Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Bagtly Hudaýa» gulluk edýänler bagtlydyr

«Bagtly Hudaýa» gulluk edýänler bagtlydyr

«Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!» (Zeb. 144:15).

AÝDYMLAR: 38, 21

1. Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin özlerini bagtly duýýarlar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARY özlerini bagtly duýýarlar. Muny olaryň ýygnak duşuşyklaryndan, kongreslerinden we beýleki çärelerinden görse bolýar. Olar bir-biri bilen gyzykly gürrüňleri etmekden we gülşüp-degişmekden köp şatlyk tapýar. Ýöne olar özlerini näme üçin bagtly duýýarlar? Munuň esasy sebäbi, olar «bagtly Hudaý» Ýehowa gulluk edýär we onuň göreldesine eýerýär (1 Tim. 1:11; Zeb. 16:11). Ýehowa hakyky bagtyň Gözbaşy; ol biziň bagtly bolmagymyzy isleýär we munuň üçin ähli gerekli zatlary berýär (Kan. tag. 12:7; Wag. 3:12, 13).

2, 3. a) Bagt näme? b) Şu günler bagtly bolmak näme üçin kyn?

2 Size-de bagtly adam diýse bolarmy? Siz özüňizi has-da bagtly duýmak üçin näme edip bilersiňiz? Bagt bu «durmuşdan hemişe kanagat tapyp ýaşamagy aňladýar. Ol adamyň durmuşyny manyly edýän ýönekeýje zatdan başlap, hakyky şatlyk berýän zatlary öz içine alýar». Mukaddes Ýazgylara görä, Ýehowa bilen dostlugy bolan adam hakykatdan bagtly bolup bilýär. Ýöne şu günler bagtly bolmak kyn bolup biler. Näme üçin?

3 Maşgala agzalaryň biriniň aradan çykmagy, ýygnak gatnaşygyndan kesilmegi, nikanyň bozulmagy ýa-da işiňi ýitirmek ýaly lapykeç edýän ýagdaýlar bagtly bolmaga päsgel berip biler. Şeýle-de maşgalada bolýan dawa-jenjel, işdeşleriň ýa-da klasdaşlaryň üstüňden gülmegi, yzarlama, tussag edilmek, saglygyň erbetleşmegi, agyr kesele uçramak ýa göwnüçökgünlige düşmek ýaly zatlar şatlygymyzy alyp biler. Muňa garamazdan, «bagtly we ýeke-täk Hojaýyn» Isa Mesih adamlara teselli bermek hem-de olary bagtly etmek isleýär (1 Tim. 6:15; Mat. 11:28—30). Ol Dagdaky wagzynda Şeýtanyň dünýäsindäki kynçylyklara garamazdan, bagtly bolmaga kömek edýän zatlar barada agzap geçdi.

ÝEHOWA BILEN DOSTLUK HAKYKY BAGTYŇ AÇARY

4, 5. Biz bagtly bolmak üçin näme edip bileris?

4 Isanyň Dagdaky wagzynda aýdan ilkinji sözleri ünsümizi hasam özüne çekýär. Ol: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr, çünki gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr» diýdi (Mat. 5:3). Biz şeýle zerurlygymyzyň bardygyna düşünýändigimizi nädip görkezip bileris? Ruhy taýdan yzygider iýmitlenip dursak, ruhy zatlary gymmat saýsak we bagtly Hudaý Ýehowa sežde etmekligi durmuşymyzda birinji orunda goýsak, muňa düşünýändigimizi görkezeris. Şonda özümizi hasam bagtly duýarys. Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine imanymyz berkär. Mundan başga-da Hudaýyň wepaly gullukçylaryna wada berlen «şatlykly umyda» begenip ýaşarys (Tit. 2:13).

5 Hemişe bagtly bolmak üçin Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek örän wajyp. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen: «Hudaýa hemişe şatlyk bilen gulluk ediň. Hawa, ýene-de aýdýaryn, şatlanyň!» diýip ýazdy (Flp. 4:4). Şeýle gymmatly dostlukdan lezzet alyp biler ýaly, bize Hudaýyň berýän akyldarlygy gerek. Mukaddes Ýazgylarda: «Hikmet tapan, düşünjä gowşan nähili bagtly! Ol özüne ýapyşanlar üçin ýaşaýyş agajydyr; ony gaýym tutanlar bagtlydyr» diýilýär (Sül. tym. 3:13, 18).

6. Hemişe bagtly bolmak üçin ýene näme etmeli?

6 Hemişe bagtly bolmak üçin Hudaýyň Sözüni ýöne bir okamak ýeterlik däl. Biz okan zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Isa öwrenýän zatlarymyzy durmuşda ulanmagyň wajypdygyny nygtap: «Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz» diýdi (Ýah. 13:17; Ýakup 1:25-i okaň). Bu ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak we hemişe bagtly bolmak üçin örän wajyp. Ýöne şu günler şatlygymyzy alýan zatlar köp. Onda biz nädip bagtly bolup bileris? Geliň, Isanyň Dagdaky wagzynda soňra näme diýendigine seredeliň.

BAGTLY BOLMAGA KÖMEK EDÝÄN HÄSIÝETLER

7. Hasrat çekýän adamlar nädip bagtly bolup biler?

7 «Hasrat çekýän adamlar bagtlydyr, sebäbi olara teselli berler» (Mat. 5:4). Belki-de, käbirleri: «Hasrat çekýän adam nädip bagtly bolup biler?» diýýändir. Isa bu ýerde hasrat çekýän adamlaryň ählisini göz öňünde tutmandy. Hatda erbet adamlar hem «juda kyn döwürde» kynçylyklar sebäpli hasrat çekýär (2 Tim. 3:1). Ýöne olar diňe özüni bilýärler. Bu bolsa olara Ýehowa bilen dostlaşmaga päsgel berýär. Şonuň üçin olar bagtly bolup bilmeýär. Aslynda, Isa ruhy zerurlyklarynyň aladasyny edýän adamlar barada aýdypdy. Şeýle adamlar göçme manyda ruhy taýdan perýat edýärler. Sebäbi olar özleriniň günälidigine we onuň ýetiren zyýany zerarly adamlaryň hasrat çekýändigine düşünýär. Ýehowa olaryň ak ýürekden edýän dilegine jogap berýär; olara öz Sözi arkaly teselli berýär. Şonuň üçin olar özlerini bagtly duýýar (Ezekiýel 5:11; 9:4-nji aýatlary okaň) *.

8. Pesgöwünli bolmagyň nädip bagtly edýändigini düşündiriň.

8 «Pesgöwünli adamlar bagtlydyr, sebäbi olar ýer ýüzüni miras alarlar» (Mat. 5:5). Pesgöwünli bolmak nädip bagtly edýär? Hakykat bilimi adamyň durmuşyny özgerdýär. Öň gödek, gyzma, gaharjaň bolan adamlar häzir täze häsiýetlere geýnip, «duýgudaşlyk, mähribanlyk, pesgöwünlilik, ýumşaklyk we sabyrlylyk» ýaly häsiýetleri görkezýärler (Kol. 3:9—12). Şonuň üçin olar indi birek-biregi söýüp, parahat hem bagtly ýaşaýar. Hudaýyň Sözünde şeýle adamlaryň «ýeri miras aljakdygy» wada berilýär (Zeb. 37:8—10, 29).

9. a) Pesgöwünli adamlar haýsy manyda ýer ýüzüni miras alar? b) Näme üçin dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtly bolup biler?

9 Isa pesgöwünli adamlar «ýer ýüzüni miras alar» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Isanyň mukaddes ruh bilen mesh edilen şägirtleri patyşalar hem ruhanylar bolup gökde höküm sürende, ýeri miras alarlar (Ylh. 20:6). Millionlarça başga adamlar bolsa kämillige ýetip, ýer ýüzünde boljak parahat hem bagtly durmuşda ebedi ýaşar. Şeýle-de mesh edilenler ýaly başga goýunlar hem «dogrulyga ajygyp-suwsaýandygy» üçin bagtly (Mat. 5:6). «Dogrulyga ajygyp-suwsanlar» täze dünýäde ruhy taýdan doýup-ganarlar (2 Pet. 3:13). Hudaý ähli erbetligi bütinleý ýok edende, dogry adamlar bagtly ýaşar. Sebäbi olar indi hiç haçan erbetlikden we adalatsyzlykdan ejir çekmez (Zeb. 37:17).

10. Rehimdar bolmak nämäni aňladýar?

10 «Rehimli adamlar bagtlydyr, sebäbi olara rehim ediler» (Mat. 5:7). «Rehimli» diýen ýewreý işligi horluk çekýän adama gynanyp, duýgudaşlyk bildirmegi aňladýar. Bu söz grek dilinde hem birmeňzeş manyny berýär. Emma rehimdar bolmak ýöne bir duýgudaşlyk bildirmekden has köp zady aňladýar. Mukaddes Ýazgylara görä, rehimdar bolmak üçin başgalara ýagşylyk etmeli.

11. Biz samariýaly adam baradaky mysaldan rehimdarlyk babatda näme öwrenýäris?

11 Luka 10:30—37-nji aýatlary okaň. Isanyň rehimdar samariýaly adam baradaky mysaly rehimdar bolmagyň näme aňladýandygyna has aýdyň düşünmäge kömek edýär. Ol ýaralanan ýehuda ýüregi awap, oňa ýagşylyk etmek üçin hereket edýär. Isa bu mysaly gürrüň berensoň: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýdi. Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Menem şeýle edýärinmi? Samariýaly adam ýaly başgalara duýgudaşlyk bildirýärinmi? Men hasrat çekýän adamlara has-da rehimdarlyk bildirip, olara ýagşylyk edip bilerinmi? Meselem, gartaşan, dul galan imandaşlaryma we ene-atasy Ýehowa gulluk etmeýän çagalara öz kömegimi teklip edip bilerinmi? Ýa-da göwnüçökgünlere teselli berip bilerinmi?» (1 Sel. 5:14; Ýak. 1:27).

Başgalara ýagşylyk etmek üçin ilkinji ädimi özümiz ätsek, bagtly bolarys (12-nji abzasa serediň)

12. Rehimdar bolmak bagtly bolmaga nädip kömek edýär?

12 Rehimdar bolmak näme üçin bagtly edýär? Sebäbi başgalara rehimdarlyk bildirenimizde, biz bermekden şatlyk tapýarys. Has wajyby bolsa, şeýtmek bilen Ýehowany begendirýändigimize düşünýäris (Res. iş. 20:35; Ýewreýler 13:16-ny okaň). Dawut patyşa başgalara ýagşylyk edýän adam barada şeýle diýdi: «Reb oňa gözegçilik eder, ony diri saklar, ol ýer ýüzünde bagtly bolar» (Zeb. 41:1, 2). Eger biz başgalara rehimdar hem duýgudaş bolsak, Ýehowa-da bize rehim eder we hemişe bagtly bolarys (Ýak. 2:13).

«ÝÜREGI PÄK ADAMLAR BAGTLYDYR»

13, 14. Näme üçin ýüregi päk adamlar bagtly?

13 Isa: «Ýüregi päk adamlar bagtlydyr, sebäbi olar Hudaýy görerler» diýdi (Mat. 5:8). Ýüregimizi päk saklamak üçin, biziň içki dünýämiz, ýagny pikirimiz, isleglerimiz arassa bolmaly. Ýehowa edýän seždämiz ýaramly bolar ýaly, biz pikirimizi arassa saklamaly (2 Korinfliler 4:2-ni okaň; 1 Tim. 1:5).

14 Ýüregi päk adamlar sap ýürek bilen Ýehowa ýakynlaşyp, onuň bilen dostlukly gatnaşykdan lezzet alyp bilýär. Ýehowa şeýle adamlar barada: «Eşigini ýuwanlar bagtlydyr» diýdi (Ylh. 22:14). Eýsem, olar haýsy manyda «eşigini ýuwýarlar»? Mesh edilen mesihçiler Ýehowanyň nazarynda arassa we gökdäki ölümsiz ýaşaýşa eýe bolandygy üçin «eşigi ýuwlan» hasaplanýar. Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän uly märeke bolsa Hudaýyň dosty hökmünde dogry adam hasaplanýar. Olar hatda häzirden «eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak edýärler» (Ylh. 7:9, 13, 14).

15, 16. Ýüregi päk adamlar nädip «Hudaýy görüp» bilýär?

15 Ýazgylarda: «(Hudaýyň) ýüzüni gören adam diri galmaz» diýilýär. Onda ýüregi päk adamlar haýsy manyda Hudaýy görýär? (Müs. çyk. 33:20). «Görer» diýip terjime edilen grek sözi «bir zada göz ýetirmegi, düşünmegi, tanamagy» aňladýar. «Ýürekleriniň gözleri» bilen Hudaýy görýän adamlar ony hakykatdan tanap, ajaýyp häsiýetlerini gymmat saýýarlar (Efes. 1:18, çykgyt). Isa Hudaýyň häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Şonuň üçin ol: «Meni gören Atany-da görendir» diýip bildi (Ýah. 14:7—9).

16 Biz durmuşymyzda Hudaýyň goldawyny duýanymyzda, göçme manyda «Hudaýy görýäris» (Eýp. 42:5). Şeýle-de «ýüreklerimiziň gözlerini» Hudaýyň arassa ýaşamaga we Özüne wepaly gulluk etmäge jan edýän gullukçylaryna beren ajaýyp wadalaryna gönükdirenimizde, Ony görüp bilýäris. Elbetde, mesh edilen mesihçiler direlip, gökdäki sylagyny alanda, Ýehowany göni manyda görerler (1 Ýah. 3:2).

KYNÇYLYKLARA GARAMAZDAN, BAGTLY BOLUP BILERIS

17. Bagtly bolmak üçin parahatlygy saklamagyň nähili ähmiýeti bar?

17 Isa: «Parahatlyk döredýän adamlar bagtlydyr» diýdi (Mat. 5:9). Biz başgalar bilen parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny etsek, özümizi bagtly duýarys. Ýakup şägirt hem: «Parahatlygy saklaýan adamlar dogrulyk miwesini parahat şertlerde ekýändir» diýip ýazdy (Ýak. 3:18). Ýygnagyňyzda ýa-da maşgalaňyzda kimdir biri bilen araňyzda düşünişmezlik dörände, parahatlygy saklap biler ýaly, Hudaýa ýalbaryp, kömek soraň. Şonda Ýehowa size mukaddes ruhuny berer. Bu bolsa size dogry hereket etmäge hem bagtly bolmaga kömek eder. Isa parahatlygy saklamak üçin ilki özüňiň ädim ätmegiň wajypdygyny nygtap, şeýle diýdi: «Eger sen gurbanyňy gurbanlyk sypasyna alyp barýarkaň, doganyňyň öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, onda gurbanyňy gurbanlyk sypasynyň öňünde goý-da, ilki gidip, doganyň bilen ýaraş. Soňra gel-de, gurbanyňy hödür et» (Mat. 5:23, 24).

18, 19. Mesihçiler yzarlamalara uçrasalar-da näme üçin şatlanyp bilýär?

18 «Maňa iman edýändigiňiz üçin, size sögenlerinde, yzarlanlarynda we her hili ýalan hem-de erbet zatlary aýdanlarynda bagtlysyňyz». Isa bu sözleri aýdanda nämäni göz öňünde tutdy? Ol şeýle diýdi: «Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberleri-de yzarlapdylar» (Mat. 5:11, 12). Resullary ýenjip, wagyz etmegi bes etdirjek bolanlarynda, «olar... Mejlisden şatlanyp çykdylar». Elbetde, olar urlandygyna däl-de, «Isanyň ady zerarly masgaralanmaga mynasyp bolandyklary üçin» begenýärdiler (Res. iş. 5:41).

19 Şu günler hem Ýehowanyň halky Isanyň ady üçin horluk çekenlerinde ýa-da kynçylyga uçranlarynda, oňa şatlyk bilen döz gelýärler (Ýakup 1:2—4-nji aýatlary okaň). Resullar ýaly bizem horluk çekýändigimiz ýa-da yzarlamalara uçraýandygymyz üçin begenmeýäris. Eger biz kynçylyklarda Hudaýa wepaly galsak, Ýehowa bize çydamly bolmaga güýç berer. Geliň, Henrik Dornik bilen bolan waka seredeliň. 1944-nji ýylyň awgustynda ony we doganyny konslagere ugradýarlar. Duşmanlar olara şeýle diýýär: «Bulary bir zat etmäge mejbur etmek mümkin däl. Olar ejir çekselerem, şatlanýarlar». Dornik dogan muny şeýle düşündirýär: «Elbetde, men azap çekýändigim üçin begenmeýärdim, ýöne kynçylyga mertlik bilen döz gelip, batyrgaýlyk bilen Ýehowa wepalylygymy saklaýandygym maňa şatlyk berýärdi... Şeýle-de men gyzgyn dogalary edip, Ýehowa has-da ýakynlaşdym. Ol maňa hakyky pena boldy».

20. «Bagtly Hudaýa» gulluk etmek näme üçin bizi bagtly edýär?

20 Yzarlansak-da, tussag edilsek-de, kesele uçrasak-da ýa-da ýaşymyz birçene barsa-da, «bagtly Hudaý» Ýehowany razy etsek, biz hemişe bagtly bolarys (1 Tim. 1:11). Şeýle-de biz «ýalan sözlemeýän» Hudaýymyzyň ajaýyp wadalaryny ýerine ýetirjekdigine ynanýandygymyz üçin hem şatlanyp bilýäris (Tit. 1:2). Ýehowanyň wadalary ýerine ýetende, häzirki çekýän kynçylyklarymyz asla ýadymyza düşmez. Ýehowanyň Jennetde berjek bereketlerini göz öňümize-de getirip bilmeýäris. Hawa, biz özümizi juda bagtly duýarys we «bol parahatlykda hezil ederis» (Zeb. 37:11).

^ abzas 7 Ezekiýel 5:11 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez». 9:4 Oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.