Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gudratygüýçli, ýöne aladaçyl

Gudratygüýçli, ýöne aladaçyl

«(Ýehowa) biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zeb. 103:14).

AÝDYMLAR: 51, 9

1, 2. a) Ygtyýarly adamlardan tapawutlylykda, Ýehowa adamlara nähili garaýar? b) Biz şu makalada nämä serederis?

WEZIPELI ýa-da ygtyýary bolan adamlar köplenç başgalaryň üstünden «höküm sürýär» we «agalyk edýär» (Mat. 20:25; Wag. 8:9). Ýöne Ýehowa olardan tapawutlanýar. Ol Gudratygüýçli bolsa-da, bikämil adamlaryň aladasyny edýär. Ol mähirli we aladaçyl Hudaý. Ýehowa biziň duýgularymyza üns berýär we zerurlyklarymyzy kanagatlandyrýar. Ol hiç haçan güýjümizden artyk zady talap etmeýär, sebäbi «toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zeb. 103:13, 14).

2 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň öz gullukçylarynyň aladasyny edýändigini görkezýän ençeme wakalar bar. Geliň, olaryň üçüsine seredeliň. Biz baş ruhany Eliýä erbet habary ýetirmäge Ýehowanyň ýaş Şamuwele nädip kömek edendigi, Musa pygambere ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk etmegi tabşyranda, Ýehowanyň nädip sabyrly bolandygy we ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanda, Hudaýyň nädip olaryň aladasyny edendigi barada gürrüň ederis. Geliň, bu wakalardan Ýehowa barada näme öwrenýändigimize we ondan nädip görelde alyp biljekdigimize seredeliň.

OGLANJYGYŇ ATALYK ALADASY EDILÝÄR

3. Bir gün agşam ýaş Şamuwel bilen nähili üýtgeşik zat bolýar we nähili sorag ýüze çykýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Şamuwel çadyrda Ýehowa gulluk edip başlanda, gaty ýaşdy (1 Şam. 3:1). Bir gün agşam ol ýatjak bolup ýerine geçende, bir täsin zat bolýar *. Ol biriniň öz adyny tutup çagyrýandygyny eşidýär (1 Şamuwel 3:5, 10-njy aýatlary okaň) *. Şamuwel oňa baş ruhany Eliýdir öýdüp, onuň ýanyna ylgap barýar-da: «Ine, men geldim» diýýär. Eliý ony çagyrmandygyny aýdýar. Bu ýagdaý ýene iki gezek gaýtalananda, Eliý Şamuweli Hudaýyň çagyrýandygyna düşünýär. Şonuň üçin ol oglanjygy ýanyna çagyryp, ýene şeýle sesi eşitse, näme diýmelidigini aýdýar. Şamuwel onuň aýdanyna gulak asýar. Eýsem, Ýehowa näme üçin birinji gezekde Şamuwele özüniň kimdigini aýan etmedikä? Mukaddes Ýazgylarda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Emma Ýehowa şeýle etmek bilen, ýaşajyk Şamuweliň duýgusyny göz öňünde tutýandygyny görkezdi. Nädip?

4, 5. a) Şamuwel Hudaýyň beren tabşyrygyna başda nähili garady we ertesi irden näme boldy? b) Biz bu wakadan Ýehowa barada näme öwrenýäris?

4 1 Şamuwel 3:11—13-nji aýatlary okaň *. Ýehowanyň Kanunynda çagalaryň garry adamlara, esasan-da, halkyň ýolbaşçylaryna hormat goýmalydygy barada tabşyryk bardy (Müs. çyk. 22:28; Lew. 19:32). Ýaşajyk Şamuweliň ir bilen turup, batyrgaýlyk bilen Eliýä Hudaýyň höküm habaryny aýdyşy göz öňüňize gelýärmi? Elbetde, muny göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Sebäbi Ýazgylarda: «Şamuwel bu gören görnüşini Eliýä duýdurmakdan gorkýardy» diýilýär. Emma Hudaý Eliýä Şamuweli çagyrandygyny aýan edipdi. Şonuň üçin Eliý Şamuweli ýanyna çagyryp: «Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizleme» diýýär. Şonda Şamuwel oňa «hemmesini bolşy ýaly... gürrüň berýär».

5 Şamuweliň aýdan zatlary Eliý üçin geň däldi. Sebäbi şondan öň hem «bir pygamber» Eliýä şeýle habary aýdypdy (1 Şam. 2:27—36). Bu waka Ýehowanyň aladaçyl hem paýhasly Hudaýdygyny aýan edýär.

6. Hudaýyň ýaş Şamuwele kömek edişinden näme öwrenip bileris?

6 Sen ýaş mesihçimi? Eger şeýle bolsa, onda ýaş Şamuwel bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Ýehowanyň seniň kynçylyklaryňa we duýgularyňa düşünýändigine ynamly bolup bilersiň. Mümkin, sen hoş habary adamlara gürrüň bermäge ýa-da deň-duşlaryňdan tapawutlanmaga çekinýänsiň. Ýehowanyň saňa hemişe kömek etmäge taýyndygyny ýatdan çykarma. Şonuň üçin oňa doga edip, ýüregiňi döküp bilersiň (Zeb. 62:8). Mukaddes Ýazgylardaky ýaş Şamuwel ýaly Hudaýyň gullukçylarynyň galdyran göreldesi barada oýlanyň. Şeýle-de seniňki ýaly kynçylyklary ýeňip geçen ýaş ýa-da gartaşan dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bol. Olar saňa, esasanam, garaşmaýan wagtlary Ýehowanyň nädip kömek edendigini gürrüň berip biler.

MUSA PYGAMBERIŇ DUÝGUSYNY GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝAR

7, 8. Ýehowa Musa pygamberiň aladasyny edýändigini nädip görkezdi?

7 Musa pygamber 80 ýaşyndaka, Ýehowa oňa kyn ýumuş tabşyrýar. Ol ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etmelidi (Müs. çyk. 3:10). Musa pygamber 40 ýyllap Midiýan ýurdunda çopançylyk edendigi üçin şeýle tabşyrygy alanda, ör-gökden gelen bolmaly. Ol Ýehowa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn» diýýär. Şonda Hudaý Musa pygambere: «Men seniň bilen bolaryn» diýip ynandyrýar (Müs. çyk. 3:11, 12). Şeýle-de ol ysraýyl ýaşulularynyň Musanyň «sözüne gulak asjakdygyny» wada berýär. Emma Musa şonda-da: «Olar maňa... gulak asmazlar» diýýär (Müs. çyk. 3:18; 4:1). Aslynda, Musa pygamber Hudaýyň aýdanlaryny nädogry hasaplaýardy. Ýöne Ýehowa sabyrly bolup, onuň bilen gepleşmegini dowam etdi. Ol Musa pygambere gudrat görkezer ýaly güýç berdi. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň güýji arkaly gudratlary görkezen ilkinji adamyň Musa pygamber bolandygy aýdylýar (Müs. çyk. 4:2—9, 21).

8 Musa pygamber özüniň gowy gepläp bilmeýändigini aýdyp, ýene-de bu ýumşy ýerine ýetirmejek bolýar. Emma Hudaý oňa: «Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýýär. Musa pygamber indi bir razylaşarmyka? Ýok. Ol şonda-da pesgöwünlilik bilen Hudaýdan özüne derek başga birini ugratmagy haýyş edýär. Ýehowanyň muňa gaty gahary gelse-de, Musa pygamberiň duýgusyny göz öňünde tutup, Haruny oňa kömekçi edip belleýär (Müs. çyk. 4:10—16).

9. Ýehowanyň sabyrlylygy we mähirliligi Musa pygambere tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmäge nädip kömek etdi?

9 Biz bu wakadan Ýehowa barada näme öwrenýäris? Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý bolandygy üçin, Musa pygamberi bu ýumşy ýerine ýetirmäge mejbur edip hem bilerdi. Emma ol pespäl hem kiçigöwünli gullukçysy bilen özüni sabyrly we mähirli alyp baryp, ony goldajakdygyna ynandyrdy. Ýehowanyň bu hereketi gowy netije berdimi? Elbetde! Musa pygamber Ýehowanyň göreldesine eýerip, halkyň mähirli we aladaçyl çopany boldy (San. 12:3).

Siz başgalaryň aladasyny etmekde Ýehowadan görelde alýarsyňyzmy? (10-njy abzasa serediň)

10. Ýehowanyň başgalaryň aladasyny edişinden görelde almagyň nähili peýdasy bar?

10 Biz bu wakadan köp zatlary öwrenip bileris. Mümkin, siz maşgalabaşy, ata ýa-da ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýänsiňiz. Eger şeýle bolsa, onda siziň köp jogapkärçiligiňiz bar. Şonuň üçin aýalyňyzyň, çagalaryňyzyň ýa-da ýygnakdaky dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin, Ýehowanyň mähirliliginden we sabyrlylygyndan görelde almak örän wajyp (Kol. 3:19—21; 1 Pet. 5:1—3). Eger Ýehowanyň we Isanyň göreldesine eýerseňiz, başgalara siziň ýanyňyza gelmek aňsat bolar we olara dynçlyk tapmaga kömek edersiňiz (Mat. 11:28, 29). Şonda olar hem sizden görelde alyp bilerler (Ýew. 13:7).

GUDRATYGÜÝÇLI, ÝÖNE ALADAÇYL HALASGÄR

11, 12. Ýehowa ysraýyllylary Müsürden alyp çykanda, olary goraýandygyny we aladasyny edýändigini nädip görkezdi?

11 B. e. öň 1513-nji ýylda ysraýyllylar Müsürden çykanda, olaryň sany 3 milliondan gowrakdy. Şol wagt ysraýyllylaryň üçünji, hatda dördünji nesli hem ýaşap ýören bolmaly. Olaryň arasynda çagalar, garrylar, keselli ýa-da maýyp adamlar bardy. Şeýle uly märekäni Müsürden alyp çykmak üçin olaryň ýagdaýyna düşünýän hem aladaçyl ýolbaşçy gerekdi. Ýehowa Musa pygamber arkaly özüniň şeýle ýolbaşçydygyny görkezdi. Şol sebäpli ysraýyllylar ençeme ýyl ýaşan öýlerini taşlap gaýtsalar-da, özlerini howpsuz duýýardy (Zeb. 78:52, 53).

12 Ýehowa halkyny gorap aladasyny edýändigini nädip görkezdi? Ol ysraýyl halkyny Müsürden topar-topar edip alyp çykdy (Müs. çyk. 13:18). Hudaýyň guramaçylykly hereket etmegi ysraýyllylary Onuň ähli zada gözegçilik edýändigine ynandyrdy. Şeýle-de Ýehowa «gündizine bulut... gijesine oduň ýagtysy bilen» halkyna ýol görkezip, olaryň hemişe ýanyndadygyny aýan etdi (Zeb. 78:14). Ýehowa olara hamala: «Gorkmaň, men size ýol görkezerin we sizi goraryn» diýýän ýalydy. Dogrudan-da, biraz wagtdan olar Hudaýyň kömegine mätäç boldular.

Ýehowa Gyzyl deňzinde ysraýyllylaryň nädip aladasyny etdi? (13-nji abzasa serediň)

13, 14. a) Ýehowa Gyzyl deňzinde ysraýyllaryň nädip aladasyny etdi? b) Ýehowa müsürlilerden has güýçlüdigini nädip görkezdi?

13 Müsürden çykyş 14:19, 20-nji aýatlary okaň *. Göz öňüne getiriň, siz Gyzyl deňzine tarap ýöräp barýarsyňyz. Yzyňyzdan bolsa faraonyň goşuny ýetip gelýär. Siz özüňizi gapana düşen ýaly duýýarsyňyz. Birdenem, Hudaýyň sizi goramak üçin edýän zatlaryny görýärsiňiz. Müsürlileriň öňüni gara bulut gurşap alýar. Emma siziň çadyryňyzyň duran ýerini Ýehowa gudrat bilen ýagty edýär. Soňra siz Musa pygamberiň elini deňze tarap uzadandygyny görýärsiňiz. Şonda gündogardan güýçli şemal öwsüp, deňziň suwy ikä bölünýär. Siz maşgalaňyz, mal-garalaryňyz we beýleki adamlar bilen deňziň düýbüne aýagyňyzy basanyňyzda, bir üýtgeşik zady duýýarsyňyz. Deňziň içi eýmenç ýa-da gorkunç däl; ol gury hem gaty. Siz onuň içinden aňsatlyk bilen ýöräp başlaýarsyňyz. Netijede, hatda haýaljakdan ýöreýän adamlaram arkaýyn deňziň beýleki tarapyna geçýär.

14 Müsürden çykyş 14:26—28-nji aýatlary okaň *. Şol wagt tekepbir we akmak faraon hem okdurylyp deňziň içine girýär. Musa pygamber elini ýene-de deňze tarap uzadýar. Bu gezek iki diwar ýaly bolup duran suwlar olaryň üstüni örtýär. Şonda hamala iki tarapdan güýçli harasat gelen ýaly bolýar. Şeýdip, faraon we onuň goşuny heläk bolýar (Müsürden çykyş 15:8—10).

15. Bu wakadan biz Ýehowa barada näme öwrenýäris?

15 Biz bu wakadan Ýehowanyň halkyny goramaga we aladasyny etmäge güýjüniň ýetýändigini öwrenýäris. Sebäbi ol tertip-düzgünli Hudaý (1 Kor. 14:33). Şeýle-de nähili ýagdaý bolaýanda-da, bu onuň öz halkynyň aladasyny edip bilýän çopandygyny görkezýär. Ýehowa ysraýyllylaryň mähir bilen aladasyny edip, duşmanlaryndan gorady. Bu bolsa zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýan Hudaýyň gullukçylaryna teselli berýär (Sül. tym. 1:33).

16. Ýehowanyň ysraýyllylary halas edişi barada oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

16 Şu günler hem Ýehowa öz halkynyň ruhy hem beden taýdan aladasyny edýär. Agyr muşakgatda-da ol biziň aladamyzy eder (Ylh. 7:9, 10). Biz ýaş ýa gartaşan, sagdyn ýa-da ýarawsyz bolsak-da, agyr muşakgatda howsala düşmeris we gorkmarys *. Gaýtam, biz Isanyň aýdyşy ýaly: «Dikelip, başymyzy galdyrarys, sebäbi gutulyşymyz golaýlandyr» (Luka 21:28). Hatda faraondan has güýçli Gog, ýagny milletleriň üýşmegi üstümize hüjüm edende-de, biz gorkmarys (Ezek. 38:2, 14—16). Hudaýyň halky näme üçin şol wagt özüni ynamly duýar? Sebäbi olar Ýehowanyň hiç haçan üýtgemeýändigini bilýär. Hudaý ýene-de öz halkynyň aladasyny eder we olary halas eder (Iş. 26:3, 20).

17. a) Ýehowanyň öz halkynyň aladasyny edişini görkezýän wakalaryň bize nähili peýdasy bar? b) Indiki makalada nämä serederis?

17 Biz şu makaladan Ýehowanyň öz halkynyň mähir bilen aladasyny edişini, görkezme berşini we halas edişini görkezýän diňe käbir wakalara seredip geçdik. Şeýle wakalar hakda oýlananyňyzda, Ýehowanyň häsiýetleriniň aýratynlyklaryna üns berjek boluň. Şonda Hudaýyň ajaýyp häsiýetlerine bolan minnetdarlygyňyz, Ýehowa bolan söýgiňiz hem ynamyňyz hasam artar. Indiki makalada biz maşgalada, ýygnakda we wagyzda başgalaryň aladasyny etmekde nädip Ýehowanyň göreldesine eýerip biljekdigimize serederis.

^ abzas 3 Taryhçy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, Şamuwel şol wagt 12 ýaşyndady.

^ abzas 3 1 Şamuwel 3:5 Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Lepbeý!» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy. 10 Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.

^ abzas 4 1 Şamuwel 3:11 Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Hawa, Ysraýylda eşideniň inini titretjek bir iş ederin. 12 Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin. 13 Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady.

^ abzas 13 Müsürden çykyş 14:19 Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip, 20 Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler.

^ abzas 14 Müsürden çykyş 14:26 Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi. 27 Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. 28 Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, söweş arabaly esgerleriň, faraonyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady.

^ abzas 16 Armageddondan diri geçen adamlaryň käbirine zyýan ýetmegi mümkin. Isa ýer ýüzüne gelende, «her dürli... syrkaw adamlary sagaldyp», gelejekde direljek adamlar däl-de, Armageddondan diri geçjek adamlar üçin nämeleri etjekdigini görkezdi (Mat. 9:35). Sebäbi direlen adamlaryň bedeni sagdyn bolar.