Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 42

Siz Ýehowanyň halaýan adamy bolup bilersiňiz

Siz Ýehowanyň halaýan adamy bolup bilersiňiz

«Hudaý... ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» (Flp. 2:13).

38-NJI AÝDYM Ýüküňizi Ýehowa atyň!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin näme edýär?

ÝEHOWA niýetini amala aşyrmak üçin kim bolaýyn diýse bolup bilýär. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ençeme titullary hakda aýdylýar. Meselem, oňa Mugallym, Göwünlik beriji, Hoş habarçy diýilýär (Işa. 48:17; 2 Kor. 7:6; Gal. 3:8). Ýöne Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin köplenç adamlary ulanýar (Mat. 24:14; 28:19, 20; 2 Kor. 1:3, 4). Ýehowa bize akyldarlyk we güýç berip, öz niýetini amala aşyrmagymyz üçin halaýan adamy bolmaga kömek edýär. Köp alymlar Ýehowanyň adynyň manysy barada şeýle pikir edýär: «Ýehowa kim bolaýyn diýse bolup bilýär, başgalary hem kim edeýin diýse edip bilýär».

2. a) Näme üçin käbirleri Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilmerin öýdýär? b) Şu makalada näme barada gürrüň ederis?

2 Biziň ählimiz Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmak isleýäris. Emma käbirleri garrylyk, mümkinçiliginiň we ukyplarynyň çäklidigi sebäpli Ýehowa üçin köp zat edip bilmerin öýdýärler. Başgalar bolsa Ýehowa üçin edýän işini ýeterlik hasaplap, ruhy taýdan ösüş etmeýärler. Şu makalada Ýehowanyň öz niýetini amala aşyrmak üçin bize nädip ukyp berýändigi barada gürrüň ederis. Soňra biz Mukaddes Kitapda aýdylýan käbir wakalara seredip, Ýehowanyň öz niýetini amala aşyrmak üçin erkeklere we aýallara isleg hem-de güýç berendigi hakda bileris. Şeýle-de Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolar ýaly näme edip biljekdigimize serederis.

ÝEHOWA BIZE UKYP BERÝÄR

3. Filipililer 2:13-e görä, Ýehowa ýüregimizde nädip isleg döredýär?

3 Filipililer 2:13-i okaň *. Ýehowa niýetini ýerine ýetirer ýaly ýüregimizde isleg döredýär. Ol muny nädip edýär? Aýdaly, biz dogana ýa-da uýa kömek gerekdigini görýäris. Ýa-da ýaşulular filialdan gelen haty okap, başga ýygnaga kömek etmelidigini aýdýarlar. Şonda özümize şeýle sorag berip bileris: «Men nädip kömek edip bilerin?» Ýa-da bize kyn ýumuş tabşyrylanda: «Muny başararmykam?» diýip oýlanýandyrys. Belki-de, Mukaddes Kitaby okanymyzda: «Şu aýat arkaly başgalara nädip kömek edip bilerin?» diýýändiris. Elbetde, Ýehowa bizi mejbur etmeýär. Ýöne ol biziň kömek etmek barada oýlanýandygymyzy görende, niýetini ýerine ýetirer ýaly ýüregimizde isleg döredýär.

4. Ýehowa bize nädip güýç berýär?

4 Ýehowa niýetini ýerine ýetirer ýaly bize güýç berýär (Işa. 40:29). Ol mukaddes ruh arkaly ukyplarymyzy ösdürmäge kömek edýär (2 Mus. 35:30—35). Şeýle-de guramasy arkaly aýratyn ýumuşlary ýerine ýetirmegi öwredýär. Eger siz tabşyrylan işi nädip etmelidigini bilmeseňiz, kömek soramaga çekinmäň. Şeýle-de jomart Atamyzdan güýç sorap, doga ediň (2 Kor. 4:7; Luka 11:13). Geçmişde Ýehowa niýetini ýerine ýetirmek üçin erkeklere, aýallara isleg we güýç berip, olary ukyply etdi. Geliň, şol wakalaryň käbirine seredeliň we biziň hem Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup biljekdigimizi bileliň.

ÝEHOWANYŇ NIÝETINI ÝERINE ÝETIREN ADAMLAR

5. Ýehowanyň Musany haçan we nädip ulanyşyndan näme öwrenýäris?

5 Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyny halas etdi. Hudaý halkyny halas etmegi Musa pygambere haçan tabşyrdy? Musa «müsürlileriň iň gowy bilimini alyp», özüni taýýar hasaplandamy? (Res. 7:22—25). Ýok! Ýehowa ilki bilen Musa ýumşak we pesgöwünli adam bolmaga kömek etdi. Soňra oňa halkyny halas etmegi tabşyrdy (Res. 7:30, 34—36). Ýehowa Musa batyrgaýlyk berip, Müsüriň güýçli hökümdarynyň öňünde durmaga kömek etdi (2 Mus. 9:13—19). Ýehowanyň Musany haçan we nädip ulanyşyndan näme öwrenýäris? Eger gowy häsiýetleri ösdürip, Hudaýyň güýjüne bil baglasak, Ol bizi hem ulanar (Flp. 4:13).

6. Ýehowanyň Barzylla arkaly Dawut patyşa kömek edişinden näme öwrenýäris?

6 Şondan birnäçe asyr geçensoň, Ýehowa Barzylla arkaly Dawut patyşa kömek etdi. Dawut esgerleri bilen ogly Abselimden gaçyp ýördi. Olar «aç-suwsuz ysgyndan gaçypdy». Barzyllanyň ýaşy birçene ýetenem bolsa, janyny howp astyna salyp, beýlekiler bilen birlikde Dawut patyşa we esgerlerine kömek etdi. Barzylla garrandygy üçin Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilmerin diýip pikir etmedi. Gaýtam ol jomartlyk bilen Hudaýyň gullaryna iýer-içer ýaly zat berdi (2 Şam. 17:27—29). Biz mundan näme öwrenýäris? Ýaşymyz näçe bolsa-da, Ýehowa bizi ulanyp öz ýurdumyzdaky ýa-da daşary ýurtdaky dogan-uýalara gerekli kömegi berýär (Nak. 3:27, 28; 19:17). Biz dogan-uýalaryň her birine aýratynlykda kömek edip bilmesek-de, bütindünýä wagyz işi üçin sadaka berip bileris. Guramamyz berilýän sadakalary kömege mätäç dogan-uýalar üçin ulanýar (2 Kor. 8:14, 15; 9:11).

7. Ýehowa Şimgony nädip ulandy we muny bilmek bizi nädip ruhlandyrýar?

7 Goja Şimgon Iýerusalimde ýaşaýardy. Ýehowa oňa ölmänkä Mesihi görjekdigini wada beripdi. Şimgon Mesihe köp wagtdan bäri garaşýardy. Şonuň üçin Ýehowanyň wadasyny eşidip, ol örän ruhlanan bolmaly. Ýehowa Şimgony berk imany we çydamlylygy üçin sylaglady. Bir gün ol «mukaddes ruhuň täsiri bilen ybadathana geldi» we bäbek Isany gördi. Ýehowa Şimgona şol çaganyň geljekki Mesihdigi barada pygamberlik etdirdi (Luka 2:25—35). Isa ýerdäki gullugyna başlamanka, Şimgon aradan çykan bolmaly, ýöne ol Ýehowanyň ynanan hormatyna örän minnetdardy. Gelejekde bolsa wepaly Şimgon Isanyň hökümdarlygynyň astynda ähli halklaryň bereket alandygyny görer (1 Mus. 22:18). Bizem Şimgon ýaly Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilýändigimize örän begenýäris.

8. Biz nädip Barnabas ýaly Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bileris?

8 B. e. I asyrynda Ýusup atly jomart adam Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmaga taýýardy (Res. 4:36, 37). Ýusup göwünlik berýän adam hökmünde tanalýardy. Şol sebäpli oňa Barnabas diýdiler. Barnabas «Göwünlik ogly» diýmegi aňladýar. Sawul mesihçi bolandan soňra köpler onuň ýanyna barmaga gorkýardy, sebäbi ol mesihçiler ýygnagyny yzarlapdy. Emma mähirli dogan Barnabas Sawuly goldaýar. Sawul onuň eden ýagşylygyna minnetdar bolandyr (Res. 9:21, 26—28). Birnäçe wagtdan soň Iýerusalimdäki ýaşulular Siriýanyň Antakyýa şäherindäki dogan-uýalaryň tesellä mätäçdigini bilýärler. Ýaşulular olary ruhlandyrmak üçin kimi iberdiler? Elbetde, Barnabasy! Ol doganlaryň tamasyny ödedi. Barnabas Antakyýadaky dogan-uýalary «hemişe Halypamyza ýürekden wepaly bolmaga höweslendirdi» (Res. 11:22—24). Şu günlerem Ýehowa biziň her birimize «göwünlik ogly» bolmaga kömek edýär. Meselem, Ýehowa bizi ulanyp, ýakyny aradan çykan dogan-uýalara göwünlik berip bilýär. Şeýle-de kesellän, göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalaryň ýanyna baryp ýa-da jaň edip teselli beriji sözleri aýtmaga höweslendirýär. Siz hem Barnabas ýaly Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolarsyňyzmy? (1 Sel. 5:14).

9. Ýehowanyň Wasiliý dogana başarjaň ýaşuly bolmaga kömek edişinden näme öwrenýäris?

9 Ýehowa Wasiliý dogana başarjaň ýaşuly bolmaga kömek etdi. Ol ýaşuly bolanda 26 ýaşyndady. Wasiliý tejribesiniň ýokdugy üçin özüni mynasyp görmeýärdi we kyn günleri başdan geçirýän dogan-uýalara kömek edip bilmerin öýdýärdi. Emma ol tejribeli ýaşululardan köp zatlary öwrenýär we Patyşalyk gullugynyň mekdebinde okaýar. Wasiliý ruhy taýdan has ösmek üçin tagalla edýär we öňünde kiçiräk maksatlary goýýar. Ol her gezek maksadyna ýetende, özüni has-da ynamly duýýar. Wasiliý şeýle gürrüň berýär: «Öňler maňa gorkuly görnen zatlar indi şatlyk berýär. Dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin gerekli aýatlary tapmaga Ýehowanyň kömek edýändigini görenimde, özümi has-da bagtly duýýaryn». Doganlar, siz Wasiliýiň göreldesine eýerseňiz we Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmaga taýýar bolsaňyz, ol size köp işleri eder ýaly ukyp berer.

ÝEHOWANYŇ NIÝETINI ÝERINE ÝETIREN AÝALLAR

10. Abygaýyl näme etdi we siz ondan näme öwrenip bilersiňiz?

10 Şawul patyşa Dawudy we esgerlerini yzarlaýardy. Olar kömege mätäçdi. Dawudyň esgerleri ysraýylly baý adam Nabaldan iýer ýaly zat soradylar. Olar çölde Nabalyň sürülerini gorandyklary üçin gerekli zatlary arkaýyn alyp bileris öýtdüler. Emma gadyrbilmez Nabal olara hiç zat bermedi. Şonda Dawut gahar atyna atlanyp, Nabal we onuň hojalygyndaky ähli erkek göbeklileri gyryp taşlamakçy boldy (1 Şam. 25:3—13, 22). Emma Nabalyň owadan aýaly Abygaýyl örän düşünjelidi. Ol batyrgaýlyk bilen Dawudyň öňünden çykýar we dyza çöküp, gan dökmekden hem-de ar almakdan saklanmagy haýyş edýär. Şeýle-de Abygaýyl ýumşaklyk bilen Ýehowanyň kömegine bil baglamagy maslahat berýär. Abygaýylyň pesgöwünlilik bilen aýdan sözleri we paýhaslylyk bilen eden işleri Dawudyň ýüregine güýçli täsir edýär. Şonda ol Abygaýyly Ýehowanyň iberendigine düşünýär (1 Şam. 25:23—28, 32—34). Abygaýyl Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolar ýaly gowy häsiýetleri ösdüripdi. Şu günler Abygaýylyň göreldesine eýerýän düşünjeli uýalar sypaýyçylyk bilen gerekli maslahatlary berip, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolýarlar we maşgala agzalaryny hem-de ýygnakdaky dogan-uýalary berkidýärler (Nak. 24:3; Tit. 2:3—5).

11. Şalumyň gyzlary nähili işleri etdiler we olaryň göreldesine kimler eýerip biler?

11 Birnäçe asyr geçensoň, Ýehowa Iýerusalimiň diwaryny dikeltmek üçin köp adamlary ulandy, olaryň arasynda Şalumyň gyzlary hem bardy (Neh. 2:20; 3:12). Kakasy han bolsa-da, olar agyr we howply işi höwes bilen ýerine ýetirdiler (Neh. 4:15—18). Olar tekoýalylardan örän tapawutlanýardy. Tekoýalylaryň «at-abraýly adamlary gözegçileriň elinde işlemegi kiçilik bilýärdiler» (Neh. 3:5). Şalumyň gyzlary gurluşygyň 52 günde tamamlanandygyny görüp, begenjinden uçaýjak bolandyr (Neh. 6:15). Şu günlerem uýalar ýörite gullugy berjaý edýärler. Olar Ýehowa bagyş edilýän binalaryň gurluşyk we abatlaýyş işlerine höwes bilen gatnaşýarlar. Ukyply, yhlasly we wepaly uýalaryň tagallasy bilen edýän işimizde köp üstünlik gazanyp bileris.

12. Biz nädip Tawita ýaly Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bileris?

12 Ýehowa Tawitany «köp ýagşylyk etmäge» we dul aýallary goldamaga höweslendirdi (Res. 9:36). Ol örän jomartdy we köp ýagşylyk edýärdi. Şonuň üçin Tawita aradan çykanda köpler ýas tutdy. Emma Petrus resul ony direldende, dogan-uýalaryň nähili begenendigini göz öňüne getiriň! (Res. 9:39—41). Biz Tawitadan näme öwrenip bileris? Biz ýaş, garry, erkek ýa-da aýal bolsak-da, dogan-uýalardan elimizden gelen ýagşylygy gaýgyrmaly däl (Ýew. 13:16).

13. Ýehowa çekinjeň uýamyz Ruty nädip goldady we Rut nähili netijä geldi?

13 Rut atly çekinjeň uýa missioner bolmak isleýärdi. Ol ýaş wagty öýden-öýe aýlanyp, edebiýat paýlaýardy. Rut: «Men edýän işimi gowy görýärdim» diýýär. Ýöne gapynyň agzynda adamlar bilen gepleşmek we Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň bermek oňa kyn düşýärdi. Rut çekinjeň bolsa-da, 18 ýaşynda pioner gullugyna başlaýar. Ol 1946-njy ýylda Gilead mekdebinde okaýar we Gawaýide hem-de Ýaponiýada gulluk edýär. Ýehowa uýamyz arkaly şol ýurtlarda örän köp işleri etdi. Rut 80 ýyla golaý gulluk edensoň şeýle diýdi: «Ýehowa meni hemişe berkidýärdi. Ol maňa çekinjeňligi ýeňmäge kömek etdi. Ýehowanyň özüne bil baglaýan islendik adamy peýdaly gural edip ulanýandygyna berk ynanýaryn».

ÝEHOWANYŇ ELINDE PEÝDALY GURAL BOLUŇ!

14. Koloslylar 1:29-a görä, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolar ýaly näme etmeli?

14 Taryhyň dowamynda wepaly adamlar Ýehowanyň elinde her dürli gural boldular. Siz Ýehowanyň elinde nähili gural bolup bilersiňiz? Bu siziň näçeräk tagalla edýändigiňize bagly (Koloslylar 1:29-y okaň). Eger Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmaga taýýar bolsaňyz, Ol sizi yhlasly wagyzçy, ökde mugallym, göwünlik beriji, başarjaň ussa, ýakyn dost ýa-da niýetini amala aşyrmak üçin islendik adam edip biler.

15. 1 Timoteos 4:12, 15-nji aýatlara görä, ýaş doganlar näme hakda ýalbaryp doga etmeli?

15 Gadyrly ýaş doganlar, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolar ýaly siz näme edip bilersiňiz? Ýygnakda hyzmatçy bolup gulluk eder ýaly güýç-kuwwatly doganlar gerek. Ýygnaklaryň köpüsinde hyzmatçylaryň sany ýaşulularyň sanyndan hem az. Ýaş doganlar, ýygnakda köp işler ediler ýaly, jogapkärli borçlary almak isleýärsiňizmi? Käte ýaş doganlar: «Maňa wagyzçy bolup gulluk edýänim ýeterlik» diýýärler. Eger sizem şeýle pikir edýän bolsaňyz, Ýehowa ýalbaryp doga ediň. Hyzmatçy bolup gulluk eder ýaly ýüregiňizde isleg döretmegini we janaýaman gulluk eder ýaly güýç bermegini diläň (Nes. 12:1). Gadyrly ýaş doganlar, biz siziň kömegiňize mätäç (1 Timoteos 4:12, 15-nji aýatlary okaň).

16. Biz Ýehowadan näme dilemeli we näme üçin?

16 Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin size ähli zady berip bilýär. Şonuň üçin Ýehowanyň işini eder ýaly ýüregiňizde isleg döretmegini we şony etmäge güýç bermegini diläň. Siz ýaş bolsaňyz-da, garry bolsaňyz-da wagtyňyzy, güýjüňizi we ukyplaryňyzy Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulanyň (Nes. 9:10). Ýehowa köpräk gulluk etmäge mümkinçilik dörände gorka we çekinjeňlige ýol berip, ondan ýüz öwürmäň. Ýehowanyň işine azajyk hem bolsa goşandymyzy goşup bilýändigimize juda begenýäris. Söýgüden doly Atamyzy şöhratlandyrmak biziň üçin uly hormat!

61-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?

^ abzas 5 Siz özüňizi Ýehowa üçin köp zat edip bilmeýän ýaly duýýarsyňyzmy? Belki, siz: «Hudaý üçin köp zat edip bilemok» diýip pikir edýänsiňiz. Ýa-da: «Ýehowa üçin köp iş etmek hökman däl» diýýänsiňiz. Şu makalada Ýehowanyň öz niýetini ýerine ýetirer ýaly size isleg we güýç berjekdigi, halaýan adamy bolmaga kömek etjekdigi barada bileris.

^ abzas 3 Pawlus hatyny I asyrdaky mesihçilere ýazan hem bolsa, ol Ýehowanyň ähli gullukçylaryna degişli.