Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňizmi?

Siz Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňizmi?

«Pikiriňizi özgerdiň» (Rim. 12:2).

AÝDYMLAR: 34, 125

1, 2. Ruhy taýdan ösdügimizçe, biz näme etmegi öwrenmeli? Mysal getiriň.

AÝDALY, kimdir biri siziň çagaňyza sowgat berýär. Şonda siz: «Sagbolsun aýt» diýýärsiňiz. Çaga oýlanman, şol bada size gulak asýar. Emma ulaldygy saýyn, siziň pikiriňize we başgalaryň eden ýagşylygyna onuň minnetdarlygy artýar. Indi ol muny höwes bilen we ýürekden edýär. Näme üçin? Sebäbi ol özbaşdak pikirlenmegi öwrendi.

2 Şonuň ýaly bizem hakykata gelenimizde, Ýehowanyň esasy tabşyryklaryna gulak asmagyň wajypdygyny öwrendik. Emma ruhy taýdan ösdügimizçe, biz Ýehowanyň pikirine, ýagny onuň halaýan we halamaýan zatlaryna hem-de dürli meselelere nähili garaýandygyna has aýdyň düşünip başlaýarys. Ýehowanyň pikirini öwrenip, onuň edýän işlerimize we gelýän kararlarymyza täsir etmegine ýol bersek, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenýändigimizi görkezeris.

3. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek näme üçin kyn bolup biler?

3 Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenmek şatlyk getirse-de, kynçylyk hem döredip biler. Muňa käte biziň bikämil garaýşymyz täsir edýär. Meselem, bize Ýehowanyň ahlak kadalaryna, maddy zatlara, wagyz işine, gan we şuňa meňzeş zatlara bolan garaýşyna düşünmek kyn bolup biler. Onda biz näme edip bileris? Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi nädip dowam edip bileris? Bu biziň häzir we gelejekde geljek kararlarymyza nähili täsir etmeli?

HUDAÝYŇ PIKIRLENIŞI ÝALY PIKIRLENIŇ

4. Pawlus resulyň «pikiriňizi özgerdiň» diýen maslahaty nämäni aňladýar?

4 Rimliler 12:2-ni okaň. Pawlus resul Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegiň nämäni öz içine alýandygyny beýan edýär. Geçen makalada biz «dünýäniň işlerine eýermegi bes etmek» üçin, şu dünýä mahsus bolan garaýyşlardan we düşünjelerden gaça durmalydygymyzy bildik. Emma Pawlus resul «pikirimizi hem özgertmelidigimizi» nygtaýar. Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni erjellik bilen öwrenip, Ýehowanyň pikirine düşünjek bolmaly we okan zatlarymyz barada oýlanyp, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenmeli.

5. Öwrenmek nämäni aňladýar?

5 Öwrenmek bir zady ýöne bir okamakdan we soraglaryňa jogap tapmakdan has köp zady aňladýar. Biz öwrenenimizde, okaýan zadymyzda Ýehowa barada näme diýilýändigine, onuň pikirine we ýollaryna göz ýetirmeli. Biz Hudaýyň bir zady etmegi, başga bir zatdan bolsa gaça durmagy näme üçin tabşyrýandygyna düşünjek bolmaly. Şeýle-de durmuşymyzda we pikirimizde nämäni özgertmelidigini bilmeli. Elbetde, her gezek şahsy okuwyny geçirenimizde, bularyň ählisi barada oýlanmak aňsat bolmaz. Emma biz okaýan zatlarymyz barada oýlanmak üçin wagt sarp etsek, gowy bolar. Mümkin, şahsy okuwyna gidýän wagtyňyzyň ýarysyny oýlanmaga sarp edersiňiz (Zeb. 119:97; 1 Tim. 4:15).

6. Hudaýyň Sözüni yzygider okap oýlananymyzda nämeler bolup geçýär?

6 Hudaýyň Sözüni yzygiderli okap oýlananymyzda, bir üýtgeşik zat bolup geçýär. Biz Ýehowanyň kämil pikirine, ýagny onuň isleginiň nämedigine «düşünýäris». Şonda biz ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, onuň pikirini kabul edýäris. Başgaça aýdanyňda, «pikirimiz özgerip», täzeçe pikirlenip başlaýarys. Şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenýäris.

PIKIRIMIZ EDÝÄN IŞLERIMIZE TÄSIR EDÝÄR

7, 8. a) Ýehowa maddy zatlara nähili garaýar? (Makalanyň başyndaky suratlara serediň). b) Maddy zatlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garasak, nämäni hemişe birinji orunda goýarys?

7 Biziň pikirlerimiz diňe bir duýgularymyza däl-de, edýän işlerimize-de täsir edýär (Mar. 7:21—23; Ýak. 2:17). Muňa has gowy düşünmek üçin käbir mysallara seredeliň. Mysal üçin, dört Hoş habarda Ýehowanyň maddy zatlara nähili garaýandygy açyk aýdylýar. Hudaý öz Ogluny terbiýeläp ýetişdirmek üçin, garyp maşgaladan bolan Ýusup bilen Merýemi saýlady (Lew. 12:8; Luka 2:24). Isa doglanda, Merýem ony «bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olar üçin myhmanhanada ýer tapylmandy» (Luka 2:7). Eger Ýehowa Oglunyň has hormatlanýan ýerde dünýä inmegini islän bolsa, muny şeýle edip hem bilerdi. Emma ol Isanyň ruhy zatlary ileri tutýan maşgalada doglup, terbiýelenmeginiň aladasyny etdi.

8 Mukaddes Ýazgylardaky Isanyň dogluşy bilen bagly bu waka bize Ýehowanyň maddy zatlara bolan garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Käbir ene-atalar çagalarynyň maddy we ruhy taýdan aladasyny etmek üçin elinde baryny edýärler. Ýehowa ene-atalaryň çagalaryna ruhy zatlary öwretmek üçin edýän tagallasyny gymmat saýýar. Eýsem, siz Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňizmi? Siziň edýän işleriňiz nämäni görkezýär? (Ýewreýler 13:5-i okaň).

9, 10. Başgalary büdretmezlige Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

9 Geliň, başga bir ýagdaýa, ýagny başgalaryň büdremegine sebäp bolmaklyga Hudaýyň nähili garaýandygyna seredeliň. Isa: «Kim iman edýän pesgöwünli adamlaryň imanynyň gowşamagyna sebäp bolsa, boýnuna eşegiň aýlaýan degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy» diýdi (Mar. 9:42). Isa başgalary büdretmezlige örän çynlakaý garaýardy. Ol Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezýärdi, şonuň üçin biz Isanyň şägirtleriniň biriniň büdremegine sebäp bolýan adama Ýehowanyň hem şeýle garaýandygyna doly ynanyp bileris (Ýah. 14:9).

10 Biz Ýehowa bilen Isanyň garaýşyny kabul edýärismi? Olaryň pikirlenişi ýaly pikirlenýärismi? Edýän işlerimiz nämäni aýan edýär? Meselem, biz haýsydyr bir egin-eşigi geýmegi ýa-da özümize timar bermegi halaýandyrys. Ýöne bu ýygnakdaky dogan-uýalaryň käbirini büdredýän bolsa ýa-da olarda erbet pikirleri döredýän bolsa näme?! Eýsem, imandaşlarymyza bolan söýgi öz islegimizden geçmäge höweslendirmeýärmi? (1 Tim. 2:9, 10).

11, 12. Erbetlige Hudaýyň garaýşy ýaly garasak we özümize erk etmegi öwrensek, erbetlikden gaça durmaga nädip kömek eder?

11 Geliň, başga bir ýagdaýa seredeliň. Ýehowa erbetligi ýigrenýär (Iş. 61:8). Ol biziň bikämillik sebäpli käbir nädogry isleglere ýykgyndygymyzy bilse-de, erbetligi ýigrenmegimizi isleýär (Zebur 97:10-y okaň). Ýehowanyň erbetlige nähili garaýandygy barada oýlansak, erbet işlere onuň garaýşy ýaly garamaga we şeýle işlerden gaça durmaga kömek eder.

12 Ýehowanyň erbet işlere bolan garaýşyny özümizde ösdürsek, Mukaddes Ýazgylarda anyk aýdylmaýan erbet işlere hem göz ýetirmäge kömek eder. Meselem, şu günler bütin dünýäde haýasyz tanslar giňden ýaýran. Käbirleri şeýle hereketleri ahlaksyzlyk däl diýip pikir etmegi mümkin *. Ýöne şeýle işler erbetligi ýigrenýän Ýehowanyň pikirine laýyk gelýärmi? Geliň, özümize erk etmek häsiýetini ösdürip, Ýehowanyň ýigrenýän islendik erbet işlerinden gaça duralyň (Rim. 12:9).

GELEJEKDE ETJEK ZATLARYŇYZ BARADA ÖŇÜNDEN OÝLANYŇ

13. Ýehowanyň pikirine nädip eýerip biljekdigimiz barada öňünden oýlanmak näme üçin wajyp?

13 Ýazgylary öwrenenimizde, gelejekde ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlarda Ýehowanyň pikirine nädip eýerip biljekdigimiz barada oýlansak gowy bolar. Şonda derrew hereket etmeli ýagdaýa uçranymyzda, taýyn bolarys (Sül. tym. 22:3). Geliň, Mukaddes Ýazgylardan käbir mysallara seredeliň.

14. Ýusup bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

14 Potyparyň aýaly ahlaksyzlyk etmäge näçe yrjak bolsa-da, Ýusup şol bada onuň teklibinden ýüz öwürdi. Şeýdip, ol maşgala gatnaşyklaryna Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýandygyny görkezdi (Gelip çykyş 39:8, 9-njy aýatlary okaň) *. Ýusup Potyparyň aýalyna: «Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!» diýende, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenýändigini görkezdi. Şeýle ýagdaýa düşsek, biz näme ederis? Aýdaly, işdeşiňiz siziň bilen näz-kereşme edip başlaýar. Ol size SMS ýazyp, jynsy gatnaşyk etmegi teklip edýär ýa-da ahlaksyz suratlary ugradýar *. Ýehowanyň şeýle zatlara bolan garaýşyna düşünip, näme etjekdigimiz barada öňünden oýlansak, synagda berk durmak aňsat bolar.

15. Üç ýewreý ýigit ýaly synagda nädip Ýehowa wepaly galyp bileris?

15 Geliň, indi üç ýewreý ýigidi Şadrak, Meýşak, Abednego bilen bolan waka seredeliň. Olar Nebukadnesar patyşanyň ýasadan altyn heýkeline sežde etmekden boýun gaçyrýarlar. Olaryň patyşa beren jogaby Ýehowa wepaly bolmagyň näme aňladýandygyna gowy düşünendiklerini görkezýär (Müs. çyk. 20:4, 5; Dan. 3:4—6, 12, 16—18). Aýdaly, başlygyňyz sizden ýalan din bilen bagly baýramçylyklary goldamak üçin pul goşmagy talap edýär. Siz näme ederdiňiz? Şeýle ýagdaý ýüze çykýança garaşmagyň deregine, Ýehowanyň şu zatlara nähili garaýandygy barada häzirden oýlansaňyz gowy bolar. Şonda üç ýewreý ýigit ýaly size-de näme etjekdigiňizi we näme diýjekdigiňizi bilmek aňsat bolar.

Gözleg geçiriň, gan goýbertmezlik baradaky dokumenti dolduryň, lukman bilen öňünden gepleşiň (16-njy abzasa serediň)

16. Ýehowanyň pikirine aýdyň düşünsek medisina kömegine mätäç bolanymyzda nädip kömek eder?

16 Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlensek, medisina kömegine mätäç bolanymyzda hem Hudaýa wepaly galmaga kömek eder. Elbetde, biz ganyň özüni ýa-da onuň dört bölegini (komponentini) goýbertmezligi berk ýüregimize düwendiris. Emma başga ýagdaýlarda her bir mesihçi Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler esasynda Ýehowanyň pikirlerine düşünip, özbaşdak karara gelmeli bolýar (Res. iş. 15:28, 29). Şonuň üçin şeýle meseleler babatda hassahana düşenimizde däl-de, häzirden gözleg geçirmeli we gan goýbertmezlik baradaky dokumenti dolduryp, lukman bilen öňünden gepleşip goýmaly *. Sebäbi hassahanada janyň agyryp, üstesine-de, dürli tarapdan gyssap dursalar, dogry karara gelmek kyn bolýar.

17—19. Häzirden Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenmek näme üçin wajyp? Mysal getiriň.

17 Geliň, indi Isanyň galdyran göreldesine seredeliň. Petrus resul: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin» diýende, Isa derrew jogap berdi. Ol Hudaýyň özünden nämä garaşýandygy, ýer ýüzündäki ýaşaýşy we ölümi barada Ýazgylarda aýdylýan zatlar hakda köp oýlanan bolmaly. Bu bolsa onuň Hudaýa wepaly galmak islegini hasam berkitdi we bütin adamzat üçin janyny meýletin bagyş etmäge höweslendirdi (Matta 16:21—23-nji aýatlary okaň).

18 Şu günler Hudaý biziň Özi bilen dostlaşmagymyzy we wagyz işine, mümkin boldugyndan, köpräk gatnaşmagymyzy isleýär (Mat. 6:33; 28:19, 20; Ýak. 4:8). Emma Isa bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, adamlar ýagşy niýet bilen ruhy işlerden ünsümizi sowup biler. Meselem, başlygyňyz gowy aýlykly işe geçmegi teklip etse näme? Ýöne bu siziň ruhy işleriňize zyýan ýetirip biler. Ýa-da size goşmaça bilim almak üçin öýüňizden uzakda okamagy teklip etmekleri mümkin. Şeýle ýagdaýda Hudaýa doga edip, gözleg geçiriň, maşgala agzalaryňyz, gerek bolsa ýygnak ýaşulularyňyz bilen maslahatlaşyp, soňra karara geliň. Ýehowanyň şeýle meselelere nähili garaýandygyny häzirden bilseňiz hem-de onuň pikirlenişi ýaly pikirlenmäge jan etseňiz gowy bolar. Şonda bardy-geldi şeýle ýagdaýa duş gelseňiz, synaga garşy durmak kyn bolmaz. Sebäbi öňüňizde ruhy maksatlaryňyz bar we näme etjekdigiňizi eýýäm çözdüňiz. Indi gelen kararyňyza görä hereket etmeli.

19 Mümkin, siz derrew hereket etmegi talap edýän başga-da ýagdaýlar barada oýlanýansyňyz. Elbetde, biz ýüze çykaýjak ýagdaýlaryň hemmesine öňünden taýýarlanyp bilmeris. Emma şahsy okuwyny geçirenimizde, Ýehowanyň pikirine düşünmäge çalyşsak, synaga düşenimizde okan zadymyzy ýada salmak we öwrenen zadymyza görä hereket etmek aňsat bolar. Şonuň üçin, geliň, Ýehowanyň pikirine düşünmäge, onuň pikirlenişi ýaly pikirlenmäge, häzir we gelejekde Hudaýyň pikirine nädip eýerip biljekdigimiz barada oýlanmaga jan edeliň.

ÝEHOWANYŇ PIKIRINIŇ GELEJEGIMIZE EDÝÄN TÄSIRI

20, 21. a) Biz näme üçin täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys? b) Häzirden nädip köp şatlyk tapyp bileris?

20 Biz täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biziň köpümiz ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşamaga umyt edýäris. Hudaýyň Patyşalygy bizi şu dünýädäki ähli gaýgy-aladalardan we agyry-ünjülerden azat eder. Şonda her birimiz öz isleýşimiz ýaly erkin karara gelip, gowy netijelerini göreris.

21 Emma biziň erkinligimiz çäkli bolar. Biz ýagşy-ýamany çözmek meselesinde Ýehowanyň pikirine we kada-kanunlaryna esaslanyp, hereket ederis. Bu bize köp şatlyk we parahatlyk getirer (Zeb. 37:11). Şol döwür gelýänçä, geliň, Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi dowam edeliň. Şonda häzirden köp şatlyk taparys.

^ abzas 12 Utançsyz ýa-da haýasyz tanslar diýlende, tomaşa edýän adamlaryň öňünde ýarym-ýalaňaç tans etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hereketleriň aňyrsynda ahlaksyzlyga iterýän zatlar bolandygy üçin, düzediş komiteti düzülip biler. Mesihçi şuňa meňzeş işlere gatnaşan bolsa, haýal etmän ýaşululardan kömek soramaly (Ýak. 5:14, 15).

^ abzas 14 Gelip çykyş 39:8 Ýusup mundan boýun gaçyryp, şeýle diýdi: «Jenabym öýüň hiç bir zady üçin baş galdyrmaýar. Ol öz eýeçiligindäki bar zatlary meniň baştutanlygyma berdi. 9 Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»

^ abzas 14 Telefon arkaly ahlaksyz SMS-leri, suratlary ýa-da wideolary ugratmaklyga «seksting» diýilýär. Şeýle ýagdaýlarda düzediş komiteti düzülip biler. Käte hökümet ýolbaşçylary şeýle işlere gatnaşan ýetginjekleri jogapkärçilige çekýär. Bu barada köpräk bilmek üçin jw.org saýtymyzdaky «Ýaşlaryň sowallary. Men seksting barada nämeleri bilmeli?» diýen makala serediň (TAGLYMATLAR > ÝETGINJEKLER diýen sözbaşa serediň). Şeýle-de 2013-nji ýylyň noýabr aýynda çykan «Oýanyň!» žurnalyndaky «Çagalarym bilen seksting barada nädip gepleşmeli?» atly makala serediň (sah. 4, 5).

^ abzas 16 Edebiýatlarymyzda şunuň bilen bagly ýagdaýlarda näme etmelidigi barada Ýazgylardaky esasy prinsipler düşündirilýär. «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitabyň 215—217-nji sahypalaryna serediň.