Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 40

Ýürekden toba etmek nämäni aňladýar?

Ýürekden toba etmek nämäni aňladýar?

«Men... günäkärleri toba etdirmäge geldim» (Luka 5:32).

36-NJY AÝDYM Ýüregimizi goralyň

MAZMUNY *

1, 2. Ahap bilen Manaşanyň nähili tapawudy bar we makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

GADYM ZAMANLARDA iki patyşa bar eken. Olaryň biri on taýpaly Ysraýylda hökümdarlyk edipdir, beýlekisi bolsa iki taýpaly Ýahudanyň patyşasy bolupdyr. Olar dürli döwürlerde ýaşasalar-da, şol bir erbet işleri edipdirler. Meselem, Hudaýa garşy çykypdyrlar, Onuň halkyny azdyrypdyrlar, ýalan taňrylara sežde edipdirler we bigünä gan döküpdirler. Emma olaryň biri tä dünýäden ötýänçä, erbet işlerinden el çekmändir, beýlekisi bolsa eden günälerine ýürekden toba edip, Hudaýy razy edip ýaşapdyr. Geliň, olaryň kimdigini bileliň.

2 Olaryň biri Ysraýylyň patyşasy Ahapdy, beýlekisi bolsa Ýahudanyň patyşasy Manaşady. Olar bilen bolan wakadan ýürekden toba etmegiň nämäni aňladýandygyny bilse bolýar (Res. 17:30; Rim. 3:23). Ýürekden toba etmek nämäni aňladýar? Adamyň ýürekden toba edýändigini nädip bilse bolýar? Şu soraglaryň jogabyny bilmek näme üçin wajyp? Sebäbi her bir günä eden adam Allatagalanyň bagyşlamagyny isleýäris. Şu makalada iki patyşanyň durmuşynda bolan wakalar hakda bileris we olaryň eden işlerinden näme sapak edinip biljegimiz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Isa pygamberiň ýürekden toba etmek barada gürrüň beren mysalyna serederis.

AHAP PATYŞADAN NÄME ÖWRENIP BILERIS?

3. Ahap patyşa hakda gürrüň beriň.

3 Ahap on taýpaly Ysraýylyň ýedinji patyşasydy. Ol Sidonyň şa gyzyna öýlenýär. Sidonlylar Ysraýylyň demirgazygynda ýaşaýan baý halkdy. Indi ysraýyllar sidonlylar bilen ýakyndan gatnaşyp, mal-mülk toplap baýap bilerdiler. Şa aýaly Izabel Bagal taňrysyna sežde edýärdi. Ahabyň goldawy bilen Izabel tutuş ysraýyllary azdyryp, Bagal taňrysyna sežde etdirmek isledi. Bagal taňrysyna sežde edýän adamlar buthanada ahlaksyzlyk edýärdiler, çagalary gurban berýärdiler. Ahabyň butparaz aýala öýlenmegi ysraýyllaryň hem Ýehowa bilen dostlugyny bozdy. Izabel Ýehowanyň pygamberleriniň köpüsini öldürdi. Diri galanlary bolsa, gowaklarda gizlenip ýaşamaly boldy (1 Pat. 18:13). «Ahap Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşup, ýamanlyk etmekde öňki patyşalardan-da geçirdi» (1 Pat. 16:30). Ýehowa Ahap bilen Izabeliň edýän zalym işlerine göz ýummady. Rehimdar Hudaý Ýehowa Ylýasy we beýleki pygamberleri iberip, halky toba etmäge höweslendirdi. Emma Ahap bilen Izabel pygamberleri diňlemediler.

4. Ýehowa Ahap patyşa nähili höküm çykardy we patyşa näme etdi?

4 Ýehowa Hudaýyň sabyr käsesi dolýar. Ol Ylýas pygamber arkaly Ahap bilen Izabele çykaran hökümini yglan edýär. Şeýle-de olaryň bütin tohum-tijini ýer ýüzünden ýok etjegini aýdýar. Ahap patyşa muny eşidende gaharlandymy? Ýok! Ulumsy patyşa Ahap Ýehowanyň öňünde özüni kiçeltdi (1 Pat. 21:19—29).

Ahap patyşa ýürekden toba etmeýär we Ýehowanyň pygamberini zyndana saldyrýar (5, 6-njy abzaslara serediň). *

5, 6. Ahap patyşanyň ýürekden toba etmändigini nireden bilýäris?

5 Ahap patyşa pälinden gaýtsa-da, ýürekden toba etmändi. Sebäbi ol ýurtdan butlary ýok etmedi we Ýehowa edilýän arassa seždäni dikeltmedi. Ahap patyşanyň ýürekden toba etmändigini ýene nämeden bilse bolýar?

6 Günlerde bir gün Ahap Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapata siriýalylara garşy söweşmegi teklip edýär. Şonda Ýehoşapat ilki bilen Ýehowanyň pygamberinden maslahat soramagy haýyş edýär. Ahap Ýehoşapatyň haýyşyny göwnemän: «Ýehowanyň ýene bir pygamberi bar... Ýöne men ony ýigrenýärin, ol hiç haçan men hakda gowy zat aýdanok, diňe erbet zat aýdýar» diýýär. Olar şonda-da Mikhaý pygamberi çagyryp, oňa maslahat salýarlar. Ahabyň aýdany dogry bolup çykdy, Mikhaý ýene-de ol hakda erbet zat aýtdy. Ahap eden günälerine toba edip, Ýehowadan ötünç soramagyň deregine, Mikhaýy zyndana saldyrýar (1 Pat. 22:7—9, 23, 27). Patyşa pygamberi zyndana salsa-da, Ýehowanyň hökümini ýatyryp bilmeýär. Pygamberiň aýdyşy ýaly, Ahap söweşde ölýär (1 Pat. 22:34—38).

7. Ýehowa Ahabyň ýürekden toba etmändigini nädip mälim etdi?

7 Ahap patyşa aradan çykansoň, Ýehowa onuň ýürekden toba etmändigini mälim etdi. Ýehoşapat patyşa uruşdan öýüne sag-aman dolanyp gelensoň, Ýehowa Ýehuw pygamber arkaly oňa: «Ýehowany ýigrenýänleri gowy görüp, ýamana ýardam etmek dogrumy?» diýip käýeýär (2 Tar. 19:1, 2). Eger Ahap ýürekden toba eden bolsa, pygamber oňa ýaman adam diýerdimi? Görşümiz ýaly, Ahap patyşa puşman eden ýaly bolup görünse-de, ýürekden toba etmändir.

8. Ahap bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

8 Ahap bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Ylýas Ahap patyşanyň maşgalasyna injek betbagtçylyk hakda aýdanda, ol puşman edip, pälinden gaýdýar. Ahap patyşa Ýehowanyň öňünde özüni kiçeldip dogry etdi. Ýöne onuň soňky eden işleri ýürekden toba etmändigini görkezdi. Ýürekden toba etmek diňe bir bolan ýagdaýa gynanyp, puşman etmegi aňlatmaýar. Geliň, ýene bir patyşa hakda gürrüň edeliň. Şonda ýürekden toba etmegiň nämäni aňladýandygyny bileris.

MANAŞA PATYŞADAN NÄME ÖWRENIP BILERIS?

9. Manaşa patyşa barada gürrüň beriň.

9 Ahap patyşanyň ýaşan döwründen iki asyr geçensoň, Ýahudada Manaşa höküm sürüp başlady. Ol Ahapdan bäş beter zalymlyk etdi. «Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi» (2 Tar. 33:1—9). Ol ýalan taňrylar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy. Hatda Ýehowanyň mukaddes ybadathanasynda keramatly pürs dikdi (keramatly pürs hasyl taňrysyny aňladýan bolmaly). Manaşa patyşa jadygöýlik, palçylyk we gözbagçylyk etdi. Ol tutuş ýurtda «gan çaýkap, birgiden bigünä adamy öldürdi» we ogullaryny otda ýakyp, ýalan taňrylara gurban berdi (2 Pat. 21:6, 7, 10, 11, 16).

10. Ýehowa Manaşa patyşa nähili temmi berdi we patyşa temmini kabul etdimi?

10 Manaşa Ahap patyşa ýaly Ýehowanyň pygamberlerini diňlemedi. «Şol sebäpli Ýehowa Assiriýa patyşasynyň goşun serkerdelerini olara (Ýahuda) garşy aýaga galdyrdy. Serkerdeler Manaşa çeňňek ildirip, iki mis gandala baglap, Wawilona äkitdiler». Manaşa ýat ýurtda zyndanda otyrka, eden zalym işlerine ökünýär. Ol «ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni kiçeldýär». Manaşa «Ýehowa Hudaýdan rehim-şepagat dileýär». Ol Hudaýa «dyngysyz doga edýär». Manaşa Ýehowanyň hak Hudaýdygyna düşünip, oňa sežde edip başlaýar. Indi Manaşa patyşany tanar ýaly bolmaýar (2 Tar. 33:10—13).

Manaşa patyşa ýürekden toba edýär we butlary ýok edýär (11-nji abzasa serediň). *

11. 2 Taryh 33:15, 16-njy aýatlar Manaşanyň ýürekden toba edendigini nädip görkezýär?

11 Ýehowa Manaşanyň doga-dileglerine jogap berdi. Patyşanyň ýalbaryp eden doga-dilegleri ýürekden toba edýändigini görkezýärdi. Ýehowa Manaşany bagyşlady we ol ýene-de Ýahudada höküm sürüp başlady. Manaşa gol gowşuryp oturmady. Ol ýürekden toba edýändigini ýagşy işleri bilen subut etdi. Ol göz üçin toba eden Ahap patyşadan düýbünden tapawutlanýardy. Manaşa galan ömrüne erbet işe baş goşmady. Ol ýurtdan butlary ýok etmek we arassa seždäni dikeltmek üçin elinde baryny etdi (2 Taryh 33:15, 16-njy aýatlary okaň). Şeýle işleri etmek üçin iman we batyrgaýlyk gerekdi. Sebäbi Manaşa öň maşgalasyny, han-beglerini we halkyny zalym işleri etmäge höweslendiripdi. Indi bolsa ýagşy işleri edip, eden günälerini ýuwmalydy. Ol agtygy Ýoşyýa hem gowy görelde boldy. Sebäbi Ýoşyýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri edip, adalatly höküm sürdi (2 Pat. 22:1, 2).

12. Manaşa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

12 Manaşa patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Ol Ýehowanyň öňünde özüni kiçeltdi we Hudaýa ýalbaryp ötünç sorady. Manaşa patyşa indi düýbünden başga adam boldy. Ol öňki eden günälerini ýuwmak üçin köp ýagşy işleri etdi. Manaşa Ýehowa ýürekden sežde etdi we halky hem Ýehowa gulluk etmäge höweslendirdi. Manaşa bilen bolan waka agyr günä eden adamyň hem toba edip, ýagşy adam bolup bilýändigini görkezýär. Dogrudanam, Ýehowa «ýagşy, geçirimli» Hudaý (Zeb. 86:5). Ol ýürekden toba eden her bir adamy bagyşlaýar.

13. Toba etmek üçin diňe bir gynanmagyň ýeterlik däldigini mysal arkaly düşündiriň.

13 Manaşa bilen bolan waka ýürekden toba etmegiň nämäni aňladýandygyny görkezýär. Ol eden günäsine gynandy we ökündi, ýöne bu ýeterlik däldi. Muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Aýdaly, siz dükana tort almaga barýarsyňyz. Satyjy size torta derek ýumurtga berýär. Siz tort alan ýaly begenip gaýdarsyňyzmy? Elbetde, ýok. Emma satyjy size: «Ýumurtga bolmasa, tort bişirip bolmaz» diýýär. Siz şonda-da torta derek ýumurtga alyp gaýtmasaňyz gerek. Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem günä eden adamyň ýürekden toba etmegine garaşýar. Tort bişirmek üçin ýumurtganyň gerek bolşy ýaly, günäkär hem toba edýändigini görkezmek üçin bolan ýagdaýa gynanmaly, eden işine ökünmeli. Ýöne bu ýeterlik däl. Geliň, ýürekden toba etmegiň nämäni aňladýandygyny bilmek üçin Isa pygamberiň ýiten ogul hakdaky mysalyna seredeliň.

ADAMYŇ ÝÜREKDEN TOBA EDÝÄNDIGINI NÄDIP BILMELI?

Ýiten ogul akylyna aýlanýar we uzak ýol söküp öýüne gelýär (14, 15-nji abzaslara serediň). *

14. Isa pygamber toba etmek barada nähili mysal gürrüň berdi?

14 Isa pygamber ýiten ogul hakda bir täsirli mysaly gürrüň berdi (Luka 15:11—32). Bir ýigit kakasyndan, öýünden bizar bolup «başga ýurda gidýär» we keýp çekip, ähli zadyny ýele sowurýar. Soňra ol ýigit köp kösenýär we ýalňyşandygyna düşünip öýüni küýseýär. Ýigit kakasynyň ýanynda zada zar bolman ýaşan günlerini ýatlaýar. Soňra ol «akylyna aýlanyp», öýüne dolanmagy we kakasyndan ötünç soramagy ýüregine düwýär. Elbetde, ýigit ýalňyşyna düşünip dogry karara geldi, ýöne ol aýgytly ädimleri hem ätmelidi.

15. Mysaldaky ýigit ýürekden toba edýändigini nädip görkezdi?

15 Mysaldaky ýigit ýürekden toba edendigini iş ýüzünde görkezdi. Ol uzak ýol söküp öýüne geldi. Ýigit kakasyndan ötünç sorap: «Kaka, men Hudaýyň we seniň öňüňde günä etdim. Seniň ogluň bolmaga mynasyp däl» diýdi (Luka 15:21). Ýigidiň eden günäsini boýun alyp aýdan sözleri, onuň Ýehowa bilen ýene-de dostlaşmak isleýändigini görkezýär. Şeýle-de ol kakasynyň hem göwnüne degendigine düşünýär. Ýigit kakasyny begendirip ýaşamak isleýär. Ol hatda kakasynyň hakyna tutan işçisi bolup zähmet çekmäge-de taýyn bolýar (Luka 15:19). Şu mysal ýaşululara agyr günä eden adamyň ýürekden toba edýändigini anyklamaga kömek eder.

16. Näme üçin ýaşululara adamyň ýürekden toba edýändigini anyklamak kyn bolýar?

16 Agyr günä eden adamyň ýürekden toba edýändigini anyklamak ýygnak ýaşulularyna aňsat bolmaýar. Ýaşulular adamyň ýüregini we oý-pikirini bilmeýärler. Şol sebäpli olar günäkäriň eden işine utanyp, ýürekden ökünýändigini görmek isleýärler. Käte adam akyla sygmajak agyr günä edýär welin, ýaşululara onuň ýürekden toba edýändigine ynanmak kyn bolýar.

17. a) Gözýaş dökýän adama ýürekden toba edýär diýse bolarmy? Düşündiriň. b) 2 Korinfliler 7:11-e görä, ýürekden toba edýän adam näme etmeli?

17 Aýdaly, bir dogan köp ýyllap ahlaksyzlyk edýär. Ol aýalyndan, dostlaryndan, ýaşululardan kömek soramagyň deregine, edýän işini gizleýär. Bir gün onuň eden işiniň üsti açylýar. Ýaşulular subutnamalar esasynda onuň günä edendigini aýdanda, ol eden işini boýun alýar we ökünýän ýaly görünýär. Oňa ýürekden toba edýär diýse bolarmy? Ýaşulular diňe bir günäkäriň gözýaşyna we gynanjyna esaslanyp däl-de, başga-da köp zatlary göz öňünde tutup karara gelýärler. Ol bir gezek günä etdimi ýa-da ençeme ýyllap günä etdimi? Ol günäsini özi boýun aldymy ýa-da eden işiniň üsti açyldymy? Ýaşulular günäkäriň pikirini, garaýşyny we özüni alyp barşyny üýtgedendigine göz ýetirmeli (2 Korinfliler 7:11-i okaň). Günäkäre durmuşyny üýtgetmek üçin wagt gerek bolar. Şol sebäpli ol ýürekden toba edýändigini subut edýänçä, ýygnak gatnaşygyndan kesilip biler (1 Kor. 5:11—13; 6:9, 10).

18. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam ýürekden toba edýändigini nädip subut edip biler we netijesi nähili bolar?

18 Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam ýürekden toba edýändigini nädip subut edip biler? Ol ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly, ýaşulularyň maslahatyna eýermeli, Ýehowa hemişe doga etmeli, her gün Mukaddes Kitaby okamaly we eden günäsini gaýtalamaz ýaly synaga salýan ýagdaýlardan seresap bolmaly. Ol Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge jan etse, Ýehowa ony bagyşlar. Ýaşulular hem ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamy dikelder. Elbetde, ýaşulular günäkäriň işini derňänlerinde ýagdaýlaryň birmeňzeş bolmaýandygyna düşünýärler. Olar her meselä aýratynlykda seredýärler we howlukmaç karara gelmeýärler.

19. Ýürekden toba etmek nämäni aňladýar? (Hyzkyl 33:14—16).

19 Ýürekden toba etmek diňe bir eden günäňe gynanmagy ýa-da ökünmegi aňlatmaýar. Ýürekden toba edýän adam pikirini, garaýşyny üýtgedýär we gerekli ädimleri ädýär. Ol günäli işlerden el çekip, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap başlaýar (Hyzkyl 33:14—16-njy aýatlary okaň). Günäkär, esasanam, Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge jan etmeli.

GÜNÄKÄRE TOBA ETMÄGE KÖMEK EDELIŇ

20, 21. Biz agyr günä eden dostumyza nädip kömek edip bileris?

20 Isa pygamber ýer ýüzüne näme üçin gelendigini şeýle düşündirýär: «Men... günäkärleri toba etdirmäge geldim» (Luka 5:32). Biz hem Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Aýdaly, biz dostumyzyň agyr günä edendigini bilýäris. Şonda biz näme etmeli?

21 Biz dostumyzyň eden günäsini gizlesek, oňa zyýan ýetireris. Biz muny kimden gizlesek-de, Ýehowadan gizläp bilmeris (Nak. 5:21, 22; 28:13). Biz dostumyzy eden günäsini ýaşululara aýtmaga höweslendirmeli. Eger ol aýtmak islemese, onda özümiz ýaşululara gürrüň bermeli. Şeýtsek, biz dostumyzy gowy görüp, aladasyny edýändigimizi görkezeris. Sebäbi biz onuň Ýehowa bilen dostlugynyň bozulmagyny islemeýäris.

22. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

22 Eger adam agyr günä etse ýa-da köp ýyllaryň dowamynda günä eden bolsa, ýaşulular ony ýygnak gatnaşygyndan kesip biler. Bu ýaşulularyň doňýürekdigini ýa-da rehimsizdigini aňladýarmy? Indiki makalada rehimdar Hudaý Ýehowanyň günäkärlere berýän temmisi hakda we Onuň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi barada gürrüň ederis.

103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi

^ par. 5 Ýürekden toba etmek, ýöne bir agyr günäňe ökünip, gözýaş dökmegi aňlatmaýar. Şu makalada Ahap patyşa, Manaşa patyşa bilen bolan wakalardan we Isa pygamberiň ýiten ogul hakdaky mysalyndan ýürekden toba etmegiň nämäni aňladýandygyny bileris. Şeýle-de ýaşulularyň agyr günä eden mesihçiniň ýürekden toba edendigini nädip anyklap biljekdigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 60 SURAT: Ahap patyşa Mikhaý pygamberi zyndana saldyrýar.

^ par. 62 SURAT: Manaşa patyşa ybadathanada öz diken butlaryny ýok edýär.

^ par. 64 SURAT: ýiten ogul uzak ýol ýöräp ýadaýar, ýöne öýüni görende begenýär.