ÖWRENILÝÄN MAKALA 35
Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär
«Ýehowa... pesgöwünlilere seredýär» (Zeb. 138:6).
48-NJI AÝDYM «Ýehowanyň ýolundan ýöräň»
MAKALANYŇ MAZMUNY *
1. Ýehowa pesgöwünli adamlara nähili garaýar?
ÝEHOWA pesgöwünli adamlary gowy görýär. Diňe pesgöwünli adamlar onuň bilen dost bolup bilýär. Alla tekepbirleri halamaýandygy üçin, olary «golaýyna-da getirmeýär» (Zeb. 138:6). Biz Ýehowany begendirmek we onuň dosty bolmak isleýäris. Munuň üçin biz pesgöwünli bolmaly.
2. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
2 Şu makalada üç soragyň jogabyny bileris. 1) Pesgöwünlilik näme? 2) Biz näme üçin pesgöwünli bolmaly? 3) Haçan pesgöwünli bolmak kyn bolýar? Şeýle-de biz pesgöwünli bolmaklygyň Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýandygyny we özümiz üçin peýdalydygyny bileris (Nak. 27:11; Işa. 48:17).
PESGÖWÜNLILIK NÄME?
3. Pesgöwünlilik näme?
3 Pesgöwünli adam özüni beýlekilerden ýokary tutmaýar. Ol tekepbir ýa-da ulumsy bolmaýar. Mukaddes Kitapda pesgöwünli adamyň Ýehowanyň juda beýikdigine we her bir adamyň öz ornunyň bardygyna düşünýändigi aýdylýar. Pesgöwünli adam başgalaryň güýçli taraplarynyň bardygyny boýun alýar (Flp. 2:3, 4).
4, 5. Näme üçin adamy tanaman pesgöwünli diýip bolmaýar?
4 Käbir adamlar pesgöwünli ýaly görünýär. Belki, olar utanjaňdyr, çekinjeňdir ýa-da alan terbiýesi we medeniýeti sebäpli mähirli hem sylaşyklydyr. Aslynda bolsa, olar Luka 6:45).
örän tekepbir bolmagy mümkin. Ýöne iru-giç olaryň nähili adamdygy bilner (5 Özüne göwni ýetýän we gönümel adamlara hem tekepbir diýip bolmaýar (Ýah. 1:46, 47). Ýöne şeýle häsiýetli adamlar özüne bil baglamakdan seresap bolmaly. Biz utanjaň ýa-da gönümel bolsak-da, pesgöwünliligi ösdürmek üçin tagalla etmeli.
6. 1 Korinfliler 15:10-dan Pawlus barada näme bilýäris?
6 Geliň, Pawlus resul hakda gürrüň edeliň. Ýehowa köp şäherlerde Pawlus arkaly ýygnaklary döretdi. Ol Isanyň resullaryndan köp wagyz edenem bolsa, tekepbirlik etmeýärdi. Pawlus pesgöwünlilik bilen şeýle diýdi: «Men resullaryň iň kiçisi we resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin. Sebäbi men Hudaýyň ýygnagyny yzarlapdym» (1 Kor. 15:9). Pawlus resul Ýehowa bilen dostlugynyň öz gowy häsiýetlerine we eden işlerine däl-de, Hudaýyň bildiren ýagşylygyna baglydygyna düşünýärdi (1 Korinfliler 15:10-y okaň). Korinfdäki mesihçileriň käbiri özlerini Pawlusdan ýokary tutýardy. Ýöne Pawlus öwünmegiň deregine, olara pesgöwünlilik bilen hat ýazdy. Nähili gowy görelde! (2 Kor. 10:10).
7. Jogapkär dogan pesgöwünli bolmakda nähili görelde galdyrdy?
7 Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolan Karl Kleýn doganyň terjimehaly Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsini ruhlandyrýar. Ol terjimehalynda uzak ýyllaryň dowamynda duş gelen kynçylyklary we ejizlikleri barada pesgöwünlilik bilen gürrüň berýär. Meselem, 1922-nji ýylda *.
ilkinji gezek öýden-öýe wagyz edýär. Ol öýden-öýe wagyz etmegi kyn görýär we iki ýyllap şeýle gulluga gatnaşmaýar. Soňra Beýtelde gulluk edýärkä, bir doganyň beren maslahaty üçin ondan birnäçe wagtlap öýkeläp gezýär. Şeýle-de ol gaýgy-alada sebäpli göwnüçökgünlige düşýär, ýöne soňra aýaga galýar. Doganymyz birnäçe hormatly borçlary ýerine ýetirdi. Kemçilikleri barada açyk gürrüň bermegi, onuň örän pesgöwünlidigini görkezýär. Köp dogan-uýalar Kleýn doganymyzy we onuň ejizlikleri hakda çekinmän aýdan terjimehalyny mähir bilen ýatlaýarlarBIZ NÄME ÜÇIN PESGÖWÜNLI BOLMALY?
8. 1 Petrus 5:6-a görä, pesgöwünli adam Ýehowany nädip razy edýär?
8 Pesgöwünli bolmagyň wajyp sebäbi — diňe pesgöwünli adamlar Ýehowany razy edip bilýär. Munuň şeýledigini Petrus resul hem belläp geçdi (1 Petrus 5:6-ny okaň). «Meniň şägirdim bol» (rus.) diýen kitapda şeýle diýilýär: «Tekepbirlik edil zäher ýaly. Ol adamy heläkçilige eltýär. Ulumsy adam örän ukyply bolsa-da, Hudaý üçin dereksiz bolýar. Pesgöwünlilik bolsa ýönekeý adamy Ýehowanyň öňünde beýgeldýär... Hudaý pesgöwünli adamlary höwes bilen sylaglar» *. Pesgöwünli bolsak, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys (Nak. 23:15).
9. Pesgöwünli bolsak adamlar özüni nähili duýar?
9 Biz pesgöwünli bolsak, diňe bir Ýehowany begendirmän, eýsem özümiz hem köp peýda alarys. Şeýle-de köp adamlar biziň bilen dostlaşmak islär. Muňa düşünmek üçin özümizi başgalaryň ýerine goýup görmeli (Mat. 7:12). Biz diňe öz pikirini öňe sürýän, başgalaryň teklibini kabul etmeýän adamlaryň ýanynda bolasymyz gelmeýär. Gaýtam dogan-uýalar «duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli bolsa», olaryň ýanynda özümizi rahat duýýarys (1 Pet. 3:8). Biz pesgöwünli adamlar bilen dostlaşmak isleýäris. Şonuň ýaly bizem pesgöwünli bolsak, olaram biziň bilen dostlaşmak islär.
10. Pesgöwünli adama kynçylyga döz gelmek näme üçin aňsat bolýar?
10 Pesgöwünli adama kynçylyga döz gelmek aňsat bolýar. Köplenç biz adalatsyzlyk edilýändigini görýäris ýa-da özümiz Nes. 10:7). Käte başarjaň we zehinli adamlaryň gadyryny bilmeýärler, ýöne ukypsyz adamlary öwüp arşa çykarýarlar. Süleýman patyşa hem adalatsyzlyk sebäpli nägile bolup ýörmän, ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmegiň paýhaslydygyna düşünýärdi (Nes. 6:9). Eger pesgöwünli bolsak, ýagdaýy öz isleýşimiz ýaly üýtgetjek bolman, bolşy ýaly kabul ederis.
adalatsyzlyga uçraýarys. Paýhasly patyşa Süleýman hem: «At üstünde oturan gullary, gul kimin pyýada barýan şazadalary gördüm» diýdi (HAÇAN PESGÖWÜNLI BOLMAK KYN BOLÝAR?
11. Maslahat berlende näme etmeli?
11 Biz her gün pesgöwünli bolmaly bolýarys. Geliň, olaryň käbirine seredeliň. Birinjiden, maslahat berlende. Biri maslahat berýän bolsa, onda ýalňyşlyk goýberendiris. Belki, ýalňyşandygymyzy özümiz bilýänem däldiris. Şonda maslahaty kabul etmek kyn bolup biler. Mümkin, biz maslahat beren adamy ýa-da onuň nädip maslahat berendigini ýazgaryp başlaýandyrys. Ýöne pesgöwünli bolsak maslahaty kabul ederis.
12. Nakyllar 27:5, 6-njy aýatlara görä, maslahat berlende näme üçin minnetdar bolmaly? Mysal getiriň.
12 Pesgöwünli adam berlen maslahat üçin minnetdar bolýar. Aýdaly, siz Ýygnak jaýynda dogan-uýalar bilen gepleşip dursuňyz. Şonda bir dogan sizi gyra çekip, dişiňizde etiň galandygyny aýdýar. Şonda utanjyňyzdan ýaňa ýüzüňiz gyzarsa gerek. Ýöne siz şol dogana örän minnetdar bolardyňyz we öňräk aýdan bolsa, has gowy bolardy diýerdiňiz. Diýmek, biz pesgöwünli bolmaly we gerek wagty çekinmän maslahat berýän dogan-uýalara minnetdarlyk aýtmaly. Biz olary duşmanymyz däl-de, dostumyz hasaplamaly (Nakyllar 27:5, 6-njy aýatlary okaň; Gal. 4:16).
13. Başgalara hormatly borç berlende nädip pesgöwünli bolup bileris?
13 Ikinjiden, başgalara hormatly borç berlende. Ýaşuly dogan Jeýson şeýle diýýär: «Başga dogana hormatly borç berlende, içimden: „Meniň ondan näme kemim bar?“ diýýärdim». Sizde-de şeýle pikirler bolýarmy? Elbetde, hormatly borçlary almaga jan etmegiň hiç hili erbetligi ýok (1 Tim. 3:1). Ýöne biz oý-pikirimize ünsli bolmaly. Ýogsam tekepbirlik ýüregimizde kök urar. Meselem, dogan: «Şol borjy men has gowy ýerine ýetirerdim» diýip, pikir etmegi mümkin. Ýa-da uýa: «Ärim şol işi ol dogandan has gowy ederdi» diýmegi mümkin. Eger biz pesgöwünli bolsak, ýüregimizden tekepbirligi köki bilen sogrup taşlarys.
14. Başgalara hormatly borçlar berlende Musa näme etdi we biz ondan näme öwrenip bilýäris?
14 Geliň, başgalara jogapkärçilik berlende Musa pygamberiň özüni nähili alyp barandygyny bileliň. Ol ysraýyllara ýolbaşçylyk etmegi uly hormat hasaplaýardy. Ýöne Ýehowa Musanyň edýän işleriniň käbirini başgalara tabşyranda, ol göriplik etmedi (4 Mus. 11:24—29). Şeýle-de Musa pesgöwünli bolansoň, başgalaryň hem halka kazylyk etmegine ýol berdi (2 Mus. 18:13—24). Kazylaryň köp bolmagy halk üçin gowy boldy, indi olar çykaryljak höküm üçin köp garaşmaly däldiler. Musa öz jogapkärli borjy barada däl-de, halka nädip kömek edip boljakdygy hakda oýlanýardy. Gör, nähili ajaýyp görelde! Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolar ýaly, biziň ukyplarymyz däl-de, pesgöwünli bolmagymyz wajyp. Dogrudanam, «Ýehowa göklerde, ýöne pesgöwünlilere seredýär» (Zeb. 138:6).
15. Haýsy sebäplere görä dogan-uýalaryň borçlary üýtgedi?
15 Üçünjiden, borjumyz üýtgände. Ýehowa ençeme ýyl gulluk eden dogan-uýalaryň ýaňy-ýakynda hormatly borçlary üýtgedi. 2014-nji ýylda guramada şeýle özgerişlikler boldy: welaýat gözegçileri we aýallary uzak wagtly gullugyň başga görnüşine bellendi. Indi 70 ýaşa ýeten etrap gözegçileri gullugyny dowam edip bilmeýär we 80 ýaşyna ýeten doganlar ýaşulular maslahatynyň koordinatory bolup bilmeýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda köp beýtelçiler pioner
edip bellendi. Başgalar bolsa ýarawsyzlyk, maşgala borçlary ýa-da başga sebäplere görä uzak wagtly gullugyny goýmaly boldy.16. Täze ýagdaýlara öwrenişýän dogan-uýalar nädip pesgöwünli bolýarlar?
16 Dogan-uýalara özgerişlikleri kabul etmek aňsat düşen däldir. Olar borjuny köp ýyldan bäri ýerine ýetirýändigi üçin, edýän işlerini örän gowy görýärdiler. Dogan-uýalaryň käbirine täze ýagdaýa öwrenişmek has-da kyn düşdi, ýöne wagtyň geçmegi bilen öwrenişdiler. Olar ähli zatdan öňürti Ýehowany söýýärler we ömrüni haýsydyr bir işe ýa-da jogapkärli borja däl-de, Ýehowa bagyş etdiler (Kol. 3:23). Olar islendik ýerde pesgöwünlilik bilen Ýehowa gulluk etmäge taýýar we Hudaýyň hemişe goldaw berjekdigine ynanyp, ähli gaýgy-aladasyny onuň üstüne atýar (1 Pet. 5:6, 7).
17. Biz Hudaýa näme üçin minnetdar bolmaly?
17 Mukaddes Kitapda pesgöwünli bolmagyň wajypdygy düşündirilýär. Munuň üçin biz Ýehowa örän minnetdar. Sebäbi pesgöwünlilik biziň özümize-de, başgalar-da köp peýda berýär we durmuşda bolýan kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilen dostlugymyz berkeýär. «Allatagala, Beýik Hudaý» Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär we gadyryny bilýär. Biz muňa örän begenýäris! (Işa. 57:15).
22-NJI AÝDYM «Ýehowa Beýik Çopanym»
^ abzas 5 Pesgöwünli bolmak örän wajyp. Pesgöwünlilik näme? Näme üçin pesgöwünliligi ösdürmeli? Özgerişlik bolanda pesgöwünli bolmak näme üçin kyn bolup biler? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.
^ abzas 7 «Ýehowa maňa köp ýagşylyk etdi» atly makala serediň (w01-U 1/5).
^ abzas 8 Serediň: 3 bap, 23 abz.
^ abzas 53 SURAT: Pawlus resul pesgöwünli bolansoň, ähli dogan-uýalar, hatda çagalar bilen hem mähirli gürleşýär.
^ abzas 57 SURAT: Dogan özünden kiçi doganyň Mukaddes Kitaba esaslanyp berýän maslahatyny kabul edýär.
^ abzas 59 SURAT: Dogan özünden kiçi doganyň hormatly borjunyň bardygyna göriplik etmeýär.