Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 37

Ýehowa ýürekden tabyn boluň!

Ýehowa ýürekden tabyn boluň!

«Gökdäki Atamyza gulak asyp, has-da köp hormat goýmaly dälmi näme?» (Ýew. 12:9).

46-NJY AÝDYM Ýehowa biziň Patyşamyz!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Biz näme üçin Ýehowa tabyn bolmaly?

BIZI Ýehowa Hudaý ýaratdy, şol sebäpli oňa tabyn bolmaly *. Hudaý öz ýaradanlary üçin kanun çykaryp, näme etmeli we näme etmeli däldigini aýtmaga haklydyr (Ylh. 4:11). Ýöne Hudaýa tabyn bolmagyň başga bir sebäbi bar: Ol iň gowy hökümdar. Adamzat taryhynyň dowamynda ençeme hökümdarlar bolupdy. Ýöne olaryň hiç biri Hökümdarymyz Ýehowa taý gelip bilmez, sebäbi ol akyldar, söýgüden doly, rehimdar we giň göwünli Hudaý (2 Mus. 34:6; Rim. 16:27; 1 Ýah. 4:8).

2. Ýewreýler 12:9—11-nji aýatlara görä, Ýehowa näme üçin tabyn bolmaly?

2 Ýehowa biziň gorkup däl-de, söýüp tabyn bolmagymyzy we aladaçyl Atamyz hasaplamagymyzy isleýär. Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda «gökdäki Atamyza gulak asyp, has-da köp hormat goýmalydygymyzy» aýtdy, sebäbi Hudaý bize «peýdaly terbiýe berýär» (Ýewreýler 12:9—11-nji aýatlary okaň).

3. a) Ýehowa tabyn bolmak üçin näme etmeli? b) Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Ýehowa tabyn bolmak üçin näme etmeli? Biz öz düşünjämize daýanman, Hudaýa ýürekden gulak asmaly (Nak. 3:5). Eger biz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini bilsek, tabyn bolmak aňsat bolar. Näme üçin? Hudaýyň edýän işlerinden ajaýyp häsiýetlerini görse bolýar (Zeb. 145:9). Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da ony söýeris. Eger ony söýsek, näme etmeli we näme etmeli däldigi barada birtopar düzgünler gerek bolmaz. Biz pikirlerimizi, duýgularymyzy Ýehowanyňka gabat getirmek üçin jan ederis we ýigrenýän işlerini etmeris (Zeb. 97:10). Emma Ýehowa tabyn bolmak hemişe aňsat bolmaýar. Näme üçin? Ýaşulular Nehemýa häkimden, kakalar Dawut patyşadan, ejeler Isanyň ejesi Merýemden näme öwrenip bilerler? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris?

ÝEHOWA TABYN BOLMAK NÄME ÜÇIN AŇSAT DÄL?

4, 5. Rimliler 7:21—23-nji aýatlara görä, Ýehowa tabyn bolmak näme üçin hemişe aňsat däl?

4 Ýehowa tabyn bolmak näme üçin hemişe aňsat däl? Munuň bir sebäbi: biz günäni we bikämilligi miras aldyk. Boýun egmezlik biziň ganymyza siňipdir. Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman, gadagan edilen miweden iýende, ýagşy-ýamanyň nämedigini özleri çözmek islediler (1 Mus. 3:22). Şondan bäri köp adamlar Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermezçilik edip, nämäniň dogrudygyny we nämäniň nädogrudygyny özleri çözmek isleýärler.

5 Ýehowany tanaýan we söýýän adamlara-da tabyn bolmaklyk hemişe aňsat bolmaýar. Pawlus resul hem şeýle ýagdaýa duş gelipdi (Rimliler 7:21—23-nji aýatlary okaň). Bizem Pawlus ýaly Ýehowanyň dogry hasaplaýan işlerini etmek isleýäris. Emma erbet işleri etmezlik üçin hem öz-özümiz bilen göreşmeli.

6, 7. Ýehowa tabyn bolmaga ýene-de näme päsgel berip biler? Mysal getiriň.

6 Ýehowa tabyn bolmaga päsgel berýän ýene bir zat: aňymyza siňen terbiýe. Şu günler köpleriň garaýşy Ýehowanyň islegine garşy gelýär, şonuň üçin olaryň täsirine düşmez ýaly köp tagalla etmeli. Geliň, bir waka hakda gürrüň edeliň.

7 Käbir ýurtlarda ýaşlary köp pul gazanmaga höweslendirýärler. Meri * uýa hem şeýle ýagdaýy başdan geçirdi. Ol Ýehowany tanamanka ýokary okuw jaýynda okaýardy. Ene-atasy Merini köp aýlyk tölenýän işe girmäge höweslendirýärdi, onuň özi hem muny isleýärdi. Emma ol Ýehowa barada bilim alyp, Hudaýy söýýär we goýan maksatlaryndan el çekýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meni köp aýlykly işe çagyrýardylar. Ýöne olaryň teklibini kabul etsem, Ýehowa bar güýjüm bilen gulluk edip bilmezdim. Alan terbiýäm sebäpli maňa „ýok“ diýmek häzirem kyn düşýär. Şonuň üçin bar güýjüm bilen gulluk etmäge päsgel berýän işe girmez ýaly, Ýehowa ýalbaryp doga edýärin» (Mat. 6:24).

8. Näme hakda gürrüň ederis?

8 Ýehowa tabyn bolsak köp peýda alarys. Ygtyýary bolan ýaşulular, kakalar, ejeler Ýehowa has-da tabyn bolmaly, şonda olar başgalara kömek edip bilerler. Geliň, Mukaddes Kitapdan käbir mysallara seredeliň. Olar ygtyýarymyzy Ýehowanyň isleýşi ýaly ulanmaga kömek eder.

ÝAŞULULAR NEHEMÝADAN NÄME ÖWRENIP BILER?

Nehemýanyň Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmäge kömek edişi ýaly, ýaşuly doganymyz Ýygnak jaýynda işleýär (9—11-nji abzaslara serediň) *

9. Nehemýa nähili kynçylyklara duş geldi?

9 Ýehowa ýaşululara wajyp borç, ýagny halkynyň aladasyny etmegi tabşyrdy (1 Pet. 5:2). Ýaşulular Nehemýanyň halky goldaýşyndan köp zat öwrenip biler. Ýahudanyň häkimi Nehemýanyň uly ygtyýary bardy (Neh. 1:11; 2:7, 8; 5:14). Geliň, Nehemýanyň duş gelen käbir kynçylyklary hakda bileliň. Ol halkyň ybadathanany haram edýändigini, kanuny äsgermän, lewileriň paýyny bermeýändigini, Sabat güni baradaky kanuny berjaý etmeýändigini we başga milletli gyzlara öýlenýändigini görýär. Nehemýa häkim şu ýagdaýlary düzetmelidi (Neh. 13:4—30).

10. Nehemýa häkim Ýehowanyň halkynyň aladasyny nädip etdi?

10 Nehemýa öz ygtyýaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, Hudaýyň halkynyň üstünden agalyk etmedi. Gaýtam ol Ýehowa ýürekden doga edip, görkezme sorady we halka Ýehowanyň kanunlaryny öwretdi (Neh. 1:4—10; 13:1—3). Şeýle-de ol ýehudylar bilen eginme-egin işleşip, Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmäge kömek etdi (Neh. 4:15).

11. 1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlara görä, ýaşulular dogan-uýalaryň aladasyny nädip etmeli?

11 Ýygnak ýaşululary Nehemýanyňky ýaly kynçylyklara duş gelmeseler-de, köp zatda onuň göreldesine eýerýärler. Meselem, olar dogan-uýalara güýjüni gaýgyrman kömek edýärler. Ýaşulular öz ygtyýaryndan peýdalanyp, tekepbirlik etmän, dogan-uýalaryň söýgi bilen aladasyny edýärler (1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlary okaň). Olaryň aýdýan sözlerinden pesgöwünliligi we çuňňur söýgüsi görünýär. Andreý atly tejribeli ýaşuly şeýle diýýär: «Ýaşulular mähirli bolsa we dogan-uýalar bilen ýürekden gepleşse, olara güýçli täsir edýän eken. Şonda olar ýaşulular bilen işleşmäge taýýar bolýarlar». Ençeme ýyl bäri ýaşuly bolup gulluk edýän Tony şeýle gürrüň berýär: «Men Filipililer 2:3-däki maslahata eýerip, dogan-uýalary özümden ýokary saýmaga jan edýärin we olaryň üstünden agalyk etmeýärin».

12. Ýaşulular näme üçin pesgöwünli bolmaly?

12 Ýaşulular pesgöwünli bolmaly, sebäbi Ýehowa pesgöwünli Hudaý. Ýehowa Älemiň Hökümdary bolsa-da, «mätäji toprakdan... galdyrmak» üçin aşak egilýär (Zeb. 18:35; 113:6, 7). Ol tekepbir we ulumsy adamlary ýigrenýär (Nak. 16:5).

13. Ýaşulular näme üçin «dilini saklamaly»?

13 «Dil — bela, diş — gala» diýlişi ýaly, ýaşulular Ýehowa tabyn bolmak üçin «dilini saklamaly». Ýogsam dogan-uýalaryň biri hormat goýmasa, olar bilen gödek gepleşmegi mümkin (Ýak. 1:26; Gal. 5:14, 15). Ýokarda agzalan Andreý dogan şeýle diýýär: «Käte dogan-uýalar meniň bilen sylaşyksyz gepleşýän ýaly görünýär. Şonda olary ýerinde oturdasym gelýär. Ýöne men Hudaýyň wepaly gullukçylary hakda oýlanyp, pesgöwünli we mähirli bolmagyň wajypdygyna düşünýärin». Ýehowa tabyn bolýan ýaşulular dogan-uýalar bilen, esasanam, ýygnak ýaşululary bilen mähirli hem ýürekden gepleşýärler (Kol. 4:6).

ATALAR DAWUT PATYŞADAN NÄME ÖWRENIP BILER?

14. Ýehowa atalara nähili ygtyýar berdi we olar borjuny nädip ýerine ýetirmeli?

14 Ýehowa erkek adamlary maşgalabaşy edip belledi we çagalaryna terbiýe hem öwüt-ündew bermegi tabşyrdy (1 Kor. 11:3; Efes. 6:4). Ýöne olaryň ygtyýary çäklidir, sebäbi maşgalany döreden Ýehowanyň öňünde jogap bermeli (Efes. 3:14, 15). Atalar Ýehowa nädip tabyn bolup bilerler? Olar borçlaryny Hudaýyň isleýşi ýaly ýerine ýetirmeli. Atalar Dawut patyşadan görelde alyp, köp zatlary öwrenip bilerler.

Dogan pesgöwünlilik bilen doga edýär (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15. Atalar üçin Dawut patyşa nähili görelde galdyrdy?

15 Ýehowa Dawudy diňe bir maşgalabaşy däl-de, bütin ysraýyl halkynyň baştutany edip belledi. Dawut patyşanyň uly ygtyýary bardy. Ol käte ygtyýaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, agyr günäleri etdi (2 Şam. 11:14, 15). Ýöne ol Ýehowa tabyn bolup, beren temmisini kabul etdi. Dawut patyşa Ýehowa doga edip, ýüregini dökýärdi. Ol Ýehowanyň maslahatyna eýermek üçin elinde baryny edýärdi (Zeb. 51:1—4). Şeýle-de ol pesgöwünli bolansoň, diňe bir erkek kişileriň däl, aýallaryň hem maslahatyny kabul edýärdi (1 Şam. 19:11, 12; 25:32, 33). Dawut goýberen ýalňyşlyklaryndan sapak edinýärdi we Ýehowa gulluk etmegi örän wajyp hasaplaýardy.

16. Atalar Dawut patyşadan näme öwrenip bilerler?

16 Atalar, siz Dawut patyşadan näme öwrenip bilersiňiz? Ýehowanyň beren ygtyýaryny nädogry ulanmaň. Ýalňyşyňyzy boýun alyp, Mukaddes Kitabyň esasynda berlen maslahaty kabul ediň. Şonda aýalyňyz we çagalaryňyz pesgöwünlidigiňizi görüp, size hormat goýarlar. Olar bilen doga edeniňizde, Ýehowa ýüregiňizi döküň. Goý, olar siziň Ýehowanyň kömegine mätäçdigiňizi duýsunlar. Esasan-da, Ýehowa gulluk etmegi ähli zatdan ileri tutýandygyňyzy bilsinler (5 Mus. 6:6—9). Maşgalaňyz üçin iň gymmatly sowgat siziň göreldäňizdir.

EJELER MERÝEMDEN NÄME ÖWRENIP BILERLER?

17. Ýehowa ejelere nähili ygtyýar berdi?

17 Ýehowa ejelere hormatly borç ynandy we çagalaryna terbiýe bermegi tabşyrdy, ýöne olaryň ygtyýary çäkli (Nak. 6:20). Ejesiniň öwüt-ündewi we göreldesi çagalaryna dogry ýoly saýlamaga kömek edýär (Nak. 22:6). Aýallar Isanyň ejesi Merýemden näme öwrenip biler?

18, 19. Ejeler Merýemden näme öwrenip bilerler?

18 Merýem Mukaddes Kitaby örän gowy bilýärdi. Ol Ýehowa uly hormat goýup, onuň bilen dostlugyny berkidýärdi. Merýem Ýehowanyň görkezmesine tabyn bolup, durmuşyny düýpgöter özgertmäge taýyndy (Luka 1:35—38, 46—55).

Ejeler ýadaw wagty gaharlanman, çagasyna söýgüsini bildirmäge jan etmeli (19-njy abzasa serediň) *

19 Mähriban ejeler, siz Merýemden näme öwrenip bilersiňiz? Birinjiden, Mukaddes Kitaby okap we hemişe doga edip, Ýehowa bilen dostlaşyň. Ikinjiden, Ýehowany begendirmek üçin durmuşyňyzy özgertmäge taýýar boluň. Belki-de, siziň ene-ataňyz gödek we gaharjaňdyr. Şonuň üçin sizem çagalaryňyz bilen gödek gepleşýänsiňiz. Ýehowanyň kanunlaryny bileniňizden soňam, rahat we sabyrly bolmak kyn düşýändir. Esasanam, ýadap geleniňizde çagalaryňyz betlik etse, özüňize erk etmek has-da kyn bolýandyr (Efes. 4:31). Şeýle ýagdaýda Ýehowadan kömek sorap ýalbarmak wajypdyr. Lidiýa uýa şeýle diýýär: «Oglum maňa gulak asmadyk wagty, gaharymy saklamaga kömek et diýip Ýehowa ýalbarýaryn. Men gepläp otyrkam saklanýan-da, içimden Ýehowa doga edýärin. Şonda men rahatlanyp, özümi ele alýaryn» (Zeb. 37:5).

20. Ejeler nähili kynçylyga duş gelýärler we näme edip bilerler?

20 Käbir ejelere çagalaryna söýýärin diýmek kyn bolýar (Tit. 2:3, 4). Belki, olaryň ene-atasy mährini we söýgüsini bildiren däldir. Eger siz hem şeýle maşgalada önüp-ösen bolsaňyz, ene-ataňyzyň ýalňyşyny gaýtalamaň. Ýehowa tabyn bolýan ejeler çagalaryna söýýändigini aýtmagy öwrenmeli. Belki, size pikiriňizi, duýgyňyzy we häsiýetiňizi üýtgetmek aňsat düşmez. Ýöne siz muny başararsyňyz! Şonda siziň özüňizem, maşgalaňyzam bagtly bolar.

ÝEHOWA HEMIŞE TABYN BOLUŇ!

21, 22. Işaýa 65:13, 14-nji aýatlara görä, Ýehowa tabyn bolmaklyk nähili peýda berýär?

21 Dawut patyşa Ýehowa tabyn bolmagyň köp peýda berýändigini bilýärdi. Ol şeýle diýdi: «Ýehowanyň buýruklary adalatly, ýüregi şatlandyrýar. Ýehowanyň tabşyryklary päk, gözleri nurlandyrýar. Olar gullaryňy erbetlikden goraýar, kanunlaryňy berjaý edýän uly sylag alýar» (Zeb. 19:8, 11). Ýehowa tabyn bolýanlar bilen tabyn bolmaýanlaryň arasynda uly tapawut bar. Ýehowa tabyn bolýan adamlar «ýürekden şatlanyp, joşup aýdym aýdýarlar» (Işaýa 65:13, 14-nji aýatlary okaň).

22 Ýaşulular, kakalar we ejeler Ýehowa ýürekden tabyn bolsalar, olaryň özlerem, maşgalasam bagtly bolýar we tutuş ýygnak agzybir bolýar. Esasanam, olar Ýehowany begendirýärler (Nak. 27:11). Mundan gowy zat barmy näme?!

125-NJI AÝDYM Hudaýyň görkezmesine gulak asalyň

^ abzas 5 Şu makalada näme üçin Ýehowa tabyn bolmalydygy barada gürrüň ederis. Şeýle-de ygtyýary bolan ýaşulularyň, kakalaryň, ejeleriň Nehemýa häkimden, Dawut patyşadan we Isanyň ejesi Merýemden nädip görelde alyp biljekdikleri hakda bileris.

^ abzas 1 DÜŞÜNDIRILIŞ: Birine mejbury boýun egýän adamlar «tabyn bolmak» we «tabynlyk» diýen sözlere nädogry düşünýärler. Emma Hudaýyň halky şeýle pikir etmeýär, sebäbi Hudaýa meýletin tabyn bolýarlar.

^ abzas 7 Käbir atlar üýtgedildi.

^ abzas 62 SURAT: Ýaşuly doganymyz ogly bilen Ýygnak jaýynda işleýär. Ol Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmäge kömek eden Nehemýanyň göreldesine eýerýär.

^ abzas 64 SURAT: Dogan maşgalasy bilen Ýehowa ýürekden doga edýär.

^ abzas 66 SURAT: Oglanjyk birnäçe sagat wideo oýun oýnap, öýüň işlerini we mekdepde berlen ýumuşlary ýerine ýetirmeýär. Ejesi ýadap, işden gelýär. Ol ogluna gygyrman, ýumşaklyk bilen düşündirýär.