 265 hat ýazdylar, 2 müňden gowrak adama telefon arkaly wagyz etdiler we 6 müň 315 edebiýat paýladylar. Elbetde, olaryň bu eden tagallasy Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar (Sül. tym. 27:11).

10. Biz imandaşlarymyza ýygnakdan doly peýda almaga nädip kömek edip bileris?

10 Ýygnakdaky dogan-uýalaryň aladasyny ediň. Biz imandaşlarymyzyň ýygnakdan doly peýda almagyny isleýäris. Eger dogan-uýalara ünsli bolup aladasyny etsek, bu babatda olara kömek ederis. Ýöne muny nädip edip bileris? Munuň bir usuly başgalaryň ünsüni bölmez ýaly, ýygnaga wagtynda barmaly. Elbetde, käte garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Emma biz gijä galmagy endik edinen bolsak, munuň dogan-uýalara nähili täsir edýändigi we olaryň nädip has gowy aladasyny edip biljekdigimiz barada oýlansak, gowy bolar. Şeýle-de Ýehowanyň hem-de ogly Isanyň bizi öýüne myhmançylyga çagyrýandygyny unutmalyň (Mat. 18:20). Biz ýygnaga wagtynda barsak, olara çuňňur hormat goýýandygymyzy görkezeris.

11. Ýygnagy alyp barýan dogan ýa-da ýumuş bilen çykyş edýänler näme üçin 1 Korinfliler 14:40-daky maslahata eýermeli?

11 Dogan-uýalaryň aladasyny etmegiň ýene bir usuly 1 Korinfliler 14:40-daky maslahata eýermek. Onda: «Goý, ähli zat bolmalysy ýaly we tertip-düzgüne laýyk bolsun» diýilýär. Ýygnagy alyp barýan dogan ýa-da ýumuş bilen çykyş edýänler şu maslahata eýerip, berlen wagtyň çäginden çykmaýarlar. Şeýdip, olar diňe bir indiki bölüm bilen çykyş etjek doganyň ýa-da uýanyň däl-de, ýygnaga gelenleriň ählisiniň aladasyny edýändigini görkezýär. Käbir dogan-uýalar ýygnak geçirilýän ýerden gaty uzakda ýaşaýandyr. Ýa-da käbirleri öýlerine gaýtmak üçin diňe awtobusa ýa beýleki jemgyýetçilik ulaglaryna münmeli bolýandyr. Käbirleriniň bolsa öýünde iman etmeýän ýanýoldaşy garaşýandyr.

12. Biz ýygnakda agyr zähmet çekýän ýaşululara näme üçin «çuňňur hormat goýmaly»? (« Ýolbaşçylyk edýän doganlaryň aladasyny ediň» diýen çarçuwa serediň).

12 Ýygnakda agyr zähmet çekýän we wagyz işine yhlasly gatnaşýan ruhy taýdan berk ýaşulular hem aladasynyň edilmegine mynasyp (1 Selanikliler 5:12, 13-nji aýatlary okaň). Elbetde, siz ýaşulularyň biziň peýdamyz üçin edýän işlerini gymmat saýýansyňyz. Eger biz olara höwes bilen gulak assak we goldasak, aladasyny edýändigimizi görkezeris. Sebäbi olar «biziň janymyz hakda elmydama alada edýärler we munuň üçin hasabat bererler» (Ýew. 13:7, 17).

WAGYZDA

13. Biz Isanyň adamlaryň aladasyny edişinden näme öwrenip bileris?

13 Işaýa pygamber Isa barada şeýle welilik etdi: «(Ol) ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez» (Iş. 42:3). Isanyň adamlara bolan söýgüsi ony başgalara duýgudaşlyk bildirmäge höweslendirýärdi. Ol göçme manyda ýenjilen gamşa we tüteýän peltä meňzeş adamlaryň duýgularyny göz öňünde tutýardy. Bu bolsa ony adamlaryň aladasyny etmäge, olara mähirli garamaga we sabyrly bolmaga höweslendirýärdi. Hatda çagalaram Isanyň ýanyna arkaýyn baryp bilýärdi (Mar. 10:14). Elbetde, biziň Isanyňky ýaly adamlaryň ýagdaýyna doly düşünmek we tälim bermek ukybymyz ýok. Emma biz wagyz edýän adamlarymyzyň aladasyny edip bileris. Biz muny nädip, haçan we näçeräk gepleýändigimiz bilen görkezip bileris.

14. Adamlar bilen gepleşenimizde aýdýan sözlerimize näme üçin ünsli bolmaly?

14 Adamlar bilen nädip gepleşmeli? Şu günler parahor we doňýürek söwdagärler, syýasy hem-de dini ýolbaşçylar zerarly millionlarça adamlar «alaçsyz we pytraňňy» ýagdaýda (Mat. 9:36). Köp adamlar umytsyz ýaşaýar we hiç kime ynanmaýar. Şol sebäpli şeýle adamlara wagyz edenimizde, mähirli we duýgudaş bolmaly. Şeýle-de aýdýan sözlerimize we äheňimize ünsli bolmak örän wajyp. Aslynda, köp adamlar biziň diňe bir Mukaddes Ýazgylardan bilimimiziň bolandygy ýa-da gowy gürrüňdeş bolýandygymyz üçin däl-de, olar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyz we olara hormat goýýandygymyz üçin aýdýan habarymyza seslenýärler.

15. Biz wagyz edýän adamlarymyzyň aladasyny edýändigimizi nädip görkezip bileris?

15 Wagyz edýän adamlarymyzyň aladasyny edýändigimizi görkezmegiň ençeme usullary bar. Meselem, soraglar ökdelik bilen öwretmäge ýardam edýär. Emma biz adamlara sorag berenimizde, mähirli bolmaly we hormat goýmaly. Pioner bolup gulluk edýän bir dogan wagyz edýän adamlarynyň köpüsiniň çekinjeň we utanjaňdygyny aýdýar. Ol adamlaryň nädogry ýa-da asla jogap berip bilmejek soraglaryny bermekden gaça durýar. Doganymyz: «Siz Hudaýyň adyny bilýärsiňizmi?» ýa-da «Siz Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigini bilýärsiňizmi?» diýmegiň deregine, «Bilýäňizmi, men Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň hakyky adynyň nämedigini bildim. Şony size görkezsem bolarmy?» diýýär. Elbetde, adamlar we olaryň medeniýeti bir-birinden tapawutlanýar. Şonuň üçin biz wagyz etmek babatda belli bir düzgünlere eýermegi talap etmeýäris. Emma biz wagyz edýän adamlarymyzyň hemişe aladasyny etmeli we hormat goýmaly. Munuň üçin ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň medeniýetini gowy bilmeli.

16, 17. Biz öýden-öýe wagyz edenimizde we adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda olaryň aladasyny edýändigimizi nädip görkezip bileris?

16 Adamlaryň öýüne haçan barmaly? Öýden-öýe wagyz edenimizde, biz edil garaşylmadyk myhman ýaly bolýarys. Şonuň üçin adamlaryň gürrüňdeş bolmaga taýyn wagty barmak örän wajyp (Mat. 7:12). Meselem, ýaşaýan ýeriňizde adamlar dynç günleri gijiräk turmagy halaýandyr. Eger şeýle bolsa, onda siz başda köçede ýa-da başga ýerlerde wagyz edip we gaýtadan idegleriňize baryp bilersiňiz.

17 Adamlar bilen näçeräk gürrüňdeş bolmaly? Köp adamlar gaty işli bolandygy üçin, biz, esasan-da, ilkinji gezek wagyz edenimizde, olar bilen uzak wagtlap däl-de, gysgaça gürrüňdeş bolsak gowy bolar (1 Kor. 9:20—23). Eger adamlar olaryň ýagdaýyna we işlidigine düşünýändigimizi görseler, biziň bilen ýene-de gürrüňdeş bolmak islärler. Dogrudan-da, wagyzda Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini görkezmek hasam wajyp. Şeýle edenimizde, biz hakykatdanam «Hudaýyň işdeşleri» bolýarys. Belki-de, Ýehowa biz arkaly kimdir birine hakykata gelmäge kömek eder (1 Kor. 3:6, 7, 9).

18. Başgalaryň aladasyny etsek nähili bereket alarys?

18 Geliň, maşgala agzalarymyzyň, ýygnagymyzdaky dogan-uýalaryň we wagyz edýän adamlarymyzyň aladasyny etmek üçin elimizde baryny edeliň. Şeýtsek, häzirden we gelejekde köp bereket alarys. Zebur 41:1, 2-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder... ol ýer ýüzünde bagtly bolar».