Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 36

Armageddon — şatlykly habar!

Armageddon — şatlykly habar!

«Olar patyşalary... Armageddon diýen ýere ýygnadylar» (Ylh. 16:16).

133-NJI AÝDYM Ýehowany gözlän halas bolar

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Armageddona näme üçin şatlykly habar diýse bolar? b) Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

ADAMLAR ýadro urşy ýa-da tebigatyň zaýalanmagy sebäpli ýer ýüzi ýok bolar öýdýärler. Mukaddes Kitapda bolsa tizden boljak söweş barada aýdylýar. Oňa Armageddon söweşi diýilýär. Mukaddes Kitaba görä, Armageddon şatlykly habar, sebäbi ol adamlary bagtly eder (Ylh. 1:3). Armageddon söweşi adamlary ýok etmän, gaýtam halas eder. Nädip?

2 Mukaddes Kitaba görä, Armageddon söweşinde hökümetler ýykylyp, adamlar halas bolar. Şeýle-de erbet adamlar ýok ediler, dogruçyllar aman galar. Ýer ýüzüni dargadýanlar hem ýok ediler (Ylh. 11:18). Muňa has gowy düşünmek üçin, geliň, dört soragyň jogabyny bileliň: Armageddon näme? Armageddondan öň nähili wakalar bolar? Armageddon söweşinde halas bolmak üçin näme etmeli? Biz soňky günlerde Hudaýa nädip wepaly bolup bileris?

ARMAGEDDON NÄME?

3. a) «Armageddon» sözi nämäni aňladýar? b) Ylham 16:14, 16-njy aýatlara görä, Armageddon näme üçin belli bir ýeri aňlatmaýar?

3 Ylham 16:14, 16-njy aýatlary okaň. Mukaddes Kitapda «Armageddon» sözi bir gezek duş gelýär. Armageddon ýewreýçe «Megiddo dagy» diýmegi aňladýar (Ylh. 16:16, çykgyt). Megiddo şäheri gadymy Ysraýylda ýerleşýärdi (Ýuşa 17:11). Ýöne «Armageddon» sözi belli bir ýeri däl-de, «bütin ýer ýüzüniň patyşalarynyň» Ýehowa bilen söweşmek üçin ýygnanyşmagyny aňladýar (Ylh. 16:14). Şu makalada «Armageddon» diýlende patyşalaryň bir ýere ýygnanyşan badyna boljak söweş hem göz öňünde tutulýar. Armageddonyň belli bir ýeri aňlatmaýandygyny nireden bilýäris? Birinjiden, Megiddo diýen dag ýok. Ikinjiden, Megiddonyň töweregi kiçi bolansoň, ol ýere «bütin ýer ýüzüniň patyşalary», goşunlary we ýaraglary ýerleşip bilmez. Üçünjiden, ähli patyşalar ýeriň dört künjeginde ýaşaýan Hudaýyň halkyna hüjüm edende, Armageddon söweşi başlar. Muny şu makaladan bileris.

4. Ýehowa näme üçin soňky Beýik söweşi Megiddo bilen baglanyşdyrdy?

4 Ýehowa näme üçin soňky Beýik söweşi Megiddo bilen baglanyşdyrdy? Megiddonyň we Ýizregel jülgesiniň töwereginde ençeme söweşler boldy. Ýehowa şol söweşlerde halkyna ýeňiş gazanmaga kömek edýärdi. Meselem, Hudaý «Megiddo suwlarynyň» golaýynda bolan söweşde ysraýyllaryň serdary Baragy goldady. Barak kenganlaryň goşunbaşysy Siseranyň goşunyny derbi-dagyn edipdi. Barak bilen pygamber aýal Debora Ýehowanyň gudrat bilen ýeňiş gazanmaga kömek edendigi üçin, şeýle alkyş aýtdylar: «Asman ýyldyzlary... Sisera hüjüm etdi. Kişon derýasy... duşmanlary syryp süpürdi» (Ser. 5:19—21).

5. Armageddon söweşi bilen Baragyň söweşiniň arasynda nähili tapawut bar?

5 Barak bilen Debora aýdymyny şu sözler bilen jemledi: «Ýehowa, goý, duşmanlaryň heläk bolsun, Seni söýýänler Gün kimin nur saçsyn!» (Ser. 5:31). Edil şonuň ýaly, Armageddon söweşinde Hudaýyň duşmanlary ýok ediler, Hudaýy söýýänler bolsa aman galar. Ýöne iki söweşiň arasynda bir tapawut bar. Armageddonda Hudaýyň halky söweşmez, eline ýarag hem almaz. Olar howsala düşmezler, Ýehowa we gökdäki goşuna bil baglap, güýç toplarlar (Işa. 30:15; Ylh. 19:11—15).

6. Armageddon söweşinde Hudaý duşmanlaryny nädip ýok eder?

6 Armageddon söweşinde Hudaý duşmanlaryny nädip ýok eder? Belki-de, Ýehowa ençeme usullary ulanar. Meselem, Hudaý ýer titreder, jöwenek ýagdyrar we ýyldyrym çakdyrar (Eýp. 38:22, 23; Hyz. 38:19—22). Mümkin, ol duşmanlaryny bir-birine garşy çykarar (2 Tar. 20:17, 22, 23). Belki-de, perişdelerini iberip, erbetleri ýok eder (Işa. 37:36). Hudaý haýsy usuly ulansa-da, ýeňiş gazanyp, duşmanlaryny ýok eder we dogruçyl adamlary halas eder (Nak. 3:25, 26).

ARMAGEDDONDAN ÖŇ NÄHILI WAKALAR BOLAR?

7, 8. a) 1 Selanikliler 5:1—6-njy aýatlara görä, patyşalar nämäni yglan ederler? b) Näme üçin ýalan habara howply diýse bolar?

7 «Ýehowanyň güni» başlamazdan öň «parahatlyk hem howpsuzlyk» diýip yglan ediler (1 Selanikliler 5:1—6-njy aýatlary okaň). 1 Selanikliler 5:2-däki «Ýehowanyň güni» diýen jümle «uly betbagtçylygy» aňladýar (Ylh. 7:14). «Uly betbagtçylyk» haçan başlar? Mukaddes Kitapda üýtgeşik habaryň yglan ediljekdigi aýdylýar. Şol habar uly betbagtçylygyň tizden boljakdygyny mälim eder.

8 Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, gelejekde «parahatlyk hem howpsuzlyk» diýip yglan ediler. Syýasy ýolbaşçylar näme üçin şeýle habary aýdarlar? Biz muny anyk bilmeýäris. Olary dini ýolbaşçylar goldarmy? Belki-de, goldarlar. Näme bolaýanda-da, «parahatlyk hem howpsuzlyk» diýen ýalan habary jynlar yglan etdirer. Ýöne olaryň ýalan habary has-da howpludyr, sebäbi adamzat taryhynda boljak uly betbagtçylygyň öň ýanynda adamlar ýalana ynanyp, howpsuz ýaşaýarys öýderler. Emma Mukaddes Kitapda: «Göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy kimin, olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner» diýilýär. Ýehowanyň wepaly bendelerine näme bolar? Belki-de, olar üçin hem Ýehowanyň güni duýdansyz geler, ýöne olar taýýar durarlar.

9. Hudaý Şeýtanyň dünýäsini nädip ýok eder?

9 Ýehowa Nuhuň günlerindäki ýaly, Şeýtanyň dünýäsini bir gezekde däl-de, tapgyrma-tapgyr ýok eder. Ilki bilen, ýalan diniň dünýä imperiýasy Beýik Wawilon weýran ediler. Soňra Şeýtanyň dünýäsiniň galan bölegi, ýagny syýasy, harby we täjirçilik guramalary ýok ediler. Geliň, olar hakda giňişleýin gürrüň edeliň.

10. Ylham 17:1, 6 we 18:24-nji aýatlara görä, Ýehowa Beýik Wawilony näme üçin ýok eder?

10 «Ady belli ahlaksyz aýala» höküm çykarylar (Ylham 17:1, 6; 18:24-nji aýatlary okaň). Beýik Wawilon Hudaý hakda ýalan zatlary öwredip, Ýehowanyň adyny garalaýar. Ol ýer ýüzüniň hökümdarlaryny goldap, Hudaýa biwepalyk edýär we erk-ygtyýaryndan peýdalanyp, yzyna eýerýänleri ezýär. Ol bigünä adamlaryň, hatda Hudaýa gulluk edýänleriň hem ganyna galdy (Ylh. 19:2). Ýehowa Beýik Wawilony nädip ýok eder?

11. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» kim we Hudaý ol arkaly Beýik Wawilony nädip ýok eder?

11 Ýehowa «on şahly» «gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» arkaly «ady belli ahlaksyz aýaly» ýok eder. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» Birleşen Milletler Guramasyny, «on şah» bolsa ony goldaýan döwletleri aňladýar. Hudaýyň bellän wagtynda syýasy ýolbaşçylar Beýik Wawilona hüjüm ederler. Ony «talarlar hem-de ýalaňaçlarlar», ýagny onuň baýlygyny elinden alyp, erbet işlerini paş ederler (Ylh. 17:3, 16). Onuň başyna heläkçilik «bir günüň içinde» diýen ýaly tiz geler we ony goldanlar aňk-taňk bolarlar. Sebäbi «ahlaksyz aýal» köp öwnüp: «Men şa aýaly kimin höküm sürýärin, dul däldirin, hiç haçan hasrat çekmerin» diýipdi (Ylh. 18:7, 8).

12. Ýehowa nämä ýol bermez we näme üçin?

12 Hudaý halkyny milletleriň ýok etmegine ýol bermez. Hudaýyň halky Ýehowanyň adyny buýsanç bilen göterýärler we Beýik Wawilondan çykyň diýen tabşyrygyna gulak asýarlar (Res. 15:16, 17; Ylh. 18:4). Şeýle-de olar başga adamlara ýalan dinden çykmaga kömek etmek üçin güýjüni gaýgyrmaýarlar. Şol sebäpli Ýehowanyň halky ahlaksyz aýalyň «başyna injek belalara uçramazlar», ýöne olaryň imany synalar.

Ýer ýüzünde ýaşaýan Hudaýyň halkyna hüjüm edilende, olar Ýehowa bil baglarlar (13-nji abzasa serediň) *

13. a) Äjit kim? b) Hyzkyl 38:2, 8, 9-njy aýatlara görä, Armageddon söweşi haçan başlar?

13 Äjidiň hüjümi (Hyzkyl 38:2, 8, 9-njy aýatlary okaň). Ýalan dinler ýok edilenden soň, Ýehowanyň halky apy-tupanda ýykylman galan ýekeje agaja meňzär. Şonda Şeýtan gahar-gazaba müner. Ol gaharyny jynlaryň «haram ylhamly sözleri» arkaly pürker we milletleriň üýşmegini Ýehowanyň halkynyň üstüne küşgürer (Ylh. 16:13, 14). Milletleriň üýşmegine «Mäjit ýurdundaky Äjit» diýilýär. Milletler Hudaýyň halkyna hüjüm etmek bilen, göçme manydaky Armageddon diýen ýere ýygnanar (Ylh. 16:16).

14. Äjit nämä düşüner?

14 Äjit «ynsan güýjüne», ýagny harby güýçlerine bil baglar (2 Tar. 32:8). Biz bolsa Ýehowa bil baglarys, muny milletler akmaklyk hasaplar. Sebäbi güýç-kuwwatly Beýik Wawilony taňrylary «wagşy haýwandan» we «on şahdan» halas edip bilmedi (Ylh. 17:16). Şonuň üçin Äjit bizi hem aňsatlyk bilen ýeňerin öýder. Ol buludyň ýurdy büreýşi ýaly, Ýehowanyň halkyna hüjüm eder (Hyz. 38:16). Ýöne Äjit öz aýagy bilen duzaga düşendigini bilip galar. Gyzyl deňzinde faraon Ýehowa bilen söweşendigine düşünipdi. Şonuň ýaly Äjit hem kim bilen söweşýändigine düşüner (2 Mus. 14:1—4; Hyz. 38:3, 4, 18, 21—23).

15. Isa Mesih nädip ýeňiş gazanar?

15 Isa Mesih we onuň gökdäki goşuny Hudaýyň halkyny gorar, Äjidiň goşunyny derbi-dagyn eder (Ylh. 19:11, 14, 15). Şeýtan milletleri aldap, Armageddon söweşinde Hudaýyň halkyna garşy hüjüm etdirer. Ýehowanyň esasy duşmany Şeýtana näme bolar? Isa Şeýtany we jynlaryny düýpsüz çuňluga zyňyp, 1 000 ýyllyk baglar (Ylh. 20:1—3).

ARMAGEDDONDA HALAS BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

16. a) «Hudaýy tanamak» üçin näme etmeli? b) Ýehowany tanaýanlara Armageddonda näme bolar?

16 Biz Hudaý baradaky hakykaty ençeme ýyldan bäri bilýändiris ýa-da ýaňy eşidendiris. Ýöne Armageddonda halas bolmak üçin biziň ählimiz «Hudaýy tanamaly» we «Halypamyz Isa baradaky hoş habara gulak asmaly» (2 Sel. 1:7—9). «Hudaýy tanamak» üçin onuň halaýan we ýigrenýän zatlaryny bilmeli, talaplaryny ýerine ýetirmeli. Hudaýy söýmeli, gulak asmaly we ýürekden wepaly bolmaly (1 Ýah. 2:3—5; 5:3). Hudaýy tanasak uly hormata eýe bolarys, ýagny Hudaý hem bizi tanar (1 Kor. 8:3). Biz Allany razy edip, Armageddonda halas bolup bileris.

17. «Halypamyz Isa baradaky hoş habara gulak asmak» nämäni aňladýar?

17 «Halypamyz Isa baradaky hoş habara» nämeler degişli? Muňa Hudaýyň Sözündäki Isanyň öwreden ähli hakykaty degişli. Eger Isanyň öwredişi ýaly ýaşasak, Patyşalyk işlerini birinji ýerde goýsak, Hudaýyň adalatly talaplaryna tabyn bolsak we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etsek, «hoş habara gulak asýandygymyzy» görkezeris (Mat. 6:33; 24:14). Şeýle-de biz saýlanan mesihçileri, ýagny mesh edilen doganlary goldap, hoş habary wagyz etmeli we şägirt taýýarlamak işine gatnaşmaly (Mat. 25:31—40).

18. Saýlanan mesihçiler edilen ýagşylygyň öwezini nädip dolarlar?

18 Saýlanan mesihçiler tizden «başga goýunlaryň» eden ýagşylygynyň öwezini dolarlar (Ýah. 10:16). Nädip? Armageddon söweşi başlamanka, ýer ýüzünde ýaşaýan saýlanan mesihçiler ölmeýän ruhy şahsyýet bolup göge galar. Şeýdip, 144 000 saýlanan mesihçileriň ählisi gökdäki goşunyň bir bölegi bolar we Äjidi ýok edip, «uly märekäni», ýagny Hudaýyň halkyny halas eder (Ylh. 2:26, 27; 7:9, 10). «Uly märeke» saýlanan mesihçileri goldandygyna örän begener.

SOŇKY GÜNLERDE HUDAÝA NÄDIP WEPALY BOLUP BILERIS?

19, 20. Kynçylyklar bolsa-da, Armageddonyň öň ýanynda nädip wepaly bolup bileris?

19 Soňky kyn günlerde Ýehowanyň halky köp kynçylyklara duş gelýärler. Ýöne biz şatlyk bilen kynçylyklara döz gelip bileris (Ýak. 1:2—4). Bize näme kömek eder? Ýürekden doga etmeli (Luka 21:36). Hudaýyň Sözüni her gün okamaly we tizden ýerine ýetjek pygamberlikler hakda oýlanmaly (Zeb. 77:12). Eger biz şu maslahatlara eýersek we yhlasly wagyz etsek, imanymyz berkär, umydymyz üzülmez.

20 Beýik Wawilon ýok edilende we Armageddon söweşi tamamlananda, örän begeneris. Şeýle-de Hudaýyň ady we hökümdarlygy aklananda, ganat baglap uçaýjak bolarys (Hyz. 38:23). Hawa, Hudaýy tanaýan, Ogluna gulak asýan we soňuna çenli çydaýan adamlar üçin Armageddon şatlykly habar bolar (Mat. 24:13).

32-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

^ abzas 5 Ýehowanyň halky ençeme ýyl bäri Armageddonyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Makalada şeýle soraglaryň jogabyny bileris: Armageddon näme? Armageddondan öň nähili wakalar bolar? Biz soňky günlerde Hudaýa nädip wepaly bolup bileris?

^ abzas 71 SURAT: Ýer ýüzünde boljak wakalar. Şol döwür biz 1) mümkin boldugyndan hoş habary wagyz ederis, 2) Mukaddes Kitaby öwreneris, 3) Hudaýa bil baglarys.

^ abzas 85 SURAT: Polisiýa işgärleri mesihçi maşgalanyň öýüne kürsäp girjek bolýarlar. Şol maşgala Isanyň we perişdeleriň bolýan ýagdaýlary görýändigine berk ynanýarlar.