Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa bil baglap ýaşaň

Ýehowa bil baglap ýaşaň

«Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma» (Sül. tym. 3:5).

AÝDYMLAR: 152, 49

1. Biziň ählimiz näme üçin tesellä mätäç?

BIZIŇ ählimiz tesellä mätäç. Mümkin, biz gaýgy-aladalardan, lapykeçlikden ýa-da betbagtçylykdan ejir çekýändiris. Ýa-da garrylyk, keselçilik ýa ýakynymyzyň ölümi sebäpli hasrat çekýändiris. Käbirimiz bolsa garşylyklara duçar bolýarys. Üstesine-de, biz erbetligiň gitdigiçe köpelýän döwründe ýaşaýarys. Dogrudan-da, biz «juda kyn», ýagny «soňky günlerde» ýaşaýandygymyza we ädimme-ädim täze dünýä ýakynlaşýandygymyza doly ynanýarys (2 Tim. 3:1). Emma biz Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetmegine ençeme ýyldan bäri garaşýan bolmagymyz mümkin. Kynçylyklarymyz hem gitdigiçe köpelýändir. Şeýle ýagdaýda biz nireden teselli tapyp bileris?

2, 3. a) Biz Habakuk pygamber barada nämeleri bilýäris? b) Biz näme üçin Habakuk pygamberiň kitabyny öwrenmek isleýäris?

2 Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, geliň, Habakuk pygamberiň kitabyna ýüzleneliň. Mukaddes Ýazgylarda Habakuk pygamberiň ýaşaýşy we eden işleri barada jikme-jik aýdylmasa-da, onuň adyny göterýän kitap bize teselli berýär. Habakuk pygamberiň adynyň manysy «bagryňa basmak» diýmegi aňladýar. Bu Ýehowanyň gullukçylaryna teselli berýändigini ýa-da olary mähir bilen bagryna basýandygyny görkezýär. Habakuk pygamber Hudaýa oýlandyryjy sowallary berýär. Ol biziň ýaşaýşymyz bilen bagly köp soraglary berensoň, Ýehowa pygamberini bu gürrüňdeşligi Mukaddes Ýazgylara ýazmaga ylhamlandyrýar (Hab. 2:2).

3 Aladaly we ruhdan düşen pygamber bilen Ýehowanyň arasynda bolan şu gürrüňdeşlikden başga Mukaddes Ýazgylaryň hiç ýerinde Habakuk barada aýdylmaýar. Onuň kitaby «öňki ýazylan zatlaryň ählisiniň» bir bölegi bolup, «bize umyt berýär, çünki Ýazgylardaky zatlar çydamly bolmaga kömek edýär we teselli berýär» (Rim. 15:4). Habakuk pygamberiň kitabynyň bize ýene nähili peýdasy bar? Ol bize Ýehowa bil baglamagyň näme aňladýandygyna düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de Habakugyň pygamberligi gaýgy-aladalara we kynçylyklara garamazdan, kalbymyzda parahatlygy saklap bolýandygyna ynandyrýar. Geliň, Habakuk pygamberiň kitabyny has jikme-jik öwreneliň.

ÝEHOWA DOGA EDIŇ

4. Habakuk pygamber näme üçin göwnüçökgünlige düşýär?

4 Habakuk 1:2, 3-nji aýatlary okaň *. Habakuk pygamber juda kyn döwürde ýaşapdy. Ol daş-töweregindäki adamlaryň edýän zalym we erbet işlerinden ýaňa gaty göwnüçökgünlige düşüpdi. Habakuk pygamberi «bular haçana çenli erbetlik etjekkä? Ýehowa näme üçin şeýle uzak wagtlap hereket etmeýärkä?» diýen soraglar biynjalyk edýärdi. Pygamberiň görýän ähli adalatsyzlygyny we erbet işlerini keseki adamlar däl-de, onuň öz ildeşleri edýärdi. Şol sebäpli ol özüni alaçsyz duýýardy. Şeýle kyn döwürde ol doga edip, Ýehowadan kömek soraýar. Habakuk pygamber hamala Ýehowa halkynyň aladasyny etmeýär ýa-da ol eglenýär diýip pikir edip bilerdi. Siz Hudaýyň bu wepaly gullukçysynyň nähili duýgular bilen göreşendigini göz öňüne getirýärsiňizmi?

5. Habakuk pygamberiň kitabyndan näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Habakuk pygamber Ýehowa bolan ynamyny ýitirdimi? Onuň Hudaýyň wadalaryna bolan imany gowşadymy? Elbetde, ýok. Pygamberiň kynçylyklaryny we aladalaryny adamlara däl-de, Ýehowa aýtmagy onuň ýan bermändigini aýan edýär. Elbetde, ony käbir zatlar biynjalyk edýärdi. Sebäbi ol Ýehowanyň bu zatlara näme üçin ýol berýändigine we onuň öz bellän wagtynda hereket edýändigine doly düşünmeýärdi. Habakuk pygamberi gaýgy-aladalaryny ýazmaga ylhamlandyrmak bilen, Ýehowa bize bir wajyp zady öwretmek isleýär. Biz Hudaýa aladalarymyzy we biynjalyk edýän zatlarymyzy aýtmaga gorkmaly däl. Ol bizi mähir bilen dogada ýüregimizi dökmäge çagyrýar (Zeb. 50:15; 62:8). Süleýmanyň tymsallary 3:5-de: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma» diýilýär. Habakuk pygamber bu sözleri bilen bolmaly. Şonuň üçin olary ýüreginde saklaýardy.

6. Doga etmek näme üçin wajyp?

6 Habakuk pygamber Ýehowa ýakynlaşmak üçin elinde baryny edýärdi. Ol gökdäki Atasyna hem Dostuna ýürekden bil baglaýardy. Habakuk pygamber öz düşünjesine bil baglap, düşen ýagdaýyna gaharlanmady. Gaýtam, duýgularyny we aladalaryny dogada Ýehowa aýdyp, bize gowy görelde galdyrdy. Dogalary eşidýän Ýehowa bizi aladalarymyzy oňa aýtmaga we özüne bil baglamaga çagyrýar (Zeb. 65:2). Şeýtsek, Ýehowanyň mähirli aladasyny duýmaga we görkezmesine eýermäge kömek eder (Zeb. 73:23, 24). Şeýle-de Ol bize nähili aladamyz bolsa-da, öz garaýşyny bilmäge kömek eder. Biziň ýürekden edýän dogalarymyz Hudaýa bolan ynamymyzy has-da berkidýän zatlaryň biridir.

ÝEHOWA GULAK ASYŇ

7. Ýehowa Habakuk pygamberiň biynjalyk bolýan zatlaryna nähili garady?

7 Habakuk 1:5—7-nji aýatlary okaň *. Habakuk pygamber gaýgy-aladalaryny we biynjalyk edýän zatlaryny Ýehowanyň eline tabşyransoň, Onuň nähili hereket etjekdigine geň galan bolmaly. Mähirli we aladaçyl ata hökmünde Ýehowa gullukçysynyň ýürekden aýdan nalyşy üçin ony ýazgarmady. Hudaý onuň gaýgy-hasratdan we alaçsyzlykdan ýaňa şeýle sözleri aýdandygyny bilýärdi. Ýehowa Habakuk pygambere kesirlik edýän ýehudylara tizden näme etjekdigini aýan etdi. Ol tizden hökümini amala aşyrjakdygyny, ilki bilen, Habakuk pygambere aýdypdy.

8. Ýehowanyň beren jogaby Habakuga nähili täsir etdi?

8 Ýehowa Habakuk pygambere hereket etmäge taýýardygyny görkezdi. Zalym hem-de rehimsiz nesle çykarylan höküm ýakyndy. Ýehowa «siziň günleriňizde» diýmek bilen, bu hökümi pygamberiň ýa-da onuň döwürdeşleriniň döwründe ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Habakuk Ýehowadan beýle jogaba garaşmandy. Eýsem, bu Habakugyň eden nalyşyna jogap diýse bolarmy? Aslynda, Ýehowa oňa tutuş Ýahuda ülkesiniň ejir çekjekdigini aýtdy. Wawilonlylar rehimsiz we zalymdy; olar Habakugyň ildeşlerinden has köp zalymlyk edýärdi. Onda Ýehowa näme üçin öz halkyna betbagtçylyk indermek üçin bu butparaz halky ulanmakçy bolduka? Eger siz Hudaýdan şeýle habary eşiden bolsaňyz, özüňizi nähili duýardyňyz?

9. Habakuk pygamberde nähili soraglar dörän bolmaly?

9 Habakuk 1:12—14, 17-nji aýatlary okaň *. Habakuk Ýehowanyň erbet iş edýän adamlara wawilonlylar arkaly höküm çykarjakdygyna we jeza berjekdigine düşünse-de, ol henizem biynjalyk bolýardy. Ýöne ol şonda-da pesgöwünlilik bilen Ýehowany «Gaýasy» hasaplaýandygyny aýtdy (Kan. tag. 32:4; Iş. 26:4). Habakuk pygamber sabyrlylyk bilen Hudaýa bil baglamagyny dowam edýärdi we onuň söýgi hem-de mähir bilen hereket etjekdigini bilýärdi. Pygamberiň gelen karary Ýehowanyň goldajakdygyna ynamyny hasam berkitdi. Eýsem, Hudaý Ýahudada ýagdaýyň erbetleşmegine näme üçin ýol berdi? Hudaý näme üçin şol bada hereket etmedikä? Gudratygüýçli betbagtçylyklaryň köpelmegine näme üçin çydaýar? Zalymlyk gitdigiçe güýjese-de, ol näme üçin «dymýar»? Ýehowa «mukaddes Hudaý»; onuň gözleri «pisligi görerden päkdir». Onda ol näme üçin bu zatlaryň bolmagyna ýol berýär?

10. Näme üçin käte özümizi Habakuk pygamber ýaly duýmagymyz mümkin?

10 Käte bizem özümizi Habakuk pygamber ýaly duýmagymyz mümkin. Elbetde, biz Ýehowa gulak asýarys. Oňa doly bil baglaýarys. Her gün onuň Sözüni okap, öwrenýäris. Bu biziň umydymyzy berkidýär. Şeýle-de biz Hudaýyň guramasy arkaly berýän görkezmelerini we wadalaryny eşidýäris. Emma bizde şonda-da şeýle sorag ýüze çykmagy mümkin: «Bu zatlaryň soňy haçan geler?» Geliň, Habakuk pygamberiň soňra näme edendigine seredeliň.

ÝEHOWA GARAŞYŇ

11. Habakuk Ýehowany diňländen soň näme etmegi ýüregine düwdi?

11 Habakuk 2:1-i okaň *. Habakugyň Ýehowa bilen gürrüňdeşligi onuň kalbyna rahatlyk berdi. Şol sebäpli ol Ýehowa garaşmagy ýüregine düwdi. Bu az salymlyk hereket däldi. Sebäbi ol gaýta-gaýta: «Betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn» diýip, Hudaýa doly bil baglaýandygyny görkezdi (Hab. 3:16). Hudaýyň beýleki wepaly gullukçylary hem sabyrlylyk bilen oňa bil baglaýardylar. Olaryň göreldesi bizi Ýehowanyň hereket etjek wagtyna çenli sabyrly garaşmaga höweslendirýär (Mika 7:7; Ýak. 5:7, 8).

12. Habakuk pygamberiň garaýşyndan näme öwrenip bileris?

12 Habakuk pygamberiň garaýşyndan biz näme öwrenýäris? Birinjiden, nähili synag bolsa-da, biz Ýehowa doga etmegimizi hiç haçan bes etmeli däl. Ikinjiden, Ýehowanyň Sözi we guramasy arkaly aýdýan zatlaryny diňlemeli. Üçünjiden, Ýehowa sabyrly garaşmaly we onuň öz wagtynda kynçylyklarymyzy aýyrjakdygyna doly ynanmaly. Eger biz Ýehowa ýüregimizi dökmegi dowam etsek we Habakuk pygamber ýaly ony sabyrlylyk bilen diňlesek, ýüregimiz aram tapar. Bu bolsa bize kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek eder. Umyt bize sabyrly bolmaga we kynçylyklara garamazdan, Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmäge ýardam berýär. Şeýle-de umyt gökdäki Atamyzyň öz wagtynda hereket etjekdigine ynamymyzy berkidýär (Rim. 12:12).

13. Ýehowa Habakuga nädip teselli berdi?

13 Habakuk 2:3-i okaň *. Ýehowa Habakugyň sabyrlylygyny gymmat saýýardy. Gudratygüýçli Ýehowa pygamberiniň düşen ýagdaýyndan doly habarlydy. Şonuň üçin ol söýgi bilen Habakuga teselli berdi we onuň ak ýürekden beren soraglaryna jogap berjekdigine ynandyrdy. Bu bolsa onuň ähli gaýgy-aladalarynyň tizden aýryljakdygyna ynamyny berkitdi. Aslynda, Hudaý Habakuk pygambere: «Sabyrly bol, maňa bil bagla. Hatda eglenýän ýaly bolup görünse-de, men seniň dogalaryňa hökman jogap bererin» diýýän ýalydy. Ýehowa oňa wadalaryny öz wagtynda berjaý etjekdigini ýatlatdy. Şeýle-de wadalaryny amala aşyrýança, sabyrly garaşmaga höweslendirdi. Netijede, Habakuk pygamber ruhdan düşmedi.

Biz näme üçin Ýehowa iň gowy zadymyzy berip gulluk etmegi ýüregimize düwdük? (14-nji abzasa serediň)

14. Kynçylyga uçranymyzda näme etmeli?

14 Ýehowa sabyrly garaşsak we onuň aýdýan zatlaryna ünsli bolsak, betbagtçylyga ýa-da kynçylyga uçranymyzda, oňa bil baglamaga hem-de rahatlygy saklamaga kömek eder. Isa ünsümizi Hudaýyň entek aýan etmedik «wagtyna we döwrüne» gönükdirmän, wagtyň Eýesi Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi (Res. iş. 1:7). Şol sebäpli biz ruhdan düşmän, gaýtam, pesgöwünlilik, sabyrlylyk we iman bilen Ýehowa garaşmaly we oňa iň gowy zadymyzy berip gulluk etmek üçin wagtymyzy paýhasly ulanmaly (Mar. 13:35—37; Gal. 6:9).

ÝEHOWA ÖZÜNE BIL BAGLAÝANLARA EBEDI ÝAŞAÝYŞ SYLAGYNY BERER

15, 16. a) Habakuk kitabynda nähili ajaýyp wadalar bar? b) Bu wadalar bizi nämä ynandyrýar?

15 Ýehowa Özüne bil baglaýan dogruçyl adamlara şeýle wada berýär: «Dogruçyl iman bilen ýaşar... bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar» (Hab. 2:4, 14). Hawa, Hudaýa sabyrlylyk bilen bil baglaýan adamlar ebedi ýaşaýyş sylagyna eýe bolar.

16 Habakuk 2:4-däki Hudaýyň wadasy birbada umumy aýdylan ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma Pawlus resul bu aýada üç gezek salgylanyp, Ýehowanyň wadasynyň örän wajypdygyny belläp geçdi (Rim. 1:17; Gal. 3:11; Ýew. 10:38). Dogry adam nähili kynçylyga uçrasa-da, Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine iman edip ýaşaýar we Oňa bil baglaýar. Ýehowa hem ünsümizi gelejekde aljak bereketlerimize gönükdirmäge çagyrýar.

17. Habakuk kitaby bizi nämä ynandyrýar?

17 Habakuk kitabyndan biziň ählimiz köp zatlary öwrenýäris. Ýehowa Özüne iman edýän we bil baglaýan her bir dogruçyl adamyň ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyny wada berýär. Şonuň üçin, geliň, nähili kynçylyk ýa-da alada bizi gurşap alsa-da, Hudaýa bolan imanymyzy berkitmegi we Oňa bil baglamagymyzy dowam edeliň. Ýehowa Habakuk pygamber arkaly bizi goldajakdygyna we gorajakdygyna ynandyrýar. Ol bizi mähir bilen özüne bil baglamaga we Patyşalygy astynda bütin ýer ýüzüniň pesgöwünli we bagtly gullukçylaryndan doljak wagtyna sabyrly garaşmaga çagyrýar (Mat. 5:5; Ýew. 10:36—39).

ÝEHOWA BIL BAGLAP ÝAŞAŇ

18. Ýehowanyň sözleri Habakuk pygambere nähili täsir etdi?

18 Habakuk 3:16—19-njy aýatlary okaň *. Ýehowanyň sözleri Habakuk pygambere güýçli täsir edýär. Ol Ýehowanyň geçmişde öz halky üçin eden täsin işleri hakda oýlanýar. Şonuň üçin ol näme bolaýanda-da Hudaýa bil baglamaga taýyndy. Habakuk Ýehowanyň tizden hereket edip başlajakdygyny bilýärdi. Kynçylyklarynyň ýene birnäçe wagtlap dowam etjekdigini bilse-de, bu oňa teselli berdi. Habakuk pygamberiň şübhesi şatlyga öwrüldi. Sebäbi ol Ýehowanyň halas ediji güýjüne bil baglaýardy. Pygamberiň sözleri adamyň Hudaýa bolan güýçli ynamyny görkezýän Ýazgylardaky ruhlandyryjy parçalaryň biri bolup durýar. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, 18-nji aýatdaky sözler göni manyda «men Rebde şatlykdan ýaňa bökjeklärin; Hudaýa bolan buýsanjymdan ýaňa ýüregim joşar» diýmegi aňladýar. Bu sözler biziň ählimizi ruhlandyryp berkidýär! Ýehowa diňe bir ajaýyp zatlary wada bermän, eýsem, olary ýerine ýetirmek üçin häzirden köp işleri edýändigine ynandyrýar.

19. Biz nädip Habakuk pygamberiňki ýaly tesellini tapyp bileris?

19 Habakuk pygamberiň wajyp habary Ýehowa bolan ynamymyzy artdyrýar (Hab. 2:4). Eger biz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitsek, oňa Habakuk pygamber ýaly bil baglarys. Munuň üçin 1) ähli gaýgy-aladalarymyzy we biynjalyk edýän zatlarymyzy dogada Ýehowa aýtmaly, 2) Ýehowanyň Sözi we guramasy arkaly berýän her bir görkezmesine ünsli bolmaly, 3) wepalylygymyzy saklap, Ýehowa sabyrly garaşmaly. Habakuk pygamber hem şeýle etdi. Ol kitabyny gynançly sözler bilen başlasa-da, soňuny ynamly we şatlykly sözler bilen jemleýär. Geliň, bizem Ýehowanyň atalyk aladasyny duýup biler ýaly, Habakuk pygamberiň göreldesine eýereliň. Eýsem, şu garaňky dünýäde iň gowy tesellini başga nireden tapyp bileris?!

^ abzas 4 Habakuk 1:2 Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, ýöne Sen halas etmeýäň. 3 Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok.

^ abzas 7 Habakuk 1:5 Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz. 6 Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdürerin. 7 Aýylganç hem gorkunçdyrlar, öz düzgünlerine görä hereket edýärler.

^ abzas 9 Habakuk 1:12 Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň. 13 Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň? 14 Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly, serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň. 17 Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?

^ abzas 11 Habakuk 2:1 Gözegçilik edýän ýerimde duraryn, diňiň üstüne çykaryn. Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin, şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin.

^ abzas 13 Habakuk 2:3 Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.

^ abzas 18 Habakuk 3:16 Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn. 17 Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da, 18 Men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar. 19 Beýik Hudaý güýjüm-kuwwatymdyr, aýaklarymy keýigiň aýaklary dek edip, Meni belentliklerde gezdirýär.