Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 41

Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (I bölüm)

Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (I bölüm)

«Halypamyz Isa gelende... siz biziň buýsanjymyz we guwanjymyz» (1 Sel. 2:19, 20).

78-NJI AÝDYM «Hudaýyň Sözüni öwredeliň»

MAZMUNY *

Mukaddes Kitapdan okuw geçýäne ähli dogan-uýalar kömek edýär. Ol Hudaýa özüni bagyş edip, suwa çümdürilende, olaryň hemmesi begenýär (1-nji abzasa serediň).

1. 1 Selanikliler 2:19, 20-nji aýatlara görä, okuw geçýän suwa çümdürilende dogan-uýalar özlerini nähili duýýarlar? (Daşky sahypadaky surata serediň).

SIZIŇ ýygnagyňyzda Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam suwa çümdürilende özüňizi nähili duýduňyz? Elbetde, ýüregiňiz şatlykdan dolandyr (Mat. 28:19). Eger oňa siz okuw geçen bolsaňyz, onda begenjiňizden ýaňa guş bolup uçaýjak bolansyňyz. Oňa diňe okuw geçen wagyzçy däl, ýygnakdaky ähli dogan-uýalar «buýsanýar we guwanýar» (1 Selanikliler 2:19, 20-nji aýatlary okaň).

2. a) Biz haýsy sorag hakda oýlanmaly we näme üçin? b) Mukaddes Kitapdan okuw geçmek nämäni aňladýar? (Çykgyda serediň).

2 Soňky dört ýylyň dowamynda bütin dünýäde her aý on milliona golaý adam Mukaddes Kitapdan okuw * geçdi. Şol ýyllaryň dowamynda her ýyl 280 000-den gowrak adam suwa çümdürilip, Isa Mesihiň şägirdi boldular. Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän millionlarça adamlara Ýehowanyň Şaýady bolmaga nädip kömek edip bileris? Ýehowa sabyrly garaşýandygy üçin her bir adamyň Isa Mesihiň şägirdi bolmaga mümkinçiligi bar. Şol sebäpli biz okuw geçýänlerimize suwa çümdürilmäge kömek etmek üçin jan etmeli. Sebäbi az wagt galdy (1 Kor. 7:29a; 1 Pet. 4:7).

3. Biz şu makaladan okuw geçmek hakda nämeleri bileris?

3 Ýolbaşçylyk maslahaty şägirt taýýarlamak işiniň wajypdygyna düşünýär. Şol sebäpli baş edaradaky doganlar filiallardan okuw geçýänlere suwa çümdüriler ýaly nädip kömek edip bolýandygy hakda soradylar. Biz şu we indiki makalada tejribeli pionerlerden, missionerlerden we etrap gözegçilerinden näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis * (Nak. 11:14; 15:22). Olar Mukaddes Kitap okuwyny geçirýäne we geçýäne üstünlik gazanmaga kömek edýän maslahatlary berýärler. Şu makalada okuw geçýän adamyň suwa çümdürilmek üçin bäş zady etmelidigini bileris.

MUKADDES KITAP OKUWYNY HER HEPDE GEÇIŇ

Gyzyklanýan adama okuwy bir ýerde oturyp geçmegi teklip ediň (4—6-njy abzaslara serediň).

4. Gapynyň agzynda Mukaddes Kitap okuwyny geçmek hakynda nämäni bilmeli?

4 Dogan-uýalaryň köpüsi Mukaddes Kitap okuwyny gapynyň agzynda geçýärler. Elbetde, şeýle usul adamlaryň ünsüni Mukaddes Kitaba çekip, gowy gürrüňdeşlik etmäge kömek edýär. Emma şeýle gürrüňdeşlik gysga bolýar we her hepde geçirilmeýär. Şonuň üçin käbir wagyzçylar gyzyklanan adamdan telefon belgisini soraýar. Soňra adamyň höwesini artdyrmak üçin indiki idege çenli jaň edip ýa-da SMS ýazyp, Mukaddes Kitap esasynda gürrüňdeşlik edýär. Wagyzçy ony birnäçe aý gaýtadan ideg etse-de, Mukaddes Kitap okuwy netijeli bolmaýar. Sebäbi gyzyklanan adam okuw geçmek üçin köpräk wagt sarp etmeýär we elinde baryny etmeýär. Şeýle adam özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilip bilmese gerek?!

5. Luka 14:27—33-nji aýatlara görä, Isanyň şägirdi bolmak isleýän adam näme etmeli?

5 Bir gezek Isa pygamber şägirdi bolmak üçin näme etmelidigini mysal arkaly düşündirdi. Ol jaý gurjak bolýan adam we söweşjek bolýan bir patyşa hakda gürrüň berdi. Jaý gurmakçy bolýan adam ilki çykdajysyny hasaplap, doly gurup biljekdigine göz ýetirmeli we patyşa duşmany ýeňmek üçin maslahatlaşmaly (Luka 14:27—33-nji aýatlary okaň). Edil şonuň ýaly, Isanyň şägirdi bolmak isleýän adam öňünden gowy oýlanmaly. Şol sebäpli biz hem gyzyklanan adamlary Mukaddes Kitap okuwyny her hepde geçmäge höweslendirmeli. Nädip?

6. Okuw geçýän adama ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin näme etse bolar?

6 Gapynyň agzynda Mukaddes Kitap okuwy geçeniňizde kem-kemden köpräk gürrüň ediň. Belki-de, siz her sapar bir däl-de, iki-üç aýat esasynda gürrüňdeş bolup bilersiňiz. Eger adamyň köpräk gyzyklanýandygyny görseňiz, bir ýerde oturyp, Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip ediň. Şonda siz onuň Mukaddes Kitap okuwyny geçmäge nähili garaýandygyny bilersiňiz. Oňa ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin, hepdede iki gezek okuw geçmegi teklip ediň. Emma hepdede bir-iki gezek okuw geçmek ýeterlikli däl.

SAPAGA ÖŇÜNDEN TAÝÝARLANYŇ

Sapaga gowy taýýarlyk görüň we okuw geçýäniňize-de taýýarlanmagy öwrediň (7—9-njy abzaslara serediň).

7. Biz her sapaga nädip taýýarlanmaly?

7 Eger siz Mukaddes Kitapdan okuw geçirýän bolsaňyz, her sapaga gowy taýýarlanyň. Munuň üçin geçjek temaňyzy we ondaky aýatlaryň ählisini okaň. Esasy pikirleri tapyň. Babyň ady, sözbaşylar, soraglar, «okaň» diýlen aýatlar, suratlar we temany düşündirmäge kömek etjek wideolar hakda oýlanyň. Soňra okuw geçýäniňiz tema aňsatlyk bilen düşünip, durmuşynda ulanyp biler ýaly nädip öwredip biljekdigiňiz hakda oýlanyň (Neh. 8:8; Nak. 15:28a).

8. Koloslylar 1:9, 10-njy aýatlara görä, okuw geçýän adam üçin näme etmeli?

8 Her sapaga taýýarlyk göreniňizde, okuw geçýäniňiz hakda Ýehowa doga-dileg ediň. Mukaddes Kitap arkaly onuň ýüregine täsir eder ýaly Ýehowadan kömek soraň (Koloslylar 1:9, 10-njy aýatlary okaň). Okuw geçýäniňiziň nämä düşünmek ýa-da nämäni kabul etmek kyn boljakdygy hakda oýlanyň. Siz okuw geçýäniňize suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmelidigiňizi unutmaň.

9. Okuw geçýäniňize sapaga gowy taýýarlanmaga nädip kömek edip bilersiňiz?

9 Biz Mukaddes Kitap okuwyny geçýänlerimiziň Ýehowa we Isa Mesih hakda köpräk bilip, olaryň eden ýagşylyklaryna minnetdar bolmagyny isleýäris (Mat. 5:3, 6). Okuw geçýän sapaga gowy düşünmegi üçin hiç zada ünsüni sowmaly däl. Munuň üçin oňa her sapaga öňünden taýýarlanmagyň wajypdygyny düşündiriň we öwrenen zatlaryny durmuşynda nädip ulanyp biljekdigine düşünmäge kömek ediň. Siz oňa öňünden taýýarlanmaga nädip kömek edip bilersiňiz? Onuň bilen bir sapaga bile taýýarlyk görüň *. Okuw geçýäniňize abzasdan soragyň jogabyny nädip tapyp bolýandygyny görkeziň. Esasy sözleriň we jümleleriň aşagyny çyzyp bolýandygyny düşündiriň. Soňra soragyň jogabyny öz sözi bilen aýtmaga höweslendiriň. Şonda siz onuň tema gowy düşünendigine göz ýetirersiňiz. Emma siz ony ýene-de näme etmäge höweslendirip bilersiňiz?

HER GÜN ÝEHOWA BILEN GÜRRÜŇDEŞ BOLMAGY ÖWREDIŇ

Okuw geçýäniňize Ýehowa bilen gürrüňdeş bolmagy öwrediň (10, 11-nji abzaslara serediň).

10. Mukaddes Kitaby näme üçin her gün okamaly we ony nädip okamaly?

10 Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam diňe bir sapak geçmän, her gün Ýehowany diňlemeli we onuň bilen gürrüňdeş bolmaly. Nädip? Ol Ýehowany diňlemek üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly (Ýuşa 1:8; Zeb. 1:1—3). Oňa jw.org saýtyndaky «Mukaddes Kitaby okamagyň meýilnamasyny» nädip ulanmalydygyny görkeziň *. Mukaddes Kitaby okanda Ýehowa barada we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmak hakda oýlanmaga höweslendiriň. Şonda okan zatlary onuň imanyny berkider (Res. 17:11; Ýak. 1:25).

11. Okuw geçýän adama doga etmegi nädip öwredip bilersiňiz we ol näme üçin Ýehowa doga etmeli?

11 Okuw geçýäniňizi her gün doga edip, Ýehowa bilen gürrüňdeş bolmaga höweslendiriň. Her sapagyň başynda we soňunda okuw geçýäniňiz üçin ýürekden doga ediň. Ol siziň dogalaryňyzy diňläp, Ýehowa Hudaýa Isa Mesihiň ady bilen doga etmelidigini öwrener (Mat. 6:9; Ýah. 15:16). Okuw geçýäniňiz her gün Mukaddes Kitaby okasa (Ýehowany diňlese) we doga etse (Ýehowa bilen gürrüňdeş bolsa), onuň bilen dostlaşyp biler (Ýak. 4:8). Şeýle endikler oňa özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmäge höweslendirer. Biz oňa ýene-de nähili kömek etmeli?

ÝEHOWA BILEN DOSTLAŞMAGA KÖMEK EDIŇ

12. Okuw geçýäniňize Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bilersiňiz?

12 Biz okuw geçýänlerimiziň diňe bir bilim alman, öwrenen zatlaryny ýüregi bilen kabul etmegini isleýäris. Näme üçin? Sebäbi adamyň ýüregi, ýagny isleg-arzuwlary, duýgulary ony wajyp ädimleri ätmäge höweslendirýär. Isa pygamber hem adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly öwredýärdi. Şol sebäpli halk onuň yzyna höwes bilen eýerýärdi (Luka 24:15, 27, 32). Okuw geçýäniňize Ýehowany diri Hudaý, Atasy ýaly görmäge kömek ediň we onuň bilen dostlaşyp bolýandygyny düşündiriň (Zeb. 25:4, 5). Sapak geçeniňizde Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini nygtap geçiň (2 Mus. 34:5, 6; 1 Pet. 5:6, 7). Okuw geçýäniňize Ýehowanyň söýgi, ýagşylyk, duýgudaşlyk ýaly häsiýetleriniň gadyryny bilmäge kömek ediň. Isa pygamber Ýehowa Hudaýy söýmegiň «birinji we iň wajyp tabşyrykdygyny» aýtdy (Mat. 22:37, 38). Okuw geçýäniňize Ýehowany ýürekden söýmegi öwrediň.

13. Okuw geçýäniňize Ýehowanyň häsiýetleri hakda nädip öwredip bilersiňiz?

13 Okuw geçýäniňiz bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, Ýehowany näme üçin söýýändigiňizi gürrüň beriň. Şonda ol özüniň hem Ýehowa bilen dostlaşyp biljekdigine düşüner (Zeb. 73:28). Meselem, abzasdan ýa-da aýatdan siz Ýehowanyň söýgüsi, akyldarlygy, adalatlylygy, güýji hakda nämeleri öwrenendigiňizi we ýüregiňize täsir eden pikirleri aýdyň. Şeýle-de okuw geçýäniňize gökdäki mähirden doly Ataňyzy näme üçin söýýändigiňizi aýdyň. Siz okuw geçýäniňize suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek üçin ýene näme edip bilersiňiz?

ÝYGNAK DUŞUŞYKLARYNA BARMAGA HÖWESLENDIRIŇ

Okuw geçýäni ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendiriň (14, 15-nji abzaslara serediň).

14. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlara görä, okuw geçýän ruhy taýdan tiz öser ýaly näme etmeli?

14 Biziň ählimiz okuw geçýänlerimiziň suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmagyny arzuw edýäris. Şu wajyp ädimi ätmekleri üçin, olary ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendirmeli. Tejribeli wagyzçylaryň aýtmagyna görä, okuw geçýän adam tizden-tiz ýygnak duşuşyklaryna barsa, ruhy taýdan çalt ösýär (Zeb. 111:1). Şeýle-de oňa sapakda köp zat öwrenişi ýaly, ýygnak duşuşyklarynda hem köp bilim alyp biljekdigini düşündirer. Şonuň üçin sizem okuw geçýäniňiz bilen Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary (okaň) okap, ýygnaklara gelmegiň wajypdygyny düşündiriň. Oňa «Ýygnak jaýynda nämeler edilýär?» diýen wideony görkeziň *. Okuw geçýäniňize ýygnaklara her hepde gelmäge kömek ediň.

15. Okuw geçýänleri her hepde ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendirer ýaly näme etmeli?

15 Eger okuw geçýäniňiz heniz ýygnak duşuşyklaryna barmaýan ýa-da yzygider gatnamaýan bolsa näme edip bilersiňiz? Soňky ýygnakda näme gyzykly zady öwrenendigiňizi höwes bilen gürrüň beriň. Şonda ol hem ýygnak duşuşyklaryna barmak islär. Oňa «Garawul diňi» žurnaly bilen «Durmuş we wagyz. Okuw depderini» beriň. Indiki duşuşykda nämäniň geçiljekdigini görkezip, haýsy bölümi halandygyny soraň. Okuw geçýäniňiz ilkinji gezek ýygnak duşuşygyna baranda, görýän we eşidýän zatlary oňa güýçli täsir eder hem-de başga dinlerden gaty tapawutlanýandygyna göz ýetirer (1 Kor. 14:24, 25). Ol ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalar bilen tanşar we olaryň ýagşy häsiýetlerinden görelde alyp, suwa çümdürilmek islär.

16. Okuw geçýän adam suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolar ýaly näme etmeli? Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

16 Diýmek, okuw geçýänlerimiz suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolar ýaly biz näme etmeli? Biz okuw geçýänimize sapagy her hepde geçmelidigini we oňa gowy taýýarlanmagyň wajypdygyny düşündirmeli. Şeýle-de ony her gün Ýehowa bilen gürrüňdeş bolmaga, dostlaşmaga we ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmaga höweslendirmeli (12-nji sahypadaky « Okuw geçýän Isanyň şägirdi bolmak üçin näme etmeli?» diýen çarçuwa serediň). Okuw geçýänlere özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek etmek üçin ýene bäş maslahata eýerip bilýäris. Indiki makalada şol maslahatlar hakda gürrüň ederis.

76-NJY AÝDYM Hoş habar göwnüňi göterýär

^ par. 5 Öwretmek — bilim bermek, biriniň bir käri, hünäri, senedi öwrenmegini gazanmak, düşünjesini artdyrmak. 2020-nji ýylyň aýady Matta 28:19. Şu aýat bize adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge we Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmelidigini ýatladýar. Şu we indiki makalada has ökde mugallym bolmaga nämäniň kömek edýändigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: eger siz biri bilen Mukaddes Kitap esasynda yzygider pikir alyşýan bolsaňyz, onda Mukaddes Kitap okuwyny geçirýärsiňiz. Siz adama okuwyň geçirilişini görkezeniňizden soňra okuwy iki gezek geçirseňiz we mundan beýläk hem okuw geçer öýtseňiz, onda ony wagyz hasabatyna goşup bilersiňiz.

^ par. 3 Şu makalada «Hudaýa gullugymyzyň» 2005-nji ýylyň oktýabr bilen 2007-nji ýylyň dekabr aralygynda çykan «Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris» atly tema esaslanan makalalardan alnan maslahatlar hem bar.

^ par. 9 «Okuw geçýänlere taýýarlanmagy öwredýäris» diýen dört minutlyk wideony görüň. JW Library® programmasynyň AUDIO WE WIDEO > DUŞUŞYKLARYMYZ WE WAGYZ > TEJRIBÄMIZI ARTDYRÝARYS diýen bölümine giriň.

^ par. 10 EDEBIÝATLAR > KITAPLAR WE BROŞÝURALAR diýen bölüme giriň.

^ par. 14 JW Library® programmasynyň AUDIO WE WIDEO > DUŞUŞYKLARYMYZ WE WAGYZ > WAGYZ ÜÇIN GOLLANMALAR diýen bölümine giriň.