Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 46

Ýaş çatynjalar, Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýuň!

Ýaş çatynjalar, Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýuň!

«Ýehowa güýjüm... Oňa ýürekden bil baglaýaryn» (Zeb. 28:7).

131-NJI AÝDYM «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn»

MAZMUNY *

1, 2. a) Ýaş çatynjalar näme üçin Ýehowa Hudaýa bil baglamaly? (Zebur 37:3, 4). b) Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

SIZ ýaňy-ýakynda maşgala guran bolsaňyz, söwer ýaryňyz bilen ömürboýy bagtly ýaşamagy arzuw edýänsiňiz. Elbetde, her maşgalanyň özüne ýetik ýüki, ýagny kynçylygy bolýar. Şeýle-de är-aýal wajyp kararlara gelmeli bolýar. Olaryň kyn ýagdaýlarda gelýän kararlary bütin ömrüne täsir edýär. Eger ýaş çatynjalar Ýehowa bil baglap karara gelseler, agzybir we bagtly ýaşarlar. Emma olar Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asmasalar, görjegi görgi we etjegi bergi bolar (Zebur 37:3, 4-nji aýatlary okaň).

2 Şu makalada ýaş çatynjalaryň kynçylyklary nädip çözüp biljekdikleri hakda gürrüň ederis. Makaladaky maslahatlar diňe täze maşgala guranlara däl-de, ähli är-aýallara paýhasly karara gelip, agzybir ýaşamaga kömek eder. Şeýle-de biz gadymy döwürde we şu günler Hudaýa wepaly gulluk edýän är-aýallar hakda gürrüň ederis. Biz olaryň göreldesine eýersek, maşgalada döreýän ähli kynçylyklary ýeňip bileris.

ÝAŞ ÇATYNJALARDA NÄHILI KYNÇYLYKLAR BOLÝAR?

Ýaş çatynjalara Ýehowa köpräk gulluk etmäge näme päsgel berip biler? (3, 4-nji abzaslara serediň)

3, 4. Ýaş çatynjalarda nähili kynçylyklar bolýar?

3 Käbirleri täze maşgala guranlara dokuzyny düzüw edip ýaşamagy maslahat berýärler. Meselem, olaryň ene-atasy: «Agtyk küýseýäris» diýýärler. Dogan-garyndaşlary: «Çagaňyz bolanokmy?» diýýärler. Dost-ýarlary bolsa: «Täze jaý, maşyn satyn alyň, durmuşyň hözirini görüp ýaşaň» diýýärler.

4 Ýaş çatynjalar ene-atasynyň we dogan-garyndaşlarynyň göwnüni tapjak bolup, dogry karara gelip bilmeseler karza batarlar. Olar karzyny üzmek üçin gije-gündiz işlemeli bolarlar. Şeýdip, olaryň Mukaddes Kitaby okamaga, maşgala okuwyny geçirmäge we wagyz etmäge wagty bolmaz. Olar işden kowulmajak bolup ýa-da has köp pul gazanjak bolup, ýygnaklara barmazlygy mümkin. Şeýlelikde, olar Ýehowa yhlasly gulluk edip bilmezler.

5. Baýlyk adamy bagtly edýärmi? Düşündiriň.

5 Baýlyk adamy bagtly etmeýär. Munuň şeýledigine Klaus bilen Marisa öz durmuşynda göz ýetirdiler. * Olar toý tutansoň, baý ýaşamagyň küýüne düşüp, uzakly gün işläp başlaýarlar. Emma olar özüni bagtly duýmaýarlar. Klaus şeýle diýýär: «Biz zada zar bolman ýaşaýardyk, ýöne Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin maksat goýmaýardyk. Dogrymy aýtsam, durmuşymyz gaýgy-aladadan doludy». Belki, siz hem baýlygyň ugrunda hars urmagyň adamy bagtly etmeýändigine göz ýetirensiňiz. Ruhdan düşmäň! Size Hudaýa wepaly gulluk eden är-aýallaryň göreldesi kömek eder. Geliň, ilki bilen, ärleriň Ýehoşapat patyşanyň göreldesine nädip eýerip biljegi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOŞAPAT PATYŞA ÝALY ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

6. Ýehoşapat patyşa kyn ýagdaýa düşende Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlardaky maslahata nädip eýerdi?

6 Ärler, maşgala borçlaryňyz agyr ýük ýaly egniňizden basýarmy? Eger şeýle bolsa, Ýehoşapat patyşanyň göreldesine eýeriň. Ýehoşapat patyşa diňe bir maşgalasynyň däl-de, bütin halkyň aladasyny etmelidi. Patyşa borjuny nädip ýerine ýetirdi? Ol halkynyň aladasyny etmek üçin elinde baryny etdi. Ol Ýahudada berk diwarly şäherleri gurdy. Ýehoşapat uly goşun ýygnady. Onuň goşunynda 1 160 000-den gowrak batyr gerçekler gulluk edýärdi (2 Tar. 17:12—19). Soňra mowaplar, ammonlar we Segir dagynyň ilaty Ýehoşapat bilen söweşmäge gelýärler (2 Tar. 20:1, 2). Ýehoşapat maşgalasyny we bütin halkyny goramak üçin näme edýär? Ol Ýehowa doga edip kömek we güýç soraýar. Ol Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlardaky (okaň) maslahata eýerýär. Ýehoşapatyň pespällik bilen eden dogasy 2 Taryh 20:5—12-nji aýatlarda ýazylan. Hawa, Ýehoşapat gökdäki Atasy Ýehowa ýürekden bil baglady. Ýehowa Ýehoşapatyň dilegine nädip jogap berdi?

7. Ýehowa Ýehoşapatyň dogasyna nädip jogap berdi?

7 Ýehowa lewilerden bolan Ýahazyýel arkaly Ýehoşapat patyşa: «Ýeriňizde durup, Ýehowanyň halas edişini görüň» diýdi (2 Tar. 20:13—17). Belki, ýeriňden butnaman durup, söweşde ýeňiş gazanmak mümkin däl ýaly bolup görünýändir. Emma adam üçin mümkin däl zat, Ýehowa üçin mümkindir. Ýehoşapat Hudaýa jany-teni bilen bil baglaýardy. Şonuň üçin Onuň aýdyşy ýaly etdi. Ýehoşapat goşunyň öňki hatarlarynda batyr esgerleri däl-de, ýaragsyz aýdymçylary goýdy. Ýehowa Ýehoşapaty goldady we oňa ýeňiş gazanmaga kömek etdi (2 Tar. 20:18—23).

Ýaş çatynjylar Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmak üçin doga etmeli we Mukaddes Kitaby okamaly (8, 10-njy abzaslara serediň)

8. Ärler Ýehoşapatyň göreldesine nädip eýerip biler?

8 Ärler, Ýehoşapat patyşanyň göreldesine eýeriň. Siz maşgalaňyzy eklemäge we aladasyny etmäge borçludygyňyza düşünip, arman-ýadaman zähmet çekýänsiňiz. Käte siz kynçylyk dörände, özüm baş alyp çykaryn diýýänsiňiz. Emma öz düşünjäňize daýanmaň. Ýehowa bar aladaňyzy aýdyp doga ediň, ýüregiňizi döküň. Soňra aýalyňyz bilen hem doga ediň. Ýehowanyň öwüt-ündewini diňläp, dogry karara gelmek üçin Mukaddes Kitaby okaň, edebiýatlardan gözleg geçiriň. Soňra öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Belki, käbirleri Mukaddes Kitaba esaslanyp gelýän kararlaryňyzy akmaklyk hasaplaýandyr. Olar maşgalany bagtly we aladasyny etmek üçin köp pul gazanmaly diýýändir. Ýöne Ýehoşapat patyşanyň näme edendigi hakda oýlanyň. Ol Ýehowa jany-teni bilen bil baglap, görkezmesine doly eýerdi. Ýehowa Ýehoşapata ýeňiş gazanmaga kömek edişi ýaly, size-de kömek eder (Zeb. 37:28; Ýew. 13:5). Är-aýallar bagtly ýaşamak üçin ýene näme etmeli?

IŞAÝA BILEN AÝALY ÝALY ÝEHOWA YHLASLY GULLUK EDIŇ

9. Işaýa bilen aýaly nähili görelde galdyrdy?

9 Işaýa pygamber bilen aýaly Ýehowa ýürekden gulluk edýärdiler. Işaýa Ýehowanyň bellän pygamberidi. Mukaddes Kitapda onuň aýalyna-da «pygamber» diýilýär (Işa. 8:1—4). Olar Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi hemişe birinji orunda goýýardylar. Gör, nähili ajaýyp görelde!

10. Ýaş çatynjalara Ýehowa janyny aýaman gulluk etmäge näme kömek eder?

10 Şu günler hem ýaş çatynjalar Işaýanyň we aýalynyň göreldesine eýerseler, Ýehowa elinde baryny edip gulluk etmek islärler. Olar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri öwrenseler we olaryň hemişe ýerine ýetýändigine göz ýetirseler, Ýehowa ýürekden bil baglarlar * (Tit. 1:2). Şonda olar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine goşant goşmak islärler. Meselem, olar Isanyň «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde... wagyz ediler» diýen pygamberligini ýerine ýetirmek üçin yhlasly wagyz ederler (Mat. 24:14). Olar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigine ynamly bolsalar, Ýehowa janyny aýaman gulluk eder.

PRISKILLA BILEN AKILA ÝALY HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNY BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ

11. Akila bilen Priskilla näme etdiler we näme üçin?

11 Ýaş çatynjalar Priskilla bilen Akilanyň göreldesine eýerip bilerler. Olar Rimde ýaşaýarkalar, Isa pygamber hakdaky hoş habary eşidip iman edýärler. Olar bagtlydylar, emma birdenkä durmuşy özgerdi. Imperator Klawdiý ähli ýehudylara Rimden çykmagy buýurýar. Priskilla bilen Akilanyň ýagdaýyny göz öňüne getiriň: olar başga şähere göçüp gitmeli bolýarlar, ýaşar ýaly jaý tapmaly bolýarlar, ýat illerde gün-güzeranyny görmek üçin iş tapmaly bolýarlar. Şeýle kynçylyklar olara Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaga päsgel bermedi. Olar Korinf şäherine göçüp barýarlar. Pawlus resul bilen eginme-egin işleşip, dogan-uýalary ruhlandyrýarlar we yhlasly wagyz edýärler. Soňra olar wagyzçylaryň az şäherine göçýärler (Res. 18:18—21; Rim. 16:3—5). Akila bilen Priskilla Ýehowa bileje gulluk edip ýürekden şatlanýarlar.

12. Är-aýallar näme üçin Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýmaly?

12 Är-aýallar Priskilla bilen Akilanyň göreldesine eýerseler, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup bilerler. Ýaş juwanlar heniz maşgala gurmanka, maksatlary hakda gürleşseler gowy bolar. Eger olar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin maksat goýsalar we oňa ýetmek üçin jan etseler, Ýehowa olara bereket berer (Nes. 4:9, 12). Rassell bilen Elizabet hem Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup köp bereket aldylar. Rassell: «Biz heniz maşgala gurmankak, Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýduk» diýýär. Elizabet şeýle diýýär: «Biz Ýehowa köpräk gulluk etmegi ýüregimize düwüpdik. Şol sebäpli kynçylyklar bolsa-da, goýan maksadymyzdan el çekmeýärdik». Şeýlelikde, Rassell bilen Elizabet wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek üçin Mikroneziýa göçýärler.

Ýaş çatynjalar Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmak üçin ruhy maksatlary goýmaly (13-nji abzasa serediň)

13. Zebur 28:7-ä görä, näme üçin Ýehowa bil baglamaly?

13 Şu günler hem är-aýallaryň köpüsi Rassell bilen Elizabetiň göreldesine eýerýärler. Olar baýlyga kowalaşmaýarlar we Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýýarlar. Är-aýalyň ikisi hem goýan maksadyna ýetmäge jan etse, Ýehowa olaryň tagallasyna ak pata berer. Olar Ýehowanyň goldaw berişini görende, Hudaýa bil baglamagy öwrenerler we bagtly bolarlar (Zebur 28:7-ni okaň).

PETRUS BILEN AÝALY ÝALY ÝEHOWANYŇ WADALARYNA YNANYŇ

14. Petrus bilen aýaly Matta 6:25, 31—34-nji aýatlardaky wada ynanýandyklaryny nädip görkezdiler?

14 Är-aýallar Petrus bilen aýalynyň hem göreldesine eýerip bilerler. Petrus balykçydy, maşgalasyny balyk tutup ekleýärdi. Petrusyň Isa bilen tanşanyna alty aý bolupdy. Indi ol wajyp karara gelmelidi. Isa ony adam tutýan balykçy bolmaga, ýagny hoş habary wagyz etmäge çagyrdy. Elbetde, Petrus sallah bolan bolsa, oňa karara gelmek kyn bolmazdy. Emma Petrus maşgalasynyň hem aladasyny etmelidi (Luka 5:1—11). Petrus Isanyň çakylygyny kabul edýär. Ol dogry karara gelýär. Petrusyň aýaly hem onuň kararyny goldan bolmaly. Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, Petrus wagyz syýahatyna gidende, aýalyny hem alyp gidýär (1 Kor. 9:5). Petrusyň aýaly ýagşy edim-gylymly bolandygy üçin, ol arassa ynsap bilen är-aýallara maslahat berdi (1 Pet. 3:1—7). Hawa, Petrus bilen aýaly Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsalar, Ýehowanyň olaryň aladasyny etjekdigine ýürekden ynanýardylar (Matta 6:25, 31—34-nji aýatlary okaň).

15. Biz Tiýago bilen Esteriň göreldesine nädip eýerip bileris?

15 Siziň maşgala guranyňyza birnäçe ýyl bolan hem bolsa, Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýup bilersiňiz. Size Ýehowa yhlasly gulluk edýän är-aýallaryň göreldesi kömek eder. Munuň üçin «Olar höwes bilen gulluk edýärler» diýen makalalary okap bilersiňiz. Şol makalalar braziliýaly Tiýago bilen Esteri wagyzçylaryň az ýerine göçmäge höweslendirdi. Tiýago şeýle diýýär: «Biz şol makalalary okanymyzda Ýehowanyň dogan-uýalary goldap, bol bereket berýändigine göz ýetirdik. Biz hem öz durmuşymyzda Ýehowanyň elini görmek isledik». Olar 2014-nji ýylda Paragwaýa göçýärler we portugal dilindäki ýygnakda gulluk edýärler. Ester şeýle diýýär: «Ärimem, menem Efesliler 3:20-ni gowy görýäris. Biz şol aýatdaky sözleriň hakykatdygyna öz durmuşymyzda kän göz ýetirdik». Pawlus şol hatynda Ýehowanyň biziň soraýan zatlarymyzdan-da has köp zatlary berýändigini ýazýar. Şol aýatdaky sözler köp dogan-uýalaryň durmuşynda ýerine ýetdi.

Ýaş çatynjalar Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmak üçin uzak wagtly gulluk edýän är-aýallardan maslahat soramaly (16-njy abzasa serediň)

16. Ýaş çatynjalar kimlerden maslahat soramaly?

16 Ýaş çatynjalar Ýehowa bil baglaýan är-aýallardan hem köp zatlary öwrenip bilerler. Olaryň käbiri köp ýyldan bäri Ýehowa uzak wagtly gulluk edýärler. Ýaş çatynjalar, siziň nähili maksatlaryňyz bar? Siz uzak wagtly gulluk edýän är-aýallardan maslahat sorasaňyz, Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görkezersiňiz (Nak. 22:17, 19). Ýygnak ýaşululary hem ýaş çatynjalara maksat goýmaga we oňa ýetmäge kömek edip bilerler.

17. Klaus we Marisa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

17 Käte biz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin maksat goýýarys. Ýöne Ýehowa bize düýbünden başga bir ýumuş tabşyryp bilýär. Ýokarda agzalan Klaus we Marisa bilen hem şeýle bolupdy. Olaryň toý edenine üç ýyl bolupdy. Olar guramanyň gurluşyk işine gatnaşmak üçin Finlandiýa göçýärler. Olar gurluşyk işine bary-ýogy alty aý kömek edip bilýändiklerini bilenlerinde örän gynandylar. Şondan köp wagt geçmänkä, olary arap dilini öwredýän kursa çagyrýarlar. Indi olar daşary ýurtda arap dilinde gepleýän adamlara şatlyk bilen wagyz edýärler. Marisa geçen günlerini ýatlap şeýle diýýär: «Ýat ýurtda gulluk etmek ilkibada aňsat düşmedi. Ýöne biz Ýehowa bil bagladyk. Ýehowa bize täsin ýollar bilen kömek edýärdi. Şondan soň men Ýehowa ýürekden bil baglamagy öwrendim». Klaus we Marisa bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, biz hem Ýehowa bil baglasak, ol hemişe goldar, bereket berer.

18. Ýaş çatynjalar Ýehowa bil baglamak üçin näme etmeli?

18 Maşgalany Ýehowa döretdi (Mat. 19:5, 6). Ol är-aýalyň bagtly ýaşamagyny isleýär (Nak. 5:18). Ýaş çatynjalar, siz maşgalany döreden Ýehowa nädip minnetdar bolup bilersiňiz? Munuň üçin goýan maksatlaryňyz hakda oýlanyň we Ýehowa doga ediň. Ýehowanyň sizden nämä garaşýandygyna düşünmek üçin Mukaddes Kitapdan gözleg geçiriň. Soňra Ýehowanyň görkezmesine eýeriň. Eger Ýehowa gulluk etmegi durmuşyňyzda birinji orunda goýsaňyz, siz bagtly bolarsyňyz we köp bereketleri alarsyňyz.

132-NJI AÝDYM Biz bir beden

^ par. 5 Biz her gün karara gelmeli bolýarys. Gelýän kararlarymyz Ýehowa yhlasly gulluk etmäge kömek hem edip bilýär, päsgel hem berip bilýär. Esasanam, täze maşgala guranlaryň gelýän kararlary bütin durmuşyna täsir edýär. Şu makalada olara paýhasly karara gelip, bagtly ýaşamaga nämäniň kömek etjegini bileris.

^ par. 5 Käbir atlar üýtgedildi.