Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 12

Söýgi ýigrenjiň üstünden ýeňiş gazanar

Söýgi ýigrenjiň üstünden ýeňiş gazanar

«Men şu zatlary biri-biriňizi söýmegiňiz üçin tabşyrýaryn. Bilip goýuň, dünýä sizi ýigrenýär, sebäbi sizden öň meni ýigrendi» (Ýah. 15:17, 18).

129-NJY AÝDYM Çydamly bolalyň

MAZMUNY *

1. Matta 24:9-a görä, bizi ýigrenseler näme üçin geň galmaýarys?

ÝEHOWA adamlary söýmek we söýülmek duýgusy bilen ýaratdy. Şol sebäpli bizi ýigrenseler özümizi erbet duýýarys we gorkuda ýaşaýarys. Meselem, Ýewropada ýaşaýan Jorjina uýa şeýle gürrüň berýär: «Men 14 ýaşlarymdadym. Ýehowa gulluk edýändigim üçin ejem meni ýigrenip, köp azar berdi. Şonuň üçin özümi hiç kime gerekmejek, dereksiz adam ýaly duýdum» *. Danilo dogan şeýle diýýär: «Esgerler meni Ýehowanyň Şaýady bolandygym üçin kemsitdiler, urdular, sögdüler we haýbat atdylar. Men şonda gaty gorkdum». Hawa, adamlar bizi ýigrenenlerinde hiç birimiz begenmesek gerek! Emma biz muňa geň galmaýarys, sebäbi Isa pygamber adamlaryň bizi ýigrenjekdigini öňünden aýdypdy (Matta 24:9-y okaň).

2, 3. Adamlar bizi näme üçin ýigrenýär?

2 Isa şägirtlerine: «Siz dünýäden dälsiňiz» diýdi (Ýah. 15:17—19). Isanyň şägirdi bolandygymyz üçin adamlar bizi ýigrenýär. Biz döwlet işgärlerine hormat goýýarys, ýöne syýasata goşulmaýarys, kasam aýtmaýarys, baýdaga tagzym etmeýäris. Sebäbi biz diňe Ýehowa ýürekden wepaly bolýarys. Ýehowanyň adamzadyň üstünden gowy hökümdar boljakdygyna ynanýarys, ýöne Şeýtan we onuň tarapdarlary munuň bilen razylaşmaýar (1 Mus. 3:1—5, 15). Biz Hudaýyň Patyşalygynyň ähli kynçylyklary aýyrjakdygy hakda wagyz edýäris (Dan. 2:44; Ylh. 19:19—21). Biziň habarymyz akýürekli adamlaryň derdine melhem bolýar, doňýürek adamlaryň derdine dert goşýar (Zeb. 37:10, 11).

3 Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygymyz üçin bizi ýigrenýärler. Sebäbi dünýäniň ahlak kadalaryna bolan garaýşy düýbünden üýtgedi. Adamlar ýigrenji ahlaksyzlyga adaty zat ýaly garaýarlar we iki elläp goldaýarlar. Sodom bilen Gomorranyň ilaty azgyn işleri edendigi üçin, Ýehowa olary ýok edipdi (Ýahd. 7). Biz Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarys we ahlaksyz işleri goldamaýarys. Şonuň üçin adamlar üstümizden gülüp, bizi durmuşdan yza galan hasaplaýarlar (1 Pet. 4:3, 4).

4. Adamlar bizi ýigrense⁠-⁠de, Ýehowa wepaly bolmaga haýsy häsiýetler kömek eder?

4 Adamlar bizi ýigrenip, kemsidenlerinde Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek edýär? Biz Allatagalanyň kömek etjekdigine iman etmeli. Iman galkan kimin «duşmanyň ähli otly oklaryny öçürýär» (Efes. 6:16). Ýöne bize imandan hem has wajyp söýgi häsiýeti gerek. Näme üçin? Sebäbi söýgi «çalt gaharlanmaýar», ähli zada döz gelýär we ähli zada çydaýar (1 Kor. 13:4—7, 13). Geliň, indi Ýehowany, imandaşlarymyzy we duşmanlarymyzy söýsek, Ýehowa wepaly gulluk edip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWANY SÖÝÜŇ

5. Isa pygambere synaglara döz gelmäge näme kömek etdi?

5 Isa pygamber ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi wepaly resullaryna: «Dünýä Atamy söýýändigimi biler ýaly, Atamyň tabşyrygyny berjaý edýärin» diýdi (Ýah. 14:31). Isanyň Ýehowa bolan söýgüsi agyr synaglara döz gelmäge kömek etdi. Biz hem Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýsek, synaglara döz gelip bileris.

6. Rimliler 5:3—5-nji aýatlara görä, adamlar bizi ýigrense⁠-⁠de, Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek edýär?

6 Hudaýhon adamlaryň Ýehowa bolan söýgüsi yzarlamalara döz gelmäge kömek etdi. I asyrda Mejlisiň agzalary resullara wagyz etmegi gadagan etdiler. Şonda olar Hudaýy söýýändikleri üçin: «Biz adamlara däl⁠-⁠de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýdiler (Res. 5:29; 1 Ýah. 5:3). Şu günler hem Hudaýy söýýän adamlar hökümet tarapyndan zalymlyk bilen yzarlansalar⁠-⁠da, imandan dänmeýärler. Olar ruhdan düşmän, Isanyň ady üçin yzarlanýandyklaryna begenýärler (Res. 5:41; Rimliler 5:3—5-nji aýatlary okaň).

7. Dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa näme etmeli?

7 Biz Ýehowa Hudaýy tanamak üçin bilim alyp başlanymyzda, dogan-garyndaşlarymyzyň käbiri bize garşy çykmagy mümkin. Belki, olar biziň aladamyzy edip, erbet adamlardan gorajak bolýandyr. Käbirleri bolsa bizi akylyndan azaşan adam hasaplaýandyr (Markus 3:21-i deňeşdiriň). Olaryň bizi urup-ýençmekleri hem mümkin. Hawa, ene-ataň, dogan-garyndaşlaryň garşy çyksa, has⁠-⁠da agyr degýär. Ýöne şeýle ýagdaýlara geň galmaýarys, sebäbi Isa pygamber: «Adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar» diýdi (Mat. 10:36). Dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa⁠-⁠da, olary duşmanymyz hasaplamaly däl. Eger biz Ýehowany ýürekden söýsek, garşy çykýanlary ýigrenmän, gaýtam söýüp bileris (Mat. 22:37—39). Ýöne biz adamlara ýaranjak bolup, Hudaýyň kada-kanunlaryny bozmaly däl.

Başymyza kyn günler düşüp biler, ýöne Ýehowa hemişe bize göwünlik we güýç berer (8—10-njy abzaslara serediň)

8, 9. Jorjina garşylyga döz gelmäge näme kömek etdi?

8 Jorjinany ejesi urup-ýençse⁠-⁠de, ol imandan dänmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Başda ejem ikimiz Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başladyk. Alty aýdan soň ejeme ýygnaga gitjegimi aýtdym, şonda ejemi tanar ýaly bolmady. Men ejemiň imandan dänenleriň makalalaryny okaýanyny bildim. Ol okan zatlaryny maňa gürrüň berip, pikirimi üýtgetjek bolýardy. Ejem edebiýatlarymy ýyrtyp zyňýardy, maňa sögýärdi, saçymdan tutup süýreýärdi, meni bogýardy. Men şonda⁠-⁠da 15 ýaşymda suwa çümdürildim. Ejem meni Ýehowa gulluk etdirmejek bolup, terbiýeçilik öýüne tabşyrdy. Ol ýerdäki ýaşlar neşe çekýärdi, jenaýatçylyk edýärdi. Seni söýmeli, aladaňy etmeli adamlar garşy çyksa, has⁠-⁠da agyr degýän eken».

9 Jorjina kyn ýagdaýlara döz gelmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Ejem maňa garşy çykyp başlan döwri, men Mukaddes Kitaby doly okap bolupdym. Ýehowa bilen dostlugym has⁠-⁠da berkäpdi. Şu ýoluň hakykatdygyna doly göz ýetiripdim. Men hemişe Ýehowa doga-dileg edýärdim, ol hem maňa jogap berýärdi. Terbiýeçilik öýünde ýaşan günlerim bir uýa meni myhmançylyga çagyrýardy. Şonda biz Mukaddes Kitaby okap, gözleg geçirýärdik. Men ýygnaklara⁠-⁠da baryp bilýärdim. Dogan-uýalar meni öz gyzy ýaly kabul etdiler we meni hemişe ruhlandyrýardylar. Maňa garşy çykýanlar näçe güýçli bolsa⁠-⁠da, Ýehowanyň olardan hem güýçlüdigine göz ýetirdim».

10. Biz näme üçin Ýehowanyň goldajagyna ynamly bolup bileris?

10 Pawlus resul: «Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaýyň söýgüsinden hiç zat aýra salyp bilmez» diýdi (Rim. 8:38, 39). Başymyza kyn günler düşende Ýehowa ruhlandyrýar, goldaýar we güýç-kuwwat berýär. Jorjina uýa bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Ýehowa dogan-uýalar arkaly biziň aladamyzy edýär.

DOGAN-UÝALARY SÖÝELIŇ

11. Isanyň Ýahýa 15:12, 13-nji aýatlardaky beren tabşyrygy şägirtlerine nähili kömek etdi? Mysal getiriň.

11 Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi şägirtlerine: «Biri-biriňizi söýüň» diýip tabşyrdy (Ýahýa 15:12, 13-nji aýatlary okaň). Sebäbi Isa şeýle söýginiň ýigrençden doly dünýäde agzybir ýaşamaga kömek etjekdigini bilýärdi. Meselem, Selanik şäherinde ýygnak dörän badyna, dogan-uýalary zalymlyk bilen yzarladylar. Emma olar biri-birini ýürekden söýdüler we Ýehowa wepaly boldular (1 Sel. 1:3, 6, 7). Pawlus olara biri-biriňizi «öňküdenem has köp söýüň» diýip ündedi (1 Sel. 4:9, 10). Şonda olar göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldap bilýärdiler (1 Sel. 5:14). Olar Pawlusyň maslahatyna ýürekden eýerdiler. Pawlus resul bir ýyldan soň ikinji hatyny ýazýar. Şonda Pawlus: «Bir-biriňize söýgiňiz artýar» diýip, olary öwýär (2 Sel. 1:3—5). Olaryň bir-birine bolan söýgüsi ýowuz yzarlamalara döz gelmäge kömek etdi.

Söýgi ýigrençden doly dünýäde agzybir ýaşamaga kömek edýär (12-nji abzasa serediň) *

12. Bir ýurtda uruş turanda dogan-uýalar biri-birine nädip söýgüsini görkezdiler?

12 Geliň, ýokarda agzalan Danilo dogan we onuň aýaly bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Olaryň şäherinde uruş başlandy. Emma är-aýal hemişe ýygnak duşuşygyna barýardylar we wagyz edýärdiler. Dogan-uýalar bilen barja iýmitini paýlaşýardylar. Bir sapar Danilonyň öýüne ýaragly esgerler gelýär. Danilo şeýle gürrüň berýär: «Esgerler imandan dänmegi talap etdiler. Men „ýok“ diýenimde, olar meni urdular. Kelläme ýarag çenediler, gorkuzmak üçin ýokaryk ok atdylar. Olar: „Biz ýene geleris, şonda aýalyňy zorlarys“ diýip, haýbat atyp gitdiler. Doganlar derrew kömege geldiler, bizi otla mündürip, başga şähere iberdiler. Biz olaryň janyny howp astyna salyp bildiren söýgüsini, goldawyny hiç haçan unutmarys. Baran şäherimizdäki doganlar bizi gujak açyp garşy aldylar, iýer-içer ýaly zat berdiler, iş we öý tapmaga kömek etdiler. Soňra bizem uruş sebäpli öýüni taşlap gaýdan dogan-uýalary myhman aldyk». Şeýle wakalar dogan-uýalaryň biri-birine bolan söýgüsiniň ýigrençden doly dünýäde agzybir ýaşamaga kömek edýändigini görkezýär.

DUŞMANLARYŇYZY SÖÝÜŇ

13. Adamlar bizi ýigrense⁠-⁠de, mukaddes ruh Hudaýa wepaly bolmaga nädip kömek edýär?

13 Isa şägirtlerine duşmanlaryňyzy hem söýüň diýip tabşyrdy (Mat. 5:44, 45). Elbetde, duşmanyňy söýmek aňsat däl! Emma biz Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen muny başararys. Mukaddes ruh söýgi, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýumşaklyk we özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Gal. 5:22, 23). Adamlar bizi ýigrenseler⁠-⁠de, şu häsiýetler Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär. Dogan-uýalaryň şeýle häsiýetleri äriniň, aýalynyň, çagalarynyň we goňşularynyň ýüreklerini ýumşatdy. Hatda olaryň köpüsi Ýehowa iman etdiler we dogan-uýalarymyz boldular. Ýehowa gulluk edýändigiňiz üçin sizi ýigrenýän adamlary söýmek kyn bolsa, Hudaýa doga edip, mukaddes ruhuny soraň (Luka 11:13). Ýehowa gulak assaňyz, hiç haçan ökünmersiňiz! (Nak. 3:5—7).

14, 15. Rimliler 12:17—21-nji aýatlardaky maslahat Ýasmine nädip kömek etdi?

14 Geliň, Ýasmin uýa hakda gürrüň edeliň. Ol Ýehowanyň Şaýady bolýar, emma äri azar ýamanyny berip, ony imandan dändirjek bolýar. Äri Ýasmini kemsidýär, ol dogan-garyndaşlaryny, dini ýolbaşçyny we palçyny küşgürip: «Diniňi taşlamasaň, maşgalaňy dargadarsyň» diýdirýär. Bir gezek ol Ýygnak jaýyna baryp, doganlara agzyna gelenini aýdýar. Ýasmin uýa äriniň ýowuz garşylyklaryna çydaman, köplenç aglaýan eken.

15 Dogan-uýalar Ýasmini ruhlandyrýar we göwünlik berýär. Ýaşulular oňa Rimliler 12:17—21-nji aýatlara (okaň) eýermegi maslahat berýär. Ýasmin şeýle gürrüň berýär: «Şol maslahata eýermek aňsat düşmedi. Ýöne men Ýehowadan kömek soraýardym, Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýermäge jan edýärdim. Ärim aşhanany bilgeşleýin hapalasa, sesimi çykarman süpürip arassalaýardym. Ärim üstüme gygyrsa, ýumşaklyk bilen jogap berýärdim. Hassa wagty ýanyndan aýrylman, aladasyny edýärdim».

Garşy çykýan adamlary söýsek, olaryň ýüregini ýumşadarys (16, 17-nji abzaslara serediň) *

16, 17. Ýasmin bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

16 Ýasminiň tagallasy ýerine düşdi. Ol şeýle diýýär: «Men ärime hemişe dogrymy aýdýardym, şonuň üçin maňa has köp ynanyp başlady. Hudaý barada gürrüň edenimde, ol sözümi bölmän ünsli diňleýärdi. Ol hem agzybir ýaşamagymyz üçin tagalla edip başlady. Meni ýygnak duşuşyklaryna iberýär, öňki ýaly garşy çykyp duranok. Indi maşgalamyzda parahatlyk höküm sürýär. Men ärimiň hakykaty kabul edip, Ýehowa gulluk etjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn».

17 Ýasmin bilen bolan waka söýginiň «ähli zada döz gelýändigini... ähli zada umyt edýändigini, ähli zada çydaýandygyny» subut edýär (1 Kor. 13:4, 7). Ýigrenç adamyň ýüregine ýara salýar, ýöne söýgi ähli ýaralara melhem bolýar. Söýgi doňan ýürekleri eredýär we Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar. Adamlar bizi ýigrenseler⁠-⁠de, barybir bagtly bolup bileris. Nädip?

SIZ BAGTLYSYŇYZ

18. Adamlar bizi ýigrenseler näme üçin bagtly bolup bileris?

18 Isa pygamber: «Adamlar sizi ýigrenende... bagtlysyňyz» diýdi (Luka 6:22). Aslynda, biz adamlaryň ýigrenmegini we yzarlamagyny islemeýäris. Onda näme üçin aýatda siz bagtlysyňyz diýilýär? Geliň, munuň üç sebäbini bileliň. Birinjiden, yzarlamalara döz gelsek, Hudaýy razy edýäris (1 Pet. 4:13, 14). Ikinjiden, synaglar imanymyzy berkidýär (1 Pet. 1:7). Üçünjiden, kynçylyklarda soňuna çenli çydasak, ebedi ýaşarys (Rim. 2:6, 7).

19. Şägirtleri gamçylasalar⁠-⁠da, näme üçin özlerini bagtly duýdular?

19 Isa pygamberiň aýdyşy ýaly, adamlar şägirtleri ýigrenseler⁠-⁠de, olar bagtly bolup bildiler. Şägirtleri gamçyladylar, wagyz etmezligi tabşyrdylar, emma olar gorkmadylar. Sebäbi «Isanyň ady üçin masgara bolandyklaryna begenýärdiler» (Res. 5:40—42). Olar Isa pygamberi şeýle bir gowy görýärdiler welin, duşmanlardan gorkmadylar, gaýratyny gowşatman yhlasly wagyz etdiler. Şu günler hem dogan-uýalar kynçylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly gulluk edýärler. Olar çeken zähmetini we wepalylygyny Ýehowanyň unutmajakdygyny bilýärler (Ýew. 6:10).

20. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

20 Şu dünýä ýok edilýänçä adamlar bizi ýigrenerler (Ýah. 15:19). Ýöne biz gorkmaly däl, sebäbi Ýehowa bize güýç-kuwwat berer we gorar (2 Sel. 3:3). Şu hakda indiki makalada bileris. Geliň, Ýehowany, dogan-uýalary we duşmanlarymyzy söýeliň! Şonda biz agzybir ýaşarys, imanymyzy berkideris we Ýehowany şöhratlandyrarys. Şeýle⁠-⁠de söýginiň ýigrenjiň üstünden ýeňiş gazanýandygyny subut ederis.

106-NJY AÝDYM Söýmegi öwreneliň

^ par. 5 Adamlar bizi ýigrenseler⁠-⁠de, Ýehowany, imandaşlarymyzy, duşmanlarymyzy söýsek, wepaly gulluk edip bileris. Isa pygamber hem adamlar bizi ýigrenseler⁠-⁠de bagtly bolup biljekdigimizi aýtdy. Häzir makalada şular hakda gürrüň ederis.

^ par. 1 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 58 SURAT: esgerler Danilo dogany urup, haýbat atýarlar. Doganlar Danilony we aýalyny otla mündürip, başga şähere iberýärler. Baran şäherindäki dogan-uýalar olary gujak açyp garşy alýarlar.

^ par. 60 SURAT: Ýasmine äri garşy çykýar. Ýaşulular Ýasmine peýdaly maslahat berýär. Ýasmin maslahata eýerýär we äri hassa wagty, ýanyndan aýrylman aladasyny edýär.