Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gartaşan doganlar, Ýehowa siziň wepalylygyňyzy gymmat saýýar

Gartaşan doganlar, Ýehowa siziň wepalylygyňyzy gymmat saýýar

BÜTIN dünýäde gartaşan ýaşuly doganlar Hudaýyň halkynyň arasynda dürli borçlary ýerine ýetirmekden şatlyk tapýarlar. Dogrudan-da, olar biziň ählimiz üçin uly bereket. Emma ýaňy-ýakynda guramamyzda käbir özgerişikler boldy. Gartaşan ýaşuly doganlara käbir jogapkärli borçlaryny ýaş doganlara tabşyrmalydygy aýdyldy. Eýsem, olar muňa nähili seslendi?

Berlen täze görkezmä görä, etrap gözegçileri we dürli mekdeplerde tälim berýän doganlar 70 ýaşyna ýetensoň, borjuny ýaş doganlara tabşyrmalydylar. Şeýle-de 80 ýaşan ýaşuly doganlar filial komitetiniň ýa-da ýygnagyň ýaşulular maslahatynyň koordinatory ýaly borçlaryny başgalara bermelidi. Gartaşan ýaşulular muňa nähili seslendiler? Olar Ýehowa we onuň guramasyna wepalydygyny görkezdiler.

Meselem, 49 ýyllap filial komitetiniň koordinatory bolup gulluk eden Ken dogan şeýle diýýär: «Men bu täze özgerişligi iki elläp goldaýaryn. Dogrymy aýtsam, şol gün irden men Ýehowa koordinator bolup gulluk eder ýaly, ýaşrak doganyň gerekdigi barada doga eden ekenim». Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan gartaşan wepaly ýaşulular Ken doganyň aýdýanlary bilen ylalaşýar. Elbetde, olar dogan-uýalara hyzmat etmegi gowy görýändikleri üçin, ilkibaşda biraz gynandylar.

Ýygnagyň ýaşulular maslahatynyň koordinatory bolup gulluk eden Esperandiýo dogan şeýle diýýär: «Dogrymy aýtsam, men başda gynanmanam durmadym». Ýöne soňra ol öz ýagdaýyna düşünip: «Saglygymyň gitdigiçe erbetleşýändigi sebäpli, ol barada alada etmek üçin köpräk wagt gerek» diýýär. Esperandiýo dogan häzir Ýehowa wepaly gulluk edýär we ol ýygnagyndaky dogan-uýalar üçin uly bereket.

Häzir gullugyň başga görnüşini ýerine ýetirýän we öň etrap gözegçisi bolup gulluk eden doganlar barada näme diýse bolar? 38 ýyllap etrap gözegçisi bolup gulluk eden Allan dogan şeýle diýýär: «Bu özgerişlik barada eşidenimde, tas dilim tutulypdy». Muňa garamazdan, ol ýaş doganlara tälim bermegiň köp peýdasynyň bardygyna düşünýär. Häzir Allan dogan Ýehowa wepaly gulluk etmegini dowam edýär.

40 ýyl töweregi etrap gözegçisi we dürli mekdeplerde mugallym bolan Rassel dogan başda aýaly ikisiniň biraz gynanandyklaryny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Biz gullugymyzy gaty gowy görýärdik we ony dowam edip bileris öýdýärdik». Häzir Rassel dogan aýaly bilen ýygnagyndaky dogan-uýalara tälim berýär we tejribesini paýlaşýar.

Siz ýokarda agzalan doganlaryň duýgularyny başdan geçirmeseňiz-de, 2 Şamuwel kitabyndaky waka şeýle duýgulary başdan geçirýän gartaşanlaryň ýagdaýyna düşünmäge kömek eder.

PESGÖWÜNLI WE ÖZ ÝAGDAÝYNA DÜŞÜNÝÄN ADAM

Geliň, Dawut patyşanyň ogly Abşalom kakasyna garşy çykanda bolan wakany ýada salalyň. Dawut Iýerusalimden Iordan derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Mahanaýyma gaçyp gidýär. Ol ýerde Dawut we onuň ýoldaşlary mätäçlik çekýär. Soňra näme bolandygy ýadyňyzdamy?

Üç sany adam jomartlyk bildirip, olara ýorgan-düşek, iýer-içer ýaly zat we gap-çanak getirip berýär. Olaryň biriniň ady Barzyllaýdy (2 Şam. 17:27—29). Abşalomyň pitnesi tamamlanyp, Dawut Iýerusalime dolanmaly bolanda, Barzyllaý ony Iordan derýasyna çenli ugradýar. Dawut oňa özi bilen Iýerusalime gitmegi teklip edýär. Barzyllaý «juda gurply» adamdy we iýmite mätäç däldi. Emma Dawut patyşa şonda-da oňa iýip-içgisiniň aladasyny etjekdigini aýdýar (2 Şam. 19:31—33). Dawut Barzyllaýyň häsiýetlerini gowy gören bolmaly we onuň her bir teklibini gymmat saýan bolmaly. Elbetde, patyşanyň köşgünde ýaşap, oňa gulluk etmek gaty uly hormatdy!

Barzyllaý 80 ýaşyndadygyny aýdyp, pesgöwünli we öz ýagdaýyna düşünýän adamdygyny görkezdi. Soňra ol şeýle diýdi: «Men... göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok». Ol nämäni göz öňünde tutdy? Barzyllaýyň köp ýyllaryň dowamynda toplan durmuş tejribesi bardy. Şonuň üçin ol häzirem peýdaly maslahatlary berip bilýärdi. Rehabgam patyşanyň döwründe hem «ýaşulular» şeýle edipdi (1 Pat. 12:6, 7; Zeb. 92:12—14; Sül. tym. 16:31). Şol sebäpli Barzyllaý «göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok» diýen-de, ýaşynyň bir çene ýetendigini we saglyk ýagdaýynyň erbetleşýändigini göz öňünde tutupdy. Ol özüniň iýip-içýän zatlarynyň tagamyny duýmaýan we eşidip bilmeýän ýaşa ýetendigini aýdýar (Wag. 12:4, 5). Şonuň üçin ol Dawuda ýaş ýigit Kimhamy alyp gitmegi teklip edýär. Kimham Barzyllaýyň ogly bolan bolmaly (2 Şam. 19:35—40).

GELEJEGIŇ ALADASYNY ETMEK

Barzyllaý bilen bolan waka makalanyň başynda agzalan gartaşanlaryň duýgusyna düşünmäge we garrylyk çagynda bolýan özgerişliklere dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Elbetde, şu günler Barzyllaý bilen bolşy ýaly, diňe bir adamyň ýagdaýyny we ukyplaryny däl-de, dünýäniň dürli künjeginde gulluk edýän ençeme wepaly gartaşan doganlar üçin nämäniň has gowy boljakdygyny hem göz öňünde tutmaly.

Bu pesgöwünli gartaşan doganlar öz jogapkärçiliklerini ýaş doganlar bilen paýlaşsalar, Ýehowanyň guramasynyň has-da berk boljakdygyny görüp bilerler. Barzyllaýyň ogluna, Pawlusyň bolsa Timoteosa tälim berşi ýaly, gartaşan doganlar hem ýaşlara tälim berýärler (1 Kor. 4:17; Flp. 2:20—22). «Ýygnaklara sowgat hökmünde» berlen bu ýaş doganlar «Mesihiň bedenini berkitmäge» kömek edýär (Efes. 4:8—12; Sanlar 11:16, 17, 29-nji aýatlary deňeşdiriň).

MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANMAK

Bütin dünýäde Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynda dürli borçlaryny ýaşlara beren köp doganlar häzir Ýehowanyň işinde käbir mümkinçiliklerden peýdalanyp ýa-da gullugyny giňeldip biler.

19 ýyllap etrap gözegçisi bolup gulluk eden Marko dogan şeýle diýýär: «Häzir meniň ýygnagymyzdaky uýalarymyzyň iman etmeýän ýanýoldaşyna wagyz etmäge mümkinçiligim bar».

28 ýyllap etrap gözegçisi bolan Geraldo dogan hem şeýle diýýär: «Biz yhlasy gowşan wagyzçylara kömek etmegi we köpräk adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi maksat edinýäris». Geraldo dogan aýaly ikisiniň 15 adam bilen okuw geçýändigini we yhlasy gowşan dogan-uýalaryň käbiriniň häzir ýygnaga gatnap başlandygyny aýdýar.

Makalanyň başynda agzalan Allan dogan bolsa şeýle diýýär: «Biz indi wagyz işine has köpräk wagtymyzy sarp edip bilýäris. Biz köpçülik ýerlerinde, edara-kärhanalarda we goňşularymyza wagyz etmekden köp şatlyk tapýarys. Hatda iki goňşymyz ýygnaga hem gelýär».

Eger siz Hudaýyň halkynyň arasynda täze borçlary alan ukyply hem wepaly gartaşan dogan bolsaňyz, onda siziň köpräk gulluk etmäge başga-da mümkinçiligiňiz bar. Meselem, siz ýygnagyňyzdaky ýaş doganlar bilen tejribäňizi paýlaşyp, Ýehowanyň işine goşandyňyzy goşup bilersiňiz. Ýokarda agzalan Rassel dogan şeýle diýýär: «Ýehowa ukyply ýaş doganlara tälim berýär we olary dürli ýollar bilen ulanýar. Ýaşlaryň hyjuwy, öwredişi we çopançylyk idegi ýygnakdakylara köp peýda getirýär (« Ýaş doganlara ukyplaryny ulanmaga kömek ediň» atly çarçuwa serediň).

ÝEHOWA WEPALYLYGYŇYZY GYMMAT SAÝÝAR

Eger siz ýaňy-ýakynda gullugyň başga görnüşini ýerine ýetirip başlan bolsaňyz, dogry garaýyşda bolmaga çalşyň. Siz ýürekden zähmet çekip, eýýäm köp adamlara kömek etdiňiz. Şeýle etmegiňizi dowam ediň. Dogan-uýalar sizi söýýär we mundan beýläk hem söýerler.

Iň wajyby bolsa, siz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz. «Hudaý siziň edýän işleriňizi we mukaddeslere hyzmat edip hem-de etmegi dowam etmek bilen, onuň adyna görkezýän söýgiňizi» hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10). Bu sözler biziň çeken agyr zähmetimiziň öwezini Hudaýyň artygy bilen doljakdygyna ynandyrýar. Ýehowa sizi juda gowy görýär. Şol sebäpli ol siziň öňki eden işleriňizi we häzir edýän zatlaryňyzy unutmaz.

Ýöne siz heniz ýaş hem ýokarda aýdylyşy ýaly, borçlaryňyz üýtgemedik bolsa näme? Bu makaladaky maslahatlar size şonda-da peýdaly bolup biler. Nädip?

Eger siz borçlary üýtgän wepaly gartaşan dogany tanaýan bolsaňyz, onuň ýyllaryň dowamynda gazanan tejribesinden peýdalanyp bilersiňiz. Ondan maslahat soraň. Şeýle-de onuň häzirki borjuny nädip wepaly ýerine ýetirýändigine üns beriň.

Siz borçlary üýtgän gartaşan ýa häzir wepaly gulluk edýän ýaş dogan ýa-da uýa bolsaňyz-da, Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň wepalylygyny gymmat saýýandygyny unutmaň.