ÖWRENILÝÄN MAKALA 10
Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere suwa çümdürilmäge kömek edeliň
«Her agzanyň kadaly işlemegi bütin bedeniň ösmegine... ýardam edýär» (Efes. 4:16).
85-NJI AÝDYM Gujak açyp garşy alyň
MAZMUNY *
1, 2. Mukaddes Kitapdan okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kim kömek etmeli?
FIJIDE ýaşaýan Emi şeýle diýýär: «Men Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi gowy görýärdim. Öwrenýän zatlarymyň hem hakykatdygyny bilýärdim. Ýöne ösüş etmek kyn düşýärdi. Şonda dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Olar maňa Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, suwa çümdürilmäge kömek etdiler». Emi uýanyň mysalyndan görnüşi ýaly, dogan-uýalar goldasa, okuw geçýän adam suwa çümdürilmek islär.
2 Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler Hudaýyň halkynyň arasyna goşular ýaly tutuş ýygnak kömek etmeli (Efes. 4:16). Wanuatuda pioner bolup gulluk edýän Liza * şeýle gürrüň berýär: «„Il-gün edep terezisidir“ diýen atalar sözi bar. Edil şonuň ýaly dogan-uýalaryň ählisi okuw geçýäne kömek etse, ol ruhy taýdan ösüp, suwa çümdüriler». Çaganyň ösüp kemala gelmeginde ene-atasynyň, mugallymlarynyň we il-günüň uly täsiri bar. Olar çaga öwüt-ündew we edep-terbiýe berýärler. Dogan-uýalar hem okuw geçýäni öwseler we görelde bolsalar, ol suwa çümdürilmek islär (Nak. 15:22).
3. Dogan-uýalaryň aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?
3 Biz okuw geçýäniň ýanyna dogan-uýalary äkitmäge näme üçin ýaýdanmaly däl? Moldowada ýörite pioner Ýah. 13:35).
bolup gulluk edýän Anna şeýle diýýär: «„Ýekäniň çaňy çykmaz“ diýlişi ýaly, okuw geçýäne bir özüň kömek etmek kyn bolýan ekeni». Şol ýurtda ýörite pioner bolup gulluk edýän Dorin dogan şeýle gürrüň berýär: «Men köplenç okuw geçýäniň ýanyna dogan-uýalary eltýärin. Olaryň aýdýan sözleri, onuň ýüregine jüňk bolýar». Liza uýa şeýle diýýär: «Okuw geçýän adamlar dogan-uýalaryň söýgüsini we güler ýüzüni görüp, biziň Hudaýyň halkydygymyza düşünýärler» (4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
4 Belki, siz: «Dogan-uýalaryň okuw geçýänine nädip kömek edip bilerin?» diýip oýlanýansyňyz. Şu makalada muny nädip edip biljekdigimizi bileris. Şeýle-de okuw geçýänler ýygnaga gelip başlanda, olary gujak açyp garşy almalydygy hakda gürrüň ederis hem-de ýaşulularyň olara suwa çümdürilmäge nädip kömek edip biljekdigi barada bileris.
WAGYZÇY SIZI OKUWYNA ÇAGYRSA
5. Wagyzçy sizi Mukaddes Kitap okuwyna çagyrsa näme edip bilersiňiz?
5 Gyzyklanýan adama Mukaddes Kitaby düşündirmäge mugallymy, ýagny okuw geçirýän wagyzçy jogapkär. Wagyzçy sizi okuwyna çagyryp biler. Siz okuw geçýäniň mugallymy bolmasaňyz-da, wagyzça kömek etmäge taýyn bolmaly (Nes. 4:9, 10). Şeýle ýagdaýda Mukaddes Kitap okuwy gyzykly geçer ýaly näme edip bilersiňiz?
6. Wagyzçy sizi okuwyna çagyrsa, Nakyllar 20:18-däki maslahata nädip eýerip bilersiňiz?
6 Sapaga gowy taýýarlanyň. Mugallymdan okuw geçýäni barada soraň (Nakyllar 20:18-i okaň). Meselem: «Ol näçe ýaşynda? Nähili maşgalada ulaldy? Onuň bilen haýsy sapagy öwrenýärsiň? Haýsy pikiri düşündirmek isleýärsiň? Sapagyň dowamynda meniň aýtmaly ýa-da aýtmaly däl sözlerim bolup bilermi? Okuw geçýäni ruhlandyrmak üçin men näme edip bilerin?» Elbetde, mugallym okuw geçýän adam barada ähli zady aýtmaz, ýöne nädip kömek edip biljekdigiňizi düşündirer. Missioner bolup gulluk edýän Jasmin dogan-uýalara okuw geçýänleri barada gürrüň berýän eken. Ol şeýle diýýär: «Şonda dogan-uýalar okuw geçýän bilen ýürekden gyzyklanýarlar we okuwyň dowamynda gerekli pikirleri paýlaşýarlar».
7. Wagyzçy okuwyna çagyrsa näme üçin öňünden taýýarlanmaly?
7 Eger wagyzçy sizi okuwyna çagyrsa, Hyd. 7:10). Dorin dogan şeýle diýýär: «Dogan-uýalar sapaga öňünden taýýarlansa, ruhlandyryjy pikirleri paýlaşyp bilýärler. Şonda sapak hasam gyzykly geçýär». Okuw geçýän adam ikiňiziň hem taýýarlanandygyňyzy görse, sizden görelde almak islär. Sapaga gowy taýýarlanyp ýetişmeseňiz hem, iň bolmanda, esasy pikirleri gözden geçirmek üçin azajyk wagt sarp etseňiz gowy bolar.
sapaga öňünden taýýarlansaňyz gowy bolar (8. Hudaýa edýän dogaňyz okuw geçýäniň ýüregine täsir eder ýaly näme edip bilersiňiz?
8 Wagyzçy sizden doga etmegi haýyş edip biler. Hudaýa ýürekden edilýän doga-dileg okuw geçýäne güýçli täsir edýär. Şonuň üçin etjek dogaňyz hakda öňünden oýlanyň (Zeb. 141:2). Ýaponiýada ýaşaýan Hanna uýa şeýle gürrüň berýär: «Mukaddes Kitapdan okuw geçýärkäm, bir uýanyň eden dogasy maňa güýçli täsir etdi. Meniň bilen okuw geçýän uýa ony sapaga çagyrypdy. Ol şeýle bir doga etdi welin, menem Ýehowa bilen ýakyn dost bolasym geldi. Şeýle-de uýa dogasynda adymy agzanda, men hakda ýürekden alada edýändigini duýdum».
9. Ýakup 1:19-a görä, biz näme etmeli?
9 Mugallymy goldaň. Nigeriýada ýörite pioner bolup gulluk edýän uýa şeýle diýýär: «Mukaddes Kitap okuwyna gatnaşýan wagyzçy ünsli diňlese, sapagy mugallymyň geçirýändigine düşünip, aşa köp geplemese gowy bolýar». Onda haçan we näme geplemelidigini nädip bilmeli? (Nak. 25:11). Mugallymy we gyzyklanýan adamy ünsli diňläň (Ýakup 1:19-y okaň). Şonda öz wagtynda ruhlandyryjy pikirleri paýlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de ünsli bolsaňyz, aşa köp geplemersiňiz, mugallymyň sözüni bölmersiňiz we başga temalar hakda gürrüň etmersiňiz. Ýöne okuwyň dowamynda tema bilen bagly sorag berip bilersiňiz, mysal gürrüň berip ýa-da gysgajyk pikir paýlaşyp bilersiňiz. Käte siz okuwyň dowamynda hiç zat aýdyp bilmändigiňiz üçin biynjalyk bolýansyňyz. Ýöne Mukaddes Kitapdan okuw geçýän bilen ýürekden gyzyklansaňyz we öwseňiz, ösüş etmäge kömek edip bilersiňiz.
10. Siziň berjek gürrüňleriňiz okuw geçýäne nädip kömek eder?
10 Özüňiz hakda gürrüň beriň. Okuw geçýäne hakykata gelşiňizi, duş gelen kynçylyklaryňyzy we Ýehowanyň nädip Zeb. 78:4, 7). Siziň berjek gürrüňleriňiz onuň imanyny berkidip, kynçylyklara döz gelmäge we suwa çümdürilmek üçin gerekli ädimleri ätmäge kömek eder (1 Pet. 5:9). Braziliýada pioner bolup gulluk edýän Gabriýel dogan okuw geçen günlerini ýatlap, şeýle gürrüň berýär: «Okuw geçmäge gelen doganlaryň özleri hakda beren gürrüňlerinden Ýehowanyň islendik kynçylyklarymyzy görýändigine düşündim. Men içimden: „Olar Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklary ýeňip geçipdirler. Muny menem başararyn“ diýdim».
goldaw berendigini aýdyň (OKUW GEÇÝÄN ÝYGNAGA GELSE
11, 12. Ýygnaga ilkinji sapar gelýänleri nädip garşy almaly?
11 Suwa çümdürilmek isleýän adam ýygnaklara yzygiderli gatnaşyp, imanyny berkitmeli (Ýew. 10:24, 25). Mugallymy ony ýygnaklara çagyrmaly. Okuw geçýän ilkinji sapar ýygnaga gelende, ählimiz ony ýene gelmäge höweslendirmeli. Biz muny nädip edip bileris?
12 Gujak açyp garşy alyň (Rim. 15:7). Okuw geçýäni güler ýüz bilen garşy alsak, ol ýygnaklara ýene gelmek islär. Şonuň üçin mähir bilen salamlaşyň, dogan-uýalar bilen tanyşdyryň, ýöne oňaýsyz ýagdaýa salmajak boluň. Onuň aladasyny diňe mugallymy etmelidir öýtmäň. Belki, mugallymy gijä galandyr ýa-da ýygnakda başga etmeli işleri bardyr. Onuň bilen ýürekden gyzyklanyň we ünsli diňläň. Geliň, Dmitriý dogan hakda gürrüň edeliň. Ol birnäçe ýyl mundan öň suwa çümdürilipdi we häzir hyzmatçy bolup gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Men Ýygnak jaýyna girip bilmän, ýaýdanyp durdum. Bir dogan meni Ýygnak jaýyna saldy. Dogan-uýalar meni gujak açyp garşy aldy. Men beýle bolar öýtmändim. Her gün ýygnak bolsady diýip arzuw etdim, sebäbi şeýle mähirli adamlary hiç ýerde görmändim».
13. Özüňizi alyp barşyňyz okuw geçýäne nähili täsir eder?
13 Görelde boluň. Okuw geçýän siziň özüňizi alyp barşyňyzy synlap, Hudaýyň halkydygyňyza göz ýetirer (Mat. 5:16). Moldowada pioner bolup gulluk edýän Witaliý şeýle diýýär: «Dogan-uýalaryň özüni alyp barşyndan, ýaşaýşyndan köp zatlary öwrendim. Şonda Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygyna göz ýetirdim».
14. Siziň göreldäňiz okuw geçýäne nähili kömek eder?
1 Kor. 11:1). Hanna uýa şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar meniň üçin görelde mekdebi boldy. Olar ýürekden söýýärler, ruhlandyrýarlar, bagyşlaýarlar we dogan-uýalar barada hemişe gowy zatlary aýdýarlar. Menem şolar ýaly bolasym gelýärdi».
14 Okuw geçýän suwa çümdürilmek üçin öwrenen zatlaryna görä ýaşamaly. Belki, muny etmek aňsat bolmaz. Ýöne siziň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygyňyzy görse, görelde almak islär (15. Nakyllar 27:17-ä görä, okuw geçýänler bilen näme üçin dostlaşmaly?
15 Dost boluň. Okuw geçýän ýygnaga gelende hal-ýagdaýyny soraň (Flp. 2:4). Onuň durmuşy barada içgin gyzyklanmasyňyz-da, Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlary, maşgalasy we işi hakda soraň. Edýän ösüşleri üçin öwüň. Şeýle gürrüňdeşlik size dost bolmaga kömek eder. Eger dost bolsaňyz, suw çümdürilmäge höweslendirip bilersiňiz (Nakyllar 27:17-ni okaň). Häzir Hanna pioner bolup gulluk edýär. Ol ýygnaga gatnap başlan döwrüni ýatlap şeýle diýýär: «Dogan-uýalar bilen dostlaşanymdan soň, ýygnaklara sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Ýadaw bolsam-da, ýygnaklardan galmaýardym. Şeýle gowy dostlary tapandygym üçin, Ýehowa gulluk etmeýän dostlarym bilen aramy kesmek kyn düşmedi. Men Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşmak isleýärdim. Şeýdip, suwa çümdürilmegi ýüregime düwdüm».
16. Okuw geçýänler ýygnaga gelip başlanda özüni öýüne gelen ýaly duýmak üçin näme etmeli?
16 Okuw geçýänler ýygnaga gelip başlanda, özüni öýüne gelen ýaly duýmaga kömek ediň. Olary myhmançylyga çagyryň (Ýew. 13:2). Moldowada ýaşaýan Denis dogan geçen günlerini ýatlap, şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar aýalym ikimizi birnäçe gezek myhmançylyga çagyrdylar. Olaryň Ýehowanyň goldandygy hakda beren gürrüňleri bizi ruhlandyrdy, Ýehowa gulluk etmäge höweslendirdi we gelejekde Jennetiň boljakdygyna imanymyzy berkitdi». Okuw geçýänler wagyzçy bolsa, olar bilen wagza çykyň. Braziliýaly Diýego dogan şeýle diýýär: «Doganlar meni wagza çagyrýardy. Şonda olar bilen ýakyndan tanyşýardym we köp zatlary öwrenýärdim. Şeýdip, Ýehowa we Isa pygamber bilen dostlugym hasam berkedi».
ÝAŞULULARYŇ GOLDAWY
17. Ýaşulular okuw geçýänlere nädip kömek edip biler?
17 Ýürekden gyzyklanyň. Ýaşulular, siz okuw geçýänler bilen ýürekden gyzyklansaňyz, olar suwa çümdürilmek islärler. Siz duşuşykdan öň ýa-da soň okuw geçýänler bilen gürrüňdeş bolýarsyňyzmy? Okuw geçýänler jogap bermek üçin elini galdyranda adyny tutup sorasaňyz begenerler. Wagyzçylaryň sapagyna gatnaşmak üçin wagt tapsaňyz gowy bolar. Şonda okuw geçýän adam siziň garaşanyňyzdan hem çalt ösüş eder. Nigeriýada pioner bolup gulluk edýän Jeýn şeýle diýýär: «Okuw geçýänlerimiň ýanyna ýaşululary eltenimde haýran galýarlar. Olaryň biri: „Ruhanylar beýle etmeýär. Olar diňe köp pul berýän baý adamlaryň öýüne barýarlar“ diýdi». Häzir Jeýn uýanyň şol okuw geçýäni ýygnaklara barýar.
18. Resullar 20:28-e görä, ýaşulularyň nähili borjy bar?
18 Wagyzçylara tälim beriň we ruhlandyryň. Ýaşulular, dogan-uýalara ökdelik bilen wagyz etmegi we Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi öwretmek siziň borjuňyzdyr (Resullar 20:28-i okaň). Eger dogan-uýalar siziň ýanyňyzda okuw geçirmäge çekinýän bolsa, özüňiziň geçirip biljekdigiňizi aýdyp bilersiňiz. Jeýn şeýle gürrüň berýär: «Ýaşulular okuw geçýänlerim barada sorap durýarlar. Olar Mukaddes Kitap okuwyny gyzykly we täsirli geçirer ýaly peýdaly maslahatlary berýärler». Ýaşulular, siz Mukaddes Kitapdan okuw geçirýän wagyzçylary ruhlandyryp durýarsyňyzmy? (1 Sel. 5:11). Jeýn sözüni şeýle dowam edýär: «Ýaşulular meni öwende we edýän işimiň gadyryny bilýändiklerini aýdanda begenýärin. Olaryň öwgüli sözleri teşne jany gandyrýan sowuk suw ýaly hoş ýakýar. Şonda özüme ynamym artýar we Mukaddes Kitap okuwyny höwes bilen geçirýärin» (Nak. 25:25).
19. Bize näme şatlyk berýär?
19 Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçirmesek-de, gyzyklanýanlara suwa çümdürilmäge kömek edip bilýäris. Munuň üçin wagyzçylaryň sapagyna gatnaşanymyzda köp geplemän, taýýarlan ruhlandyryjy pikirlerimizi paýlaşmaly. Okuw geçýänler ýygnaga gelende, olar bilen dostlaşmaly we görelde bolmaly. Ýaşulular okuw geçýänler bilen ýürekden gyzyklanmaly, wagyzçylara tälim bermeli we ruhlandyrmaly. Dogrudanam, bir adama özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek etmekden uly bagt ýok bolsa gerek!
79-NJY AÝDYM Şägirtlere berk durmagy öwrediň