Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 48

Geçmişe däl-de, gelejege serediň!

Geçmişe däl-de, gelejege serediň!

«Gözleriň öňe seretsin, göreçleriň diňe öňe dikilsin» (Nak. 4:25).

77-NJI AÝDYM Garaňky dünýäde ýagtylyk

MAZMUNY *

1, 2. Biz Nakyllar 4:25-däki maslahata nädip eýerip bilýäris? Mysal getiriň.

GELIŇ, dogan-uýalar bilen bolan wakalary göz öňüne getireliň. Uly ýaşly uýa bagtly günlerini ýatlaýar. Häzir uýanyň durmuşy kyn bolsa-da, ol Ýehowa janaýaman gulluk edýär (1 Kor. 15:58). Uýa her gün özüniň we dogan-garyndaşlarynyň Hudaýyň täze dünýäsinde hezil edip ýaşaýandygyny göz öňüne getirýär. Başga bir uýanyň bolsa imandaşyndan göwni galýar, emma uýa öýke-kine saklap ýörmeýär (Kol. 3:13). Bir dogan öňki eden ýalňyşlaryny ýatlap gynanýar, ýöne Ýehowa wepaly gulluk etmegini goýmaýar (Zeb. 51:10).

2 Şu üç mesihçiniň näme meňzeşligi bar? Olar geçmişde bolan zatlary wagtal-wagtal ýatlasalar-da, geçen günleri bilen ýaşamaýarlar. Olar gelejek hakda oýlanyp, öňe ýöreýärler (Nakyllar 4:25-i okaň).

3. Biz näme üçin gelejege seretmeli?

3 Biz näme üçin gelejege seretmeli? Eger adam hemişe yzyna seretse, öňe tarap ýöremek kyn bolar. Şonuň ýaly bizem geçmişimizi ýatlap ýöresek, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk edip bilmeris (Luka 9:62).

4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Biz şu makalada geçmişimiz bilen ýaşamagyň * üç duzaga düşürip bilýändigi hakda bileris. Olar: 1) geçen günleri küýsemek, 2) öýke-kine saklamak we 3) özüňi çendenaşa günäkärlemek. Biz şu ýagdaýlaryň hersinde Mukaddes Kitabyň kada-kanunlarynyň «yzda galan zatlary unutmaga» we gelejege seretmäge nädip kömek edýändigi hakda gürrüň ederis (Flp. 3:13).

GEÇEN GÜNLERI KÜÝSEMEK

Gelejege seretmäge näme päsgel berýär? (5, 9, 13-nji abzaslara serediň) *

5. Nesihat 7:10-da nähili duýduryş berilýär?

5 Nesihat 7:10-y okaň. Aýatda: «Geçen günler gowy eken» diýmegiň nädogrudygy aýdylmaýar. Durmuşymyzda bolan gowy günleri ýatlamak — Ýehowanyň sowgady. Aýatda: «„Geçen günler şu günümden gowy eken“ diýme» diýilýär. Görşümiz ýaly, öňki durmuşymyzy ýatlap ýörsek, häzirki durmuşymyzdan närazy bolup, duzaga düşüp bileris.

Ysraýyllar Müsürden çykansoň nähili ýalňyşlyk goýberdiler? (6-njy abzasa serediň)

6. Geçen günleriň häzirkiden gowy bolandygy hakda oýlanmak näme üçin nädogry? Mysal getiriň.

6 Geçen günleriň häzirkiden gowy bolandygy hakda oýlanmak näme üçin nädogry? Adam geçen günlerini küýsände, diňe ýagşy zatlaryny ýatlap, ýaman zatlaryny ýatlamaýar. Geliň, Müsürden çykan ysraýyllar bilen näme bolandygyny bileliň. Olar gulçulykda agyr zähmet çekendigini tiz unudyp, iýen gök önümleri hakda oýlandylar. Olar: «Wah, şu wagt Müsürde mugt iýen balyklarymyz, hyýarlarymyz, garpyzlarymyz, ýaş soganlarymyz, sogan-sarymsaklarymyz bolsady!» diýdiler (4 Mus. 11:5). Emma olar «mugt» iýdilermi? Ýok! Ysraýyllar maňlaý derini döküp, gul bolup ýaşadylar (2 Mus. 1:13, 14; 3:6—9). Ýöne olar çeken azaplaryny unudyp, geçen günlerini küýsäp başladylar. Olar Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna üns bermediler. Ýehowanyň hem gadyrbilmez ysraýyllara gahary geldi (4 Mus. 11:10).

7. Bir uýa geçen günleri küýsemezlige näme kömek etdi?

7 Biz geçen günleri küýsemek duzagyna düşmez ýaly näme etmeli? Geliň, bir uýa bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ol 1945-nji ýylda Bruklindäki Beýtelde gulluk edip başlaýar. Birnäçe ýyldan soňra Beýtelde gulluk edýän dogana durmuşa çykýar. Olar bilelikde Ýehowa şatlyk bilen köp ýyllap gulluk edýärler. Emma 1976-njy ýylda dogan agyr keselleýär. Ol ölüm ýassygynda ýatyrka, aýalyna çydamly bolar ýaly maslahat berýär. Ol şeýle diýýär: «Biz bagtly ýaşadyk. Şeýle bagt köp adamlara ýetdirmeýär... Sen şol günleri ýatlasaň-da, geçmişiň bilen ýaşama. Wagt — derdiň dermany. Gynanyp ýörme, özüňe nebsiň agyrmasyn. Ýehowa bile gulluk eden günlerimize begen. Geçen günleri ýatlamak — Hudaýyň sowgady». Gör, nähili peýdaly maslahat!

8. «Geçmişiň bilen ýaşama» diýen maslahat uýa nädip kömek etdi?

8 Uýa äriniň beren maslahatyny kabul etdi. Ol bütin ömrüne Ýehowa wepaly gulluk edip, 92 ýaşynda aradan çykdy. Mundan birnäçe ýyl öň, ol şeýle diýdi: «Men 63 ýyl Ýehowa uzak wagtly gulluk etdim. Yzyma ser salyp, bagtly ýaşandygymy görýärin». Näme üçin? Uýa şeýle gürrüň berýär: «Men bütindünýä doganlygyň agzasydygyma, täze dünýäde dogan-uýalar bilen ebedi ýaşamak umydymyň bardygyna we Beýik Ýaradana ömürboýy gulluk edip bilýändigime şatlanýaryn». Bizem uýanyň göreldesine eýerip, geçmişe däl-de, gelejege seretmeli!

ÖÝKE-KINE SAKLAMAK

9. 3 Musa 19:18-e görä, bagyşlamak haçan kyn bolýar?

9 3 Musa 19:18-i okaň. «Göwün bir çüýşe, synsa ýama tutmaz» diýlişi ýaly, imandaşymyz, dostumyz ýa-da dogan-garyndaşymyz göwnümize degende, ýüregimize bitmejek ýara salýarlar. Geliň, bir uýa bilen bolan waka seredeliň. Oňa bir uýa töhmet atyp, puluny ogurlandygyny aýdýar. Soňra ol ýalňyşandygyny aýdyp, ötünç soraýar. Emma uýa atylan töhmeti hiç unudyp bilmeýär. Sizde-de şeýle bolupdymy? Belki, size töhmet atan däldirler, ýöne göwnüňize degendirler. Şonda siz ol adamy hiç haçan bagyşlamaryn diýensiňiz.

10. Bize öýke-kine saklamazlyga näme kömek edip biler?

10 Bize öýke-kine saklamazlyga näme kömek edip biler? Ýehowanyň ähli zady görýändigini ýatdan çykarmaň. Ol biziň nämelerden geçýändigimizi we bize garşy edilýän adalatsyzlygy görýär (Ýew. 4:13). Biz gynananymyzda, Ýehowa hem gynanýar (Işa. 63:9). Şol sebäpli ol bize adalaty dikeltjekdigini we ýüregimize salnan ýarany bitirjekdigini wada berýär (Ylh. 21:3, 4).

11. Öýke-kinämizi unutmagyň nähili peýdasy bar?

11 Biz göwnümize degen adamlary bagyşlap, öýke-kine saklamasak, özümize peýdaly bolar. Ýokarda agzalan uýa hem munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ol birnäçe wagtdan töhmet atan uýany ýürekden bagyşlady. Oňa näme kömek etdi? Uýa adamlary bagyşlasa, Ýehowanyň hem özüni bagyşlajakdygyna düşündi (Mat. 6:14). Elbetde, ol töhmet atan uýany aklap, eden işini dogry hasaplamaýar, ýöne gaharlanyp, öýke-kine hem saklamaýar. Uýa özüni has bagtly duýup, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýär.

ÖZÜŇI ÇENDENAŞA GÜNÄKÄRLEMEK

12. Biz 1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlardan näme öwrenýäris?

12 1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlary okaň. Biziň hemmämiz käte özümizi günäkär duýýarys. Käbir dogan-uýalar Ýehowany tanamanka eden günäleri üçin özlerini günäkärleýärler. Käbirleri bolsa suwa çümdürilenden soň ýalňyşlyk goýberendigi üçin özlerini ýazgaryp ýöreýärler (Rim. 3:23). Biziň ählimiz Hudaýyň öňünde dogry işleri etmek isleýäris, emma «köp ýalňyşýarys» (Ýak. 3:2; Rim. 7:21—23). Adam özüni günäkärlemegi halamasa-da, onuň peýdaly tarapy hem bar. Özüňizi günäkär hasaplasaňyz, düzelmek islärsiňiz we ýalňyşyňyzy gaýtalamazlygy ýüregiňize düwersiňiz (Ýew. 12:12, 13).

13. Özüňi çendenaşa günäkärlemek näme üçin howply?

13 Biz toba edip, Ýehowanyň bagyşlandygyny bilenimizden soňam özümizi çendenaşa günäkärläp ýöresek, öz aýagymyza özümiz palta urýarys (Zeb. 31:10; 38:3, 4). Nädip? Geliň, günälerine ökünip, ahmyr eden uýa hakda bileliň. Ol şeýle ýatlaýar: «Giç, bary biderek! Indi Ýehowa sežde etmek üçin tagalla etmegimiň peýdasy ýok». Biziň köpümiz şeýle ýagdaýy başdan geçirendiris. Biz öz-özümizi çendenaşa günäkärlesek, Şeýtany begendireris. Ýehowa bizi bagyşlaýan bolsa, onda öz-özümizi günäkärlemäliň! (2 Korinfliler 2:5—7, 11-nji aýatlary deňeşdiriň).

14. Ýehowanyň bagyşlandygyny nädip bilmeli?

14 Belki-de, siz: «Ýehowanyň bagyşlandygyny nädip bilmeli?» diýýänsiňiz. Eger şeýle soragy berýän bolsaňyz, onuň jogabyny-da taparsyňyz. 1954-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle ýazylypdy: «Biz käte şol bir ýalňyşymyzy gaýtalaýarys. Sebäbi Hudaýa gulluk edip başlamankak, erbet endikler aňymyza we ýüregimize şeýle bir siňipdir welin, olary aňsat-aňsat aýryp bolmaýar... Özüňizden göwnüňiz geçmesin. Hudaý meni asla bagyşlamaz diýip pikir etmäň. Şeýle pikir etseňiz, onda Şeýtanyň duzagyna düşersiňiz. Günäleriňize ökünseňiz, diýmek, siz gowy adam bolmak isleýärsiňiz. Hudaýdan ötünç soraň, arassa ynsap diläň we pesgöwünlilik bilen kömek soraň. Çaga bir ýerini agyrdanda kakasynyň ýanyna barýar. Edil şonuň ýaly, siz hem eden günäňizi birnäçe sapar gaýtalasaňyz-da, Alladan kömek soraň. Ýehowa sizi bagyşlar».

15, 16. Bir dogan bilen uýa Ýehowanyň bagyşlandygyna nädip düşündiler?

15 Dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowanyň bagyşlandygyny bilip, kalbynda rahatlyk duýdular. Meselem, «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär» atly makalalaryň birinde uýanyň terjimehaly bardy. Uýa durmuşynda bolan erbet zatlary ýatlap, Ýehowanyň söýgüsine hiç ynanyp bilmeýär. Ol suwa çümdürilenden soň hem ençeme ýyllap erbet duýgulary bilen göreşýär. Uýa Isanyň töleg gurbany hakda oýlananda, özüni Ýehowanyň söýýändigine ynanyp başlaýar.

16 Uýanyň terjimehaly bir dogana täsir edýär. Dogan şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşkam pornografiýa görýärdim. Men ony görmezlik üçin köp tagalla etdim, emma ýaňy-ýakynda ýene-de gördüm. Şonda ýygnak ýaşulularyndan kömek soradym we erbet endigimi ýeňmek üçin elimde baryny etdim. Ýaşulular Hudaýyň meni söýýändigini we bagyşlamak isleýändigini aýtdylar. Emma men şonda-da özümi dereksiz duýup: „Heý-de, Ýehowa men ýaly günäkäri söýermi?!“ diýýärdim. Uýanyň terjimehaly maňa uly kömek etdi. Hudaý meni bagyşlamaz, Isa Mesihiň töleg gurbany günämi ýuwup bilmez diýen pikirler kelläme gelende, şol makalany alyp okaýaryn. Okan zatlarym hakda oýlananymda, erbet duýgularym zym-zyýat bolýar».

17. Pawlusa özüni çendenaşa günäkärlemezlige näme kömek etdi?

17 Pawlus hem mesihçi bolmazyndan öň agyr günäleri edipdi. Elbetde, Pawlus eden günälerini unutmady, ýöne hemişe ýatlap hem ýörmedi (1 Tim. 1:12—15). Ol Isanyň töleg gurbanyny Hudaýyň beren sowgady hasaplaýardy (Gal. 2:20). Şol sebäpli Pawlus özüni çendenaşa günäkärlemän, bar güýji bilen Ýehowa gulluk etmäge jan etdi.

GELEJEGE SEREDIŇ!

Gelejege serediň! (18, 19-njy abzaslara serediň) *

18. Biz şu makaladan nämeleri öwrendik?

18 Biz şu makaladan nämeleri öwrendik? 1) Gowy ýatlamalar — Ýehowanyň sowgady. Emma nähili gowy ýaşan hem bolsak, täze dünýäde has gowy ýaşarys. 2) Göwnümize degenlerinde, öýke-kine saklamasak, Ýehowa ýürekden gulluk ederis. 3) Özümizi çendenaşa günäkärlesek, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip bilmeris. Şonuň üçin Pawlus resulyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň bizi bagyşlaýandygyna ynanmaly.

19. Täze dünýäde geçmişi ýatlaman ýaşajakdygymyzy nireden bilýäris?

19 Ýehowa täze dünýäde geçmişi ýatlaman, ebedi ýaşajakdygymyzy wada berdi. Mukaddes Kitapda: «Öňki zatlar ýada düşmez» diýilýär (Işa. 65:17). Ýehowa bütin ömrüni bagyş eden garry dogan-uýalar hem täze dünýäde ýaşlyk ýyllaryna dolanarlar (Eýp. 33:25). Geliň, geçmişi ýatlap ýaşamalyň! Öňe, gelejege seredeliň! Täze dünýäde ýaşamak üçin elimizde baryny edeliň!

142-NJI AÝDYM Umyda berk ýapyşalyň

^ par. 5 Il arasynda «Geçmişini bilmedik, gelejegini bilmez» diýilýär. Elbetde, geçenleri ýatlamak käte peýdaly bolup biler. Emma hemişe geçmişi ýatlasak, Ýehowa ýürekden gulluk edip bilmeris we gelejek baradaky wadalaryny unudarys. Biz geçmiş bilen ýaşasak, üç duzaga düşüp bileris. Şu makalada şol duzaklara düşmez ýaly Mukaddes Kitabyň kada-kanunlarynyň we Ýehowanyň gullukçylarynyň göreldesiniň bize nädip kömek edýändigini bileris.

^ par. 4 DÜŞÜNDIRILIŞ: şu makaladaky «geçmiş bilen ýaşamak» diýen jümle hemişe geçen günleri ýatlamagy we häzirki durmuşdan has gowy bolandygy hakda gürrüň etmegi aňladýar.

^ par. 56 SURAT: geçen günleri küýsemek, öýke-kine saklamak we özüňi çendenaşa günäkärlemek ýaly duýgular agyr ýük kimin ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge päsgel berýär.

^ par. 63 SURAT: biz erbet duýgulary ýeňsek, agyr ýükden dynarys, özümizi bagtly duýarys we täze güýç bilen öňe ýöräris.