Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 45

Mukaddes ruh bize nädip kömek edýär?

Mukaddes ruh bize nädip kömek edýär?

«Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» (Flp. 4:13).

38-NJI AÝDYM Ýüküňizi Ýehowa atyň!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Bize kynçylyklara döz gelmäge näme kömek edýär? Düşündiriň. b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

BIZIŇ köpümiz duş gelen kynçylyklarymyz hakda oýlanyp: «Öz güýjüm bilen döz gelip bilmezdim» diýendiris. Belki, siz agyr kesele uçransyňyz ýa-da dogan-garyndaşlaryňyz aradan çykandyr. Häzir bolsa yzyňyza ser salyp, şol kynçylyklara «öz güýjüňiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen» döz gelendigiňize düşünýänsiňiz (2 Kor. 4:7—9).

2 Biz mukaddes ruhuň kömegine mätäç, sebäbi zalym dünýäniň täsirine garşy durmaly bolýarys (1 Ýah. 5:19). Şeýle-de «zalym ruhlar» bilen hem göreşýäris (Efes. 6:12). Biz şu makalada mukaddes ruhuň haýsy iki ýol bilen kömek edýändigini bileris. Soňra mukaddes ruhuň has köp ýardam bermegi üçin näme etmelidigimiz barada gürrüň ederis.

MUKADDES RUH GÜÝÇ BERÝÄR

3. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly borjumyzy ýerine ýetirmäge nädip kömek edýär?

3 Ýehowanyň mukaddes ruhy bize güýç berýär we kynçylyklara garamazdan borjumyzy ýerine ýetirmäge kömek edýär. Pawlus resul Mesihiň güýç berjekdigine ynanýandygy üçin, ruhdan düşmän Hudaýa wepaly gulluk etdi (2 Kor. 12:9). Pawlus ikinji wagyz syýahatyna gidende, diňe bir yhlasly wagyz etmän, gün-güzeranyny görmek üçin işlemeli hem boldy. Ol Korinf şäherine gelende, bir är-aýalyň, ýagny Akila bilen Priskillanyň öýünde ýaşady. Olar çadyr tikýärdiler. Pawlus hem çadyr tikip bilýändigi üçin, hepdäniň käbir günleri olar bilen işleýärdi (Res. 18:1—4). Pawlus resul mukaddes ruhuň kömegi bilen gün-güzeranyny görmek üçin zähmet çekýärdi we yhlasly wagyz edýärdi.

4. 2 Korinfliler 12:7b—9-njy aýatlara görä, Pawlus nähili kynçylyga duçar boldy?

4 2 Korinfliler 12:7b—9-njy aýatlary okaň. Pawlus «bedenimde tiken bar» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Eger aýagyňyza tiken batan bolsa, onuň nähili agyryly bolýandygyny bilýänsiňiz. Pawlus kynçylygynyň tiken ýaly agyrylydygyny aýdýar. Ol kynçylygyny «şarpyk çalýan» (çykgyt) Şeýtanyň perişdesi diýip atlandyrdy. Belki, Şeýtan we onuň jynlary sebäpli Pawlus kynçylyga uçran däldir. Ýöne zalym ruhlar «tikeni» has-da çümdürip, Pawlusyň agyrysyny artdyrmak isländirler. Şonda Pawlus näme etdikä?

5. Ýehowa Pawlusyň dogasyna nädip jogap berdi?

5 Başda Pawlus «tikenden» dynmak isledi. Ol «Hudaýa üç gezek ýalbaryp, tikeni aýyrmagy haýyş edendigini» aýdýar. Emma Pawlus näçe ýalbarsa-da, tiken aýrylmady. Ýehowa onuň dogasyna jogap bermedimi näme? Ýok, jogap berdi. Ol «tikeni», ýagny kynçylygy aýyrmasa-da, Pawlusa döz gelmäge güýç berdi. Ýehowa: «Ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm has gowy görünýär» diýdi (2 Kor. 12:8, 9). Hudaýyň kömegi bilen Pawlus şatlygyny we parahatlygyny saklap bildi (Flp. 4:4—7).

6. a) Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär? b) Abzasdaky haýsy aýat size güýç berýär?

6 Sizem Pawlus resul ýaly Ýehowa doga edip, kynçylygy aýyrmagy haýyş edipdiňizmi? Näçe ýalbarsaňyz-da, kynçylyk beterleşýän bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda: «Ýehowa menden razy däl» diýip pikir edýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, Pawlus bilen bolan waka hakda oýlanyň. Ýehowa Pawlusyň dogasyna jogap berişi ýaly, siziň hem dogalaryňyza jogap berer. Ýehowa kynçylygy aýyrmasa-da, döz geler ýaly mukaddes ruhy arkaly güýç berer (Zeb. 61:3, 4). Siz nähili kyn ýagdaýda bolsaňyz-da, Ýehowa siziň ýanyňyzda bolar (2 Kor. 4:8, 9; Flp. 4:13).

MUKADDES RUH ÖŇE GITMÄGE KÖMEK EDÝÄR

7, 8. a) Mukaddes ruhuň şemal bilen nähili meňzeşligi bar? b) Petrus resul mukaddes ruhuň täsirini nädip suratlandyrdy?

7 Mukaddes ruh bize ýene nädip kömek edýär? Mukaddes ruhy şemala meňzetse bolar. Deňizde apy-tupan tursa-da, şemalyň kömegi bilen gämi sag-salamat kenara çykyp biler. Şonuň ýaly apy-tupan ýaly kynçylyklar bolsa-da, bizem mukaddes ruhuň kömegi bilen Hudaýyň wada beren Jennetine ýetip bileris.

8 Petrus resul balykçy bolansoň, deňizde ençeme sapar gaýykly ýüzüpdi. Şol sebäpli ol mukaddes ruhuň täsirini gaýykda ýüzmek bilen deňeşdirdi. Petrus şeýle ýazdy: «Adamlar pygamberligi hiç haçan öz-özünden aýtmandylar. Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik edýärdiler». «Pygamberlik etmek» diýip terjime edilen grek sözi «äkidilmek» diýmegi aňladýar (2 Pet. 1:21).

9. Petrusyň ulanan «äkidilmek» diýen sözi nämäni ýatladýar?

9 Petrusyň ulanan «äkidilmek» diýen sözi size nämäni ýatladýar? Luka Resullar kitabyny ýazanda gäminiň ýeliň ugruna ýüzýändigini düşündirmek üçin, şol grek sözüni ulandy (Res. 27:15). Mukaddes Kitaby öwrenýän alymyň aýtmagyna görä, Petrusyň Mukaddes Kitaby ýazan adamlar barada ulanan «äkidilmek» diýen sözi gaýykda ýüzmegi ýadyňa salýar. Petrus resul gaýygyň şemalyň ugruna ýüzüşi ýaly, pygamberleriň hem mukaddes ruhuň kömegi bilen Hudaýyň sözüni ýazandygyny aýtdy. Ýokarda agzalan alym şeýle diýýär: «Pygamberler ýelkenlerini galdyryp, welilik etdiler». Ýehowa öz etmeli işini etdi: ol «şemaly», ýagny mukaddes ruhy berdi. Pygamberler hem öz etmeli işini etdiler: olar mukaddes ruhuň görkezmesine eýerdiler.

1-NJI ÄDIM: ruhy işlere yzygiderli gatnaşyň

2-NJI ÄDIM: ruhy işlere yhlasly gatnaşyň (11-nji abzasa serediň) *

10, 11. Mukaddes ruhuň bize kömek etmegi üçin haýsy iki ädimi ätmeli? Mysal getiriň.

10 Elbetde, şu günler Ýehowa mukaddes ruhy arkaly adamlara Mukaddes Kitaby ýazdyrmaýar. Ýöne ol mukaddes ruhuň kömegi bilen halkyna güýç berýär. Ýehowa häzirem öz etmeli işini ýerine ýetirýär. Mukaddes ruh kömek eder ýaly näme etmeli? Bizem öz tarapymyzdan käbir ädimleri ätmeli. Muny nädip edip bileris?

11 Geliň, bir mysala seredeliň. Ýeliň ugruna ýüzmek üçin deňizçi iki zat etmeli: birinjiden, ol gaýygyny ýeliň öwüsýän ýerine eltmeli. Eger ol gaýygyny açyk deňze çykarman, kenarda goýsa, ýeliň ugruna ýüzüp bilmez. Ikinjiden, deňizçi ähli ýelkenlerini açmaly. Gaýygyň öňe ýüzmegi üçin diňe şemalyň öwüsmegi ýeterlikli däl, deňizçi gaýygyň ýelkenlerini açyp, ýelden doldurmaly. Şonuň ýaly, bizem diňe mukaddes ruhuň kömegi bilen Ýehowa wepaly gulluk edip bileris. Mukaddes ruh bize ýardam berer ýaly, biz iki ädim ätmeli. Birinjiden, Hudaýyň ruhunyň täsir edýän ýerinde bolmaly, ýagny ruhy işler bilen meşgullanmaly. Ikinjiden, biz «ýelkenlerimizi açmaly», ýagny elimizde baryny edip ruhy işlere gatnaşmaly (Zeb. 119:32). Biz ruhy işler bilen meşgullansak, güýçli tolkun ýaly synaglar we garşylyklar bolsa-da, Jennete ýetýänçäk Hudaýa wepaly bolarys.

12. Häzir näme hakda gürrüň ederis?

12 Biz mukaddes ruhuň iki ýol bilen kömek edýändigini bildik. Mukaddes ruh bize güýç berýär we kynçylyklara garamazdan Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär. Şeýle-de mukaddes ruh bize Ýehowanyň islegini berjaý etmäge we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge ýardam berýär. Geliň, mukaddes ruhuň has köp ýardam bermegi üçin haýsy dört ädimi ätmelidigimizi bileliň.

MUKADDES RUH HAS KÖP ÝARDAM BERER ÝALY NÄME ETMELI?

13. 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlara görä, Hudaýyň Sözi bize nähili täsir edýär we biz näme etmeli?

13 Birinjiden, Hudaýyň Sözüni öwrenmeli (2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary okaň). «Hudaýyň ylhamy» diýen grek sözüni sözme-söz terjime edeniňde, «Hudaý üfledi» diýmegi aňladýar. Hudaý mukaddes ruhuny «üfläp», pygamberleriň aňyna Öz pikirini guýdy. Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda we oýlananymyzda, Hudaýyň görkezmeleri aňymyza hem-de ýüregimize täsir edýär. Şol ylhamlanan pikirler durmuşymyzy üýtgedip, Hudaýyň islegine görä ýaşamaga kömek edýär (Ýew. 4:12). Mukaddes ruh bize has köp ýardam berer ýaly, Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenmeli. Şeýle-de okan zatlarymyz barada oýlanmaly. Şonda Mukaddes Kitapdaky maslahatlar sözlerimize we işlerimize täsir eder.

14. a) Ýygnakda mukaddes ruhuň bardygyny näme subut edýär? b) Ýygnakda «ýelkenlerimizi açmak» üçin näme etmeli?

14 Ikinjiden, agzybirlikde Hudaýa sežde etmeli (Zeb. 22:22). Ýygnak duşuşyklaryny şemalyň öwüsýän ýerine meňzetse bolýar. Ýygnakda Ýehowanyň mukaddes ruhy bar (Ylh. 2:29). Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi dogan-uýalar bilen Hudaýa sežde edenimizde, mukaddes ruhy sorap doga edýäris, Hudaýyň Sözüne esaslanan aýdymlary aýdýarys we mukaddes ruh bilen bellenen doganlaryň taýýarlan nutuklaryny diňleýäris. Mukaddes ruh uýalara-da ýygnakda berlen ýumuşlara taýýarlanmaga we çykyş etmäge kömek edýär. Mukaddes ruhuň has köp ýardam bermegi üçin ýygnaklara taýýarlanmaly we jogap bermeli. Şonda biz ýygnakda «ýelkenlerimizi» açyp bileris.

15. Mukaddes ruh wagyzda nädip kömek edýär?

15 Üçünjiden, wagyz etmeli. Biz wagyz edenimizde we tälim berenimizde Mukaddes Kitaby ulansak, mukaddes ruhuň täsir etmegine ýol bereris (Rim. 15:18, 19). Hudaýyň ruhy has köp ýardam berer ýaly, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, Mukaddes Kitap arkaly wagyz etmeli. «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderinde» getirilýän gürrüňdeşlik üçin teklipleri ulansak, wagyzda köp adamlaryň ýüregine täsir edip bileris.

16. Mukaddes ruhy almagyň iň gowy ýoly näme?

16 Dördünjiden, Ýehowa doga etmeli (Mat. 7:7—11; Luka 11:13). Mukaddes ruhy almagyň iň gowy ýoly — Ýehowadan dilemek. Türmäniň beýik diwarlary-da, hatda Şeýtan-da Ýehowa doga etmäge we mukaddes ruhuny dilemäge böwet bolup bilmez (Ýak. 1:17). Mukaddes ruhuň has köp ýardam bermegi üçin nädip dileg etmeli? Muny bilmek üçin, geliň, Lukanyň Hoş habarynda agzalýan bir waka hakda gürrüň edeliň *.

GAÝTA-GAÝTA DOGA EDIŇ

17. Luka 11:5—9, 13-nji aýatlardan dileg etmek barada näme öwrenýäris?

17 Luka 11:5—9, 13-nji aýatlary okaň. Isanyň gürrüň beren mysalyndan mukaddes ruhy nädip dilemelidigini bilýäris. Mysalda bir adam «gaýta-gaýta sorap» özüne gerek zady alýar. Ol ýarygije bolsa-da, çekinmän dostundan kömek soraýar *. Isa mysaly doga bilen nädip baglanyşdyrdy? Ol: «Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açylar» diýdi. Biz mundan näme öwrenýäris? Mukaddes ruhuň kömek etmegi üçin, ony gaýta-gaýta soramaly.

18. Isanyň aýdan mysalyndan görnüşi ýaly, Ýehowanyň mukaddes ruhuny berjekdigine näme üçin ynamly bolup bileris?

18 Isanyň gürrüň beren mysaly Ýehowanyň bize näme üçin mukaddes ruhuny berýändigine düşünmäge kömek edýär. Mysaldaky adam ýarygije gelen myhmany gowy garşylap, öňünde çaý-çörek goýmak isleýär, ýöne çöregi bolmansoň goňşusynyň öýüne gidýär. Isanyň sözünden görnüşi ýaly, ol gaýta-gaýta diländen soň, goňşusy çörek berýär. Isa bize näme öwretmek isledi? Eger bikämil adam gaýta-gaýta soraýan goňşusyna kömek edýän bolsa, onda söýgüden doly gökdäki Atamyz gaýta-gaýta dileýän adamlara mukaddes ruhuny bermezmi näme?! Şonuň üçin Ýehowadan mukaddes ruhuny dilänimizde, dogamyza hökman jogap berjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 10:17; 66:19).

19. Biz ýeňiş gazanjakdygymyza näme üçin ynamly bolup bileris?

19 Şeýtan näçe hüjüm etse-de, biz ýeňiş gazanjakdygymyza ynamly bolup bileris. Näme üçin? Sebäbi mukaddes ruh bize iki ýol bilen kömek edýär: birinjiden, kynçylyklara döz geler ýaly güýç berýär. Ikinjiden, «ýelkenimizi ýelden dolduryp», Hudaýyň wada beren Jennetine ýetýänçäk, Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýär. Geliň, her birimiz mukaddes ruhuň has köp ýardam bermegi üçin elimizde baryny edeliň!

6-NJY AÝDYM Hudaýyň gullukçysynyň dogasy

^ abzas 5 Şu makalada Hudaýyň mukaddes ruhunyň kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýändigi hakda bileris. Şeýle-de mukaddes ruhuň has köp ýardam bermegi üçin näme etmelidigimiz barada gürrüň ederis.

^ abzas 16 Hoş habary ýazanlaryň arasynda Isanyň doga etmegi wajyp hasaplandygyny Luka köp agzap geçýär (Luka 3:21; 5:16; 6:12; 9:18, 28, 29; 18:1; 22:41, 44).

^ abzas 17 2018-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanmanyň 5-nji sahypasyndaky «Erjelligiňiz üçin» diýen jümläniň düşündirilişine serediň.

^ abzas 60 SURATLAR: 1-NJI ÄDIM: är-aýal ýygnak jaýyna gelip, dogan-uýalar bilen görüşýär. Olar Ýehowanyň ruhunyň bar bolan ýerine gelýär. 2-NJI ÄDIM: är-aýal ýygnaga taýýarlanýar we jogap berýär. Şu iki ädim makalada gürrüň edilen beýleki ruhy işlere-de degişli: Hudaýyň Sözüni öwrenmek, wagyz etmek we Ýehowa doga etmek.