Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Adamlar «apy-tupanyň», Hudaýyň höküm gününiň ýetip gelýändigini eşitmeli

Hudaýyň hökümleri. Halas bolmak üçin Hudaý ýeterlik wagt berýärmi?

Hudaýyň hökümleri. Halas bolmak üçin Hudaý ýeterlik wagt berýärmi?

HOWA maglumatyny aýdýan edarada işleýän adam köp ilatly şähere apy-tupanyň golaýlaşyp gelýändigini görýär. Adamlaryň jany howp astynda. Şonuň üçin ol tupan hakda adamlara elinde baryny edip duýdurýar.

Şonuň ýaly Ýehowa hem ýer ýüzünde ýaşaýanlara betbagtçylyk hakda duýdurýar. Ýöne Hudaýyň aýdýan betbagtçylygy islendik apy-tupandan has gorkunçdyr. Ýehowa nädip duýdurýar? Hudaý adamlara halas bolmak üçin ýeterlik wagt berýärmi? Şu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, Ýehowanyň geçmişde nämeleri edendigi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA ÖŇÜNDEN DUÝDURDY

Gadymy döwürde Ýehowa kanunlaryny äsgermezçilik edýän adamlaryň başyna her hili «apy-tupan» inderjekdigini, ýagny jeza berjekdigini duýdurýardy (Nak. 10:25; Ýer. 30:23). Hudaý boýnuýogyn adamlara hemişe öňünden duýduryp, gulak asmak üçin näme etmelidiklerini aýdýardy (2 Pat. 17:12—15; Neh. 9:29, 30). Hudaý olaryň erbet ýolundan dönmegi üçin pygamberleri arkaly hökümini yglan edýärdi we toba etmegiň wajypdygyny düşündirýärdi (Amos 3:7).

Nuh pygamber ýer ýüzüne injek tupan hakda ahlaksyz we zalym adamlara gaýduwsyzlyk bilen ençeme ýyl wagyz etdi (1 Mus. 6:9—13, 17). Ol tupandan aman galmak üçin näme etmelidigini aýtdy. Mukaddes Kitapda Nuha «dogruçyllyk hakda wagyz eden» adam diýilýär, sebäbi ol köp ýyl wagyz edipdi (2 Pet. 2:5).

Nuh pygamber elinde baryny etse-de, adamlar Hudaýyň habaryna gulak asmadylar, Hudaýa iman etmediler. Netijede, «tupan turup, adamlaryň ählisini ýok etdi» (Mat. 24:39; Ýew. 11:7). Olaryň hiç biri: «Hudaý bize duýdurmady» diýip bilmez.

Başga bir ýagdaýda Ýehowa «apy-tupanyň» öň ýanynda duýduran hem bolsa, adamlaryň ählisi halas bolar ýaly ýeterlik wagt berdi. Meselem, Hudaý Müsüre on jeza berende, öňünden duýdurdy. Ýehowa ýedinji jezadan öň Musa bilen Haruny faraonyň ýanyna iberip, güýçli jöwenegiň ýagjakdygyny habar berdi. Ýehowa duýduryş bereninden bir gün geçensoň, jöwenek ýagmalydy. Ýehowa olara halas bolar ýaly ýeterlik wagt berdimi? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Faraonyň käbir emeldarlary Ýehowanyň sözünden gorkup, dessine hyzmatkärlerini we mal-garasyny öýüne ýygnady. Ýehowanyň sözüne biperwaý garaýan adamlar bolsa hyzmatkärlerini we mal-garasyny meýdanda galdyrdylar» (2 Mus. 9:18—21). Görşümiz ýaly, Ýehowa öňünden duýduryş berdi we gulak asan adamlar jezadan halas boldular.

Ýehowa onunjy jezadan öň hem faraona we onuň hyzmatkärlerine duýduryş berdi. Ýöne olar akylsyzlyk edip, Hudaýa gulak asmadylar (2 Mus. 4:22, 23). Şonda olaryň nowbahar ogullary öldi. Gör, nähili gynançly ýagdaý! (2 Mus. 11:4—10; 12:29). Olar wagtynda gulak asyp bilerdimi? Musa onunjy jeza hakda ysraýyllara derrew duýduryp, maşgalasyny halas etmek üçin näme etmelidigini aýtdy (2 Mus. 12:21—28). Duýduryşa näçe adam gulak asdy? Käbir maglumatlara görä, 3 000 000 adam (ysraýyllar, müsürliler we başga milletliler) duýduryşa gulak asyp jezadan halas boldy we Müsürden çykyp gaýtdy (2 Mus. 12:38, çykgyt).

Şu wakalardan görnüşi ýaly, Ýehowa adamlara gulak asar ýaly ýeterlik wagt berýär (5 Mus. 32:4). Ýehowa adamlara näme üçin wagt berýärkä? Petrus resul «(Hudaý) hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» diýdi (2 Pet. 3:9). Hawa, Hudaý adamlaryň aladasyny edýär. Ol höküm güni gelmänkä, adamlaryň toba etmegini we durmuşyny üýtgetmegini isleýär (Işa. 48:17, 18; Rim. 2:4).

HUDAÝYŇ HABARYNA GULAK ASYŇ

Şu günler her bir adam ýer ýüzünde yglan edilýän wajyp habara gulak asmaly. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşaýarka, şu dünýäniň üstüne «uly betbagtçylygyň» injekdigini pygamberlik edipdi (Mat. 24:21). Pygamberlikde betbagtçylygyň öň ýanynda Isanyň yzyna eýerýän adamlaryň şaýat boljak we başdan geçirjek zatlary birin-birin düşündirilýär. Isanyň aýdan ähli pygamberlikleri gözümiziň alnynda ýerine ýetýär (Mat. 24:3—12; Luka 21:10—13).

Ýehowa şu günler her bir adamy hökümdarlygyna tabyn bolmaga çagyrýar. Ol gulak asýan adamlaryň häzirem, gelejekde-de bereketlere eýe bolup, bagtly ýaşamagyny isleýär (2 Pet. 3:13). Ýehowa wadalaryna adamlaryň iman etmegini isleýär. Şonuň üçin adamlaryň janyny halas etjek habary, ýagny «Patyşalyk baradaky hoş habary bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz etdirýär» (Mat. 24:14). Hudaýyň halky takmynan 240 ýurtda hoş habary wagyz edýär. Ýehowa mümkin boldugyndan köp adamlaryň duýduryşa gulak asyp, ýetip gelýän «apy-tupandan», ýagny adalatly hökümden halas bolmagyny isleýär (Sep. 1:14, 15; 2:2, 3).

Geçmişde bolan wakalardan bilşimiz ýaly, Ýehowa adamlara halas bolar ýaly ýeterlik wagt berýär. Ýöne heniz wagt barka, adamlar Hudaýyň duýduryşyna gulak asarmy? Biz Hudaýyň habarçylary! Geliň, dünýäniň ahyrynda has köp adamy halas etmek üçin jan edeliň.