Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 47

Hak Hudaýa ýürekden iman ediň

Hak Hudaýa ýürekden iman ediň

«Alada etmäň. Hudaýa-da, maňa-da iman ediň» (Ýah. 14:1).

119-NJY AÝDYM Imanyňy berkit

MAZMUNY *

1. Biz nämäni alada etmegimiz mümkin?

TIZDEN görlüp-eşidilmedik wakalar bolar. Ýalan din ýok ediler. Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Armageddon söweşi başlanar. Belki-de, siz: «Şol döwür Hudaýa wepaly bolup bilerinmi?» diýip alada edýänsiňiz. Onda makalanyň baş aýadyndaky Isa pygamberiň sözleri siziň güýjüňize güýç goşar. Ol şägirtlerine: «Alada etmäň. Hudaýa-da, maňa-da iman ediň» diýdi (Ýah. 14:1). Biz Hudaýa ýürekden iman etsek, has agyr synaglarda-da berk durarys.

2. Biz imanymyzy nädip berkitmeli we makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Biz kynçylyklarda we synaglarda özümizi nähili alyp barýandygymyz hakda oýlanmaly. Şonda imanymyzyň berkdigini ýa-da gowşakdygyny bileris we öz üstümizde işläris. Biz her gezek synaga düşenimizde Hudaýa wepaly bolsak, imanymyz has-da berkär. Şeýlelikde, biz gelejekde boljak synaglara-da taýýarlanyp bileris. Biz makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Isanyň şägirtleri haýsy dört ýagdaýda imanyny berkitmelidiler? Biz haýsy dört ýagdaýda imanymyzy berkitmeli? Gelejekde boljak synaglara nädip taýýarlanmaly?

HUDAÝYŇ IÝJEK-IÇJEGIŇIZI ÝETIRJEGINE IMAN EDIŇ

Ýehowa ýürekden iman etsek, ýeter-ýetmezçilikden kösensek-de, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýarys (3—6-njy abzaslara serediň)

3. Matta 6:30, 33-nji aýatlarda Isa pygamber nämäni wada berýär?

3 Maşgalabaşylar aýalynyň we çagalarynyň iýjek-içjegini, geýjegini ýetirip, zada zar etmän ýaşatmak isleýärler. Elbetde, soňky günlerde maşgalanyň aladasyny etmek aňsat däl. Sebäbi käbirimizi işden çykarýarlar. Biz näçe jan etsek-de, iş tapmaýarys. Käte bolsa bize iş teklip edýärler, emma Mukaddes Kitabyň kada-kanunyna garşy gelýändigi üçin, ol işde işlemeýäris. Biz şeýle ýagdaýlarda Ýehowanyň maşgalamyzyň iýjek-içjegini ýetirjekdigine ýürekden iman etmeli. Isa pygamber Dagdaky wagzynda Ýehowanyň aladamyzy etjekdigi hakda aýtdy (Matta 6:30, 33-nji aýatlary okaň). Eger Ýehowanyň goldajakdygyna iman etsek, onda Hudaýyň Patyşalygyny hemişe birinji orunda goýarys. Ýehowanyň gudratly gollary bilen kömek edişini görsek, Oňa ýürekden iman ederis we ýakyndan dostlaşarys.

4, 5. Bir maşgala kyn ýagdaýlara döz gelmäge näme kömek etdi?

4 Geliň, Wenesuelada ýaşaýan Migel dogan we onuň maşgalasy hakda gürrüň edeliň. * Olar kyn ýagdaýa düşende, Ýehowanyň hak howandardygyna göz ýetirdiler. Olar melleginde ekin ekip gün-güzeranyny görýärdiler. Bir gün eli ýaragly adamlar gelip, olara haýbat atýarlar we mellek ýerini elinden alýarlar. Migel dogan şeýle gürrüň berýär: «Indi öz mellegimiz bolmansoň, kärendesine kiçiräk ýer alyp ekin ekmeli bolýarys. Biziň eklenjimiz şol mellekden aljak hasylymyza bagly. Men günde Ýehowa ýalbaryp: „Her günki çöregimizi ýetirip dur“ diýýärin». Migel dogana hojalygyny dolandyrmak aňsat düşmeýär, emma ol Ýehowanyň her gün iýjek-içjegini ýetirip durjakdygyna ýürekden iman edýär. Olar ýygnak duşuşyklaryna barýarlar we yhlasly wagyz edýärler. Hawa, olar Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýarlar, Ýehowa hem olaryň aladasyny edýär.

5 Migel bilen aýaly Juliýa şol kyn günlerde Ýehowanyň dürli ýollar bilen goldaw berşini gördüler. Dogan-uýalar olaryň iýjek-içjegini ýetirip durdular, Migele iş tapmaga kömek etdiler. Filialdaky doganlar hem olaryň aladasyny edip, zerur zatlaryny ýetirip durdular. Ýehowa olara pena boldy, gujagynda göterdi. Olaryň Ýehowa imany has-da berkedi. Olaryň uly gyzy Ýaselin Ýehowanyň söýgi bilen aladasyny edýändigine minnetdar bolup şeýle diýdi: «Ýehowanyň söýgüden doly aladaçyl Atadygyny görmek göwnüňi göterýär. Ýehowa meniň dostum, men Oňa hemişe bil baglaýaryn. Biziň duş gelen kynçylyklarymyz gelejekde boljak has agyr synaglara taýýarlady».

6. Siz ýeter-ýetmezçilikden köseneniňizde nädip imanyňyzy berkidip bilersiňiz?

6 Belki, siz pulsuzlykdan, ýeter-ýetmezçilikden we işsizlikden kösenýänsiňiz. Eger siz şeýle kyn günleri başdan geçirýän bolsaňyz, imanyňyzy berkitmek üçin jan ediň. Allatagala doga-dileg ediň we Matta 6:25—34-nji aýatlary okap, Isa pygamberiň aýdan sözleri hakda oýlanyň. Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýan dogan-uýalaryň terjimehalyny okaň we Ýehowanyň olaryň aladasyny edişi hakda oýlanyň. Şonda siziň imanyňyz berkär (1 Kor. 15:58). Gökdäki Atamyz olaryň aladasyny eden bolsa, siziň hem aladaňyzy eder. Ýehowa size nämäniň gerekdigini we siziň nädip aladaňyzy etmelidigini gowy bilýär. Eger durmuşyňyzda Ýehowanyň goldaw berşini görseňiz, Oňa ýürekden iman edersiňiz we gelejekde boljak agyr synaglara taýýar bolarsyňyz (Hab. 3:17, 18).

HUDAÝYŇ «APY-TUPANDA» KÖMEK ETJEGINE IMAN EDIŇ

Ýehowa ýürekden iman etsek, harasat tursa-da, kynçylyklar apy-tupan ýaly üstümize abansa-da ruhdan düşmeris (7—11-nji abzaslara serediň)

7. Matta 8:23—26-njy aýatlara görä, şägirtler näme üçin gorkdy?

7 Günlerde bir gün Isa pygamber şägirtleri bilen gaýykda ýüzüp barýarka güýçli ýel turýar. Şonda Isa şägirtlerine Hudaýa ýürekden iman etmelidigini düşündirýär (Matta 8:23—26-njy aýatlary okaň). Deňiz barha möwç urýardy, tolkunlar gaýygy gark edip barýardy. Isa pygamber bolsa uklap ýatyrdy. Şägirtler näme etjegini bilmän, Isany oýaryp: «Halypam, bizi halas et» diýýärler. Isa olara mähir bilen: «Eý imany azlar, nämä gorkýaňyz?!» diýýär. Olar Ýehowa Hudaýyň halas etjekdigine iman etmelidiler. Mundan näme öwrenýäris? Belki, harasat turup, siziň öýüňizi ýer bilen ýegsan edendir ýa-da kynçylyklar apy-tupan ýaly üstüňize abanýandyr. Şeýle kyn ýagdaýlara döz gelmek üçin Ýehowa ýürekden iman etmeli.

8, 9. Anjela nähili kyn ýagdaýa düşdi we oňa näme kömek etdi?

8 Geliň, Puerto-Rikoda ýaşaýan Anjela uýa hakda gürrüň edeliň. 2017-nji ýylda «Mariýa» atly güýçli harasat turýar. Şonda Anjelanyň öýi ýer bilen ýegsan bolýar. Ol işsiz galýar. Anjela şeýle diýýär: «Şol günler alada etsem-de, ruhdan düşmedim. Sebäbi Ýehowa doga edip, bil baglaýardym».

9 Anjela berlen görkezmelere gulak asandygy üçin kyn ýagdaýlara döz geldi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Guramanyň görkezmelerine eýermek howsala düşmezlige kömek etdi. Ýehowa dogan-uýalar arkaly meniň aladamy etdi. Olar meni ruhlandyrdylar we iýjek-içjegimi ýetirip durdular. Ýehowa maňa soranymdan hem köp zatlary berdi. Meniň Hudaýa imanym has-da berkedi».

10. Size harasada we kynçylyklara döz gelmäge näme kömek eder?

10 Siz hem harasat sebäpli öýsüz-öwzarsyz galdyňyzmy? Belki-de, durmuşyňyzda apy-tupan ýaly kynçylyklar bolandyr? Meselem, agyr keselden ejir çekýänsiňiz, el-aýagyňyz ýüpsüz baglanan ýalydyr ýa-da gaýgy-gama batyp ruhdan düşýänsiňiz. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bil baglaň, ýürekden doga ediň we Onuň geçmişde eden ýagşylyklary hakda oýlanyň. Şonda siziň imanyňyz berkär (Zeb. 77:11, 12). Unutmaň, Ýehowa sizi hiç haçan ýeke goýmaz!

11. Biz näme üçin doganlara gulak asmaly?

11 Anjelanyň gürrüň berişi ýaly, doganlaryň berýän görkezmesine gulak asmak kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Ýehowa bilen Isa doganlara ynanýar, siz hem ynanyň. Käte doganlaryň berýän görkezmesi bilen ylalaşmak kyn bolup biler. Emma Ýehowa gulak asýan adamlara bereket berýär. Mukaddes Kitapdan we dogan-uýalar bilen bolan wakalardan bilşimiz ýaly, gulak asmaklyk adamyň janyny halas edýär (2 Mus. 14:1—4; 2 Tar. 20:17). Şeýle wakalar hakda oýlansaňyz, häzir hem, gelejekde-de doganlaryň berýän görkezmesine höwes bilen eýerersiňiz (Ýew. 13:17). Şeýlelikde, siz uly betbagtçylykda-da berk durarsyňyz (Nak. 3:25).

HUDAÝYŇ ADALATY DIKELTJEGINE IMAN EDIŇ

Ýehowa erjellik bilen doga etsek imanymyz berkär (12-nji abzasa serediň)

12. Luka 18:1—8-nji aýatlara görä, adalatsyzlyga döz gelmäge näme kömek edýär?

12 Isa pygamber şägirtleriniň adalatsyzlyk sebäpli imanlarynyň synaljagyny bilýärdi. Ol şägirtlerine kömek etmek üçin bir wakany gürrüň berdi. Bir dul aýal adalatsyz kazynyň ýanyna gatnap, dawasyny çözüp bermegi haýyş edýär. Aýal erjellik bilen edýän tagallasynyň ýerine düşjegini bilýärdi. Kazy ahyry aýalyň dawasyny çözüp berýär. Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowa Hudaý adalatsyz kazy ýaly däl. Isa pygamber: «Eger ol (kazy) şeýle eden bolsa, onda Hudaý gije-gündiz perýat edýän saýlanlaryna sabyrly bolup, adalaty dikeltmezmi? ...Ýöne Ynsan ogly gelende, iman edýän adamlary taparmy?» diýdi (Luka 18:1—8-nji aýatlary okaň). Eger bize adalatsyzlyk etseler, dul aýal ýaly sabyrly, erjel bolmaly we Ýehowanyň adalaty iru-giç dikeltjekdigine iman etmeli. Şeýle-de biz Allatagalanyň dileglerimizi eşitjekdigine we dürli ýollar bilen jogap berjekdigine ynamly bolmaly.

13. Adalatsyzlyga uçran bir maşgala hakda gürrüň beriň.

13 Geliň, Kongo Demokratik Respublikasynda ýaşaýan Wera uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň äri Ýehowa iman etmeýär. Olaryň 15 ýaşly gyzy bar. Olar ýaragly esgerlerden gaçyp, obasyny taşlap gaýdýarlar. Esgerler ýolda olary saklaýarlar we öldürjek diýip haýbat atýarlar. Wera uýa gorkudan ýaňa aglap başlaýar. Gyzy ejesini köşeşdirjek bolup, sesli doga edýär we birnäçe sapar Ýehowanyň adyny aýdýar. Onuň dogasyny diňläp duran serkerde: «Saňa doga etmegi kim öwretdi?» diýip soraýar. Ol hem: «Ejem! Ol maňa Matta 6:9—13-nji aýatlardaky nusgalyk dogany öwretdi» diýýär. Serkerde: «Baryň, ýoluňyz ak bolsun, sizi Ýehowa Hudaýyňyz gorasyn!» diýýär.

14. Doga-dilegimize derrew jogap almasak näme etmeli?

14 Biz şu wakadan Ýehowa doga-dileg etmegiň wajypdygyny bildik. Emma Ýehowa biziň dogamyza derrew ýa-da gudrat bilen jogap bermese näme?! Isa pygamberiň gürrüň beren mysalyndaky dul aýal ýaly erjel boluň, gaýta-gaýta Ýehowa doga ediň we Onuň sizi ýeke goýmajakdygyna, dogalaryňyza öz wagtynda jogap berjekdigine iman ediň. Ýehowa doga edip mukaddes ruhy soraň (Flp. 4:13). Ol size gelejekde şeýle bir köp bereket berer welin, çeken jebir-jepalaryňyzy unudarsyňyz. Häzir siz kynçylyklara döz gelseňiz imanyňyz berkär we gelejekde boljak agyr synaglara taýýar bolarsyňyz (1 Pet. 1:6, 7).

HUDAÝYŇ DAG ÝALY KYNÇYLYKLARDA GOLDAJAGYNA IMAN EDIŇ

15. Matta 17:19, 20-nji aýatlara görä, Isanyň şägirtleri näme üçin jyny çykaryp bilmediler?

15 Isa pygamber şägirtlerine Ýehowa ýürekden iman etseler, dag ýaly kynçylyklary ýeňip biljekdiklerini aýtdy (Matta 17:19, 20-nji aýatlary okaň). Isanyň şägirtleri adamlaryň içinden birnäçe sapar jynlary çykarypdylar, emma şu sapar çykaryp bilmediler. Näme üçin? Sebäbi olaryň imany azdy. Isanyň aýtmagyna görä, eger şägirtler Ýehowa ýürekden iman etseler, dagy duran ýerinden başga ýere göçürip bilerdiler. Şu günler biz hem dag ýaly kynçylyklara duş gelip bileris.

Ýehowa ýürekden iman etsek, ajy hasrata döz geleris we yhlasly gulluk ederis (16-njy abzasa serediň)

16. Jeýn uýa ajy hasrata döz gelmäge näme kömek etdi?

16 Geliň, Gwatemalada ýaşaýan Jeýn uýa hakda gürrüň edeliň. Bir gün ol äri Edi bilen ýygnak duşuşygyndan gelýärdi. Şonda jenaýatçylar olaryň öňünden çykyp, Edini öldürýärler. Jeýn uýa ajy hasrata döz gelmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa doga edip, ähli gaýgy-aladamy aýdýardym. Şonda ýüregim giňäp gidýärdi. Ýehowa dogan-garyndaşlarym we dogan-uýalar arkaly aladamy edýärdi. Men yhlasly wagyz edip başladym, bu-da derdime derman bolýardy, ertiriň aladasyny etmeýärdim. Gelejekde Ýehowa Hudaýyň, Isa pygamberiň we dogan-uýalaryň goldawy bilen dag ýaly kynçylyklara-da döz gelip biljekdigime ynanýaryn».

17. Dag ýaly kynçylyklara döz gelmäge näme kömek eder?

17 Siz hem ajy aýralykdan ejir çekýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň direlendigi hakdaky wakalary okaň. Şonda direlişe bolan imanyňyz berkär. Belki-de, siziň dogan-garyndaşlaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilendir, onda edebiýatlarymyzdan Ýehowanyň söýgi bilen berýän temmisiniň hemişe peýdalydygy hakda okaň. Siziň duş gelýän kynçylyklaryňyz imanyňyzy gowşatmasyn, gaýtam has-da berkitsin. Ýehowa doga edip, ýürek derdiňizi we gaýgy-aladaňyzy aýdyň. Özüňizi çetde tutmaň, dogan-uýalar bilen dostlaşyň (Nak. 18:1). Elbetde, ýüregiň dertli wagty şeýle işleri etmek aňsat düşýän däldir, ýöne ýan bermäň. Şeýdip, siz gaýgy-hasrata döz gelersiňiz (Zeb. 126:5, 6). Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryň, yhlasly wagyz ediň we her gün Mukaddes Kitaby okaň. Ýehowanyň Jennetde berjek bereketleri hakda oýlanyň. Ýehowanyň güýç-kuwwaty bilen dag ýaly kynçylyklara döz gelseňiz, imanyňyz has-da berkär.

«IMANYMYZY BERKIT»

18. Siz imanyňyzyň gowşakdygyny bilseňiz näme edip bilersiňiz?

18 Durmuşda bolýan kynçylyklar özüňi tanamaga, imanyň berkdigini ýa-da gowşakdygyny bilmäge kömek edýär. Eger imanyňyz gowşak bolsa ruhdan düşmäň, gaýtam imanyňyzy berkitmäge jan ediň. Isanyň şägirtleri ýaly: «Imanymyzy berkit» diýip, Hudaýa doga ediň (Luka 17:5). Şu makalada gürrüň eden dogan-uýalarymyz hakda oýlanyň. Migel bilen Juliýanyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň hemişe iýjek-içjegiňizi ýetirip durjakdygyna iman ediň. Weranyň gyzy we Anjela ýaly Ýehowa ýürekden doga-dileg ediň. Jeýn uýa ýaly Ýehowanyň dogan-garyndaşlaryňyz we imandaşlaryňyz arkaly goldaw berýändigine ynanyň. Siz synaga düşeniňizde Ýehowa ýürekden bil baglaň. Şonda gelejekde boljak dag ýaly agyr synaglarda hem Hudaýyň goldajagyna ynanyp bilersiňiz.

19. Isa pygamber nämäni bilýärdi we biz nämä ynamly bolup bileris?

19 Isa pygamber şägirtlerine haýsy ýagdaýlarda imanlaryny berkitmelidigini düşündirdi. Ol şägirtleriniň Ýehowanyň goldawy bilen gelejekde boljak synaglara-da döz gelip biljekdigine ynanýardy (Ýah. 14:1; 16:33). Isa pygamber uly märekäniň hem Ýehowa iman edip, uly betbagtçylykdan sag-aman geçip biljekdigini bilýärdi (Ylh. 7:9, 14). Siz halas boljak uly märekäniň arasynda bolarsyňyzmy? Elbetde, ýagşylyga baý Hudaý Ýehowanyň kömegi bilen halas bolarsyňyz. Geliň, her gün Ýehowa ýürekden iman edeliň! (Ýew. 10:39).

118-NJI AÝDYM Berk iman ber

^ par. 5 Zalym dünýäniň soňy golaýlaşyp gelýär. Biz şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Belki, biz: «Dünýäniň soňuna çenli Ýehowa wepaly bolup bilerinmi?» diýip alada edýändiris. Şu makalada agyr synaglarda Ýehowa ýürekden iman eden dogan-uýalar hakda gürrüň ederis. Olaryň göreldesi biziň imanymyzy berkider.

^ par. 4 Käbir atlar üýtgedildi.