Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz»

«Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz»

«Meniň iýmitim meni ibereniň işini doly berjaý etmekdir» (Ýah. 4:34).

AÝDYMLAR: 1, 42

1. Dünýäniň özüňi bilmeklik ruhy bize nähili täsir edip biler?

HUDAÝYŇ SÖZÜNDEN öwrenýän zatlarymyzy durmuşda ulanmak näme üçin käte kyn bolýar? Munuň bir sebäbi dogry zady etmek üçin pesgöwünlilik gerek. Biz «soňky günlerde», ýagny «özüni bilýän, puly söýýän, öwünjeň, tekepbir» we «özüne erk etmeýän» adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Şol sebäpli pesgöwünli bolmak gün-günden kynlaşýar (2 Tim. 3:1—3). Emma Hudaýyň gullukçysy bu zatlaryň erbetdigini bilse-de, käte şu dünýädäki adamlaryň ýaşaýşyna gözi gitmegi mümkin (Zeb. 37:1; 73:3). Kimdir biri hatda şeýle pikir edip biler: «Başgalaryň bähbidini özümiňkiden ileri tutanyma degýärmi? Özümi pes tutsam, adamlar maňa hormat goýarmy?» (Luka 9:48). Eger biz dünýäniň özüňi bilmeklik ruhunyň täsirine düşsek, dogan-uýalar bilen gymmatly dostlukly gatnaşygymyza we abraýymyza zyýan ýetireris. Emma Mukaddes Ýazgylardaky gowy görelde galdyran adamlaryň mysallary barada okap, olaryň göreldesine eýersek, sylag alarys.

2. Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesi barada oýlanmaklygyň nähili peýdasy bar?

2 Eger biz Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesine eýermek islesek, olaryň durmuşy barada öwrenmeli. Meselem, olar Hudaý bilen dostlugyny nädip goradylar? Onuň razylygyny nädip gazandylar? Olara Hudaýyň islegini berjaý etmäge näme kömek etdi? Bu bize her gün ruhy taýdan iýmitlenip durmagyň wajypdygyny ýatladar.

RUHY IÝMITE ÝÖNE BIR MAGLUMAT HÖKMÜNDE GARAMAŇ

3, 4. a) Biz ruhy taýdan görkezmäni nireden alýarys? b) Näme üçin ruhy iýmit ýöne bir bilim almakdan has köp zady aňladýar diýse bolar?

3 Biz Mukaddes Ýazgylar, edebiýatlarymyz, web saýtymyz, JW teleýaýlymy, ýygnaklar we kongresler arkaly köp peýdaly maslahatlary hem-de tälim alýarys. Emma Ýahýa 4:34-däki Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, ruhy iýmit ýöne bir bilim almakdan has köp zady aňladýar. Eýsem, ol nämäni öz içine alýar? Isa şeýle diýdi: «Meniň iýmitim meni ibereniň işini doly berjaý etmekdir».

4 Isa Hudaýyň islegini berjaý etmeklige iýmit hökmünde garaýardy. Ol muny näme üçin iýmit bilen deňeşdirdikä? Sebäbi ýokumly iýmitiň bedenimize peýdaly bolup, sagdyn bolmaga kömek edişi ýaly, Hudaýyň islegini berjaý etmeklik hem ýüregimizi we imanymyzy berkidip, ebedi ýaşaýşa ýetmäge ýardam edýär. Siz özüňizi gowy duýmasaňyz-da, wagza gideniňizde, ruhlanyp we begenip gaýdandygyňyz ýadyňyza düşýärmi?

5. Akyldarlygyň nähili peýdasy bar?

5 Eger biz Hudaýyň berýän görkezmesine eýersek, akyldar bolarys (Zeb. 107:43). Elbetde, munuň üçin tagalla etmeli. Ýöne bu şeýle edeniňe degýär. Mukaddes Ýazgylarda akyldarlyk barada şeýle diýilýär: «Ähli arzyly zatlar oňa taý bolup bilmez... Ol özüne ýapyşanlar üçin ýaşaýyş agajydyr; ony gaýym tutanlar bagtlydyr» (Sül. tym. 3:13—18). Isa hem: «Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz» diýdi (Ýah. 13:17). Eger Isanyň şägirtleri onuň aýdýan zatlaryna eýeren bolsa, bagtly bolup bilerdi. Emma olar Isanyň öwreden zatlaryna we göreldesine diňe bir gezek däl-de, bütin ömrüne eýermelidi.

6. Öwrenen zatlarymyza eýermegimizi näme üçin dowam etmeli?

6 Şu günler bizem öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmagymyzy dowam etmeli. Bu örän wajyp. Muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Aýdaly, ussanyň zähmet gurallary, gurluşyk materiallary we tejribesi bar. Ýöne ol bulary ulanmasa, olar peýdaly bolup bilermi? Ol işine ökde we bu ugurdan tejribeli bolsa-da, mundan beýlägem üstünlik gazanmak üçin işini dowam etmeli. Şonuň ýaly bizem ilkibaşda Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulananymyzda, özümizi bagtly duýýarys. Emma hemişe bagtly bolmak üçin, biz her gün pesgöwünlilik bilen Ýehowanyň görkezmesine eýerip ýaşamaly.

7. Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň mysallaryndan näme öwrenýäris?

7 Geliň, pesgöwünli bolmaga päsgel berýän käbir ýagdaýlara seredeliň. Biz Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň dürli ýagdaýlarda nädip pesgöwünli bolandyklaryny bileris. Emma ruhy taýdan berk bolmak üçin, bu wakalary ýöne bir bilmek ýeterlikli däl. Şonuň üçin olaryň hersi barada gürrüň edenimizde, olara nädip eýerip biljekdigimiz hakda oýlanmaly we ony soňa goýman durmuşymyzda ulanmaly.

HEMMELERI DEŇ TUTUŇ

8, 9. Resullaryň işleri 14:8—15-nji aýatlardaky wakadan Pawlusyň pesgöwünliligi barada näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 Hudaý «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär» (1 Tim. 2:4). Siz hakykaty bilmeýän dürli milletden bolan adamlara nähili garaýarsyňyz? Pawlus resul sinagogalara baranda, Hudaý barada käbir zatlary bilýän adamlary agtarsa-da, ol diňe bir ýehudylara kömek etmek bilen çäklenmeýärdi. Pawlus ýalan taňrylara sežde edýän adamlara hem wagyz edýärdi. Emma olaryň hakykata seslenişi Pawlusyň pesgöwünliligini synap bilerdi.

9 Meselem, Pawlus birinji missionerlik syýahatynda Listra baranda, likoniýalylar oňa hem-de Barnabasa hudaý ýaly garap, olara öz ýalan taňrylary bolan Zews we Germesiň adyny dakýarlar. Eýsem, Pawlus bilen Barnabas şöhratparazlygyň duzagyna düşdülermi? Olar muňa öňki iki şäherde duçar bolan yzarlamalaryndan soň özüni dürsemäge gowy mümkinçilik hökmünde garadylarmy? Ýa-da märekäniň bu hereketinden peýdalanyp, hoş habary şeýle usul bilen ýaýratjak boldularmy? Elbetde, ýok. Olar şol bada donlaryny ýyrtyp, märekäniň içine ylgap girdiler-de, batly ses bilen: «Adamlar, edýäniňiz näme? Bizem siziň ýaly adam ahyryn» diýdiler (Res. iş. 14:8—15).

10. Pawlus we Barnabas näme üçin özlerini likoniýalylar bilen deň hasaplaýardy?

10 Pawlus bilen Barnabas «bizem siziň ýaly adam ahyryn» diýen-de, likoniýalylaryň ýalan taňrylaryna sežde edýändiklerini däl-de, özleriniň bikämildigini göz öňünde tutupdylar. Pawlus bilen Barnabas aýratyn tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin saýlanan adamlardymy? (Res. iş. 13:2). Olar mukaddes ruh bilen mesh edilip, ajaýyp umyda eýe bolupdymy? Hawa. Emma olar özlerini başgalardan ýokary tutmaýardylar we likoniýalylaryň hem hoş habara seslenseler şeýle ajaýyp sylaga eýe bolup biljekdiklerine düşünýärdiler.

11. Biz wagyzda Pawlusyň pesgöwünliliginden nädip görelde alyp bileris?

11 Biz Pawlusyň pesgöwünliliginden nädip görelde alyp bileris? Birinjiden, biz şöhratparazlygyň duzagyna düşmekden ýa-da adamlardan öwgä garaşmakdan ägä bolmaly. Sebäbi biz edýän zatlarymyzy Ýehowanyň berýän güýji arkaly başarýarys. Ikinjiden, her birimiz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men wagyz edýän adamlaryma nähili garaýaryn? Men hemme adamlary deň görýärinmi ýa-da olaryň käbirini ala tutýarynmy?» Bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlary hoş habara seslenjek adamlary tapmak üçin elinde baryny edýärler. Bu öwgä mynasyp! Emma käte olar ýerli halkyň dilini we medeniýetini öwrenmeli bolýarlar. Ýöne Ýehowanyň hiç bir Şaýady özüni başgalardan ýokary tutmaýar, gaýtam, Patyşalyk habaryny adamlaryň ýüregine ýetirmek üçin olaryň her biriniň ýagdaýyna düşünmäge jan edýär.

ADYNY TUTUP DOGA EDIŇ

12. Epafras imandaşlarynyň ýürekden aladasyny edýändigini nädip görkezdi?

12 Pesgöwünlilik bilen Hudaýyň görkezmesine eýermegiň ýene bir usuly bu «biziň ýaly gymmatly imana eýe bolan» dogan-uýalar barada doga etmek (2 Pet. 1:1). I asyrda ýaşan Epafras hem şeýle edýärdi. Mukaddes Ýazgylarda ol barada bary-ýogy üç gezek, ýagny diňe Pawlusyň ýazan hatlarynda agzalýar. Pawlus resul Rimde öý tussaglygyndaka, Kolosdaky mesihçilere Epafrasyň «elmydama (olar) hakda yhlas bilen doga edýändigi» barada ýazdy (Kol. 4:12). Dogrudan-da, Epafras imandaşlarynyň her birini gowy tanaýardy we olaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Emma Epafras Pawlus bilen «tussaglykda» bolsa-da, ünsüni öz kynçylyklaryna däl-de, dogan-uýalaryň ruhy zerurlyklaryna gönükdirdi (Fil. 23). Hawa, ol el gowşuryp oturman, başgalar üçin doga edýärdi. Eýsem, bu onuň janaýamazlyk ruhunyň bolandygyny görkezmeýärmi? Bizem Ýehowa wepaly gulluk edýän imandaşlarymyz barada, aýratynam olaryň adyny tutup doga edip bileris. Sebäbi şeýle dogalar örän «güýçli» (2 Kor. 1:11; Ýak. 5:16).

13. Biz doga etmekde Epafrasdan nädip görelde alyp bileris?

13 Bizem kimleriň adyny tutup doga edip biljekdigimiz barada oýlanyp bileris. Epafras ýaly köp dogan-uýalar ýygnagyndaky, uly jogapkärçiligi bolan, agyr kynçylyklara ýa-da synaglara uçraýan imandaşlary barada doga edýärler. Başgalar bolsa jw.org saýtymyzdaky «Imany üçin tussag edilen Ýehowanyň Şaýatlary» diýen makalada atlary agzalýan dogan-uýalar hakda doga edýärler (TÄZELIKLER > ÝURIDIKI MESELELER diýen bölümi saýlaň). Biz ýakynyny ýitiren, betbagtçylyga uçran, uruş ýa-da ykdysady kynçylyklar sebäpli ejir çekýän imandaşlarymyz barada doga etsek, olary unutmaýandygymyzy görkezeris. Dogrudan-da, biziň dogalarymyza we kömegimize mätäç dogan-uýalar gaty köp. Biz olar barada doga etsek, diňe özümiziň däl-de, başgalaryň hem aladasyny edýändigimizi görkezeris (Flp. 2:4). Ýehowa şeýle dogalary höwes bilen diňleýär.

«DIŇLEMÄGE TAÝYN... BOLUŇ»

14. Ýehowa diňlemekde nähili görelde görkezýär?

14 Kiçigöwünliligimizi görkezmegiň ýene bir usuly adamlary höwes bilen diňlemäge taýyn bolmaly. Ýakup 1:19-da: «Diňlemäge taýyn... boluň» diýilýär. Ýehowanyň özi bu babatda ajaýyp görelde görkezýär (Gel. çyk. 18:32; Ýeş. 10:14). Geliň, Musa pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň (Müsürden çykyş 32:11, 12-nji aýatlary okaň) *. Ýehowa Musa pygamberiň maslahatyna mätäç bolmasa-da, oňa pikirini aýtmaga mümkinçilik berdi. Siz köplenç ýalňyşýan adamy sabyrly diňläp, onuň beren maslahatyny kabul ederdiňizmi? Hawa, Ýehowa özüne iman bilen doga edýän adamlary sabyrly diňleýär.

15. Başgalara hormat goýmakda Ýehowadan nädip görelde alyp bileris?

15 Her birimiz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Eger Ýehowa Ybraýymyň, Raheliň, Musanyň, Ýeşuwanyň, Manowanyň, Ylýasyň we Hizkiýanyň dogasyny pesgöwünli hem sabyrly diňlän bolsa, onda menem dogan-uýalaryň ählisine hormat goýup, aýdýan zatlaryny ünsli diňläp, hatda olaryň berýän maslahatyny kabul etmeli dälmi näme? Men ýygnagymda ýa-da maşgalamda kimi has ünsli diňläp bilerin? Bu babatda gowulanmak üçin näme edip bilerin?» (Gel. çyk. 30:6; Ser. 13:9; 1 Pat. 17:22; 2 Ýyl. 30:20).

«BELKI, REB ÇEKÝÄN EZÝETIMI GÖRER»

Dawut: «Oňa degmäň» diýdi. Şeýle ýagdaýda siz näme ederdiňiz? (16, 17-nji abzaslara serediň)

16. Dawut patyşa Şimginiň kemsitmesine nähili garady?

16 Pesgöwünlilik häsiýeti göwnümize degenlerinde özümize erk etmäge kömek edýär (Efes. 4:2). Dawut patyşa bu babatda gowy görelde galdyrdy (2 Şamuwel 16:7, 8, 11-nji aýatlary okaň) *. Bir gezek Şawul patyşanyň garyndaşy Şimgi Dawuda we onuň nökerlerine adalatsyz daraşýar, hatda olary daşlaýar. Dawut gaýtargy bermegiň deregine, onuň kemsitmesine sabyrly çydady. Oňa özüne erk etmäge näme kömek etdikä? Munuň jogabyny Zebur 3-nji bapdan tapyp bileris.

17. Dawuda özüne erk etmäge näme kömek etdi we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

17 Zebur kitabynyň 3-nji babynda Dawudyň ogly Abşalomdan gaçanda düzen nagmasy barada aýdylýar. 1-nji we 2-nji aýatlarda 2 Şamuwel 16-njy bapdaky wakalar beýan edilýär. Zebur 3:4-de Dawut ynam bilen: «Men Rebbe bar sesim bilen gygyrýaryn, Ol mukaddes dagyndan maňa jogap berýär» diýýär. Şeýle ýagdaýa uçranymyzda, bizem Ýehowa doga edip bileris. Şonda ol bize çydamly bolar ýaly, mukaddes ruhuny berer. Siz özüňize erk etmeli ýa-da adalatsyz daraşan adamy bagyşlamaly bolupdyňyzmy? Siz Ýehowanyň çekýän ezýetiňizi görýändigine we sylagsyz goýmajakdygyna berk ynanýarsyňyzmy?

«IŇ MÖHÜM ZAT AKYLDARLYKDYR»

18. Hudaýyň görkezmesine eýermegiň nähili peýdasy bar?

18 Dogry zady etmek köp bereketleri getirýär. Süleýmanyň tymsallary 4:7-de: «Iň möhüm zat akyldarlykdyr» diýilýär. Akyldarlyk bilim esasynda gazanylsa-da, ol ýöne bir zady bilmekden has köp zady aňladýar. Ol biziň gelýän kararlarymyzdan görünýär. Hatda garynjalar hem akyldardygyny görkezýärler. Olar gelejeginiň aladasyny edip, tomus aýlary iýmit ýygnaýarlar (Sül. tym. 30:24, 25). «Hudaýyň akyldarlygyna» eýe bolan Mesih hem «hemişe oňa ýaraýan zatlary edýär» (1 Kor. 1:24; Ýah. 8:29). Sebäbi nämäniň ýagşydygyny ýa-da ýamandygyny Hudaý gowy bilýär. Ol pesgöwünli we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýan adamlary hemişe sylaglaýar (Matta 7:21—23-nji aýatlary okaň). Şonuň üçin, geliň, kiçigöwünli bolmaga kömek edýän ruhy iýmitden yzygider iýmitlenip duralyň. Elbetde, öwrenen zatlarymyza eýermek üçin wagt hem-de sabyrlylyk gerek. Emma pesgöwünli bolsak, bu bize häzirden bagtly bolmaga kömek eder we ebedi peýda getirer.

^ abzas 14 Müsürden çykyş 32:11 Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň? 12 Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme.

^ abzas 16 2 Şamuwel 16:7 Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus! 8 Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy. 11 Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.