Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 45

Birek-birege wepaly söýgini bildireliň!

Birek-birege wepaly söýgini bildireliň!

«Biri-biriňize wepaly söýgini bildiriň, rehimdar boluň» (Zek. 7:9, çykgyt).

107-NJI AÝDYM Söýginiň ajaýyp göreldesi

MAZMUNY *

1, 2. Biz näme üçin biri-birimize wepaly söýgini bildirmeli?

WEPALY SÖÝGINI bildirmek örän wajyp. Näme üçin? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Wepaly söýgi we dogruçyllyk hemraň bolsun... Şonda Hudaýyň we adamlaryň öňünde ýagşy adyň bolar». «Wepaly söýgini bildirýän adam haýyr tapar». «Adalatly we wepaly söýgä baý adam ýaşaýşa... eýe bolar» (Nak. 3:3, 4, çykgyt; 11:17, çykgyt; 21:21, çykgyt).

2 Şu aýatlarda wepaly söýgini bildirmegiň üç sebäbi aýdylýar. Birinjiden, wepaly söýgini bildirsek, Ýehowanyň eý görýän perzentleri bolarys. Ikinjiden, wepaly söýgini bildirsek, özümizi bagtly duýarys, köp adamlar bilen dostlaşarys we ýürekden şatlanarys. Üçünjiden, wepaly söýgini bildirsek, biz bol bereketlere eýe bolarys we ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarys. Hawa, Ýehowanyň «biri-biriňize wepaly söýgini bildiriň, rehimdar boluň» diýen maslahatyna eýersek görjegimiz gowy bolar (Zek. 7:9, çykgyt).

3. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: biz kimlere wepaly söýgini bildirmeli? Rut kitabyndan wepaly söýgi hakda näme öwrenip bileris? Biz biri-birimize wepaly söýgini nädip bildirmeli? Wepaly söýgini bildirmegiň nähili peýdasy bar?

BIZ KIMLERE WEPALY SÖÝGINI BILDIRMELI?

4. Biz Ýehowanyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli? (Markus 10:29, 30).

4 Geçen makalada Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edýän adamlara wepaly söýgüsini bildirýändigi hakda gürrüň edipdik (Dan. 9:4, çykgyt). Biz «söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde almaly» (Efes. 5:1). Biz dogan-uýalary janymyz-tenimiz bilen söýüp, olara wepaly söýgini bildirmeli (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň).

5, 6. Ýagşylyk etmeklige wepaly söýgini bildirmek diýse bolarmy? Düşündiriň.

5 Dogan-uýalara wepaly söýgini bildirmek üçin, ilki bilen, onuň näme aňladýandygyny bilmeli. Käbirleri adamlara ýagşylyk etseler, olara wepaly söýgini bildirýändiris öýdýärler. Ýöne ýagşylyk etmek bilen wepaly söýgi bildirmegiň arasynda tapawut bar. Geliň, muňa düşünmek üçin bir waka seredeliň.

6 Pawlus resuly tussag edýärler we ony Rime alyp gidýärler. Şonda olar deňizde gämi heläkçiligine uçraýarlar. Emma olaryň hiç biri heläk bolman, sag-aman kenara çykýarlar. Görseler, olar Malta adasyna gelipdirler. Adanyň ýaşaýjylary olary gujak açyp garşy alýarlar we ýagşylyk edýärler (Res. 28:2, 7). Maltanyň ýaşaýjylary olara wepaly söýgini bildirdi diýse bolarmy? Ýok! Olar adamkärçilikli bolansoň, kyn ýagdaýa düşen adamlara ýagşylyk etdiler.

7, 8. a) Dawudyň Ýonatana bildiren wepaly söýgüsinden nämäni bilse bolýar? b) Biz häzir haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

7 Görşümiz ýaly, ýagşylyk etmek bilen wepaly söýgini bildirmegiň arasynda tapawut bar. Muňa has gowy düşünmek üçin, geliň, ýene bir waka seredeliň. Dawut bilen Ýonatan jana-jan dostdy. Ýonatanyň kakasy Dawudy öldürjek bolýardy, emma Dawut dosty Ýonatana wepaly söýgüsini bildirýär. Soňra Ýonatan aradan çykýar, ýöne Dawut onuň ogly Mepiboşete wepaly söýgüsini bildirýär. Näme üçin? Sebäbi wepaly söýgini hiç kim we hiç zat sowadyp bilmeýär. Şu wakadan görnüşi ýaly, wepaly söýgini bildirmek bilen ýagşylyk etmegiň arasynda uly tapawut bar (1 Şam. 20:9, 14, 15; 2 Şam. 4:4; 8:15; 9:1, 6, 7).

8 Biz Rut kitabyndan hem wepaly söýgi barada köp zatlary öwrenip bileris. Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: Rut kitabyndaky gahrymanlar wepaly söýgini nädip bildirdiler? Biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris? *

RUT KITABYNDAN WEPALY SÖÝGI HAKDA NÄME ÖWRENIP BILERIS?

9. Nagomy näme üçin Ýehowa maňa garşy çykdy diýdi?

9 Rut kitabynda Nagomy, onuň gelni Rut we garyndaşy Bowaz hakda ýazylan. Ysraýylda güýçli açlyk bolýar, şonda Nagomy bütin maşgalasy bilen Mowap ýurduna göçýär. Ol ýerde Nagomynyň äri Alymälik aradan çykýar. Nagomy iki ogluny öýli-işikli edýär. Soňra ogullarynyň ikisi hem aradan çykýar (Rut 1:3—5; 2:1). Söwer ýarynyň we eziz ogullarynyň ölümi Nagomynyň bilini bükýär. Ol gaýgy-hasratdan ýaňa saralyp solýar. Nagomy şeýle diýýär: «Gudratygüýçli maňa ajy durmuş berdi... Ýehowa maňa garşy çykdy, Gudratygüýçli betbagt etdi» (Rut 1:13, 20, 21).

10. Ýehowa Nagoma nädip kömek etdi?

10 Ýehowa ajy hasrat çekýän mähriban gyzyny ýeke goýmady, oňa duýgudaşlyk bildirdi. Ýehowa zulum-sütemiň paýhasly adamy hem akylsyz edýändigini bilýärdi (Nes. 7:7). Nagomy söýgüden doly gökdäki Atasynyň hemişe goldajakdygyna ynanmalydy. Ýehowa oňa nädip kömek etdi? Ýehowa Rut arkaly Nagoma wepaly söýgüsini bildirdi (1 Şam. 2:8). Rut gaýynenesiniň mähir bilen aladasyny etdi, göwünlik berdi we Ýehowanyň ony söýýändigine düşünmäge kömek etdi. Biz Rutuň göreldesine nädip eýerip bileris?

11. Janaýamaz dogan-uýalar ruhdan düşen imandaşlaryny näme üçin goldaýarlar?

11 Wepaly söýgi ruhdan düşen dogan-uýalary goldamaga höweslendirýär. Janaýamaz dogan-uýalar Rutuň göreldesine eýerip, ruhdan düşen imandaşlaryny goldamak üçin elinden gelen kömegi gaýgyrmaýarlar. Sebäbi olar dogan-uýalary söýýärler we olar üçin janyny bermäge taýyn bolýarlar (Nak. 12:25; 24:10). Pawlus resul: «Göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris» diýdi (1 Sel. 5:14).

Ruhdan düşen dogan-uýalary ünsli diňlemeli (12-nji abzasa serediň)

12. Ruhdan düşen dogan-uýalara kömek etmegiň iň gowy usuly näme?

12 Ruhdan düşen dogan-uýalara kömek etmegiň iň gowy usuly: ünsli diňlemek we söýgiňi bildirmek. Eger biz Ýehowanyň ogul-gyzlarynyň aladasyny etsek, gökdäki Atamyz bizi sylagsyz goýmaz (Zeb. 41:1). Nakyllar 19:17-de: «Garybyň dadyna ýetişýän Ýehowa karz berýär. Alla hem ýagşylygynyň öwezini dolar» diýilýär.

Orpa öýüne gaýdýar, Rut bolsa gaýynenesiniň ýanynda galýar. Rut Nagoma: «Siz nirä gitseňiz, menem yzyňyzdan giderin» diýýär (13-nji abzasa serediň)

13. Nagoma haýsy gelni wepaly söýgini bildirdi we nädip? (Daşky sahypadaky surata serediň).

13 Geliň, Nagomynyň äri we iki ogly aradan çykansoň näme bolandygyny bileliň. Nagomy «Ýehowanyň öz halkyna bereket berýändigini eşidýär» we dogduk mekanyna dolanmagy ýüregine düwýär (Rut 1:6). Şonda iki gelni hem gaýynenesi bilen bile gaýdýar. Nagomy gelinlerine «ejeňiziň öýüne dolanyň» diýip, üç sapar haýyş edýär. Soňra näme bolýar? «Orpa gaýynenesini ogşap, yzyna dolanýar. Rut bolsa Nagomynyň ýanyndan aýrylmaýar» (Rut 1:7—14). Orpa gaýynenesine gulak asyp, öýüne dolanýar. Rut hem öýüne gaýdyp bilerdi, emma ol gaýynenesine kömek etmek üçin, onuň ýanynda galdy. Ol muny özüni borçly hasaplaýandygy üçin däl-de, gaýynenesini janyndan-da eý görýändigi üçin etdi (Rut 1:16, 17). Hawa, Rut gaýynenesine wepaly söýgini bildirdi. Biz mundan näme öwrenýäris?

14. a) Biz Rutuň göreldesine nädip eýerip bileris? b) Ýewreýler 13:16-a görä, biz Ýehowany begendirmek üçin näme etmeli?

14 Wepaly söýgi dogan-uýalary janyňdan-da eý görmäge höweslendirýär. Biz gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlardan görelde alýarys. Biz tanamaýan imandaşlarymyza-da wepaly söýgini bildirýäris. Meselem, tebigy betbagtçylyk sebäpli kösenýän dogan-uýalara derrew kömege ýetişýäris ýa-da ýygnakdaky dogan-uýalar kyn güne düşse, olary goldamak üçin elimizde baryny edýäris. Biz hem Makedoniýadaky mesihçiler ýaly dogan-uýalary janymyzdan-da eý görýäris. Olar imandaşlaryny goldamak üçin «elinde baryny edipdiler, hatda artygy bilen edipdiler» (2 Kor. 8:3). Ýehowa biri-birine wepaly söýgini bildirýän dogan-uýalara guwanýar (Ýewreýler 13:16-ny okaň).

BIZ WEPALY SÖÝGINI NÄDIP BILDIRMELI?

15, 16. Rut tutanýerlidigini nädip görkezdi?

15 Biz Rutuň Nagoma bildiren wepaly söýgüsinden köp zatlary öwrenip bileris. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

16 Tutanýerli boluň. Nagomy gelnine öýüňe dolan diýip gaýta-gaýta aýdýar, emma Rut gaýynenesini ýeke goýup gitmeýär. Rut tutanýerlilik bilen gaýynenesine: «Siz nirä gitseňiz, menem yzyňyzdan giderin» diýýär. Soňra näme bolýar? «Nagomy Rutuň yzyna dolanmajagyna göz ýetirip, hiç zat diýmeýär» (Rut 1:15—18).

17. Bize tutanýerli bolmaga näme kömek eder?

17 Biziň üçin sapak. Göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalara kömek etmek üçin sabyrly we tutanýerli bolmaly. Belki, olar kömegimizi kabul etmän biler. Eger biz wepaly söýgini bildirsek, tutanýerli bolarys we elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys (Gal. 6:2). Olar biziň erjeldigimizi görseler, kömegimizi kabul ederler.

18. Nagomynyň oýlanman aýdan sözleri gelnine nähili täsir edip bilerdi?

18 Göwnüňize almaň. Nagomy gelni bilen Beýtullahama gelende, ilki goňşularyna duşýar. Nagomy olara: «Men bärden gidenimde, köp zadym bardy, emma Ýehowa yzyma boş getirdi» diýýär (Rut 1:21). Rut gaýynenesiniň sözlerini eşidip, özüni nähili duýduka? Ol gaýynenesini goldamak üçin elinde baryny edipdi. Olar ençeme günläp ýol ýöräpdi. Rut gaýynenesi bilen aglapdy, oňa göwünlik beripdi. Rutuň şunça eden ýagşylyklaryna garamazdan, Nagomy: «Ýehowa yzyma boş getirdi» diýdi. Nagomynyň oýlanman aýdan sözleri Rutuň eden bar tagallasyny biderek edip bilerdi. Hatda onuň ýüregine bitmejek ýara-da salyp bilerdi, emma Rut gaýynenesiniň sözlerini göwnüne almady.

19. Agyr günleri başdan geçirýän dogan-uýalara kömek etmek üçin näme etmeli?

19 Biziň üçin sapak. Biz hem agyr günleri başdan geçirýän dogan-uýalara kömek etmek üçin jan edýäris. Käte olar oýlanman göwnümize degýän sözleri aýtmaklary mümkin. Emma biz olardan öýkelemeli däl, gaýtam goldamaga hemişe taýýar bolmaly. Şeýle-de Ýehowadan olara göwünlik berer ýaly mümkinçilik döredip bermegini soramaly (Nak. 17:17).

Ýaşulular Bowazyň göreldesine nädip eýerip biler? (20, 21-nji abzaslara serediň)

20. Ruta ruhdan düşmezlige näme kömek etdi? 

20 Ruhlandyryň. Rut gaýynenesine wepaly söýgini bildirip, ony goldaýardy. Ýöne indi Rutuň özüne kömek gerekdi. Ýehowa Bowaz arkaly ony ruhlandyrdy. Bowaz Ruta şeýle diýdi: «Eden ähli ýagşylygyň Ýehowadan gaýtsyn! Sen Ysraýyl Hudaýy Ýehowadan pena gözläp geldiň. Goý, ol sylagyňy artygy bilen bersin!» Bowazyň ruhlandyryjy sözleri Rutuň güýjüne güýç goşdy. Ol Bowaza: «Mähirli sözleriňiz bilen göwnümi galkyndyrdyňyz. Ýagşylygyňyz üçin taňryýalkasyn!» diýdi (Rut 2:12, 13). Bowazyň göwünlik beriji sözleri Rutuň ýüregine melhem boldy we ol ruhdan düşmän, ýene-de gaýynenesine hyzmat etdi.

21. Işaýa 32:1, 2-nji aýatlara görä, ýaşulular dogan-uýalara nädip kömek edip bilerler?

21 Biziň üçin sapak. Wepaly söýgini bildirýän dogan-uýalaryň özleri hem käte ruhdan düşýärler. Bowaz Rutuň Nagoma eden ýagşylyklary üçin köp alkyş aýtdy. Ýaşulular hem dogan-uýalary imandaşlaryna edýän kömegi üçin öwmeli we minnetdarlyk aýtmaly. Şonda olaryň güýjüne güýç goşular we ýene-de Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederler (Işaýa 32:1, 2-nji aýatlary okaň).

WEPALY SÖÝGINI BILDIRMEGIŇ NÄHILI PEÝDASY BAR?

22, 23. Nagoma garaýşyny üýtgetmäge näme kömek etdi? (Zebur 136:23, 26).

22 Bowaz Ruta diňe bir öwgüli sözleri aýtman, onuň ýürekden aladasyny etdi we melleginde hoşa çöplemäge rugsat berdi (Rut 2:14—18). Nagomy Bowazyň eden ýagşylygyna minnetdar bolup: «Goý, dirilerdenem, ölülerdenem wepaly söýgüsini gaýgyrmaýan Ýehowa oňa bereket bersin!» diýdi (Rut 2:20a). Öň Nagomy gözýaş döküp: «Ýehowa maňa garşy çykdy — diýen bolsa, indi şatlykdan ýüregi joşup — Ýehowa... wepaly söýgüsini gaýgyrmaýar» diýýär. Haýran galaýmaly! Nagoma garaýşyny üýtgetmäge näme kömek etdi?

23 Nagomy Ýehowanyň hemişe aladasyny edendigine ahyry düşündi. Ol ýurduna dolananda, Ýehowa Rut arkaly ony goldady (Rut 1:16). Şeýle-de Ýehowa Bowazyň üsti bilen olaryň aladasyny etdi. Bowaz Nagoma we Ruta «hossar çykdy» * (Rut 2:19, 20b). Şonda Nagomy: «Men indi düşündim, Ýehowa meni ýeke goýmandyr. Ol meni hemişe gujagynda göteripdir» diýendir. Ol Ruta we Bowaza eden ýagşylyklary üçin minnetdar bolandyr (Zebur 136:23, 26-njy aýatlary okaň). Nagomynyň ýene-de Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýändigini görüp, Bowaz hem, Rut hem örän begenendir.

24. Biz näme üçin dogan-uýalara wepaly söýgini bildirmeli?

24 Biz Rut kitabyndan wepaly söýgi hakda näme öwrendik? Wepaly söýgi kyn ýagdaýa düşen dogan-uýalara tutanýerlilik bilen kömek etmäge höweslendirýär. Şeýle-de wepaly söýgi imandaşlaryňy janyňdan eý görmäge kömek edýär. Ýaşulular wepaly söýgini bildirýän dogan-uýalary öwmeli we ruhlandyrmaly. Eger biz dogan-uýalara wepaly söýgini bildirsek, olaryň Ýehowa ýene-de yhlasly gulluk edýändigini görüp begeneris (Res. 20:35). Geliň, hemişe wepaly söýgini bildireliň! Şonda wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowadan görelde alarys we Onuň ýüregini şatlandyrarys (2 Mus. 34:6; Zeb. 33:22).

130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň

^ par. 5 Ýehowa biziň dogan-uýalara wepaly söýgini bildirmegimizi isleýär. Mukaddes Kitapda biri-birine wepaly söýgini bildiren adamlar hakda ýazylan. Biz olar barada okasak we oýlansak, wepaly söýginiň nämedigine has gowy düşüneris. Şu makalada biri-birine wepaly söýgini bildiren Rut, Nagomy we Bowaz hakda gürrüň ederis.

^ par. 8 Rut 1-nji we 2-nji baplary okasaňyz makaladaky pikirlere has gowy düşünersiňiz.

^ par. 23 Bowazyň hossarlyk etmek haky barada köpräk bilmek üçin «Olaryň imanyndan görelde alyň» kitabynyň bäşinji babyny okap bilersiňiz.