ÖWRENILÝÄN MAKALA 43
Ýehowa ýürekden wepaly boluň!
«Ýehowa Hudaý ýürekden wepaly bolmagy talap edýär» (Nah. 1:2).
7-NJI AÝDYM Ýehowa özüňi bagyş etmek
MAKALANYŇ MAZMUNY *
1. Ýehowa näme üçin ýürekden wepaly bolmagymyza mynasyp?
ÝEHOWA biziň ýürekden wepaly bolmagymyza mynasyp, sebäbi ol bizi ýaratdy we ýaşaýyş berdi (Ylh. 4:11). Ýöne bir howply ýagdaý bar. Ýehowany söýüp, oňa hormat goýsak-da, başga zatlar durmuşymyzda wajyp orun eýeläp, Ýehowa ýürekden wepaly bolmaga päsgel berip biler. Biz şeýle ýagdaýyň nädip bolýandygyna düşünmeli. Geliň, ilki bilen Hudaýa ýürekden wepaly bolmagyň näme aňladýandygyny bileliň.
2. 2 Musa 34:14-e görä, Ýehowa ýürekden wepaly bolsak näme ederis?
2 Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Hudaýa wepaly bolmak üçin ony ýürekden söýmeli. Biz ýürekden wepaly bolsak, diňe Ýehowa gulluk ederis. Biz hiç kime ýa-da hiç zada ýüregimizde Ýehowanyň ornuny eýelemäge ýol bermeris (2 Musa 34:14-i okaň).
3. Näme üçin Ýehowa köre-körlük bilen wepaly bolmaýarys?
3 Biz Ýehowa köre-körlük bilen gulluk etmeýäris. Sebäbi biziň wepalylygymyz Ýehowa hakda öwrenen zatlarymyza esaslanýar. Biz Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri barada öwrenip örän begenýäris. Hudaýyň halaýan we ýigrenýän zatlaryny bilip, şoňa görä ýaşaýarys. Biz Hudaýyň adamzat babatdaky niýetine düşünýäris we onuň kada-kanunlaryny ýerine ýetirýäris. Ol bize dosty bolmaga mümkinçilik berdi, muny uly hormat hasaplaýarys (Zeb. 25:14). Ýaradyjymyz hakda öwrenýän her bir zadymyz oňa ýakynlaşmaga kömek edýär (Ýak. 4:8).
4. a) Şeýtan biziň Ýehowa bolan söýgimizi sowatmak üçin näme edýär? b) Makalada näme barada gürrüň ederis?
Efes. 2:1—3; 1 Ýah. 5:19). Ol biziň Ýehowa bolan söýgimizi sowatmak üçin başga zatlary söýmegimizi isleýär. Geliň, Şeýtanyň maksadyna ýetmek üçin ulanýan iki usulyny bileliň. Birinjiden, ol bizi baýlygyň yzynda hars urmaga höweslendirýär. Ikinjiden, göwün açmak üçin erbet zatlary görmäge iterýär.
4 Şeýtan dünýäniň üstünden agalyk edýär. Ol dünýä arkaly bizde adaty islegleri we günäli höwesleri oýarýar (BAÝLYGYŇ YZYNDA HARS URMAŇ!
5. Näme üçin puly söýmeli däl?
5 Biziň ählimiz ýeterlik iýmitimiziň, gowy egin-eşigimiziň we ýaşamaga amatly jaýymyzyň bolmagyny isleýäris. Bu zatlara erbet diýip bolmaz. Emma biz puly söýmeli däl. Şu günler köp adamlar «pula gyzýar» we baýlygyň yzynda hars urýar (2 Tim. 3:2). Isa şägirtleriniň hem pula gyzyp biljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin ol şeýle diýdi: «Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez. Sebäbi birini ýigrenip, beýlekisini gowy görer, birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezçilik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» (Mat. 6:24). Ýehowa gulluk edýän adam köp wagtyny we güýjüni baýlyk toplamaga sarp etse, iki hojaýyna gulluk eder. Şeýle adam Ýehowa ýürekden wepaly bolup bilmez.
6. Isanyň Laodikiýadaky ýygnaga aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?
6 I asyryň ahyrlarynda Laodikiýadaky ýygnagyň agzalary: «Men baý, baýlyk topladym, hiç zada mätäç däl» diýip öwünýärdiler. Emma olar Ýehowanyň we Isanyň gözünde gözgyny, betbagt, Ylh. 3:14—17). Eger pula gyzýandygymyzy duýsak derrew garaýşymyzy düzetmeli (1 Tim. 6:7, 8). Ýogsam biz baýlygyň yzynda hars urup başlarys, Ýehowa hem edýän seždämizi kabul etmez. Sebäbi ol «ýürekden wepaly bolmagy talap edýän Hudaý» (5 Mus. 4:24). Biz nädip baýlygyň yşkyna düşüp bileris?
garyp, kör hem-de ýalaňaçdy. Isa olara baýdygy üçin däl-de, puly söýüp, Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirendigi üçin maslahat berdi (7—9. Dawut atly ýaşuly dogandan näme öwrenýäris?
7 Geliň, ABŞ-da ýaşaýan zähmetsöýer ýaşuly dogan Dawut hakda gürrüň edeliň. Ol işini gowy ýerine ýetirýärdi. Şonuň üçin onuň wezipesi beýgeldilýär we ökde hünärmen diýip tanalýar. Dawut şeýle diýýär: «Men üstünliklerimi Ýehowanyň berekedi hasaplaýardym». Ýöne muňa Ýehowanyň berekedi diýse bolarmy?
8 Dawut işiniň Ýehowa bilen dostlugyna erbet täsir edýändigine düşünip başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men ýygnakda-da, wagyzda-da diňe işim hakda pikir edýärdim. Men köp pul gazanýardym, ýöne gaýgy-aladam başymdan agypdy, maşgalamda köp kynçylyklar döräp başlady».
9 Dawut wajyp zatlary birinji orunda goýmalydygyna göz ýetirýär. Ol: «Ýagdaýymy düzetmegi berk ýüregime düwdüm» diýýär. Munuň üçin ol iş sagadyny azaltmak isleýändigini başlygyna aýdýar. Emma onuň garaşany bolmaýar, başlygy ony işden kowýar. Dawut özüni nähili duýduka? Ol şeýle gürrüň berýär: «Şol günüň ertesi men kömekçi pioner bolmak üçin arza doldurdym». Gazanç Mat. 6:31—33).
etmek üçin ol aýaly bilen beýik binalary syryp-süpürýär. Soňra Dawut pioner gullugyna başlaýar, biraz wagtdan aýaly hem pioner bolýar. Binalary syryp-süpürmegi köpler pes iş hasaplaýar, ýöne olar üçin nirede işleýäni wajyp däl. Häzir olar öňküsinden on esse az gazanýarlar we gazançlary diňe zerur zatlaryny almaga ýetýär. Emma olar Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýarlar we Ýehowanyň goldaýandygyna göz ýetirýärler (10. Biz ýüregimizi nädip gorap bileris?
10 Biz baý bolsak-da, garyp bolsak-da ýüregimizi goramaly. Munuň üçin puly söýmekden gaça durmaly. Işiňiziň Ýehowa edýän gullugyňyzdan öňe geçmegine ýol bermäň. Özüňizi barlamak üçin şu soraglaryň üstünde oýlanyň: «Ýygnak duşuşyklarynda ýa-da wagyzda köplenç işim hakda pikirlenýärinmi? Ýeterlik pulum bolarmyka diýip, ertirki günüň aladasyny edýärinmi? Ýanýoldaşym bilen aramda puluň üstünde dawa turýarmy? Men Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin başgalaryň pes hasaplaýan işinde işlemäge taýýarmy?» (1 Tim. 6:9—12). Şu soraglar hakda oýlananyňyzda, Ýehowanyň sizi söýýändigini we wepaly bendelerine şeýle wada berendigini unutmaň: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn». Şonuň üçin Pawlus resul: «Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň» diýdi (Ýew. 13:5, 6).
GÖWÜN AÇMAK ÜÇIN GÖRÝÄN ZATLARYŇYZA ÜNSLI BOLUŇ!
11. Göwün açmak üçin görýän zatlarymyz bize nähili täsir edýär?
11 Ýehowa biziň şatlanyp ýaşamagymyzy isleýär. Göwün açmak şatlygymyza şatlyk goşýar. Hudaýyň Sözünde: «Adam üçin iýip-içmekden, zähmetiniň hözirini görmekden gowy zat ýokdur» diýilýär (Nes. 2:24). Ýöne dünýäniň göwün açmak üçin hödürleýän zatlarynyň köpüsi bize erbet täsir edýär. Olarda ahlak kadalary depelenýär we Hudaýyň Sözünde ýazgarylýan işlere adaty zat ýaly garamaga, hatda söýmäge höweslendirilýär.
12. 1 Korinfliler 10:21, 22-nji aýatlara görä, näme üçin görýän zatlarymyzy ünsli saýlamaly?
12 Biz Ýehowa ýürekden wepaly bolmak isleýäris. Şonuň üçin «hem Ýehowanyň saçagyndan, hem jynlaryň saçagyndan» iýip bilmeris (1 Korinfliler 10:21, 22-nji aýatlary okaň). Köplenç bir saçakdan iýip-içmek dostlugyň alamaty hasaplanýar. Eger biz göwün açmak üçin zorluk, jadygöýlik, ahlaksyzlyk bilen bagly we erbet höwesi, garaýşy oýarýan zatlary görsek, Hudaýyň duşmanynyň saçagyndan iýip içeris. Netijede, biz diňe özümize däl-de, Ýehowa bilen dostlugymyza-da zyýan ýetireris.
13, 14. Ýakup 1:14, 15-nji aýatlara görä, näme üçin görýän zatlarymyza ünsli bolmaly? Mysal getiriň.
13 Göwün açmagyň iýip-içmek bilen nähili meňzeşligi bar? Biz agzymyza haýsy iýmiti saljakdygymyzy saýlap bilsek-de, ýuwudanymyzdan soň, hiç zady üýtgedip bilmeýäris, sebäbi iýen zatlarymyz bedenimize siňip başlaýar. Ýokumly iýmitler sagdyn bolmaga kömek edýär, zyýanly iýmitler bolsa saglygymyza erbet täsir edýär. Munuň netijesi bir günde görünmese-de, birnäçe wagtdan soň bildirer.
14 Edil şonuň ýaly, biz göwün açmak üçin görýän, ýagny aňymyza siňdirýän zatlarymyzy saýlap bilýäris. Soňra bolsa gören zatlarymyz aňymyza we ýüregimize täsir edip başlaýar. Gowy zatlary görmek şatlygymyzy artdyrýar, erbet zatlar bolsa bize zyýan ýetirýär (Ýakup 1:14, 15-nji aýatlary okaň). Erbet zatlary görsek, onuň täsiri birbada bildirmese-de, wagtyň geçmegi bilen ýüze çykar. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda şeýle duýduryş berilýär: «Aldanmaň, Hudaý üstünden güldürýän däldir. Adam näme ekse, şony-da orar. Sebäbi ten höweslerine ekýän adam teninden ölüm orar, mukaddes ruha ekýän adam ruhdan ebedi ýaşaýyş orar» (Gal. 6:7, 8). Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny söýmäge höweslendirýän islendik zatdan ýüz öwürmek örän wajyp (Zeb. 97:10).
15. Ýehowa bize nähili sowgat berdi?
15 Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi internetden JW teleýaýlymyny görüp köp şatlyk tapýarlar. Merlin uýa şeýle gürrüň berýär: «JW teleýaýlymyny görüp ruhlanýaryn. Görýän zadym gowumy ýa-da erbetmi diýip barlap oturmak gerek däl. Men özümi ýeke duýanymda ýa-da ruhdan düşenimde ruhlandyryjy nutuklary, irdenki seždäni görýärin. Şonda men özümi Ýehowa we onuň guramasyna has-da ýakyn duýýaryn. JW teleýaýlymy meniň durmuşymy düýpgöter üýtgetdi». Siz hem Ýehowanyň sowgadyndan peýdalanýarsyňyzmy? JW teleýaýlymynyň her aý täze sany çykýar. Siz islendik wagt wideolary, ses ýazgylaryny we ruhlandyryjy aýdymlary görüp hem-de diňläp bilersiňiz.
16, 17. Göwün açmaga näçe wagt sarp edýändigimize näme üçin ünsli bolmaly we muny nädip etmeli?
16 Biz diňe göwün açmak üçin nähili zatlary görýändigimize däl-de, näçe wagt sarp edýändigimize-de ünsli bolmaly. Ýogsam köp wagtymyzy Ýehowa gulluk etmäge däl-de, göwün açmaga sarp etmegimiz mümkin. Köpler göwün açmak üçin aşa köp wagtyny gidirýär. 18 ýaşly uýamyz Abygaýyl şeýle diýýär: «Uzakly gün işlämsoň, öýe ýadap gelýärin we telewizor görüp rahatlanýaryn. Ýöne käte birnäçe sagadyň nädip geçendigini bilmän galýaryn». 21 ýaşly doganymyz Semýuel şeýle diýýär: «Käte men internetden birnäçe sagatlap gysgajyk wideolara seredýärin. Başda diňe birini açýaryn, ýöne üç-dört sagadyň nädip geçendigini duýman galýaryn».
17 Göwün açmaga aşa köp wagt sarp etmez ýaly näme edip bilersiňiz? Birinjiden,
näçe wagt sarp edýändigiňizi anyklaň. Bir hepdäniň dowamynda telewizora, internete, wideo oýunlaryna näçe wagtyňyzyň gidýändigini ýazyň. Eger aşa köp wagt sarp edýändigiňizi bilseňiz, gün tertibini düzüň. Ilki bilen wagtyňyzy has wajyp işlere sarp ediň, galan wagtda bolsa göwün açyp bilersiňiz. Soňra gün tertibiňize eýerip biler ýaly Ýehowadan kömek soraň. Şonda Mukaddes Kitaby okamaga, maşgala okuwyny geçirmäge, ýygnaklara barmaga, wagza gitmäge we şägirt taýýarlamak işine gatnaşmaga ýeterlik wagtyňyz hem-de güýjüňiz bolar. Şeýle-de göwün açmaga aşa köp wagt sarp etmeýändigiňiz üçin begenersiňiz.ÝEHOWA ÝÜREKDEN WEPALY BOLUŇ!
18, 19. Ýehowa ýürekden wepaly bolýandygymyzy nädip görkezip bileris?
18 Petrus resul Şeýtanyň dünýäsiniň ahyry we ýetip gelýän täze dünýä barada ýazansoň şeýle diýdi: «Eziz doganlarym, şol wadalara garaşyp, Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz bolup, parahatlygy saklamaga jan ediň» (2 Pet. 3:14). Şu maslahata eýersek, ahlak we ruhy taýdan arassa bolsak, Ýehowa ýürekden wepaly bolýandygymyzy görkezeris.
19 Şeýtan we onuň dünýäsi Ýehowany däl-de, başga zatlary birinji orunda goýmaga iterýär (Luka 4:13). Ýöne biz nähili kynçylyga duşsak-da, hiç kimiň we hiç zadyň ýüregimizdäki Ýehowanyň ornuny eýelemegine ýol bermeris. Biz diňe Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy ýüregimize düwdük, sebäbi diňe ol muňa mynasyp!
51-NJI AÝDYM Biz Ýehowa wepaly
^ abzas 5 Biz Ýehowa özümizi bagyş etdik. Ýöne biz Hudaýa ýürekden wepaly bolýarysmy? Gelýän kararlarymyzdan biziň şu soraga nähili jogap berýändigimiz görünýär. Geliň, baýlyk we dynç almak babatda gelýän kararlarymyz hakda gürrüň edeliň. Bu bize Ýehowa näçeräk wepaly gulluk edýändigimizi bilmäge kömek eder.
^ abzas 53 SURAT: Biz hapa aşhanada taýýarlanan erbet naharlary iýmeris. Şonuň ýaly göwün açmak üçin zorluk, jadygöýlik we ahlaksyzlyk bilen zäherlenen zatlary görmeris.