Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 48

Başlan işiňizi soňuna çenli tamamlaň

Başlan işiňizi soňuna çenli tamamlaň

«Başlan zadyňyzy soňuna çenli tamamlaň» (2 Kor. 8:11).

42-NJI AÝDYM Ejizleri goldalyň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Ýehowa bize nähili erkinlik berdi?

ÝEHOWA bize erkinlik berdi. Biz nähili ýaşamalydygymyzy özümiz saýlap bilýäris. Hudaý bize dogry karara gelmegi öwredýär. Onuň göwnünden turýan karara gelsek, şoňa görä ýaşamaga kömek edýär (Zeb. 119:173). Hudaýyň Sözündäki paýhasly maslahatlara näçe köp eýersek, şonça-da dogry kararlara gelip bileris (Ýew. 5:14).

2. Karara gelenimizde nähili kynçylyklara duş gelmegimiz mümkin?

2 Dogry karara gelsek-de, bize başlan işimizi soňuna çenli tamamlamak kyn bolup biler. Geliň, käbir ýagdaýlar hakda gürrüň edeliň. Ýaş dogan Mukaddes Kitaby tutuşlygyna okap çykmagy maksat edinýär. Ol birnäçe hepdeläp yzygiderli okaýar, ýöne soň okamagyny goýýar. Uýa pioner bolup gulluk etmegi ýüregine düwenem bolsa, arzany doldurmagy soňa goýýar. Ýaşulular masalahaty çopançylyk idegini ýygy-ýygydan etmeli diýip biragyzdan karara gelýärler, emma birnäçe aý geçse-de hiç kimi idemeýärler. Şu wakalar biri-birinden tapawutlanýar, ýöne bir meňzeşligi bar: dogan-uýalar karara geldiler, emma başlan işini soňuna çenli tamamlap bilmediler. I asyrda Korinfde ýaşan dogan-uýalar hem şuňa meňzeş kynçylyklara duş geldiler. Geliň, olardan näme öwrenip biljekdigimiz barada gürrüň edeliň.

3. Korinfliler nähili karara geldiler we soňra näme boldy?

3 Takmynan b. e. 55-nji ýylynda Korinf şäherinde ýaşaýan mesihçiler wajyp karara geldiler. Olar Iýerusalimde we Ýahudada ýaşaýan mesihçileriň horluk hem mätäçlik çekýändiklerini eşidýärler. Şeýle-de olara kömek etmek üçin başga ýygnakdaky dogan-uýalaryň pul ýygnap başlandyklaryny bildiler. Korinfdäki dogan-uýalar hem jomartlyk bilen ýagşylyk etmek islediler we Pawlusdan maslahat soradylar. Pawlus olara görkezme berdi we Titusy olaryň ýanyna iberip, pul sadakalaryny ýygnamagy tabşyrdy (1 Kor. 16:1; 2 Kor. 8:6). Emma birnäçe aý geçenden soň Pawlus olaryň gelen kararyny berjaý etmändiklerini eşitdi. Netijede, olar beýleki ýygnakdaky dogan-uýalar ýaly Iýerusalimdäki imandaşlaryna öz wagtynda kömek edip bilmezdiler (2 Kor. 9:4, 5).

4. 2 Korinfliler 8:7, 10, 11-nji aýatlara görä, Pawlus Korinfdäki mesihçileri näme etmäge höweslendirdi?

4 Korinfliler dogry karara geldiler, Pawlus hem olaryň berk imany we jomartlyk bildirmek isleýändikleri üçin öwdi. Şeýle-de olary başlan işlerini soňuna çenli tamamlamaga höweslendirdi (2 Korinfliler 8:7, 10, 11-nji aýatlary okaň). Şu wakadan görnüşi ýaly, hatda Hudaýa wepaly mesihçiler hem dogry karara gelseler-de, ony ýerine ýetirip bilmeýärler.

5. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

5 Korinfliler ýaly bize-de gelen kararymyzy ýerine ýetirmek kyn bolup biler. Näme üçin? Biz bikämillik sebäpli işimizi soňa goýmagy endik edinendiris. Şeýle-de garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli gelen kararymyzy ýerine ýetirip bilýän däldiris (Nes. 9:11; Rim. 7:18). Bize gelen kararymyz barada oýlanmaga, zerur bolsa ony üýtgetmäge näme kömek eder? Başlan işimizi nädip soňuna çenli tamamlap bileris?

KARARA GELMEZDEN ÖŇ

6. Käte kararymyzy näme üçin üýtgetmeli bolýarys?

6 Biz käbir wajyp kararlarymyzy hiç haçan üýtgetmeris. Meselem, Ýehowa we ýanýoldaşymyza wepaly boljakdygymyz barada beren wadamyzdan asla dänmeris (Mat. 16:24; 19:6). Ýöne käbir kararlara täzeden seretmeli bolýar. Näme üçin? Sebäbi durmuş üýtgäp durýar. Şeýle ýagdaýda haýsy maslahatlar dogry karara gelmäge kömek eder?

7. Biz näme barada doga etmeli we näme üçin?

7 Akyldarlyk sorap doga ediň. Ýehowanyň ylhamy bilen Ýakup şeýle sözleri ýazdy: «Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin... sebäbi Hudaý... hemmelere jomartlyk bilen berýär» (Ýak. 1:5). Käbir ýagdaýlarda biziň her birimize «akyldarlyk ýetmeýär». Şol sebäpli biz karara gelenimizde we ony üýtgetmeli bolanymyzda, Ýehowa bil baglamaly. Şonda Ýehowa paýhasly karara gelmäge kömek eder.

8. Karara gelmezden öň näme etmeli?

8 Gowy gözleg geçiriň. Mukaddes Kitaby we Ýehowanyň guramasynyň çykarýan edebiýatlaryny okaň hem-de dostlaryňyzdan maslahat soraň (Nak. 20:18). Belki, siz: «Başga işe geçsemmikäm? Başga ýere göçsemmikäm? Gün-güzeranymy görmäge we gullugymy dowam etmäge kömek etjek haýsy käri öwrensemkäm?» diýip oýlanýansyňyz. Belli bir karara gelmänkäk gowy gözleg geçirmek örän wajyp.

9. Biz näme üçin öz-özümiz bilen dogruçyl bolmaly?

9 Niýetiňizi barlaň. Ýehowa üçin biziň nähili niýet bilen gulluk edýändigimiz wajyp (Nak. 16:2). Ol biziň ähli zatda dogruçyl bolmagymyzy isleýär. Şol sebäpli karara gelenimizde hem özümiz, hem başgalar bilen dogruçyl bolmaly. Eger dogruçyl bolsak, gelen kararymyzy ýerine ýetirmek aňsat bolar. Meselem, ýaş dogan pioner bolup gulluk etmek kararyna gelýär. Ol birnäçe wagt pioner bolup gulluk edýär, emma soňra sagat sanyny dolup bilmän, şatlygyny ýitirýär. Belki-de, ol Ýehowanyň göwnünden turmak üçin pioner gullugyna başladym diýip pikir edendir. Ýöne ol ene-atasyny ýa-da sylag-hormat goýýan adamlaryny begendirmek niýeti bilen pioner bolup gulluk eden bolmaly.

10. Erbet endigi taşlamaga näme kömek edýär?

10 Geliň, Mukaddes Kitapdan okuw geçýän bir adam bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ol çilimi taşlamagy ýüregine düwýär. Ol bir-iki hepde çilim çekmeýär. Soňra özüne erk edip bilmän, ýene-de çilim çekip başlaýar. Emma ahyry çilim çekmegini goýýar. Ol Ýehowany söýýändigi we razy etmek isleýändigi üçin erbet endigini taşlamagy başardy (Kol. 1:10; 3:23).

11. Biz näme üçin anyk maksatlar goýmaly?

11 Anyk maksatlary goýuň. Anyk maksat goýsak, oňa aňsatlyk bilen ýetip bileris. Aýdaly, siz Mukaddes Kitaby her gün okamagy maksat edinýärsiňiz. Emma siziň meýilnamaňyz bolmasa, maksadyňyza ýetip bilmersiňiz *. Ýa-da ýaşulular ýygnakdaky wagyzçylaryň aladasyny etmek üçin ýygy-ýygydan çopançylyk idegini etmek kararyna gelýärler. Ýöne birnäçe wagt geçse-de, üýtgän zat bolmaýar. Olar maksadyna ýetmek üçin özlerine şeýle sorag berip biler: «Ilki kimlere çopançylyk idegini etmeli? Olar bilen görüşmek üçin belli bir güni belledikmi?»

12. Biz näme etmeli we näme üçin?

12 Özüňizden köp zada garaşmaň. Islän zadymyzy etmäge hiç birimiziň wagtymyzam, güýjümizem, mümkinçiligimizem ýok. Şol sebäpli paýhasly boluň we özüňizden köp zada garaşmaň. Eger kararyňyzy ýerine ýetirip bilmeýän bolsaňyz, ony üýtgetmäge taýýar boluň (Nes. 3:6). Aýdaly, siz kararyňyza täzeden seredip, käbir zatlary üýtgetdiňiz. Indi kararyňyzy ýerine ýetirip bilersiňizmi? Geliň, başlan işimizi tamamlamaga kömek etjek bäş maslahata seredeliň.

KARARYŇYZY ÝERINE ÝETIRMÄGE KÖMEK EDÝÄN ÄDIMLER

13. Kararyňyzy ýerine ýetirer ýaly kimden güýç sorap bilersiňiz?

13 Güýç sorap doga ediň. Hudaý size kararyňyzy ýerine ýetirmäge «güýç» berer (Flp. 2:13). Şol sebäpli Ýehowadan güýç sorap, mukaddes ruhuny diläň. Dogaňyz jogapsyz galýan ýaly bolsa-da, dileg etmegiňizi goýmaň. Isa: «Diläň, size (mukaddes ruh) berler» diýdi (Luka 11:9, 13).

14. Nakyllar 21:5-däki sözlere görä, kararyňy ýerine ýetirmäge näme kömek edýär?

14 Etjek işleriňiziň meýilnamasyny düzüň (Nakyllar 21:5-i okaň). Bir işe başlanmanka, ilki meýilnama düzülýär. Soňra meýilnama görä hereket edilýär. Edil şonuň ýaly, gelen kararyňyzy ýerine ýetirmek üçin nähili ädimleri ätmelidigini anyklaň we bellik ediň. Uly işleri kiçi işlere bölseňiz, goýan maksadyňyza aňsatlyk bilen ýetip, üstünlik gazanyp bilersiňiz. Pawlus resul hem Korinfdäki mesihçilere özi barýança garaşyp oturmagyň deregine, «her hepdäniň birinji güni» pul süýşürmegi maslahat beripdi (1 Kor. 16:2). Uly işleri kiçi işlere bölseňiz, özüňizi hiç zat «başarmaýan» adam ýaly duýmarsyňyz.

15. Meýilnama düzülenden soňra näme edilýär?

15 Siz etjek işleriňizi ýazsaňyz, ýerine ýetirmek aňsat bolar (1 Kor. 14:40). Ýaşulular maslahatyna şeýle görkezme berlipdi: ýaşululardan biri diňe bir gelnen kararlary däl-de, ony kimiň we haçana çenli ýerine ýetirmelidigini hem ýazyp almaly. Şu görkezmä eýerýän ýaşululara gelnen karary ýerine ýetirmek aňsat bolar (1 Kor. 9:26). Sizem gündelik durmuşda şu maslahata eýerip bilersiňiz. Meselem, her gün etmeli işleriňiziň meýilnamasyny düzüň we iň wajyplaryndan ýerine ýetirip başlaň. Şonda siz diňe bir başlan işiňizi tamamlaman, az wagtyň içinde köp işleri edip bilersiňiz.

16. Gelen kararyňy ýerine ýetirmek üçin näme etmeli we muny Rimliler 12:11 nädip tassyklaýar?

16 Güýjüňizi gaýgyrmaň. Meýilnama görä hereket edip, başlan işiňi tamamlamak üçin güýjüňi gaýgyrmaly däl (Rimliler 12:11-i okaň). Pawlus resul Timoteosa gowy mugallym bolmak üçin «hemişe» tagalla etmelidigini ýazdy. Pawlusyň maslahaty beýleki ruhy maksatlara-da ýetmäge kömek edýär (1 Tim. 4:13, 16).

17. Efesliler 5:15, 16-njy aýatlardaky maslahatlar kararyňyzy ýerine ýetirmäge nädip kömek edýär?

17 Wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň). Gelen kararyňyzy ýerine ýetirmek üçin belli bir möhlet belläp, ony uzaga çekdirmäň. Amatly wagta garaşmaň, sebäbi şeýle wagtyň gelmezligi mümkin (Nes. 11:4). Wagtyňyzy we güýjüňizi ähmiýetsiz däl-de, wajyp zatlary etmäge sarp ediň (Flp. 1:10). Hiç kimiň päsgel bermejek wagtyny saýlaň. Mümkin bolsa, başgalardan päsgel bermezligi haýyş ediň. Şeýle-de el telefonyňyzy öçüriň, elektron poçtaňyzy we sosial ulgamlaryny soňrak açyň *.

18, 19. Kynçylyklara garamazdan kararymyzy ýerine ýetirmäge näme kömek eder?

18 Netijesi hakda oýlanyň. Gelen kararyňyzyň netijesini pellehana ýetmek bilen deňeşdirse bolar. Eger siz pellehana ýetmegi ýüregiňize düwseňiz, islendik böwetden geçip, maksadyňyza ýetip bilersiňiz. Şonuň ýaly gelen kararyňyzyň netijesi barada oýlansaňyz, kynçylyklara garamazdan, dürli ýollar bilen maksadyňyza ýetip bilersiňiz (Gal. 6:9).

19 Elbetde, dogry karara gelmek we ony ýerine ýetirmek aňsat däl. Ýöne Ýehowa bize başlan işimizi soňuna çenli tamamlamaga akyldarlyk we güýç berer.

45-NJI AÝDYM Öňe gidiň!

^ abzas 5 Siz käbir gelen kararyňyza ökünýärsiňizmi? Dogry karara gelmek we şoňa görä ýaşamak kyn bolýarmy? Şu makala size şeýle kynçylyklary ýeňmäge we başlan işiňizi soňuna çenli tamamlamaga kömek eder.

^ abzas 11 Mukaddes Kitaby her gün okamak üçin jw.org® saýtyndaky «Mukaddes Kitaby okamagyň meýilnamasyndan» peýdalanyp bilersiňiz.

^ abzas 17 Wagtyňyzy paýhasly ulanmak babatda 2010-njy ýylyň aprelinde çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň «Wagt tapmagyň 20 usuly» atly makalasyna serediň.