Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Hakykaty satyn al, ony hiç haçan satma»

«Hakykaty satyn al, ony hiç haçan satma»

«Hakykaty satyn al, ony satma; akyldarlygy, terbiýäni we düşünjäni hem gazan» (Sül. tym. 23:23).

AÝDYMLAR: 37, 125

1, 2. a) Biziň üçin iň gymmatly zat näme? b) Biz haýsy hakykatlary gymmat saýýarys we näme üçin? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

SIZIŇ üçin iň gymmatly zat näme? Şol zat üçin siz gymmaty pesräk zatlardan höwes bilen geçýärsiňizmi? Ýehowa özüni bagyş eden adamlar üçin bu soraglaryň jogaby ýönekeý. Biziň üçin iň gymmatly zat — Ýehowa bilen dostlugymyz. Ony hiç bir zada deňäp bolmaýar. Şeýle-de biz gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy has-da berkidýän Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gymmat saýýarys (Kol. 1:9, 10).

2 Beýik Mugallymymyz Ýehowa bize öz Sözi arkaly tälim berýär. Ol bize adynyň manysyny we häsiýetlerini aýan edýär. Şeýle-de söýgüli Oglunyň töleg gurbany baradaky hakykaty bilmäge kömek edýär. Mundan başga-da Ýehowa bize Mesihi Patyşalyk, mesh edilenleriň gökdäki we «başga goýunlaryň» ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşamak umydy baradaky hakykaty aýan edýär (Ýah. 10:16). Hudaý bize özümizi nähili alyp barmalydygymyzy hem öwredýär. Biz bu hakykatlary gymmat saýýarys, sebäbi olar bizi Ýaradyjymyza ýakynlaşdyrýar we durmuşymyzy manyly edýär.

3. «Hakykaty satyn almak» nämäni aňlatmaýar?

3 Ýehowa jomart Hudaý. Ol hakykaty gözleýän adamlardan gowy zady gizlemeýär. Ýehowa hatda söýgüli Oglunyň janyny bize sowgat hökmünde berdi. Elbetde, Hudaý bizden hakykat üçin pul talap etmeýär. Simun atly adam mukaddes ruh sylagyny almak üçin Petrus resula pul hödürleýär. Petrus oňa käýäp, şeýle diýýär: «Puluň özüň bilen bile heläk bolsun. Sebäbi sen Hudaýyň jomartlyk bilen berýän ruhuny pula satyn alaryn öýtdüň» (Res. iş. 8:18—20). Onda «hakykaty satyn alyň» diýen tabşyryk nämäni aňladýar?

HAKYKATY «SATYN ALMAK» NÄMÄNI AŇLADÝAR?

4. Şu makalada nämä serederis?

4 Süleýmanyň tymsallary 23:23-i okaň. Biz Hudaýyň Sözündäki hakykaty edinmek üçin tagalla etmeli. Ony edinip biler ýaly, islendik zatdan geçmäge taýyn bolmaly. Süleýmanyň tymsallaryndan görnüşi ýaly, biz hakykaty «satyn alanymyzdan» soň, ony «satmakdan» ýa-da ýitirmekden seresap bolmaly. Geliň, hakykaty satyn almagyň näme aňladýandygyna we ony edinmek üçin nämelerden geçmeli boljakdygymyza seredeliň. Bu biziň hakykata bolan minnetdarlygymyzy artdyrar we ony hiç haçan «satmazlyk» islegimizi berkider. Şeýle-de hakykaty satyn almak üçin nämeden geçsek-de, ol biziň geçen islendik zadymyza degýändigini bileris.

5, 6. a) Hakykaty nädip satyn alyp bileris? Mysal getiriň. b) Hakykaty edinmegiň nähili peýdasy bar?

5 Hatda käte mugtuna berilýän zatlary almak üçinem tagalla etmeli bolýar. Süleýmanyň tymsallary 23:23-däki «satyn almak» diýip terjime edilen ýewreý sözi «edinmek» diýen manyny hem berýär. Bu iki söz gymmatly bir zady almak üçin tagalla etmelidigini ýa-da nämedir bir zatdan geçmelidigini görkezýär. Hakykaty satyn almagyň näme aňladýandygyna düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Aýdaly, dükanlaryň birinde «Mugtuna banan bar» diýen ýazgy goýlupdyr. Şol bananlar mugt berilse-de, olar öz-özünden öýümize gelýärmi? Elbetde, ýok. Biz ony dükandan alyp gaýtmak üçin tagalla etmeli bolýarys. Edil şonuň ýaly, hakykaty satyn almak üçin pul tölemesek-de, ony edinmek üçin tagalla etmeli.

6 Işaýa 55:1—3-nji aýatlary okaň *. Ýehowanyň Işaýa pygamber arkaly aýdan sözleri hakykaty satyn almagyň näme aňladýandygyna has aýdyň düşünmäge kömek edýär. Bu aýatlarda Ýehowa sözüni suw, süýt we şerap bilen deňeşdirýär. Arassa we buz ýaly suwuň teşneligimizi gandyryşy ýaly, Hudaýyň Sözündäki hakykat hem janymyza dynçlyk berýär. Şeýle-de süýdüň bedeni berkidip, çaganyň sagdyn kemala gelmegine kömek edişi ýaly, Ýehowanyň sözleri bizi berkidip, ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Mundan başga-da Ýehowanyň sözleri şerap bilen deňeşdirilýär. Näme üçin? Mukaddes Ýazgylarda şerap adamy şatlandyrýan zat hökmünde agzalýar (Zeb. 104:15). «Şeraby satyn alyň» diýmek bilen, Ýehowa sözlerine gulak asyp ýaşamagyň şatlyk berýändigine ynandyrýar (Zeb. 19:8). Bu ajaýyp deňeşdirme Hudaýyň Sözündäki hakykaty öwrenmegiň we ony durmuşda ulanmagyň peýdalydygyny görkezýär. «Tagalla etmekligi» bir zat üçin berilýän töleg bilen deňeşdirse bolýar. Geliň, haýsy bäş usul bilen hakykaty satyn alyp biljekdigimize seredeliň.

HAKYKATY SATYN ALMAK ÜÇIN SIZ NÄMEDEN GEÇDIŇIZ?

7, 8. a) Hakykaty satyn alar ýaly näme üçin wagt gerek? b) Mariko hakykaty satyn almak üçin näme etdi we bu nähili netije berdi?

Wagt. Bu hakykaty satyn almak üçin zerur bolan zatlaryň biri. Dogrudan-da, Patyşalyk habaryny diňlemek, Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlary okamak, şahsy okuwyny geçirmek hem-de ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, oňa yzygider gatnaşmak üçin wagt gerek bolýar. Munuň üçin biz wajyp bolmadyk käbir işlerden wagty «satyn almaly» bolýarys (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň we çykgydyna serediň). Eýsem, Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwrenmek üçin näçe wagt gerek? Bu biziň ýagdaýymyza bagly. Biz Ýehowanyň akyldarlygynyň, işleriniň we ýollarynyň hiç haçan aňyrsyna ýetip bilmeýäris (Rim. 11:33). «Garawul diňiniň» ilkinji sanynda hakykat «kiçijik owadan gül» bilen deňeşdirilip, şeýle diýildi: «Diňe bir gül bilen çäklenmäň. Sebäbi bir gül ýeterlik bolan bolsa, onda güller köp bolmazdy. Şonuň üçin köpräk ýygyň we olary gözlemegiňizi dowam ediň». Özümize şeýle sorag berip bileris: «Meniň gül dessämiň ululygy nähili?» Başgaça aýdanyňda, biz Hudaýyň açan hakykatlaryny gymmat saýýarysmy? Biz hatda ebedi ýaşaýşyň dowamynda-da Ýehowa barada hemişe öwrenmegimizi dowam ederis. Şonuň üçin şu günler hakykaty satyn alar ýaly, wagtymyzy paýhasly ulanmak örän wajyp.

8 Geliň, hakykata ajygyp-suwsan Mariko * uýamyz bilen bolan waka seredeliň. 1950-nji ýyllaryň ahyrynda ol Ýaponiýada bir dini topara gatnap başlaýar. Soňra ol Ýaponiýadan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine okuwa gelýär. Şonda ol öýden-öýe wagyz edip ýören bir pioner uýa duşýar. Mariko Ýazgylardaky hakykaty öwrenip başlanda, begenjiniň çägi bolmaýar. Şol sebäpli ol uýadan hepdede iki gezek okuw geçmegi haýyş edýär. Ol okuwdan daşary işleýändigine garamazdan, ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlaýar. Şeýle-de ol hakykaty öwrenmek üçin dynç alşyň käbir görnüşlerine gatnaşmagyny bes edýär. Marikonyň käbir zatlardan geçmegi oňa ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Şeýdip, bary-ýogy bir ýylyň içinde ol suwa çümdürilýär. Alty aý geçensoň, 2006-njy ýylda ol pioner gullugyna başlaýar we häzirem pioner bolup gulluk edýär.

9, 10. a) Hakykaty satyn almak maddy zatlara bolan garaýşymyza nähili täsir edýär? b) Mariýa hakykat üçin nämelerden geçdi we häzir ol özüni nähili duýýar?

9 Maddy zatlar. Hakykaty satyn almak üçin, biz girdejili işimizden ýa-da kärimizden geçmeli bolmagymyz mümkin. Isa Petrus bilen Andreasy yzyna eýermäge çagyranda, olar «adam tutýan balykçy» bolmak üçin «torlaryny taşlap», onuň yzyna düşdüler (Mat. 4:18—20). Elbetde, şu günler hakykaty bilen adamlaryň köpüsi derrew işini taşlamaýar. Olar Ýazgylar esasynda maşgalasyny eklemek jogapkärçiliginiň bardygyna düşünýärler (1 Tim. 5:8). Emma hakykaty öwrenen adamlar köplenç maddy we gymmat saýýan zatlaryna bolan garaýşyny özgertmeli bolýar. Isa: «Ýer ýüzünde hazyna ýygnamagyňyzy bes ediň. . . Muňa derek gökde hazyna ýygnaň» diýende, munuň şeýledigini aýdyň görkezdi (Mat. 6:19, 20). Geliň, Mariýa bilen bolan waka seredeliň.

10 Ol mekdebe barmanka, golf toparyna gatnap başlaýar. Ol ýokary klaslarda okaýan döwri hem golf oýnamak ukybyny ösdürýär. Şeýdip, ol Ýokary okuw jaýynda okamaga mümkinçilik gazanýar. Golf onuň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolýar. Şol sebäpli ol ökde golfçy hökmünde bu ugurdan kär edinmegi maksat edinýär. Soňra Mariýa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar we öwrenen hakykatlary oňa güýçli täsir edýär. Ol hakykatyň durmuşyny özgertmäge kömek edendigine diýseň minnetdar. Mariýa şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylaryň kadalary esasynda garaýşymy we durmuşymy özgerdenimde, özümi has-da bagtly duýdum». Ol şol bir wagtyň özünde hem ruhy, hem maddy baýlyga ymtylmagyň kyndygyna düşünýär (Mat. 6:24). Hakykaty edinmek üçin ol uzak ýyllaryň dowamynda arzuw eden ökde golfçy bolmak maksadyndan, baýlykdan hem-de meşhur bolmakdan el çekýär. Şeýdip, ol hakykaty satyn alýar. Häzir Mariýa pioner bolup gulluk edýär we özüni «bagtly duýýandygyny hem-de durmuşynyň has manyly» bolandygyny aýdýar.

11. Hakykaty satyn alanymyzda başgalar bilen gatnaşygymyza nähili täsir edip biler?

11 Başgalar bilen gatnaşyk. Biz Ýazgylardaky hakykat boýunça ýaşap başlanymyzda, bu dost-ýarlarymyz we dogan-garyndaşlarymyz bilen gatnaşygymyza täsir edip biler. Näme üçin? Isa şägirtleri barada şeýle doga edipdi: «Olary sözüň bilen mukaddes et, sebäbi seniň sözüň hakykatdyr» (Ýah. 17:17). «Mukaddes et» diýen sözler «aýryp goý» diýmegi hem aňladýar. Biz hakykaty kabul edenimizde, dünýäden aýry bolýarys. Sebäbi indi onuň işlerine goşulmaýarys. Gymmat saýýan zatlarymyzyň üýtgändigi üçin adamlar bize başgaça garap başlaýar. Biz Mukaddes Ýazgylaryň kadalary boýunça ýaşaýarys. Elbetde, biz aramyzda bölünişigiň bolmagyny islemeýäris. Ýöne käbir dost-ýarlarymyzyň we maşgala agzalarymyzyň bizden çetleşmegi, hatda imanymyz üçin garşy çykmagy hem mümkin. Biz muňa geň galmaýarys, sebäbi Isa: «Adamyň duşmany öý-içerisindäkileri bolar» diýip duýdurdy (Mat. 10:36). Şeýle-de ol hakykaty satyn almak üçin geçýän islendik zadymyzyň ýüz esse sylaglanjakdygyna ynandyrdy (Markus 10:28—30-njy aýatlary okaň).

12. Ýewreý halkyndan bolan bir adam hakykat üçin nämeden geçmeli boldy?

12 Aron söwdagär we ýewreý halkyndandy; oňa çagalykdan «Hudaýyň adyny tutmaly däl» diýip öwredilipdi. Emma onuň hakykaty bilesi gelýärdi. Ýehowanyň Şaýatlary oňa ýewreýçe dört çekimsiz harp bilen ýazylan Hudaýyň adyny görkezenlerinde we onuň «Ýehowa» diýip tutulýandygyny aýdanlarynda, ol haýran galýar. Aron begenjinden ýaňa, bu täzeligi paýlaşmak üçin buthana barýar. Emma buthana gullukçylary muny Aronyň isleýşi ýaly kabul etmeýär. Olar Hudaýyň ady baradaky hakykaty bilen Aronyň begenjini paýlaşmagyň deregine, ony kemsidip, kowup goýberýärler. Hatda onuň maşgalasynda-da dartgynly ýagdaý döreýär. Muňa garamazdan, ol hakykaty satyn almagyny dowam edýär we ömrüniň ahyryna çenli batyrgaýlyk bilen Ýehowa gulluk edýär. Aronyňky ýaly hakykat ýolunda ýöremek üçin jemgyýetdäki ornumyz we maşgala gatnaşyklarymyz üýtgese-de, biz islendik gymmatly zadymyzdan geçmäge taýyn bolmaly.

13, 14. Hakykaty satyn almak üçin pikirimizde we hereketimizde nähili özgerişlik etmeli? Mysal getiriň.

13 Hudaýa ýaramaýan pikirler we işler. Hakykaty kabul edip, Mukaddes Ýazgylaryň kadalary boýunça ýaşamak üçin, biz pikirimizi we özümizi alyp barşymyzy üýtgetmäge taýyn bolmaly. Petrus resulyň bu babatda näme diýendigine üns beriň: «Hudaýy tanamaýan wagtyňyzdaky höwesleriňize eýermegiňizi bes edip, gulak asýan çagalar ýaly boluň. . . özüňizi ähli zatda mukaddes alyp baryň» (1 Pet. 1:14, 15). Korinfdäki ahlak taýdan bozuk adamlar hakykaty satyn almak üçin durmuşynda köp özgerişlik etmelidi (1 Kor. 6:9—11). Şonuň ýaly şu günlerem köp adamlar hakykaty satyn almak üçin Hudaýa ýaramaýan işlerini taşladylar. Petrus resul öz döwründäki mesihçilere şeýle diýdi: «Siziň öň haýasyz işlerde, ahlaksyz höweslerde, serhoşlykda, keýpi-sapaly oturylyşyklarda, içhä-içişlikde we ýigrenji butparazlykda gezip, dünýädäki adamlaryň islegine görä ýaşanyňyz ýeterlikdir» (1 Pet. 4:3).

14 Deýwin bilen Jasmin köp ýyldan bäri spirtli içgileri içýärdi. Deýwin käri boýunça hasapçy bolsa-da, spirtli içgileri içýändigi üçin işinden kowulýar. Jasmin bolsa gaharjaň we uruşgandy. Bir gezek Jasmin içgili halda ýoldan ýöräp barýarka, iki sany Ýehowanyň Şaýadyna duşýar. Bu missioner är-aýal oňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edýär. Emma olar okuw geçmek üçin baranlarynda, Jasminem, Deýwinem içgili eken. Olar şol missionerler öýüne geler diýip, asla pikir etmeýärdi. Indiki sapar ýagdaý başgaça bolýar. Jasmin bilen Deýwin Mukaddes Ýazgylary erjellik bilen öwrenip, alan bilimini durmuşynda ulanyp başlaýar. Bary-ýogy üç aýyň içinde olar spirtli içgileri içmegini bes edýärler, soňra bolsa nikasyny kanun taýdan resmileşdirýärler. Olaryň durmuşyny özgerdendigi köplere mälim bolýar. Şeýdip, obadaşlarynyň köpüsi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar.

15. Hakykaty satyn almak üçin nämeden geçmek has-da kyn bolup biler we näme üçin?

15 Ýazgylara esaslanmadyk däp-dessurlar we işler. Hakykaty satyn almak üçin Ýazgylara esaslanmadyk däp-dessurlardan we işlerden el çekmek has-da kyn bolup biler. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenip, şeýle işlerden derrew el çekseler-de, başgalar maşgala agzalarynyň, işdeşleriniň we ýakyn dost-ýarlarynyň göwnüni ýykmajak bolup, şol zatlary taşlap bilmeýärler. Esasan-da, aradan çykan dogan-garyndaşlarymyza hormat goýýandygyňy görkezmek üçin edilýän däp-dessurlardan el çekmek kyn bolup biler (Kan. tag. 14:1). Emma başgalaryň batyrgaýlyk babatda görkezýän göreldesi bize gerekli özgerişleri etmäge kömek eder. Geliň, I asyrda Efesde ýaşan käbir mesihçileriň nädip batyrgaý hereket edendigine seredeliň.

16. Efesdäki mesihçileriň käbiri hakykaty satyn almak üçin näme etdi?

16 Efes şäheri jadygöýligi bilen tanalýardy. Ýaňy hakykata gelen mesihçiler Ýazgylara esaslanmadyk jadygöýlik bilen bagly işlerini goýup, hakykaty satyn almak üçin näme etdiler? Mukaddes Ýazgylarda şeýle düşündirilýär: «Jadygöýlik bilen meşgullanýan adamlaryň köpüsi kitaplaryny getirip, hemmeleriň öňünde ýakdylar. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, 50 müň kümüş pula ýetdi. Şeýlelikde, Ýehowanyň sözi gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenýärdi» (Res. iş. 19:19, 20). Bu wepaly mesihçiler hakykaty satyn almak üçin köp zatdan geçdiler we munuň üçin köp bereket aldylar.

17. a) Hakykaty satyn almak üçin haýsy zatlardan geçmeli bolmagymyz mümkin? b) Indiki makalada nähili soraglara serederis?

17 Eýsem, siz hakykat üçin nämeden geçdiňiz? Biziň ählimiz hakykat güllerini ýygmak üçin wagt sarp etmeli. Käbir dogan-uýalar hakykaty satyn almak üçin maddy zatlardan we dogan-garyndaşlaryndan geçmeli boldular. Başgalar bolsa garaýşyny we özüni alyp barşyny üýtgetmeli boldy. Şeýle-de Ýazgylara esaslanmaýan däp-dessurlardan we işlerden el çekmeli boldular. Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty edinmek üçin nämeden geçsek-de, ol biziň geçen islendik zadymyza degýär. Hakykat bize iň gymmatly hazynany edinmäge, ýagny Ýehowa bilen ýakyn dostlukly gatnaşykda bolmaga mümkinçilik berýär. Biz hakykaty bilmegiň berýän bereketleri barada oýlananymyzda, ony satmagy göz öňüňe getirmek hem kyn. Ýöne bu nädip beýle bolup biler we biz şeýle uly ýalňyşlygy goýbermekden nädip gaça durup bileris? Bu soraglaryň jogabyna indiki makalada serederis.

^ abzas 6 Işaýa 55:1 Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň! 2 Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar. 3 Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.

^ abzas 8 Şu makaladaky käbir atlar üýtgedildi.