Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz kimiň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňiz?

Siz kimiň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňiz?

«Dünýäniň işlerine eýermegiňizi bes ediň» (Rim. 12:2).

AÝDYMLAR: 11, 22

1, 2. a) Petrus «Halypam, özüňe haýpyň gelsin» diýende, Isa näme jogap berdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Isa oňa näme üçin şeýle jogap berdi?

ISANYŇ şägirtleri eşidýän zatlaryna ynanyp bilmeýärdi. Olar Isa Ysraýyl üçin patyşalygy şol wagt dikelder diýip pikir edýärdiler. Emma Isa olara özüniň tizden görgi görüp öldüriljekdigini aýdýar. Şonda Petrus: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin; beýle zat saňa asla bolmasyn» diýýär. Isa oňa: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen maňa Hudaýyň islegini berjaý etmäge päsgel berýärsiň. Sebäbi sen Hudaýyň däl-de, adamlaryň pikir edişi ýaly pikirlenýärsiň» diýdi (Mat. 16:21—23; Res. iş. 1:6).

2 Isa şeýle diýmek bilen, Şeýtanyň goly astyndaky dünýäniň pikiri bilen Hudaýyň pikiriniň arasyndaky tapawudy aýdyň görkezdi (1 Ýah. 5:19). Petrusda şu dünýäniň özüňi bilmeklik ruhy bardy. Emma Isa Atasynyň pikiriniň düýbünden tapawutlanýandygyny bilýärdi. Ol özüniň görgi görüp, öldürilmeginiň Hudaýyň islegi bilen baglydygyna düşünýärdi. Şonuň üçin Petrusa şeýle jogap bermek bilen, Isa şu dünýäniň pikirini inkär edip, Ýehowanyň pikirine eýerýändigini aýan etdi.

3. Dünýädäki adamlar ýaly däl-de, Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek näme üçin kyn bolup biler?

3 Eýsem, siz nähili pikirlenýärsiňiz? Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňizmi ýa-da şu dünýäniň pikirine eýerýärsiňiz? Elbetde, biz Hudaýa ýaramly ýaşamak üçin elimizde baryny edýäris. Ýöne biziň pikirimiz nämä gönükdirilen? Biz pikirimizi we garaýşymyzy Ýehowanyň pikirine laýyk getirmäge çalyşýarysmy? Elbetde, munuň üçin köp tagalla etmeli. Ýogsam, ýuwaş-ýuwaşdan dünýäniň pikirine eýerip başlarys. Sebäbi daş-töweregimiz dünýäniň ruhuna eýerýän adamlardan doly (Efes. 2:2). Dünýäniň ruhy köplenç özüňi bilmeklige iterýändigi üçin, biz aňsatlyk bilen onuň täsirine düşüp bileris. Şeýle-de biziň ählimiz şu dünýädäki adamlar ýaly pikirlenmäge ýykgyn. Şol sebäpli Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek kyn bolýar.

4. a) Dünýäniň pikirimize täsir etmegine ýol bersek näme bolar? b) Şu makalada näme barada gürrüň ederis?

4 Eger biz şu dünýäniň pikirimize täsir etmegine ýol bersek, özümizi bilip, ýagşy-ýamany özbaşdak kesgitlemek islemegimiz mümkin (Mar. 7:21, 22). Şonuň üçin adamlaryň däl-de, «Hudaýyň pikirlenişi» ýaly pikirlenmegi öwrenmek örän wajyp. Biz şu makalada Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegiň nähili peýdasynyň bardygyna we dünýäniň pikirine eýermekden nädip gaça durup biljekdigimize serederis. Indiki makalada bolsa käbir meselelerde nädip Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenip biljekdigimiz barada gürrüň ederis.

ÝEHOWANYŇ PIKIRINE EÝERMEGIŇ PEÝDASY

5. Käbir adamlar näme üçin hiç kimiň pikirini kabul etmek islemeýär?

5 Käbir adamlar hiç kimiň pikirini kabul etmek islemeýär. Şeýle adamlar köplenç «özüm gowy bilýärin» diýýär. Aslynda, olar şeýle diýmek bilen, özbaşdak karara gelmek isleýändiklerini we nämäniň ýagşydygyny özleriniň çözýändigini görkezýärler. Olar üstlerinden başgalaryň agalyk etmegini ýa-da olar ýaly bolmak islemeýärler *.

6. a) Ýehowa bize nähili erkinlik berdi? b) Muňa hakyky erkinlik diýse bolarmy?

6 Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek ähli adamlaryň pikirini ýa-da aýdýan zatlaryny kabul etmezligi aňlatmaýar. 2 Korinfliler 3:17-de aýdylyşy ýaly, «özünde Ýehowanyň ruhy bolan adam hem azatdyr». Biziň her birimiziň saýlamak erkinligimiz bar. Şonuň üçin biz özbaşdak karara gelip bilýäris we halaýan zadymyzy saýlap bilýäris. Aslynda, Ýehowa bizi şeýle ýaratdy. Ýöne biziň erkinligimiz çäkli (1 Petrus 2:16-ny okaň). Meselem, ýagşy-ýamany çözmek meselesinde Ýehowa öz Sözündäki görkezmelere eýermegimizi isleýär. Eýsem, bu biziň erkinligimizi çäklendirýärmi ýa-da peýdalymy?

7, 8. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek näme üçin erkinligimizi çäklendirmeýär diýse bolar? Mysal getiriň.

7 Muňa düşünmek üçin, geliň, bir mysala seredeliň. Ene-atalar çagalaryna köp ýagşy zatlary öwretmäge jan edýär. Meselem, olar çagalarynyň dogruçyl, zähmetsöýer bolmagyny we başgalara hormat goýmagyny isleýär. Elbetde, şu zatlar çagalaryň erkinligini çäklendirmeýär. Gaýtam, bu olary ulalanda gerek boljak häsiýetleri ösdürmäge taýýarlaýar. Çagalar ulalyp, öýünden gidende, özbaşdak karara gelmeli bolýarlar. Eger olar ene-atasynyň öwredişi ýaly ýaşamagy saýlasalar, soňra ökündirmejek kararlara gelip biler. Şeýdip, olar gaýgy-aladalardan we kynçylyklardan azat bolar.

8 Çagasyny söýýän ene-ata ýaly Ýehowa-da biziň bagtly ýaşamagymyzy isleýär (Iş. 48:17, 18). Şonuň üçin ol bize ahlak kadalary we başgalar bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada esasy prinsipleri berýär. Şeýle meselelerde ol bizi öz pikirine eýermäge we muny başgalar bilen paýlaşmaga çagyrýar. Bu biziň erkinligimizi çäklendirmän, gaýtam, pikirlenmek ukybymyzy has-da ösdürýär we baýlaşdyrýar (Zeb. 92:5; Sül. tym. 2:1—5; Iş. 55:9). Şeýle-de ol bize özümizi terbiýelemäge we bagtly bolmaga kömek edýän kararlara gelmäge ýardam edýär (Zeb. 1:2, 3). Dogrudan-da, Ýehowanyň pikirine eýermek köp peýda getirýär.

ÝEHOWANYŇ PIKIRI DEŇSIZ-TAÝSYZ

9, 10. Ýehowanyň pikiriniň şu dünýäniňkiden has beýikdigi nämeden görünýär?

9 Ýehowanyň gullukçylarynyň Onuň pikirini şu dünýä mahsus bolan garaýyşdan has ileri tutmagynyň ýene bir sebäbi bar. Şu dünýä ahlak kadalary, maşgala gatnaşyklary, kär saýlamak we durmuşda ýüze çykýan başga-da meseleler babatda köp maslahatlar berýär. Ýöne olaryň köpüsi Ýehowanyň pikirine gabat gelmeýär. Meselem, bu dünýä öz pikiriňi öňe sürmäge iterýär. Şeýle-de şu günler ahlaksyzlyk adaty zat hasaplanýar. Mundan başga-da aýry ýaşamaklyga we aýrylyşmaklyga has bagtly ýaşamaga kömek edýän zat hökmünde garalýar. Şeýle maslahatlar Mukaddes Ýazgylara garşy gelýär. Dünýäniň hödürleýän maslahatlary Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlardan peýdaly diýse bolarmy?

10 Isa: «Adam akyldardygyny dogry işleri bilen subut edýändir» diýdi (Mat. 11:19). Bu dünýä tehnika enjamlaryny öndürmekde köp üstünlik gazansa-da, uruş, jenaýatçylyk we milletparazlyk ýaly maşgalanyň bagtly bolmagyna päsgel berýän kynçylyklary aýryp bilmeýär. Şeýle-de dünýädäki adamlar ahlaksyzlyga bolaýmaly zat ýaly garaýarlar. Köp adamlar ahlaksyzlygyň kynçylyklary çözmän, gaýtam, maşgalanyň dargamagyna, keselçilige we başga-da köp kynçylyklara eltýändigini bilýärler. Ýöne nika Hudaýyň garaýşy ýaly garaýan mesihçiler maşgala gatnaşyklaryndan lezzet alyp ýaşaýar, ahlak taýdan arassa ýaşaýandyklary üçin kesellemeýär we imandaşlary bilen parahat gatnaşygy saklaýar (Iş. 2:4; Res. iş. 10:34, 35; 1 Kor. 6:9—11). Eýsem, bu zatlar Ýehowanyň pikiriniň şu dünýäniňkiden has beýikdigini subut etmeýärmi näme?!

11. Musa pygamber kimiň pikirine eýerýärdi we netijede näme boldy?

11 Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Hudaýyň wepaly gullukçylary Ýehowanyň pikiriniň şu dünýäniňkiden has beýikdigine düşünýärdiler. Meselem, Musa pygamber «müsürlileriň bütin bilimlerinden tälim alsa-da», Hudaýa gulak asýan «ýürek edindi» (Res. iş. 7:22; Zeb. 90:12). Şeýle-de ol Ýehowa: «Öz ýollaryňy görkez» diýip ýalbardy (Müs. çyk. 33:13). Ýehowanyň pikirine eýerendigi üçin, Hudaý Musa pygamberi Öz niýetini amala aşyrmakda ulandy we Mukaddes Ýazgylarda berk imanly adam hökmünde adyny ýazdyrmak bilen, oňa hormat bildirdi (Ýew. 11:24—27).

12. Pawlus resul nämä esaslanyp karara gelýärdi?

12 Pawlus resul düşünjeli we ýokary bilimli adamdy. Ol azyndan iki dilde gepläp bilýärdi (Res. iş. 5:34; 21:37, 39; 22:2, 3). Emma ýagşy-ýamany çözmek meselesinde ol şu dünýäniň akyldarlygyna däl-de, Ýazgylardaky prinsiplere esaslanyp hereket edýärdi (Resullaryň işleri 17:2; 1 Korinfliler 2:6, 7, 13-nji aýatlary okaň). Netijede, Pawlus resul wagyzda köp üstünlik gazandy we gökde ýaşamak sylagyna eýe boldy (2 Tim. 4:8).

13. Pikirimizi Ýehowanyň pikirine laýyk getirmäge kim jogapkär?

13 Dogrudan-da, Hudaýyň pikiri şu dünýäniň pikirinden has beýik. Şoňa görä ýaşaýan adam özüni juda bagtly duýýar we durmuşda köp üstünlik gazanýar. Emma Ýehowa bizi pikirine eýermäge mejbur etmeýär. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär», şol sanda ýygnak ýaşululary hem dogan-uýalaryň pikiriniň üstünden agalyk etmeýärler (Mat. 24:45; 2 Kor. 1:24). Gaýtam, olar Hudaýyň pikirine görä hereket etmäge her bir mesihçiniň öz jogapkärçiliginiň bardygyna düşünýärler. Ýöne biz muny nädip edip bileris?

DÜNÝÄNIŇ PIKIRINE EÝERMEKDEN GAÇA DURUŇ

14, 15. a) Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek üçin biz näme etmeli? b) Rimliler 12:2-ä görä näme üçin dünýäniň garaýşyna eýermekden gaça durmaly? Mysal getiriň.

14 Rimliler 12:2-de: «Dünýäniň işlerine eýermegiňizi bes ediň. Özüňizi alyp barşyňyzy we pikiriňizi özgerdiň. Şonda Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünersiňiz» diýip maslahat berilýär. Bu ylhamlanan sözler hakykata gelmänkäk, pikirimiz nähili bolan bolsa-da, ony özgerdip, Hudaýyň pikirine laýyk getirip bolýandygyny görkezýär. Elbetde, pikirimize nesilden-nesle geçýän we durmuşymyzda bolan käbir zatlar täsir edip bilýär. Emma biziň aňymyz maglumaty çalt kabul edip, pikirimiz aňsatlyk bilen üýtgäp bilýär. Köplenç muňa aňymyza salýan we saýlaýan zatlarymyz belli bir derejede täsir edýär. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlensek ýa-da onuň garaýşynyň aňymyza täsir etmegine ýol bersek, onuň pikiriniň dogrudygyny görkezeris. Bu bolsa biziň pikirimizi Hudaýyňka laýyk getirmek islegimizi artdyrar.

15 Emma üns beren bolsaňyz, pikirimizi Ýehowanyň pikirine laýyk getirmek üçin, «dünýäniň işlerine eýermegimizi bes etmeli». Biz Hudaýyň pikirine garşy gelýän garaýyşlaryň ýa-da düşünjeleriň pikirimizi ýesir almagyna ýol bermeli däl. Munuň wajypdygyna düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Eger adam sagdyn bolmak islese, ýokumly iýmitleri iýmeli. Ýöne şol bir wagtyň özünde ol zyýanly iýmitlerden hem yzygider iýmitlenip dursa, munuň näme peýdasy bolar? Edil şonuň ýaly, biz dünýäniň garaýşynyň pikirimizi zaýalamagyna ýol bersek, Ýehowanyň pikirine eýermek üçin edýän tagallamyz biderek bolar.

16. Biz özümizi nämeden goramaly?

16 Biz şu dünýä mahsus bolan garaýyşlaryň ählisinden gaça durup bilerismi? Ýok, sebäbi biz göni manyda dünýäden çykyp bilmeýäris. Ol bize belli bir derejede täsir edýär (1 Kor. 5:9, 10). Meselem, wagyzda biz ýalan düşünjelere eýerýän adamlar bilen gürrüňdeş bolýarys. Biz şol zatlardan doly gaça durup bilmesek-de, olaryň garaýşyny kabul etmekden seresap bolmaly. Isa ýaly bizem Şeýtanyň özüne gulluk etdirmek maksady bilen teklip edýän düşünjelerini derrew ret etmeli. Şonda dünýäniň pikiriniň ýesiri bolmakdan özümizi gorarys (Süleýmanyň tymsallary 4:23-i okaň).

17. Biz dünýäniň pikirine eýermekden nädip gaça durup bileris?

17 Meselem, biz dost saýlanymyzda seresap bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa sežde etmeýän adamlar bilen ýakyndan gatnaşsak, olaryň pikiriniň bize erbet täsir edýändigi barada duýduryş berilýär (Sül. tym. 13:20; 1 Kor. 15:12, 32, 33). Şeýle-de biz dynç alanymyzda paýhasly bolmaly. Ewolýusiýa taglymaty, zorluk-sütem ýa-da ahlaksyzlyk bilen bagly dynç alyşlary her gezek ret edenimizde, «Hudaý hakdaky bilime garşy çykýan» düşünjeleriň pikirimizi zäherlemeginden gaça durýarys (2 Kor. 10:5).

Çagalaryma erbet zatlardan gaça durmaga kömek edýärinmi? (18, 19-njy abzaslara serediň)

18, 19. a) Biz näme üçin dünýäniň birbada göze görünmeýän garaýyşlaryndan has-da seresap bolmaly? b) Özümize nähili soraglary bermeli we näme üçin?

18 Biz dünýäniň birbada göze görünmeýän garaýşyny hem ret etmelidigine düşünýäris. Meselem, täzeliklerde syýasy meseleler bilen bagly aýdylýan zatlar gizlin bolany üçin adam olaryň käbirini goldamagy mümkin. Ýa-da gürrüň berilýän käbir wakalar dünýäniň garaýşyna eýerýän adamlaryň maksatlaryny we gymmat saýýan zatlaryny öňe sürýär. Käbir filmlerde we kitaplarda bolsa akylly, görmegeý, hatda dogruçyl bolup görünmek üçin özüňi başgalardan ýokary tutmaga höweslendirilýär. Şeýle garaýyşlar Mukaddes Ýazgylara garşy gelýär. Ýehowa bolan söýgi maşgala agzalarymyza, hatda özümize bolan söýgüden hem ýokarda bolmaly (Mat. 22:36—39). Şeýle-de çagalar üçin ýazylan käbir ertekileriň hiç hili erbet ýeri ýok ýaly bolup görünse-de, olar çaganyň ahlaksyzlyga bolan garaýşyny ýoýup bilýär.

19 Elbetde, bu asla dynç almaly däldigini aňlatmaýar. Ýöne biz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men birbada göze görünmese-de, dünýäniň düşünjelerini saýgaryp bilýärinmi? Men çagalarymyň we özümiň görýän ýa okaýan zatlarymyza çäk goýýarynmy? Dünýäniň täsirine düşmez ýaly çagalaryma diňleýän we görýän zatlaryna Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga kömek edýärinmi?» Eger biz Hudaýyň pikiri bilen dünýäniň pikiriniň arasyndaky tapawuda düşünsek, «dünýäniň işlerine eýermekden» gaça durup bileris.

SIZ HÄZIR KIMIŇ PIKIRINE EÝERÝÄRSIŇIZ?

20. Biz Hudaýyň ýa-da şu dünýäniň pikirine eýerýändigimizi nädip anyklap bileris?

20 Biz, esasanam, iki ýerden, ýagny Ýehowadan we Şeýtanyň goly astyndaky dünýäden maglumat alýandygymyzy unutmaly däl. Biz kimiň pikirine eýerýäris? Munuň üçin maglumatyň gözbaşynyň niredendigini bilmeli. Eger biz dünýäniň düşünjesine eýersek, onda ol biziň pikirimizi zäherlär we şu dünýädäki adamlar ýaly hereket edip başlarys. Ine, şol sebäpli görýän, okaýan we diňleýän zatlarymyzy ünsli saýlamak örän wajyp.

21. Indiki makalada biz näme barada gürrüň ederis?

21 Ýokarda aýdylyşy ýaly, Ýehowanyň pikirine eýermek üçin bu dünýäniň erbet täsirinden gaça durmak ýeterlik däl. Biz Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenmeli. Indiki makalada muny nädip edip bolýandygyna serederis.

^ abzas 5 Aslynda, diňe öz pikirine eýerip ýaşaýan adamlar hem başgalaryň täsirinden gaça durup bilmeýär. Durmuşyň manysy ýaly has çylşyrymly mesele bolsun ýa-da egin-eşik saýlamak ýaly ýönekeý karar bolsun, adamlar belli bir derejede başgalaryň täsirine düşýärler. Emma biz özümize kimiň täsir etjekdigini saýlap bilýäris.