Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Jozef Ruterford bilen doganlar Ýewropa syýahatynda

Ýüz ýyl mundan öň 1920

Ýüz ýyl mundan öň 1920

1920-NJI ÝYLDA Ýehowanyň halky özüne tabşyrylan işe yhlas bilen ýapyşdy. Şol sebäpli olar 1920-nji ýylyň aýady hökmünde Zebur 118:14-däki sözleri saýladylar: «ÝAH meniň penam hem güýjümdir».

Ýehowa yhlasly wagyzçylaryň güýjüne güýç goşdy. 225 sany kitap paýlaýanlaryň, ýagny pionerleriň sany bir ýylyň içinde 350-ä ýetdi. Şol ýyly ilkinji sapar baş edara 8 000 meýletin işçi, ýagny wagyzçy wagyz hasabatyny iberdiler. Ýehowa gullukçylarynyň edýän tagallalaryna ak pata berýärdi, şol sebäpli hoş habar görlüp-eşidilmedik derejede ýaýrady.

YHLASLY WAGYZ EDILÝÄR

1920-nji ýylyň 21-nji martynda Mukaddes Kitaby öwrenýänlere ýolbaşçylyk edýän Jozef Ruterford dogan «Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez!» atly nutuk bilen çykyş etmelidi. Nutugy diňlemäge ençeme adamlar geler ýaly Mukaddes Kitaby öwrenýänler öňünden aladasyny etdiler. Olar Nýu-Ýork şäherindäki iň uly teatry kireýne aldylar we 320 000 golaý çakylygy paýladylar.

«Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez!» atly nutuk gazetde bildiriş edildi

Nutugy diňlemäge gelenleriň sany garaşylandan hem köp boldy. Teatr 5 000 adamlykdy, emma şeýle bir köp adam geldi welin, 7 000 adama ýer tapylmady. «Garawul diňi» žurnalynda şol duşuşyk Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň geçiren iň uly çäreleriniň biri diýip atlandyryldy.

Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň: «Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez» diýip yglan edýändiklerini hemmeler bilýärdi. Şol wagt olar Patyşalyk baradaky hoş habary uly möçberde we has köp ýerlerde wagyz etmelidigini göz öňüne hem getirmeýärdiler. Mukaddes Kitaby öwrenýänler yhlasly wagyz edýärdiler. Ida Olmistid uýa 1902-nji ýylda ýygnaklara gatnap başlaýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Biz gelejekde ähli adamlara köp bereketleriň garaşýandygyny bilýärdik. Şonuň üçin her bir adama hoş habary aýdýardyk».

EDEBIÝATLAR ÇAP EDILÝÄR

Beýteldäki doganlar ruhy iýmitiň bol bolmagy üçin käbir edebiýatlary özleri çap edip başlaýarlar. Munuň üçin olar Bruklinde, Beýteliň golaýynda Mirtl köçesiniň 35-nji jaýyny kireýne alýarlar we çap edilýän enjamlary satyn alyp gurnaýarlar.

Leo Pelle bilen Walter Kesler 1920-nji ýylyň ýanwarynda Beýtelde gulluk edip başlaýarlar. Walter şeýle ýatlaýar: «Beýtele baranymyzda çaphananyň gözegçisi bize: „Günortan naharyna çenli bir ýarym sagat wagt bar“ diýip, ýerzeminden kitaply gutulary getirmäge iberdi».

Leo Beýteldäki ikinji güni hakda şeýle ýatlaýar: «Bize birinji gatyň diwarlaryny ýuwmagy tabşyrdylar. Men şeýle gara işde öň işläp görmändim. Ýöne biz Allatagala üçin işleýärdik we uly hormat hasaplaýardyk».

«Garawul diňi» žurnalyny çap edýän enjam

Birnäçe hepdeden soňra doganlaryň özleri «Garawul diňi» žurnalyny çap edip başladylar. Çap edilýän enjam jaýyň ikinji gatynda gurnalypdy. Şol enjamda 1920-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykmaly «Garawul diňi» žurnalynyň 60 000 sanysy neşir edildi. Doganlar jaýyň ýerzemininde ýene-de bir uly çap edilýän enjamy gurnadylar. Doganlar onda «Altyn asyr» žurnalynyň 1920-nji ýylyň 14-nji aprelindäki sanyny neşir edip başladylar. Elbetde, meýletin işleýän zähmetsöýer doganlara Ýehowanyň ak pata berýändigi görünýärdi.

«Biz Allatagala üçin işleýärdik we uly hormat hasaplaýardyk»

«AGZYBIR ÝAŞALYŇ»

Mukaddes Kitaby öwrenýänler agzybirlikde ýaşap, Ýehowa yhlasly gulluk edýärdiler. Emma olaryň käbiri 1917—1919-njy ýyllar aralygynda kynçylyklar we yzarlamalar sebäpli guramadan gitdiler. Olara yzyna dolanmak üçin nädip kömek etdiler?

«Garawul diňiniň» 1920-nji ýylyň 1-nji aprelinde çykan sanynda «Agzybir ýaşalyň» atly makala bardy. Şol makalada şeýle mähirli sözler ýazylypdy: «Biz Hudaýyň mukaddes ruhuny alan her bir adamyň... bolan zatlary unudyp... ýene-de agzybir maşgala goşuljakdygyna doly ynanýarys».

Makaladaky mähirli sözler köpleriň ýüregine täsir etdi. Bir är-aýal şeýle ýazýar: «Biz birki ýyllap gol gowşuryp oturdyk. Dogan-uýalar bolsa yhlasly wagyz edýärdiler. Biz uly ýalňyşlyk goýberdik... Indi hakykat ýolundan sowulmarys diýip umyt edýäris». Yzyna dolanan dogan-uýalara köp işler garaşýardy.

«GUTARNYKLY SYR» KITABY PAÝLANYLÝAR

1920-nji ýylyň 21-nji iýunynda Mukaddes Kitaby öwrenýänler ýumşak daşly «Gutarnykly syr» kitabyny paýlap başlaýarlar. 1918-nji ýylda «Gutarnykly syr» kitabyny paýlamak gadagan edilýär we şol sebäpli ençeme kitaplar paýlanylman galýar.

«Gutarnykly syr» kitabyny paýlamaga diňe pionerleri däl, ähli wagyzçylary höweslendirdiler. Bir makalada şeýle diýilýär: «Özüni Hudaýa bagyş eden (suwa çümdürilen) ähli dogan-uýalar kitap paýlamak işine höwes bilen gatnaşmaly. Goý, şu sözler siziň şygaryňyz bolsun: „Meniň maksadym — kitaby paýlamak“». Edmund Huperiň aýtmagyna görä, şonda köp dogan-uýalar ilkinji sapar öýden-öýe wagyz edip, kitaby paýladylar. Ol şeýle diýýär: «Biz köp iş etmelidigimize indi düşündik. Şeýle uly işiň garaşýandygyny göz öňümize-de getirmändiris».

ÝEWROPADA WAGYZ IŞI DIKELDILÝÄR

Birinji jahan urşy döwründe Ýewropadaky Mukaddes Kitaby öwrenýänler bilen habarlaşmak kyndy. Şol sebäpli Jozef Ruterford dogan-uýalary ruhlandyryp, wagyz işini dikeltmek isleýär. Şeýlelikde, 1920-nji ýylyň 12-nji awgustynda Ruterford bilen dört dogan uzak syýahata ýola düşýärler. Olar Beýik Britaniýa we birnäçe ýurtlara barýarlar.

Ruterford dogan Müsürde

Ruterford dogan Beýik Britaniýa baranda Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň üç kongresinde we 12 sany duşuşygynda nutuk bilen çykyş etdi. Oňa takmynan 50 000 adam gatnaşdy. Şol duşuşyklar hakda «Garawul diňinde» şeýle gürrüň berilýär: «Dogan-uýalaryň göwni galkynyp, örän ruhlandylar. Söýgi we wagyz işi olary has-da jebisleşdirdi». Parižde Ruterford dogan «Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez!» diýen nutuk bilen çykyş etdi. Nutugy diňlemäge köp adamlar geldi, aýak basara ýer ýokdy. Nutukdan soňra 300 adam Mukaddes Kitap hakda köpräk bilmek isleýändigini aýtdy.

Londondaky Albert şa köşgünde boljak nutugyň çakylygy

Syýahatyň soňky hepdeleri Ruterford bilen ýoldaşlary Afina, Kaire we Iýerusalime bardylar. Ruterford şol ýurtlardaky adamlara hakykaty ýetirmek üçin Iýerusalimiň golaýyndaky Ramallah şäherinde filial döredýär. Soňra ol Ýewropa dolanýar we edebiýatlary çap etmek üçin Şwesariýada Merkezi Ýewropanyň filialyny döredýär.

ADALATSYZLYK PAŞ EDILÝÄR

1920-nji ýylyň sentýabrynda Mukaddes Kitaby öwrenýänler «Altyn asyr» žurnalynyň 27-nji ýörite sanyny çap etdiler. Žurnalda 1918-nji ýylda Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň hökümet tarapyndan yzarlanandygy hakda aç-açan gürrüň berildi. Doganlar çaphanada gije-gündiz işläp, žurnalyň dört milliondan gowrak sanyny neşir etdiler.

Ema Martiniň tussag edilende düşürilen suraty

«Altyn asyr» žurnalynyň okyjylary Ema Martiniň kazyýet işi hakda okadylar. Ema uýa Amerikanyň San-Bernardino şäherinde (Kaliforniýa ştaty) kitap paýlaýan bolup gulluk edýärdi. 1918-nji ýylyň 17-nji martynda Ema uýa we Eduard Ham, Eduard Sonnenburg, Ernest Stiwens doganlar Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň duşuşygyna barýarlar.

Duşuşyga baran bir adam Mukaddes Kitap bilen asla gyzyklanmaýardy. Soňra ol şeýle gürrüň berýär: «Men ol ýere... jenaýatçylyga çeker ýaly delil gözläp, prokuroryň buýrugy bilen bardym». Ol gözlän zadyny, ýagny «Gutarnykly syr» kitabyny tapdy. Birnäçe gün geçenden soňra Ema uýany we E. Ham, E. Sonnenburg, E. Stiwens doganlary tussag etdiler. Olary gadagan edilen kitaby paýlaýandygy üçin kanuny bozýan jenaýatçylar hökmünde günäkärleýärdiler.

Uýany we doganlary jenaýatçy hasaplap, üç ýyl türmä basdylar. Olar kazyýet işine gaýtadan serediler ýaly ençeme sapar arz etseler-de, 1920-nji ýylyň 17-nji martynda olara çykarylan höküm güýje girdi. Ýöne soňra olaryň ýagdaýy üýtgedi.

1920-nji ýylyň 20-nji iýunynda Jozef Ruterford dogan San-Fransisko şäherinde geçirilen kongresde uýa we doganlar bilen bolan wakany gürrüň berdi. Kongrese gelen dogan-uýalar olara şeýle adalatsyzlyk edilendigine gynandylar we Amerikanyň prezidentine şeýle hat ýazdylar: «Biz Ema Martine... kanuny bozýan jenaýatçy hökmünde adalatsyz höküm çykaryldy diýip hasaplaýarys... Prokuraturanyň işgärleri kanuny bozup, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalandylar we Ema Martine töhmet atyp, türmä basdylar».

Ertesi gün Amerikanyň prezidenti Wudro Wilson Martin uýa we Ham, Sonnenburg, Stiwens doganlara adalatsyz höküm çykarylandygyny aýdyp, gelnen karary üýtgetdi. Şeýlelikde, olar türmeden boşadyldy.

1920-nji ýylyň ahyrynda Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň şatlanmaga ençeme sebäpleri bardy. Baş edaradaky doganlaryň etmeli işleri has-da köpelýärdi we Mukaddes Kitaby öwrenýänler adamzadyň ähli kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigi hakda öňküdenem yhlasly wagyz etdiler (Mat. 24:14). 1921-nji ýylda bolsa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykat bütin dünýä ýaň salmalydy.