Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa bilen dostlugyňyzy dikeldiň

Ýehowa bilen dostlugyňyzy dikeldiň

HER ÝYL ýygnak gatnaşygyndan kesilen ençeme adamlar dikeldilýär. Şonda gökde uly şatlyk bolýar (Luka 15:7, 10). Eger siz hem ýygnakda dikeldilen bolsaňyz, onda Ýehowanyň, Isanyň we perişdeleriň size guwanýandygyna doly ynamly bolup bilersiňiz. Sebäbi siz ýene-de Hudaýyň halkynyň arasyna goşuldyňyz. Emma Ýehowa bilen dostlugyňyzy dikeltmek üçin käbir kynçylyklar bilen göreşmeli bolarsyňyz. Geliň, şol kynçylyklar hakda gürrüň edeliň we olary ýeňmek üçin näme etmelidigini bileliň.

KYNÇYLYKLAR BILEN GÖREŞIŇ!

Ýehowa dolanan dogan-uýalaryň köpüsi erbet duýgular bilen göreşýärler. Olar özüni Dawut pygamber ýaly duýýarlar. Ýehowa Dawudy bagyşlasa-da, ol: «Günälerim egnimden basýar» diýdi (Zeb. 40:12; 65:3). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamlar dikeldilse-de, ençeme ýyllap özüni günäkärleýärler we eden işine utanyp ýörýärler. Izabel * 20 ýyldan soňra ýygnakda dikeldilýär. Ol: «Ýehowanyň meni bagyşlandygyna ynanmak kyn düşýär» diýýär. Şeýle duýgular adamy ruhdan düşürýär we Ýehowa imanyny gowşadýar (Nak. 24:10). Geliň, erbet duýgularyň duzagyna düşmäliň!

Käbirleri Ýehowa bilen dostlugyny dikeldip bilmerin diýip alada edýärler. Antuan ýygnakda dikeldilenden soň şeýle diýdi: «Meniň öňki bilýän zatlarymyň we eden işlerimiň hemmesi ýadymdan çykypdyr». Özüni Antuan ýaly duýýan dogan-uýalar ýygnagyň işlerine yhlasly gatnaşmaga ýaýdanýarlar.

Aýdaly, güýçli harasat turup, siziň öýüňiz ýer bilen ýegsan bolýar. Siz öýüňizi täzeden gurmak üçin köp wagtyň we güýjüň gerekdigi hakda oýlanyp göwnüçökgünlige düşýärsiňiz. Edil şonuň ýaly, agyr günä eden adamyň hem Ýehowa bilen dostlugy bozulýar. Ol ýene-de Ýehowany razy edip ýaşamak üçin köp tagalla etmelidigi hakda oýlananda, ruhdan düşüp biler.

Siz hem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaňyz, Ýehowanyň goldajagyna ynamly bolup bilersiňiz. Ýehowa size: «Geliň, düşünişeliň!» diýýär (Işa. 1:18). Siz Ýehowa bilen dostlugyňyzy dikeltmek üçin aýgytly ädimler ätdiňiz. Gökdäki Atamyz siziň tagallaňyzy gymmat saýýar. Siz Ýehowa dolanmak bilen, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdiňiz (Nak. 27:11).

Siz ýygnaga dolanyp, Hudaý bilen dostlaşmak üçin wajyp ädim ätdiňiz. Elbetde, Ýehowa hem siziň bilen dostlaşmak üçin ädim äder (Ýak. 4:8). Siz yzyňyza dolanyp dogry etdiňiz, emma söýgüden doly Atamyz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin has köp tagalla etmeli. Geliň, munuň üçin näme etmelidigi hakda bileliň.

MAKSAT GOÝUŇ!

Ýetip boljak maksatlary goýuň. Belki, siz Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny, ýagny Ýehowanyň hak Hudaýdygyny we ýer ýüzünde Jennetiň boljakdygyny unudan dälsiňiz. Emma Hoş habary wagyz etmek, ýygnak duşuşyklaryna barmak we dogan-uýalar bilen dostlaşmak üçin tagalla etmeli bolarsyňyz. Geliň, nähili maksatlar goýmalydygy hakda gürrüň edeliň.

Ýehowa hemişe doga ediň. Gökdäki Atamyz Ýehowa siziň özüňizi günäli duýup, doga etmäge utanýandygyňyzy bilýär (Rim. 8:26). Emma siz «erjellik bilen doga ediň» we Ýehowa bilen dostlaşmak isleýändigiňizi aýdyň (Rim. 12:12). Andreý şeýle ýatlaýar: «Men özümi günäkär saýýardym, eden işlerime utanýardym. Emma her gezek Hudaýa doga edenimden soň, egnimden agyr ýük aýrylan ýaly bolýardy, ýüregim giňäp gidýärdi». Eger siz Hudaýa doga edeniňizde näme diýjegiňizi bilmeýän bolsaňyz, Zebur 51-nji we 65-nji baplary okaň. Şol baplary günäsine toba eden Dawut patyşa ýazypdy.

Mukaddes Kitaby her gün okaň we şahsy okuwyny geçiriň. Şonda Ýehowany ýürekden söýersiňiz we imanyňyz berkär (Zeb. 19:7—11). Filip şeýle gürrüň berýär: «Men Mukaddes Kitaby her gün okamaýardym, şahsy okuwyny geçirmeýärdim. Şonuň üçin Hudaýa imanym gowşady we ony gynandyrýan işleri etdim. Men ýalňyşymy ýene-de gaýtalap, Hudaýy gynandyrmak islemeýärdim. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby her gün okaýaryn we yzygiderli şahsy okuwyny geçirýärin». Siz hem şeýle edip bilersiňiz. Eger siz haýsy temalar esasynda şahsy okuwyny geçirjekdigiňizi bilmeýän bolsaňyz, Hudaýa imany berk dostlaryňyzdan maslahat sorasaňyz gowy bolar.

Dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Ýehowa dolanan dogan-uýalar ýygnakda güler ýüz bilen garşy almazlar öýdüp gorkýarlar. Larisa şeýle diýýär: «Men dogan-uýalaryň ynamyny ödemedim, eden işime utanýardym. Men köp wagtlap özümi günäkärläp ýördüm». Eger siz hem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz, ýaşulularyň we dogan-uýalaryň size kömek etmek isleýändiklerini unutmaň (« Ýaşulular nädip kömek edip biler?» diýen çarçuwa serediň). Olar siziň Ýehowa bilen ýene-de dostlaşmagyňyzy isleýärler. Olar siziň yzyňyza dolananyňyza begenýärler we ýygnakda özüňizi öýüňizde ýaly rahat duýmagyňyzy isleýärler (Nak. 17:17).

Siz dogan-uýalar bilen dostlaşmak üçin näme edip bilersiňiz? Ýygnak duşuşyklaryna baryň we dogan-uýalar bilen wagyz ediň. Feliks şeýle diýýär: «Meniň ýygnaga dolananyma dogan-uýalar begendiler. Olar meni gujak açyp garşy aldylar. Men özümi öýüme gelen ýaly duýdum. Ýehowanyň meni bagyşlandygyny bilip, ýene-de yhlasly gulluk edip başladym» (« Siz näme edip bilersiňiz?» diýen çarçuwa serediň).

ÝAN BERMÄŇ!

Şeýtan siziň Ýehowa bilen dostlugyňyzy bozmak üçin her hili «harasatlary» turzar, ýagny kynçylyklar döreder (Luka 4:13). Şol sebäpli göçme manydaky öýüňiziň düýbüni berk tutuň, ýagny Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidiň.

Ýehowa halky hakda şeýle diýdi: «Ýitenlerini gözlärin, azaşanlaryny yzyna getirerin, ýaralaryny sararyn, ejizlerine goltgy bererin» (Hyz. 34:16). Hawa, Ýehowa ýiten goýunlarynyň köpüsine yzyna dolanmaga kömek etdi. Ol size-de aýaga galmaga we Özi bilen dostlaşmaga kömek eder.

^ par. 4 Käbir atlar üýtgedildi.