ÖWRENILÝÄN MAKALA 44
Dünýäniň ahyry gelmänkä dogan-uýalar bilen dostlaşyň
«Hak dost elmydama söýýär» (Nak. 17:17).
53-NJI AÝDYM Hudaýa agzybir gulluk etmek
MAKALANYŇ MAZMUNY *
1, 2. 1 Petrus 4:7, 8-nji aýatlara görä, bize kyn ýagdaýlara döz gelmäge näme kömek eder?
«SOŇKY GÜNLERIŇ» ahyry golaýlaşdygyça, has kyn ýagdaýlara duşmagymyz mümkin (2 Tim. 3:1). Meselem, Afrikanyň günorta tarapyndaky bir ýurtda saýlaw geçirilýär, şondan soň eden-etdilik we zorluk-sütem höküm sürüp başlaýar. Ýurduň içinde uruş turandygy üçin dogan-uýalar ýarym ýyldan gowrak howp astynda ýaşadylar. Olar şeýle ýagdaýa nädip döz geldiler? Dogan-uýalaryň käbiri ýurduň howpsuz ýerinde ýaşaýan imandaşlarynyň öýünde boldular. Bir dogan şeýle diýýär: «Şol döwür dostlarymyň ýanynda bolandygyma örän begenýärin. Biz biri-birimizi ruhlandyrdyk».
2 «Uly betbagtçylyk» başlanda, ýürekden söýýän dostlarymyzyň bardygyna örän begeneris (Ylh. 7:14). Şonuň üçin dogan-uýalar bilen häzirden ýakyn dost bolmak örän wajyp (1 Petrus 4:7, 8-nji aýatlary okaň). Biz Ýermeýa pygamberden köp zatlary öwrenip bileris. Iýerusalim weýran edilmänkä dostlary Ýermeýa kömek etdiler *. Biz Ýermeýa pygamberden nädip görelde alyp bileris?
ÝERMEÝANYŇ GÖRELDESI
3. a) Ýermeýa näme sebäpden hiç kim bilen gepleşmän gezip bilerdi? b) Ýermeýa bilen Baruga ýakyn dost bolmaga näme kömek etdi we netijesi nähili boldy?
3 Ýermeýa pygamber Hudaýa biwepalyk eden halkyň arasynda 40 ýyl töweregi ýaşady. Belki-de, pygamberiň Ýer. 11:21; 12:6). Emma Ýermeýa ähli zady içine salyp, hiç kim bilen gepleşmän ýörmedi. Ol wepaly kätibi Baruga, şol sanda bize-de ähli gaýgy-aladasyny gürrüň berdi. Biz pygamberiň özüni nähili duýandygy barada Mukaddes Kitapdan okap bilýäris (Ýer. 8:21; 9:1; 20:14—18; 45:1). Baruk Ýermeýanyň başdan geçirenlerini golýazma ýazan döwri, olar jana-jana dost bolup, biri-birine has köp hormat goýan bolsalar gerek (Ýer. 20:1, 2; 26:7—11).
dogduk mekany bolan Anatotyň ilaty we dogan-garyndaşlary hem gozgalaňçy halky goldandyr (4. Ýehowa Ýermeýa näme tabşyrdy we bu tabşyryk Ýermeýa bilen Barugyň dostlugyny nädip berkitdi?
4 Ýermeýa batyrgaýlyk bilen Iýerusalime näme boljakdygy hakda ençeme ýyllap ysraýyl halkyna duýdurdy (Ýer. 25:3). Ýehowa halkynyň toba etmegi üçin ýene-de duýduryp, Ýermeýa pygambere Öz sözlerini ýazmagy tabşyrdy (Ýer. 36:1—4). Ýermeýa bilen Baruk Ýehowanyň tabşyran işini birnäçe aýlap bilelikde ýerine ýetirdiler. Şonda olar biri-biriniň imanyny berkidýän gürrüňleri eden bolmaly.
5. Baruk Ýermeýanyň ýakyn dostudygyny nädip subut etdi?
5 Ýermeýa bilen Baruk Hudaýyň habaryny golýazma ýazyp bolansoňlar, pygamber öz dostuna habary halka aýtmagy tabşyrdy (Ýer. 36:5, 6). Baruk mertlik bilen howply ýumşy ýerine ýetirdi. Baruk ybadathana baryp, halkyň öňünde Ýehowanyň sözlerini okap berende, Ýermeýa dostuna örän buýsanan bolsa gerek! (Ýer. 36:8—10). Ýahudanyň han-begleri Barugyň eden işini eşidenlerinde, oňa golýazmany sesli okamagy buýurdylar (Ýer. 36:14, 15). Han-begler Ýermeýanyň sözlerini Ýehoýakym patyşa habar bermeli diýen karara geldiler. Olar Baruga: «Git-de, gizlen, Ýermeýa-da gizlensin. Siziň nirededigiňizi hiç kim bilmesin» diýdiler (Ýer. 36:16—19). Olar paýhasly maslahat berdiler.
6. Ýermeýa bilen Baruk garşylyga duş gelende näme etdi?
6 Ýehoýakym patyşa Ýermeýanyň ýazan sözlerini eşidende, gahar-gazaba münüp, golýazmany oda ýakdy we Ýermeýa bilen Barugy tutmagy buýurdy. Emma Ýermeýa gorkmady. Ol başga bir golýazmany aldy-da, Baruga berdi. Ýermeýa Ýehowanyň habaryny, «Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan golýazmasyndaky ähli sözleri Baruga täzeden ýazdyrtdy» (Ýer. 36:26—28, 32).
7. Ýermeýa bilen Baruk bile işleşende, olaryň dostlugy nädip berkedi?
7 Kyn günleri bile başdan geçiren adamlar köplenç jana-jan dost bolup galýarlar. Ýermeýa bilen Baruk zalym patyşa Ýehoýakymyň ýakan golýazmasyny gaýtadan ýazanlarynda, biri-birini ýakyndan tanap, dostlugy has-da berkändir. Wepaly dostlar Ýermeýa bilen Barukdan näme öwrenýäris?
DOSTLARYŇYZA ÝÜREGIŇIZI DÖKÜŇ
8. Dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşmaga näme päsgel berip biler we näme üçin bahana etmeli däl?
8 Belki-de, kimdir biriniň göwnümize degendigi üçin ýüregimizi dökmek aňsat däldir (Nak. 18:19, 24). Ýa-da ýakyndan dostlaşmak üçin wagtymyz hem güýjümiz ýok diýýändiris. Ýöne biz bahana etmeli däl. Biz synaga düşenimizde goldaw berilmegini isleýän bolsak, dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşmaly. Munuň üçin biz olara ýüregimizi dökmegi öwrenmeli (1 Pet. 1:22).
9. a) Isanyň dostlaryna ynanýandygy nämeden görünýär? b) Ýürekden gürrüňdeş bolmak ýakyndan dostlaşmaga nädip kömek edýär? Mysal getiriň.
9 Isa dostlaryna ynanýardy, olardan hiç zady gizlemeýärdi (Ýah. 15:15). Bizem dostlarymyz bilen şatlygymyzy, gaýgy-aladamyzy paýlaşsak, Isanyň göreldesine eýerýäris. Eger sizem dostuňyzy ünsli diňleseňiz, onuň bilen pikiriňiziň, duýgyňyzyň we maksadyňyzyň meňzeşdigine göz ýetirersiňiz. Meselem, 29 ýaşly Sindiniň 67 ýaşly Meri-Luiza atly pioner jorasy bardy. Olar her hepdäniň penşenbe güni irden wagza çykýardylar. Şonda olar dürli temalar barada özara gürrüň edýärdiler. Sindi şeýle diýýär: «Men joralarym bilen wajyp temalar hakda gürrüň etmegi halaýaryn. Şonda men olary ýakyndan tanap, ýagdaýyna gowy düşünýärin». Dostluk birek-birege bolan ynamyň we açyk gürrüňdeşligiň esasynda berkeýär. Eger sizem Sindi ýaly mähirli we ýürekden gürrüňdeş bolmak üçin jan etseňiz, dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşyp bilersiňiz (Nak. 27:9).
EGINME-EGIN IŞLEŞIŇ
10. Nakyllar 27:17-ä görä, dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşmek nähili netije berýär?
10 Bizem Ýermeýa we Baruk ýaly dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşsek, olaryň ajaýyp häsiýetlerini göreris, köp zatlary öwreneris we ýakyndan dostlaşarys (Nakyllar 27:17-ni okaň). Belki, siz dogan-uýalaryň imany hakda batyrgaýlyk bilen wagyz edişini görensiňiz ýa-da Ýehowa we onuň niýeti barada adamlara ýürekden gürrüň berşini eşidensiňiz. Şonda özüňizi nähili duýduňyz? Elbetde, olara bolan hormatyňyz has-da artandyr.
11, 12. Dogan-uýalar bilen wagyz etmek dostlugymyzy nädip berkidýär? Mysal getiriň.
11 Geliň, eginme-egin işleşmegiň ýakyndan dostlaşmaga kömek edýändigini görkezýän iki waka seredeliň. 23 ýaşly Adelina jorasy Kandise wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmegi teklip edýär. Adelina: «Biz yhlasly wagyz edip, şatlyk tapmak isleýärdik. Ýöne munuň üçin ruhy taýdan goldaw gerekdi» diýýär. Olar eginme-egin işleşip nähili peýda aldylar? Adelina gürrüňini şeýle dowam edýär: «Her gün agşam biz alýan şatlygymyzy, wagyzda bolan gyzykly gürrüňdeşligi we Ýehowanyň goldaw berşini biri-birimize gürrüň berip ruhlanýardyk. Edýän gürrüňlerimiz ikimiziňem göwnümizi galkyndyryp, biri-birimizi has-da gowy tanamaga kömek etdi».
12 Fransiýada ýaşaýan durmuşa çykmadyk uýalarymyz Leýla bilen Mariýanna Merkezi Afrika Respublikasynyň paýtagty bolan köp ilatly Bangi şäherinde
bäş hepdeläp wagyz edýärler. Leýla şeýle gürrüň berýär: «Elbetde, düşünişmezlik bolýardy, ýöne biri-birimizi gowy görüp, ýürekden gepleşip ýakyn jora bolduk. Mariýannanyň täze ýere tiz öwrenişýändigini, ýerli halky söýýändigini, yhlasly wagyz edýändigini görüp, has köp hormat goýup başladym». Şeýle bereketleri almak üçin hökman daşary ýurtda wagyz etmek gerek däl. Ýygnagymyzdaky dogan-uýalar bilen her gezek wagyz edenimizde, olary gowy tanamaga we ýakyndan dostlaşmaga mümkinçilik döreýär.DOSTLARYŇYZYŇ GOWY HÄSIÝETLERINI GÖRÜŇ WE GEÇIRIMLI BOLUŇ
13. Dostlarymyz bilen işleşenimizde nähili kynçylyk bolmagy mümkin?
13 Käte biz dostlarymyz bilen eginme-egin işleşenimizde, olaryň diňe gowy häsiýetlerini däl-de, ýalňyşlyklaryny hem görýäris. Şeýle ýagdaýda bize näme kömek eder? Geliň, ýene-de Ýermeýa pygamber hakda gürrüň edeliň. Oňa dostlarynyň ýalňyşlyklaryny bagyşlamaga we gowy häsiýetlerini görmäge näme kömek etdi?
14. Ýermeýa pygamber Ýehowa hakda nämeleri bildi we bu oňa nädip kömek etdi?
14 Ýermeýa pygamber öz adyny göterýän kitaby ýazýar. Şeýle-de ol 1 Patyşalar we 2 Patyşalar kitabyny hem ýazan bolmaly. Şonda ol Ýehowanyň bikämil adamlara rehimdarlyk edýändigine göz ýetiren bolmaly. Meselem, Ahap patyşa toba edendigi üçin, Ýehowa onuň döwründe maşgalasyna betbagtçylyk indermändi (1 Pat. 21:27—29). Şeýle-de Manaşa patyşa Ahapdan-da köp günä eden hem bolsa, Ýehowa ony toba edendigi üçin bagyşlady (2 Pat. 21:16, 17; 2 Tar. 33:10—13). Şu wakalar Ýermeýa pygambere ýakyn dostlary bilen işleşende, rehimdar we sabyrly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýermäge kömek etdi (Zeb. 103:8, 9).
15. Ýermeýa pygamber sabyrly Hudaý Ýehowadan görelde alyp, Baruga nädip kömek etdi?
15 Baruk biraz wagt Hudaýyň tabşyran ýumşy bilen däl-de, başga işler bilen meşgullanýar. Ýöne Ýermeýa umydyny üzmeýär we Ýehowanyň berk duýduryşyny mähir bilen aýdyp, Baruga kömek edýär (Ýer. 45:1—5). Biz mundan näme öwrenýäris?
16. Nakyllar 17:9-a görä, dostlugymyzy berkitmek üçin näme etmeli?
16 Biz dogan-uýalar bilen dostlaşanymyzdan soň, dostlugymyzy berkitmäge jan etmeli we olardan kämillige garaşmaly däl. Şonuň üçin dostumyz ýalňyşlyk goýberse, biz Hudaýyň Sözüne esaslanyp, mähir bilen, ýöne berk maslahat bermeli (Zeb. 141:5). Dostumyz göwnümize degse bagyşlamaly, ýöne dostumyzyň ýalňyşyny özüne-de, başgalara-da aýdyp ýörmeli däl (Nakyllar 17:9-y okaň). Biz kyn günlerde ýaşaýarys, şonuň üçin dogan-uýalaryň ýalňyşlaryna däl-de, gowy häsiýetlerine üns bermeli. Şonda biz olar bilen ýakyndan dost bolarys. Häzir şu maslahata eýermek örän wajyp, sebäbi uly betbagtçylykda dostlarymyzyň kömegine mätäç bolarys.
ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ
17. Ýermeýa aladaly günde goldaw berýän hak dostdugyny nädip subut etdi?
17 Ýermeýa pygamber aladaly günde goldaw berýän hak dostdugyny subut etdi. Meselem, Abdymälik Ýermeýany batgaly guýudan çykarýar. Şonda Abdymälik Ýer. 38:7—13; 39:15—18).
han-beglerden gorkup, özüne ýamanlyk ederler öýdýär. Ýermeýa muny bilende: «Abdymälik öz başyny özi çarar-la» diýmeýär. Ol tussaglykda bolsa-da, Ýehowanyň teselli beriji habaryny dosty Abdymälige gürrüň berýär (18. Nakyllar 17:17-ä görä, dostumyz kyn güne düşende nädip goldap bileris?
18 Şu günler dogan-uýalar dürli kynçylyklara uçraýarlar. Olaryň köpüsi tebigy betbagtçylykdan we uruşlardan ejir çekýär. Biz şeýle kyn ýagdaýlary başdan geçirýän dogan-uýalar üçin öýümiziň gapysyny giňden açyp bileris. Ýa-da olara pul kömegini berip bileris. Şeýle-de olar üçin Ýehowa doga edip bileris. Käte dogan-uýalaryň ruhdan düşendigini eşidenimizde, näme diýjegimizi we näme etjegimizi bilmeýäris. Ýöne biziň ählimizde kömek etmäge mümkinçilik bar. Meselem, biz dostlarymyz üçin wagt sarp edip bileris. Olar ýüregini dökende ünsli diňläp, gowy görýän aýadymyzy okap teselli berip bileris (Işa. 50:4). Dostlarymyza kömek etmegiň iň gowy usuly kyn gününde olaryň ýanynda bolmakdyr (Nakyllar 17:17-ni okaň).
19. Dogan-uýalar bilen dostlaşsak, gelejekde nähili peýda berer?
19 Geliň, dogan-uýalar bilen ýakyndan tanşyp, olar bilen dost bolmagy ýüregimize düweliň. Muny etmek näme üçin wajyp? Sebäbi duşmanlar ýalan-ýaşryk gürrüňler arkaly agzalalyk döredip, aramyza çöp atjak bolýarlar. Ýöne olaryň tagallasy puç bolar. Olar biziň söýgimizi hiç haçan sowadyp bilmez we gurýan duzaklarynyň hiç biri dostlugymyzy bozup bilmez. Biziň dostlugymyz diňe bir dünýäniň ahyryna çenli däl-de, ebedi dowam eder.
16-NJY AÝDYM Patyşalygyň tarapyna geçiň!
^ abzas 5 Dünýäniň soňy golaýlaşýar, şonuň üçin dogan-uýalar bilen dostlaşmaly. Şu makalada biz Ýermeýa pygamberden näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de dogan-uýalar bilen ýakyndan dost bolsak, synaglarda biri-birimizi nädip goldap biljekdigimizi bileris.
^ abzas 2 Ýermeýa kitabynda ýazylan wakalar taryhy yzygiderlikde beýan edilmeýär.
^ abzas 57 SURATLAR: suratda «uly betbagtçylykda» boljak ýagdaý görkezilen. Dogan-uýalar üçekde gizlenip otyr. Olar agyr günde hem dostlary bilen bile bolup, teselli tapýarlar. Indiki suratlarda şol dogan-uýalar uly betbagtçylyk başlamanka, ýakyndan dostlaşýarlar.