1919. Ýüz ýyl mundan öň
DÖRT ýyla çeken Beýik uruş (soňra Birinji jahan urşy diýildi) 1919-njy ýylda tamamlandy. 1918-nji ýylyň ahyrynda halklar söweşmegini bes etdi. 1919-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda bolsa Pariž parahatlyk konferensiýasy geçirilip başlandy. Konferensiýanyň netijesinde 1919-njy ýylyň 28-nji iýunynda Wersal şertnamasy baglaşyldy. Şeýdip, Germaniýa we oňa garşy söweşýän döwletleriň arasynda parahatlyk dikeldildi.
Wersal şertnamasynyň netijesinde täze gurama, ýagny Milletler Ligasy döredildi. Onuň maksady «halklar bilen hyzmatdaşlyk edip, parahatlygy we howpsuzlygy dikeltmekdi». Hristian dininiň ýolbaşçylarynyň köpüsi Milletler Ligasyny goldadylar. Meselem, Amerikadaky hristian buthanasynyň federal maslahaty Milletler Ligasyny «Hudaýyň Patyşalygynyň ýerdäki guramasy» diýip yglan etdi we ony doly goldap, wekillerini Pariž parahatlyk konferensiýasyna gatnaşmaga iberdi. Olaryň biri konferensiýany «adamzat taryhynda täze eýýamyň başlangyjy» diýip atlandyrdy.
Dogrudan-da, 1919-njy ýylda adamzat taryhynda täze eýýam başlandy. Ýöne täze eýýam parahatlyk konferensiýasynyň netijesinde däl-de, güýçli depginde wagyz edilmegi bilen başlandy. Ýehowa halkyna wagyz etmek üçin güýç berdi. Ýöne Mukaddes Kitaby öwrenýänler üçin uly özgerişlik bolmalydy.
KYN MESELE
«Garawul diňi, Mukaddes Kitap we kitapçalar jemgyýetiniň» müdirlerine ses bermek üçin her ýyl geçirilýän saýlaw 1919-njy ýylyň 4-nji ýanwaryna, şenbe gününe goýlupdy. Ýehowanyň halkyna ýolbaşçylyk edýän Jozef Ruterford we beýleki ýedi jogapkär dogan Atlanta şäherindäki (Jorjiýa ştaty, ABŞ) türmä basylypdy; olara adalatsyz höküm çykarylypdy. Şol sebäpli wajyp sorag ýüze çykdy: türmede oturan doganlary gaýtadan saýlamalymy ýa-da olara derek başgalary saýlamaly?
Ruterford dogan türmede otyrka gelejekde guramamyza näme boljakdygy hakda alada edýärdi. Ol käbir doganlaryň gurama prezident edip başga birini saýlamak isleýändigini bilýärdi. Şonuň üçin ol saýlawa gatnaşýanlara Ewander Koward dogany prezidentlige saýlamagy teklip edip hat ýazýar. Ol hatynda Ewanderiň parahat, paýhasly we Halypamyza wepaly dogandygyny aýdýar. Emma köp doganlar teklip bilen razylaşman, saýlawy 6 aý yza süýşürmek isleýärler.
Türmede oturan doganlaryň aklawçylary hem olar bilen ylalaşýarlar. Ýöne dartgynly ýagdaý dörändigi sebäpli, doganlara belli bir karara gelmek kyn bolýar.Şonda doganlaryň biri şeýle diýdi: «Meniň kanundan başym çykanok, ýöne meseläni kanun esasynda çözmeli bolsa, wepalylyk kanuny barada azda-kände bilýärin. Hudaý wepaly bolmagy talap edýär. Hudaýa wepaly bolmak üçin Ruterford dogany ýene-de prezidentlige saýlamaly» (Zeb. 18:25). Riçard Barber doganyň aýtmagyna görä, şondan soňra hemmeler köşeşdi.
Makmillan dogan hem türmede otyrdy. Ol şol günüň ertesi bolan wakany ýatlaýar. Ruterford onuň oturan kamerasynyň diwaryny kakyp: «Eliňi uzat» diýýär. Ruterford haty uzadanda, Makmillan ähli zada düşünýär. Guramanyň müdirleriniň ählisi (Ruterford, Waýz, Wan Amburg, Barber, Anderson, Bulli we Spil) gaýtadan saýlanypdy. Jozef Ruterford prezident, Çarlez Waýz orunbasar we Williýam Wan Amburg kätip hem gaznaçy boldy.
AZATLYK!
Mukaddes Kitaby öwrenýänler sekiz dogany türmeden boşatmak üçin arza ýazýarlar we adamlardan arza gol çekmegi haýyş edýärler. Gaýduwsyz dogan-uýalaryň tagallasy bilen 700 000-den gowrak adam arza gol çekýär. Doganlar arzany hökümete ibermänkäler, 1919-njy ýylyň 26-njy martynda Ruterford we beýleki jogapkär doganlar azat edilýär.
Ruterford garşylamaga çykan dogan-uýalara şeýle diýdi: «Başdan geçiren ýagdaýymyz bizi has agyr döwre taýýarlady... Siz gaýduwsyz göreş alyp bardyňyz. Ýöne siz doganlary azatlyga çykarmak üçin däl-de, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak üçin göreşdiňiz... Hawa, Ýehowa tagallaňyza ak pata berdi».
Doganlaryň duş gelýän kynçylyklary ähli zada Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigini görkezýär. 1919-njy ýylyň 14-nji maýynda ikinji basgançakly kazyýet şeýle karar kabul etdi: «Günäkärlenýänleriň işi adalatly derňelmändir. Şonuň üçin olara çykarylan höküm ýatyrylýar». Doganlar agyr jenaýatçy saýylyp, höküm edilipdi. Eger olaryň günäsi geçilen ýa-da jezasy ýeňilleşdirilen bolsa, barybir olar jenaýatçy hasaplanardy. Ýöne olaryň ählisi aklandy. Şol sebäpli Ruterford dogan * aklawçy bolup, ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde Ýehowanyň halkyny ençeme gezek gorady.
WAGYZ ETMÄGE TAÝÝARLYK
Makmillan dogan: «Biz ýaltalyk edip, Halypamyz göge alýança el gowşuryp oturmak
islemeýäris. Halypamyzyň islegine düşünmek üçin tagalla etmeli» diýdi.Ýöne Baş edaradaky doganlara işini dowam etmek aňsat bolmady. Näme üçin? Olar türmede otyrkalar duşmanlar edebiýatlary çap edýän enjamlary ýok edipdiler. Muňa hemmeler gynandy, käbir doganlar wagyz işi tamamlandy diýip pikir etdiler.
Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň hoş habaryny diňlejekler barmyka? Muny bilmek üçin Ruterford nutuk bilen çykyş etjekdigini aýdýar. Doganlar nutugy diňlemäge hemmeleri çagyrdylar. Makmillan dogan: «Nutugy diňlemäge hiç kim gelmese, onda wagyz işiniň tamamlanandygyny bileris» diýdi.
1919-njy ýylyň 4-nji maýynda ýekşenbe güni Ruterford dogan ýaramasa-da, Los-Anjelesde (Kaliforniýa ştaty) «Ejir çekýän adamlar üçin umyt» atly nutuk bilen çykyş etdi. Nutugy 3 500 adam diňledi, ýöne ýer bolmandygy üçin ýüzlerçe adam yzyna gitdi. Ertesi gün ýene 1 500 adam nutugy diňledi. Doganlar hoş habary eşitmek isleýän adamlaryň köpdügine göz ýetirdi.
Şondan soňra bolan özgerişlikler şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işine güýçli täsir edýär.
ÖSÜŞE TAÝÝARLYK
1919-njy ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňinde» sentýabr aýynyň başynda Sidar-Poýntda (Ogaýo ştaty) kongresiň geçiriljekdigi habar berildi. Missuri ştatynda ýaşaýan Mukaddes Kitaby öwrenýän ýaş ýigit Klarens Biti: «Hemmeler kongrese barmagyň wajypdygyna düşünýärdi» diýip ýatlaýar. Kongrese 6 000-den gowrak dogan-uýa gatnaşdy. Doganlar şeýle köp adam geler diýip pikir etmändiler. Kongrese gelenleri şatlandyran ýene bir waka boldy: golaýdaky
Eri kölünde 200-den gowrak adam suwa çümdürildi.1919-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda kongresiň bäşinji güni Ruterford dogan «Işdeşler üçin çagyryş» diýen nutuk bilen çykyş etdi. Şonda Ruterford «Altyn asyr» * atly täze žurnalyň çykjakdygyny yglan etdi. Žurnalda «ähmiýetli wakalar aýdylyp, olaryň näme üçin bolýandygy Mukaddes Kitabyň esasynda düşündirilmelidi».
Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň ählisi täze edebiýat arkaly batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge höweslendirildi. Täze žurnal bilen nädip wagyz etmelidigini öwredýän hatda şeýle diýilýärdi: «Suwa çümdürilen her bir dogan-uýa wagyz etmegi uly hormat hasaplamaly we şu günden başlap, her bir pursatdan peýdalanyp, şu dünýäde güýçli depginde şaýatlyk etmeli». Dogan-uýalaryň köpüsi şu maslahata eýerdiler. Yhlasly wagyzçylaryň tagallasy bilen dekabr aýynda täze žurnala ýazylanlaryň sany 50 000 adamdan geçdi.
1919-njy ýylyň ahyrynda Ýehowanyň halky ýene-de guramaçylykly hereket edip, yhlasly wagyz edip başladylar. Şol döwürde soňky günler hakdaky wajyp pygamberlikler hem ýerine ýetýärdi. Melek 3:1—4-nji aýatlarda pygamberlik edilişi ýaly, Hudaýyň halky synagdan geçip, arassalandy. Ýehowanyň halky «Beýik Wawilonyň» ýesirliginden azat boldy, Isa «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» belledi * (Ylh. 18:2, 4; Mat. 24:45). Indi Mukaddes Kitaby öwrenýänler Ýehowanyň tabşyran işini birkemsiz ýerine ýetirmäge taýýardylar.
^ abzas 13 Ruterford dogan aklawçy we kazy bolansoň, oňa «Ruterford kazy» diýýärdiler.
^ abzas 22 «Altyn asyr» žurnalynyň ady 1937-nji ýylda «Teselli», 1946-njy ýylda bolsa «Oýanyň!» diýip üýtgedildi.
^ abzas 24 «Garawul diňiniň» 2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda (sah. 10—12; 21—23) we 2016-njy ýylyň martynda (sah. 29—31) çykan sanlaryna serediň.