GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Noýabr 2019

Žurnalyň şu sanynda 2019-njy ýylyň 30-njy dekabryndan 2020-nji ýylyň 2-nji fewraly aralygynda öwreniljek makalalar bar.

Dünýäniň ahyry gelmänkä dogan-uýalar bilen dostlaşyň

Biz Ýermeýa pygamberden köp zatlary öwrenip bileris. Iýerusalim weýran edilmänkä dostlary Ýermeýa kömek etdiler.

Mukaddes ruh bize nädip kömek edýär?

Hudaýyň mukaddes ruhy kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Mukaddes ruhuň has köp ýardam bermegi üçin dört ädim ätmeli.

Siziň «uly iman galkanyňyz» berkmi?

Imanymyz bizi galkan ýaly goraýar. Biz iman galkanymyzy nädip berkidip bileris?

Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?

Musa pygamberiň üçünji kitabynda Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren kanunlary ýazylan. Biz şol kanunlary öwrenip köp peýda alyp bileris.

Başlan işiňizi soňuna çenli tamamlaň

Dogry karara gelenem bolsak, ýerine ýetirmek kyn bolmagy mümkin. Başlan işiňizi soňuna çenli tamamlamaga kömek etjek maslahatlara serediň.

Şuny bilýäňizmi?

Gadymy döwürde iş dolandyryjylar nähili borjy ýerine ýetirýärdi?