Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Abatlaýan söýgini bildiriň

Abatlaýan söýgini bildiriň

«Söýgi... abatlaýandyr» (1 Kor. 8:1).

AÝDYMLAR: 73, 52

1. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije şägirtleri bilen gürrüňdeş bolanda haýsy wajyp zady belläp geçdi?

ÖLÜMINIŇ öň ýanyndaky gije Isa şägirtleri bilen gürrüňdeş bolanda, takmynan 30 gezek söýgi barada agzady. Ol, esasan-da, şägirtleriniň «bir-birini söýmelidigini» belläp geçdi (Ýah. 15:12, 17). Şägirtleriň birek-birege bolan söýgüsi olaryň Isanyň hakyky şägirtleridigini görkezmelidi (Ýah. 13:34, 35). Bu söýgi ýöne bir duýga esaslanmaýar. Isanyň aýtmagyna görä, biz dogan-uýalar üçin özümizden geçmäge taýyn bolmaly. Ol şeýle diýdi: «Öz dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden uly söýgi ýokdur. Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, siz meniň dostlarym bolarsyňyz» (Ýah. 15:13, 14).

2. a) Hudaýyň halkyny nädip tanasa bolýar? b) Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?

2 Şu günler Ýehowanyň gullukçylary janaýamaz söýgüsi we agzybirligi bilen tanalýar (1 Ýah. 3:10, 11). Dogrudan-da, milleti, tire-taýpasy, dili ýa-da medeniýeti tapawutlansa-da, mesihçileriň birek-birege bolan söýgüsi diýseň haýran galdyrýar. Ýöne şu günler söýgi bildirmek näme üçin has-da wajyp? Ýehowa we Isa bizi nädip ruhlandyrýar? Her birimiz «abatlaýan» söýgini nädip görkezip bileris? (1 Kor. 8:1).

SÖÝGI BILDIRMEK HÄZIR HASAM WAJYP

3. «Juda kyn döwürde» ýaşamagymyz adamlara nähili täsir edýär?

3 Biz «zähmet bilen jepaly» «juda kyn döwürde» ýaşaýarys. Şonuň üçin köp adamlar her hili erbet duýgular bilen göreşýär (Zeb. 90:10; 2 Tim. 3:1—5). Olaryň köpüsi şeýle ýagdaýda özlerini eli-aýagy baglanan ýaly duýýarlar. Hasabata görä, her ýyl 800 müňden gowrak adam janyna kast edýär. Ortaça her 40 sekuntda 1 adam ölýär. Gynansak-da, hatda käbir mesihçiler hem göwnüçökgünlige düşüp, öz janyna kast etdiler.

4. Hudaýyň haýsy wepaly gullukçylary öz ölümini diledi?

4 Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň hem dürli kynçylyklar sebäpli hatda öz ölümini dilän wagtlary hem bolupdy. Meselem, Eýýup pygamber başyna düşen zatlardan ýaňa halys bolup, ahy-nala bilen: «Men janymdan doýdum; bu dünýä baky gelen däldirin» diýdi (Eýp. 7:16; 14:13). Ýunusyň hem eden tamasy puç bolanda, şeýle bir göwnüçökgünlige düşdi welin, ol: «Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi (Ýun. 4:3). Hudaýyň wepaly pygamberi Ylýas bolsa bir gezek göwnüçökgünlige düşüp, öz ölümini dileýär. Ol: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi (1 Pat. 19:4). Nähili bolaýanda-da, Ýehowa bu wepaly gullukçylaryny gymmat saýýardy we olaryň ýaşamagyny isleýärdi. Hudaý olary ýazgarmagyň deregine, gullugyny dowam edip biler ýaly, olara ýaramaz duýgulary bilen göreşmäge kömek etdi we söýgüsi bilen berkitdi.

5. Näme üçin dogan-uýalar biziň söýgimize häzir hasam mätäç?

5 Şu günlerem köp dogan-uýalar göwnüçökgünlige düşürýän her dürli ýagdaýlara uçraýar. Şonuň üçin olar biziň söýgimize hasam mätäç. Käbir dogan-uýalar yzarlamalara we kemsitmelere sezewar bolýar. Başgalar bolsa güýçli garşylyklara uçraýar ýa-da işdeşleri gybatyny edýär. Mundan başga-da olar uzakly gün işleýändigi we agyr zähmet çekýändigi sebäpli halys tapdan düşýärler. Käbir dogan-uýalar bolsa maşgalasyndaky kynçylyklary, meselem, iman etmeýän ýanýoldaşy tarapyndan bolýan garşylyklar bilen göreşmeli bolýar. Şeýle kynçylyklar sebäpli köp dogan-uýalar halys ýadap, duýgy taýdan ejir çekýär. Olara kynçylyklaryna döz gelmäge kim kömek edip biler?

ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSI BIZI BERKIDÝÄR

6. Ýehowa gullukçylaryny nädip söýgüsi bilen berkidýär?

6 Ýehowa gullukçylaryny wepaly söýgüsi bilen goldajakdygyny aýdyp, berkidýär. Ysraýyllylar Ýehowanyň: «Nazarymda eziz, gadyrlysyň, seni söýýärin... Gorkma, Men seniň bilendirin» diýen sözlerini eşidenlerin-de, gör, nähili ruhlanan bolmaly (Iş. 43:4, 5). Ýehowanyň sizi hem güýçli söýýändigine şübhelenmän bilersiňiz *. Hudaýyň Sözünde arassa seždäni goldamaga jan edýän adamlara şeýle wada berilýär: «Gudratygüýçli seni halas eder. Ol saňa guwanyp şatlanar» (Sef. 3:16, 17, TD).

7. Ýehowanyň bize bolan söýgüsini näme üçin enäniň çagasynyň aladasyny edişi bilen deňeşdirse bolýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

7 Biz nähili kynçylyga uçrasak-da, Ýehowa bizi goldap, teselli berjekdigini wada berýär. Ýazgylarda: «Ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar. Enäniň çagasyna teselli berşi dek, Menem size teselli bererin» diýilýär (Iş. 66:12, 13). Eýsem, Ýehowanyň gullukçylaryna bolan mähirli söýgüsi enäniň çagasyny bagryna basyp, ony aýagynda hüwdüleýşi bilen deňeşdirilmegi bizi ruhlandyrmaýarmy näme?! Ýehowanyň sizi aýratynlykda juda eziz görýändigini we gymmat saýýandygyny hiç haçan unutmaň (Ýer. 31:3).

8, 9. Isanyň söýgüsi bizi nädip berkidýär?

8 Hudaýyň bizi güýçli söýýändiginiň ýene bir sebäbi bar. Ýazgylarda: «Hudaý dünýädäki adamlary güýçli söýýändigi üçin özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi» diýilýär (Ýah. 3:16). Isa-da biziň ugrumyzda öz janyny gurban edip, bizi güýçli söýýändigini görkezdi. Mesihiň söýgüsi hem bizi berkidýär. Hudaýyň Sözünde «betbagtçylygyň, kynçylygyň» «bizi Mesihiň söýgüsinden aýryp bilmejekdigi» aýdylýar (Rim. 8:35, 38, 39).

9 Käte beden, duýgy ýa-da ruhy taýdan ejir çekenimizde, Mesihiň söýgüsi bize çydamly bolmaga güýç berýär (2 Korinfliler 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Dogrudan-da, betbagtçylyk, yzarlama, göwnüçökgünlik ýaly kynçylyklara uçranymyzda ýa-da her dürli gaýgy-aladalar gaplanda, Isanyň söýgüsi bizi berkidip, ruhdan düşmezlige kömek edýär.

DOGAN-UÝALAR BIZIŇ SÖÝGIMIZE MÄTÄÇ

Isanyň göreldesi barada oýlansak, imandaşlarymyza söýgimizi bildirmäge höweslendirer (10, 11-nji abzaslara serediň)

10, 11. Göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalary ruhlandyrmaga kim jogapkär? Düşündiriň.

10 Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly hem bizi ruhlandyryp berkidýär. Her birimiz dogan-uýalary diňe bir ruhy taýdan däl-de, duýgy taýdan hem goldap, Hudaýyň söýgüsine söýgi bilen jogap berip bilýäris (1 Ýah. 4:19—21). Pawlus resul mesihçilere: «Häzir edişiňiz ýaly, mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň» diýip maslahat berdi (1 Sel. 5:11). Hawa, diňe ýygnak ýaşululary däl, biziň ählimiz hem Ýehowadan we Isadan görelde alyp, dogan-uýalary ruhlandyryp, berkidip bilýäris (Rimliler 15:1, 2-nji aýatlary okaň).

11 Elbetde, duýgy taýdan ejir çekýän käbir dogan-uýalara lukmanyň kömegi gerek bolmagy mümkin (Luka 5:31). Ýygnak ýaşululary we beýleki dogan-uýalar lukmançylyk ugrundan tejribesiniň ýokdugyny pesgöwünlilik bilen boýun alýar. Emma olar «göwnüçökgünlere teselli berip, ejizleri goldap we hemmelere sabyrly bolup», imandaşlaryny berkitmekde wajyp orun tutýarlar (1 Sel. 5:14). Mesihçileriň ählisi göwnüçökgünlige düşen imandaşlaryny ruhlandyrmak üçin oýlanyşykly geplemeli, duýgudaş hem sabyrly bolmaly. Eýsem, size başgalary ruhlandyryp, berkidýän adam diýse bolarmy? Eger siz dogan-uýalary nädip goldamalydygyny bilseňiz, edýän tagallalaryňyz has gowy netije berer.

12. Imandaşlarynyň söýgüsini duýan uýanyň mysalyny gürrüň beriň.

12 Biz ýaramaz duýgulary bilen göreşýän imandaşlarymyzy nädip ruhlandyryp bileris? Ýewropada ýaşaýan uýamyz şeýle diýýär: «Käte özümi öldüresim gelýär. Ýöne maňa bir zat güýç berýär. Ýygnagymdaky dogan-uýalar elmydama meni ruhlandyryp, söýgi bildirýär. Bu meniň ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrýar. Göwnüçökgünlikden ejir çekýändigimi diňe käbiri bilse-de, dogan-uýalaryň hemmesi meni goldap durýar. Men bir är-aýaly ruhy ene-atam hasaplaýaryn. Olar men barada ýürekden alada edýär. Günüň dowamynda 24 sagat olar ýanymdan aýrylmaýar». Elbetde, hemmeler şeýle kömegi berip bilmeýär. Ýöne biziň ýürekden edýän tagallamyz duýgy taýdan ejir çekýän dogan-uýalary ruhlandyryp, berkidýär *.

DOGAN-UÝALARY SÖÝGI BILEN BERKIDIŇ

13. Kimdir birini ruhlandyrmak üçin näme etmek wajyp?

13 Ünsli diňläň (Ýak. 1:19). Kimdir birine söýgiňi bildirmek üçin, ony ünsli diňlemeli. Duýgy taýdan ejir çekýän adamyň ýagdaýyna düşünmek üçin oňa ýumşaklyk bilen soraglar berip bilersiňiz. Soňra oňa duýgudaşlyk bildiriň we ruhlandyryň. Hatda ýüz-keşbiňiz bilenem onuň ýürekden we söýgi bilen aladasyny edýändigiňizi görkeziň. Ol duýgularyny aýdanda, sözüni bölmän, sabyrly diňläň. Şonda siz onuň duýgularyna has gowy düşünersiňiz. Bu göwnüçökgünlige düşen adama hem size ynanmaga we ony ruhlandyrmak üçin aýdýan zatlaryňyzy höwes bilen diňlemäge kömek eder. Siziň ýürekden edýän aladaňyz oňa teselli tapmaga ýardam berer.

14. Biz başgalary näme üçin ýazgarmaly däl?

14 Ýazgarmaň. Göwnüçökgünlige düşen adamy ýazgarsak, onuň derdini ýeňletmän, gaýtam, ýarasynyň üstüne duz seperis. Ony söýgi bilen berkitmek üçin edýän tagallamyz hem biderek bolar. Ýazgylarda: «Biri bardyr, gylyjyň sanjylyşy ýaly, soňuny saýman gepleýändir; akyldaryň dili bolsa şypa berýändir» diýilýär (Sül. tym. 12:18). Dogrudan-da, käte biz «gylyjyň sanjylyşy ýaly» oýlanyşyksyz gepleýäris. Hatda kimdir biri göwnedegiji sözleri bilmezlikden aýtsa-da, bu adamyň ýüregine bitmejek ýara salyp bilýär. Başgalary söýgi bilen berkitmek üçin olaryň ýerine özümizi goýup görmeli we duýgudaş bolmaly (Mat. 7:12).

15. Biz imandaşlarymyzy ruhlandyrmak üçin haýsy esbaplardan peýdalanyp bileris?

15 Hudaýyň Sözi arkaly teselli beriň (Rimliler 15:4, 5-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylary adama teselli we göwünlik berýän hazyna bilen deňeşdirse bolýar. Sebäbi onda «çydamlylyk we teselli berýän Hudaýymyzyň» sözleri ýazylan. Mundan başga-da biziň Mukaddes Ýazgylara esaslanan esbaplarymyz bar. Meselem, biz «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» peýdalanyp bileris. Şeýle esbaplar bize dürli kynçylyklar bilen göreşýän dogan-uýalarymyza has gowy teselli bermäge we ruhlandyrmaga kömek eder.

16. Göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalary ruhlandyranymyzda haýsy häsiýetler gerek?

16 Dertdeş we duýgudaş boluň. Kimdir birini ruhlandyryp berkitmek üçin dertdeş bolmak örän wajyp. Ýehowanyň özi hem «rehimdarlar Atasy we bütin teselliler Hudaýy»; onuň gullukçylaryna bolan «rehimdarlygy çuňdur» (2 Korinfliler 1:3—6-njy aýatlary okaň; Luka 1:78; Rim. 15:13). Pawlus resul hem bu babatda gowy görelde galdyrdy. Ol: «Siziň bilen özümizi mähirli alyp baryp, çagasy hakda söýgi bilen alada edýän we ony emdirýän ene ýaly bolduk. Hawa, biz sizi juda söýýäris. Size diňe bir Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmän, eýsem, kömek etmek üçin janymyzy bermäge-de taýyndyk» diýip ýazdy (1 Sel. 2:7, 8). Eger biz Hudaýdan görelde alyp, göwnüçökgünlige düşen adam bilen dertdeş bolsak, onuň edýän dogalaryna Ýehowanyň biz arkaly jogap bermegine ýol bereris.

17. Dogan-uýalary söýgi bilen berkider ýaly näme üçin olara dogry garaýyşda bolmaly?

17 Kämillige garaşmaň. Dogan-uýalara dogry garaýyşda boluň. Olardan kämillige garaşsak, nädogry bolar we bu köplenç lapykeçlige eltýär (Wag. 7:21, 22). Ýehowanyň hem gullukçylaryndan güýjünden artyk zady talap etmeýändigini unutmaň. Eger biz Hudaýdan görelde alsak, dogan-uýalara sabyrly bolarys (Efes. 4:2, 32). Olardan köp zada garaşmagyň deregine, edip bilýän zatlary üçin öwsek, gowy bolar. Şeýtsek, olary ruhlandyrarys. Biziň ýürekden aýdýan öwgüli sözlerimiz olary berkider we Hudaýa edýän mukaddes gullugyndan «şatlyk tapmaga» kömek eder (Gal. 6:4).

18. Biz başgalary näme üçin söýgi bilen berkitmek isleýäris?

18 Ýehowa hem-de Isa Hudaýyň sürüsindäki her bir guzujygy örän gymmat saýýar. Sebäbi olar munuň üçin juda gymmatly töleg töledi (Gal. 2:20). Bizem dogan-uýalary ýürekden söýýäris. Şol sebäpli olaryň söýgi we mähir bilen aladasyny etmek isleýäris. Olar üçin teselliniň gözbaşy bolar ýaly, «geliň, parahatlyga eltýän we birek-biregi ruhy taýdan berkitmäge kömek edýän zatlara ymtylalyň» (Rim. 14:19). Biziň ählimiz hiç haçan göwnüçökgünlige düşmejek wagtymyza, ýagny Hudaýyň berjek täze dünýäsine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol ýerde hiç kim kesellemez, uruş, ölüm, yzarlama, gaýgy-aladalar we göwnüçökgünlik ýaly zatlar bolmaz. Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygyndan soň, ähli adamlar kämil bolar. Soňky synagdan geçen adamlar Ýehowa Hudaýyň ýerdäki çagalary bolar we «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Rim. 8:21). Şonuň üçin, geliň, ählimiz abatlaýan söýgini bildirmegimizi dowam edeliň we bir-birimize Hudaýyň berjek ajaýyp durmuşyna ýetmäge ýardam bereliň!

^ abzas 6 «Ýehowa ýakynlaşyň» atly kitabyň 24-nji babyna serediň.

^ abzas 12 «Oýanyň!» žurnalyndaky «Ýaşamaga güýç berýän üç sebäp» (aprel, 2014), «Ýaşasyň gelmese» (ýanwar, 2012) we «Ýaşanyňa degýär» (22-nji oktýabr, 2001) atly makalalarda janyňa kast etmek ýaly erbet pikirler we duýgular bilen göreşmäge kömek edýän peýdaly maslahatlar bar.