Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 41

«Uly betbagtçylykda» Hudaýa wepaly boluň!

«Uly betbagtçylykda» Hudaýa wepaly boluň!

«Eý Allanyň wepaly bendeleri, Ýehowany söýüň! Ýehowa wepaly gullaryny goraýar» (Zeb. 31:23).

154-NJI AÝDYM Çydamly bolalyň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Tizden syýasy ýolbaşçylar nähili habary yglan eder? b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bilmeli?

GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, syýasy ýolbaşçylar ahyry «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan edýär. Belki, olar ýer ýüzünde şeýle parahatlyk bolmandy diýip öwünerler. Syýasy ýolbaşçylar ähli kynçylygy çözüp bilýändiklerine ynandyrmak islärler. Emma olar şondan soňra boljak zatlaryň öňüni alyp bilmez. Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Kitapda pygamberlik edilişi ýaly, «olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner. Olar gaçyp gutulyp bilmezler» (1 Sel. 5:3).

2 Biz birnäçe wajyp soragyň jogabyny bilmeli: «uly betbagtçylykda» nähili wakalar bolar? Ýehowa biziň şol wagt näme etmegimizi isleýär? «Uly betbagtçylykda» Hudaýa wepaly bolmak üçin häzirden nädip taýýarlanyp bileris? (Mat. 24:21).

«ULY BETBAGTÇYLYKDA» NÄHILI WAKALAR BOLAR?

3. Ylham 17:5, 15—18-nji aýatlara görä, Hudaý «Beýik Wawilony» nädip ýok eder?

3 Ylham 17:5, 15—18-nji aýatlary okaň. «Beýik Wawilon» ýok ediler! Ýokarda aýdylyşy ýaly, syýasy ýolbaşçylar bolýan wakalaryň öňüni alyp bilmez. Näme üçin? Sebäbi Hudaý olaryň ýüregine öz pikirini guýar. Şonda ýalan dinler, şol sanda hristian dünýäsi * ýok ediler. Hudaý niýetini amala aşyrmagy «on şahyň» we «gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň» ýüregine guýar. «Wagşy haýwan» Birleşen Milletler Guramasyny, «on şah» bolsa ony goldaýan ähli hökümetleri aňladýar (Ylh. 17:3, 11—13; 18:8). Olar ýalan dine hüjüm edende, uly betbagtçylyk başlar. Şonda dünýäni sarsdyrjak betbagtçylyk bolar.

4. a) Halklar ýalan dine näme sebäpden hüjüm eder? b) Ýalan diniň agzalary näme eder?

4 Biz halklaryň näme sebäpden Beýik Wawilona hüjüm etjekdigini bilmeýäris. Belki-de, olar: «Dinler parahatlygy bozýar we hemişe syýasata goşulýar» diýerler. Ýa-da dini guramalar köp baýlyk topladylar diýip pikir ederler (Ylh. 18:3, 7). Elbetde, ýalan dine hüjüm edilende, onuň ähli agzasy ýok edilmez. Halklar diňe dini guramalary ýok eder. Şonda onuň agzalary dini ýolbaşçylaryň aldawyna düşendigine göz ýetirerler we uýýan dininden dänerler.

5. Uly betbagtçylyk barada Ýehowa nämäni wada berdi we näme üçin?

5 Mukaddes Kitapda Beýik Wawilonyň näçe wagtyň dowamynda ýykyljakdygy aýdylmaýar. Ýöne onuň gysga wagtyň içinde ýok ediljekdigini bilýäris (Ylh. 18:10, 21). «Saýlanan» mesihçiler we hakyky din ýok edilmez ýaly, Ýehowa uly betbagtçylygyň «günlerini gysgaltjakdygyny» wada berdi (Mar. 13:19, 20). Ýöne Ýehowa uly betbagtçylyk başlandan tä Armageddon söweşine çenli näme etmegimizi isleýär?

ÝEHOWA ARASSA SEŽDE EDELIŇ!

6. Näme üçin ýalan dinden ýöne bir çykmak ýeterlik däl?

6 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Ýehowa gullukçylarynyň Beýik Wawilondan doly çykmagyny isleýär. Biz ýalan dine degişli zatlardan gaça durmak bilen çäklenmeli däl. Biz hakyky dini goldamaly, ýagny Ýehowa edýän seždämiz arassa bolmaly. Geliň, muny etmegiň iki ýoluny bileliň.

Biz kyn döwürde-de ýygnaklara barmaly (7-nji abzasa serediň) *

7. a) Ýehowanyň ahlak kadalaryna nädip berk eýerip bileris? b) Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlar häzir ýygnaklara barmagyň wajypdygyny nädip görkezýär?

7 Birinjiden, Ýehowanyň ahlak kadalaryna berk eýermeli. Biz şu dünýäniň biderek düşünjesine eýermeli däl. Meselem, ahlaksyzlygyň islendik görnüşini, bir jynsdaky adamlaryň nikasyny we beçebazlyga degişli başga-da zatlary goldamaly däl (Mat. 19:4, 5; Rim. 1:26, 27). Ikinjiden, imandaşlarymyz bilen bilelikde sežde etmeli. Biz Ýygnak jaýynda, öýlerde, hatda gizlin ýerlerde Hudaýa sežde edýäris. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, ýygnaklara hökman barmaly. Dogrudan-da, «ol günüň golaýlaşýandygyny görýändigimiz» üçin bilelikde ýygnanyşmagymyzy bes etmeli däl (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň).

8. Biz gelejekde nähili habar aýdarys?

8 Belki, biz uly betbagtçylyk başlanda, başga habary aýdarys. Şu günler Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris we şägirt taýýarlamaga jan edýäris. Ýöne uly betbagtçylyk döwri hoş habary däl-de, ajy habary yglan ederis. Mukaddes Kitapda şol habar buza meňzedilýär (Ylh. 16:21). Belki, Şeýtanyň dünýäsiniň ýok boljakdygyny yglan ederis. Wagty gelende, biz şol habaryň nähili boljakdygyny we ony nädip wagyz etjekdigimizi anyk bileris. Şol wagt ýüzlerçe ýyldan bäri wagyz etmek we öwretmek üçin ulanýan usullarymyzy ulanarysmy? Ýa-da biz başga usullar bilen wagyz ederismi? Biz muny bilmeýäris. Ýöne şonda her birimize Ýehowanyň höküm habaryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmek hormaty ynanylar (Hyz. 2:3—5).

9. Biziň habarymyza halklar nähili seslenerler, ýöne biz nämä ynanmaly?

9 Ähtimal, aýdýan habarymyz zerarly bütin halklar bize hüjüm edip, ýok etjek bolar. Şonda biz häzirki ýaly, Ýehowanyň berýän güýjüne bil baglamaly bolarys. Biz Ýehowanyň güýjümize güýç goşjakdygyna doly ynamly bolup bileris (Mik. 3:8).

ÄJIDIŇ HÜJÜMINE TAÝÝAR BOLUŇ!

10. Luka 21:25—28-nji aýatlara görä, uly betbagtçylykda adamlaryň ýagdaýy nähili bolar?

10 Luka 21:25—28-nji aýatlary okaň. Köp adamlar syýasy we söwda-satyk guramalary hiç haçan ýok edilmez diýip pikir edýärler. Emma uly betbagtçylykda olaryň ýok edilýändigini görüp, aljyraňňy ýagdaýa düşerler. Hawa, adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik «zulum» güni başlar. Şonda adamlar elhenç ölümiň penjesine düşendigini görüp perýat ederler (Sep. 1:14, 15). Belki, Ýehowanyň halky hem kösener we dünýäden däldikleri üçin dürli kynçylyklara duçar bolar. Şonda iň zerur zatlarymyzyň hem bolmazlygy mümkin.

11. a) Näme üçin hemmeleriň ünsi Ýehowanyň Şaýatlarynda bolar? b) Biz näme üçin uly betbagtçylyk döwri gorkmaly däl?

11 Şol döwür adamlar öz dininiň ýok edilendigini, Ýehowanyň Şaýatlarynyň bolsa Hudaýa sežde edýändigini görüp, gahar-gazaba münerler. Belki, olar närazylygyny bildirip, teleýaýlymda çykyş ederler. Syýasy ýolbaşçylar we olaryň hökümdary Şeýtan diňe biziň dinimiziň ýok edilmändigini görüp gaharlanarlar. Olar ýer ýüzündäki dinleri ýok etmek bilen, öz maksadyna ýetmändigine düşünerler. Şonuň üçin olaryň bar ünsi bizde bolar. Şonda milletler Mäjit ýurdundaky Äjit * bolar we ählisi ýygnanyp, Ýehowanyň halkyna hüjüm eder (Hyz. 38:2, 14—16). Uly betbagtçylykda boljak wakalary anyk bilmeýändigimiz üçin, biziň aladalanmagymyz mümkin. Ýöne biz bir zady anyk bilýäris: uly betbagtçylyk döwri biz gorkmaly däl. Ýehowa bize halas bolmagymyz üçin gerekli görkezmeleri berer (Zeb. 34:19). Biz «dikelip, başymyzy galdyrarys», sebäbi «gutulyşymyzyň golaýlandygyna» göz ýetireris *.

12. Wepaly hyzmatkär bizi gelejekde boljak wakalara nädip taýýarlaýar?

12 «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär» uly betbagtçylykda Hudaýa wepaly bolar ýaly bizi taýýarlaýar (Mat. 24:45). Wepaly hyzmatkär bize dürli ýollar bilen kömek edýär. Meselem, 2016—2018-nji ýyllaryň dowamynda geçirilen welaýat kongreslerinde tüýs wagtynda maslahatlar berildi. Şol kongresler Ýehowanyň gününiň öň ýanynda gerek bolan häsiýetleri ösdürmäge höweslendirdi. Geliň, şol häsiýetler hakda gysgaça gürrüň edeliň.

WEPALY, ÇYDAMLY WE BATYRGAÝ BOLUŇ!

«Uly betbagtçylykda» aman galmak üçin häzirden taýýarlanyň (13—16-njy abzaslara serediň) *

13. Ýehowa wepalylygymyzy nädip berkidip bileris we muny näme üçin häzirden etmeli?

13 Wepalylyk. 2016-njy ýylyň kongresi «Ýehowa wepaly boluň!» diýip atlandyryldy. Kongresde Ýehowa wepaly bolmak üçin, onuň bilen dostlugymyzy berkitmelidigi hakda aýdyldy. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin ýürekden doga etmegiň, Sözüni çuňňur öwrenmegiň wajypdygyny bildik. Şonda uly kynçylyklary ýeňip biljekdigimize düşündik. Şeýtanyň dünýäsiniň ýok edilmeli wagtynyň golaýladygyça, bize Hudaýa we Patyşalygyna wepaly bolmak has-da kyn bolar. Belki, köpler biziň üstümizden gülerler (2 Pet. 3:3, 4). Sebäbi Şeýtanyň dünýäsini goldamaýarys. Hawa, uly betbagtçylykda Hudaýa wepaly bolar ýaly, häzirden wepalylygymyzy berkitmeli.

14. a) Uly betbagtçylyk döwri ýolbaşçy doganlar bilen bagly nähili özgerişlik bolar? b) Şol döwür wepaly bolmak näme üçin wajyp?

14 Uly betbagtçylykda Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edýän doganlar bilen bagly käbir özgerişlikler bolar. Saýlanan mesihçileriň ählisi Armageddon söweşine gatnaşmak üçin göge alnar (Mat. 24:31; Ylh. 2:26, 27). Diýmek, şol döwür Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary aramyzda bolmaz. Emma uly märeke guramaçylykly hereket eder. Olara tejribeli doganlar ýolbaşçylyk eder. Biz doganlary goldap we olaryň Hudaýdan alan görkezmesine eýerip, wepaly bolup bileris. Hawa, doganlara gulak assak halas bolarys!

15. Çydamly bolmaga näme kömek edýär we näme üçin häzirden çydamly bolmaly?

15 Çydamlylyk. 2017-nji ýylyň kongresi «Ruhdan düşmäň!» diýip atlandyryldy. Kongresde biz dürli kynçylyklarda çydamly bolmagy öwrendik. Şeýle-de biziň diňe amatly şertlerde däl-de, kyn ýagdaýda hem çydamly bolup biljekdigimize göz ýetirdik. Çydamly bolmak üçin biz Ýehowa doly bil baglamaly (Rim. 12:12). Isanyň: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýen sözlerini hiç haçan unutmalyň (Mat. 24:13). Isanyň sözlerine görä, biz kynçylyga garamazdan, Hudaýa wepaly bolmaly. Eger biz häzir her bir synagda çydamly bolsak, uly betbagtçylyga taýýar bolarys.

16. Batyrgaýlyk nämä bagly we häzirden nädip batyrgaý bolup bileris?

16 Batyrgaýlyk. 2018-nji ýylyň kongresi «Batyrgaý boluň!» diýip atlandyryldy. Kongres bize batyrgaý bolmagyň öz ukybymyza bagly däldigini ýatlatdy. Ýehowanyň kömegi bilen çydamly bolşumyz ýaly, batyrgaý bolmak üçin hem oňa bil baglamaly. Ýehowa has köp bil baglar ýaly näme etmeli? Ýehowanyň Sözüni her gün okamaly we geçmişde halkyny nädip halas edendigi hakda oýlanmaly (Zeb. 68:20; 2 Pet. 2:9). Uly betbagtçylykda milletler bize topulanda, batyrgaý bolup, Ýehowa has köp bil baglamaly bolarys (Zeb. 112:7, 8; Ýew. 13:6). Häzirden Ýehowa bil baglasak, Äjit hüjüm edende batyrgaýlyk bilen berk durarys *.

HALAS BOLJAK GÜNÜŇIZE SABYRSYZLYK BILEN GARAŞYŇ!

Isa we gökdäki goşuny ak atlara atlanyp, Armageddon söweşinde Hudaýyň duşmanlaryny ýok etmäge we uly märekäni halas etmäge gelýär (17-nji abzasa serediň)

17. Armageddon söweşinden näme üçin gorkmaly däl? (Daşky sahypadaky surata serediň).

17 Geçen makalada aýdylyşy ýaly, biziň köpümiz soňky günlerde dünýä indik. Biz uly betbagtçylykda aman galmaga umyt edýäris. Armageddon söweşinde Şeýtanyň dünýäsi ýok ediler. Ýöne biz hiç zatdan gorkmaly däl, sebäbi Armageddonda biz däl-de, Hudaý söweşer (Nak. 1:33; Hyz. 38:18—20; Zek. 14:3). Ýehowanyň görkezmesi bilen, Isa gökdäki goşuna ýolbaşçylyk eder. Isa saýlanan mesihçiler we milliardlarça perişdeler bilen Şeýtana, jynlaryna hem-de ýer ýüzündäki goşunyna garşy söweşer (Dan. 12:1; Ylh. 6:2; 17:14).

18. a) Ýehowa näme wada berdi? b) Ylham 7:9, 13—17-nji aýatlarda gelejek barada näme diýilýär?

18 Ýehowa bize: «Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýip wada berdi (Işa. 54:17). Ýehowanyň wepaly gullukçylary uly betbagtçylykda diri galyp, sag-aman täze dünýä geçerler. Olar Hudaýyň öňünde mukaddes gullugy berjaý ederler (Ylham 7:9, 13—17-nji aýatlary okaň). Mukaddes Kitapda biziň halas boljakdygymyz barada ençeme wadalar ýazylan. Biz Ýehowanyň wepaly gullaryny goraýandygyna bütin ýüregimiz bilen ynanýarys (Zeb. 31:23). Ýehowany söýüp, alkyş aýdýan adamlar Onuň mukaddes adynyň aklanandygyna begenerler (Hyz. 38:23).

19. Bize nähili gelejek garaşýar?

19 2 Timoteos 3:2—5-nji aýatlarda Şeýtanyň täsirinden azat bolup, ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşajak adamlar hakda aýdylan bolsa, onda nähili sözler ýazylardy? (« Jennetde ýaşajak adamlaryň häsiýeti» diýen çarçuwa serediň). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Jorj Gangas * dogan şeýle diýdi: «Ähli adamlar seniň doganyň ýa-da uýaň bolanda ýer ýüzi, gör, nähili ajaýyp bolar. Tizden täze dünýäde ebedi ýaşamak hormatyna eýe bolarys. Biz Ýehowa ýaly, ebedi ýaşarys. Hawa, bize ebedi gelejek garaşýar». Gör, nähili ajaýyp umyt!

32-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň!

^ abzas 5 Tizden bütin adamzadyň üstüne «uly betbagtçylyk» iner. Şol döwür Ýehowanyň halkyna näme bolar? Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär? Nähili häsiýetler Hudaýa wepaly bolmaga kömek eder? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

^ abzas 3 DÜŞÜNDIRILIŞ. Hristian dünýäsi diýlende, özüni hristian hasaplap, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan ähli dinler göz öňünde tutulýar.

^ abzas 11 DÜŞÜNDIRILIŞ. Mäjit ýurdundaky Äjit (gysgaça Äjit) uly betbagtçylyk döwri Ýehowanyň halkyna topuljak milletleriň agyz birikdirmegini aňladýar.

^ abzas 11 Armageddonyň öň ýanynda boljak wakalar hakda köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» kitabynyň 21-nji babyna serediň. Mäjit ýurdundaky Äjidiň hüjümi we Ýehowanyň Armageddonda halkyny nädip gorajakdygy hakda köpräk bilmek üçin «Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi» kitabynyň (iňlis.) 17, 18-nji baplaryna we «Garawul diňi» (w15 15/7 sah. 14—19) žurnalyna serediň.

^ abzas 16 2019-njy ýylyň «Söýgi hiç haçan gutarmaz!» diýen kongresi söýgüden doly Atamyz Ýehowanyň goragynda elmydama howpsuz ýaşajakdygymyza ynandyrýar (1 Kor. 13:8).

^ abzas 19 «Eden işleri oňa hemra boldy» atly makala serediň (w94-U 1/12).

^ abzas 65 SURAT: Uly betbagtçylykda Ýehowanyň batyrgaý şaýatlarynyň kiçi topary tokaýda ýygnak duşuşygyny geçirýär.

^ abzas 67 SURAT: Uly märekeden ybarat bolan Ýehowanyň gullukçylary uly betbagtçylykdan halas bolup, bagtly ýaşar.