Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 38

«Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn»

«Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn»

«Eý ýadaw we agyr ýükli adamlar! Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn» (Mat. 11:28).

25-NJI AÝDYM Isanyň şägirdi bolmak

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Matta 11:28—30-njy aýatlara görä, Isa nähili wada berdi?

ISA märekä ajaýyp wada berdi. Ol: «Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn» diýdi (Matta 11:28—30-njy aýatlary okaň). Isanyň aýdan sözleri boş wada däldi. Geliň, agyr keselden ejir çekýän aýala Isanyň nähili kömek edendigi hakda oýlanyp göreliň.

2. Isa syrkaw aýala nädip kömek etdi?

2 Agyr keselden ejir çekýän aýal çäresizdi. Ol şypa tapmak üçin ençeme tebipleriň ýanyna bardy. Ol 12 ýyldan bäri ejir çekse-de, hiç kim derdine derman tapyp bilmedi. Kanuna görä, ol hapa hasaplanýardy (3 Mus. 15:25). Bir gün ol Isanyň syrkawlary sagaldýandygyny eşidýär we sorag-ideg edip, ony tapýar. Aýal Isanyň donunyň etegine elini degirýär welin, şol bada sagalýar. Isa aýaly sagaldanda, mertebesini peseltmän, sylaşykly gepleşýär. Meselem, Isa aýala hormat goýup, mähir bilen «gyzym» diýýär. Isanyň sözleri aýaly ruhlandyryp, güýjüne güýç goşandyr (Luka 8:43—48).

3. Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Üns beren bolsaňyz, aýal Isany tapmak üçin köp tagalla etdi. Şonuň ýaly bizem Isanyň «ýanyna barmak» üçin jan etmeli. Häzir Isa syrkaw adamlary gudrat bilen sagaltmaýar. Emma ol: «Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn» diýýär. Şu makalada bäş soragyň jogabyny bileris. Biz Isanyň ýanyna nädip baryp bileris? Ol: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň» diýende nämäni göz öňüne tutdy? Isadan näme öwrenip bileris? Onuň tabşyran ýumşy näme üçin ruhlandyrýar? Isanyň «boýuntyrygyny dakynsak» nädip rahatlyk taparys?

«MENIŇ ÝANYMA GELIŇ»

4, 5. Isanyň çakylygyny kabul etmek üçin näme etmeli?

4 Isanyň: «Meniň ýanyma geliň» diýen çakylygyny kabul etmek üçin, mümkin boldugyndan, onuň aýdanlaryndan we eden işlerinden öwrenmeli (Luka 1:1—4). Isa hakda öwrenmek biziň borjumyz, muny bize derek hiç kim edip bilmez. Eger biz suwa çümdürilmek kararyna gelsek we Isanyň şägirdi bolsak, onuň çakylygyny kabul ederis.

5 Şeýle-de biz kömege mätäç wagtymyz ýygnak ýaşulularyna ýüz tutsak, Isanyň çakylygyny kabul ederis. Isa «bereket hökmünde berlen» ýaşulular arkaly dogan-uýalaryň aladasyny edýär (Efes. 4:7, 8, 11; Ýah. 21:16; 1 Pet. 5:1—3). Ýaşululardan kömek soramaga çekinmeli däl. Sebäbi olar biziň näme pikir edýändigimizi we nämä mätäçdigimizi bilmeýärler. Julýan dogan şeýle gürrüň berýär: «Men ýarawsyzlyk sebäpli Beýtel gullugymy goýmaly boldum. Şonda dostum ýaşululardan kömek soramagy maslahat berdi. Başda: „Ýaşulular maňa näme kömek etsin?!“ diýip pikir etdim. Soňra ýaşululara ýüz tutdum, olaryň goldawy meniň üçin iň gymmatly sowgat boldy». Edil şonuň ýaly Hudaýa wepaly ýaşulular bize «Mesihiň pikir edişi ýaly pikir etmäge», ýagny onuň pikirine düşünmäge we eýermäge kömek edýärler (1 Kor. 2:16; 1 Pet. 2:21). Ýaşulularyň berýän kömegi biziň üçin gymmatly sowgat.

«MENIŇ BOÝUNTYRYGYMY DAKYNYŇ»

6. Isa: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

6 Isa: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň» diýdi. Belki, Isa «häkimiýetime tabyn boluň» diýendir ýa-da «meniň bilen bir boýuntyryga giriň. Şonda bilelikde Ýehowa hyzmat ederis» diýendir. Isa nämäni göz öňünde tutan bolaýanda-da, «boýuntyryk» sözi zähmet çekmegi aňladýar.

7. Matta 28:18—20-nji aýatlara görä, bize nähili iş tabşyryldy we nämä ynamly bolup bileris?

7 Özümizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilsek, Isanyň çakylygyny kabul ederis. Isa ähli adamlary çagyrýar. Ol Hudaýa gulluk etmek isleýän akýürekli adamlaryň hiç birini «kowmaýar» (Ýah. 6:37, 38). Ýehowa Isa pygambere hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Bizem Isanyň şägirtleri bolanymyz üçin hoş habary wagyz etmegi uly hormat hasaplaýarys. Biziň her birimizi Isanyň goldajagyna ynamly bolup bileris (Matta 28:18—20-nji aýatlary okaň).

«MENDEN GÖRELDE ALYŇ»

Isadan görelde alyp hemmeleri ruhlandyryň (8—11-nji abzaslara serediň) *

8, 9. Isanyň ýanyna näme üçin pesgöwünli adamlar barýardy? Biz haýsy soraglar hakda oýlanmaly?

8 Pesgöwünli adamlar Isanyň ýanyna barýardy (Mat. 19:13, 14; Luka 7:37, 38). Näme üçin? Geliň, Isa bilen fariseýleriň arasyndaky tapawudy bileliň. Fariseýler doňýürek we tekepbirdi (Mat. 12:9—14). Isa bolsa mähirli we pesgöwünlidi. Fariseýler şöhratparazdy we wezipesine buýsanýardy. Emma Isa olary ýazgarýardy, şägirtlerine bolsa pesgöwünli bolmagy we adamlara hyzmat etmegi öwredýärdi (Mat. 23:2, 6—11). Fariseýler adamlary gorkuzyp, olaryň üstünden agalyk edýärdi (Ýah. 9:13, 22). Isa bolsa adamlaryň söýgi bilen aladasyny edip, mähirli gepleşerdi.

9 Siz hem Isanyň göreldesine eýerýärsiňizmi? Şu soraglar hakda oýlanyň: meni pesgöwünli we ýumşak adam hasaplaýarlarmy? Adamlara hyzmat etmek üçin hormatsyz hasaplanýan işleri edýärinmi? Men mähirlimi?

10. Isa bilen işleşýän adamlar özüni nähili duýýardy?

10 Adamlar özüni Isanyň ýanynda rahat duýýardy. Isa hem bile işleşýän adamlaryny dosty hasaplaýardy we tälim bermegi gowy görýärdi (Luka 10:1, 19—21). Şägirtler Isa sorag bermäge çekinmeýärdiler, Isa-da olaryň pikirini bilmek isleýärdi (Mat. 16:13—16). Gülhanada gülleriň pajarlap ösüşi ýaly, şägirtler hem ruhy taýdan ösýärdi. Olar Isadan höwes bilen öwrenýärdiler we ýagşy işleri edip miwe berýärdiler.

Göwnaçyk we dost boluň

Yhlasly wagyz ediň

Pesgöwünli we zähmetsöýer boluň *

11. Haýsy soraglar hakda oýlanmaly?

11 Siziň hem ygtyýarly borjuňyz barmy? Onda şu soraglar hakda oýlanyň: işde ýa-da öýde başgalar bilen özümi nähili alyp barýaryn? Parahatlygy saklaýarynmy? Başgalar maňa arkaýyn sorag berýärmi? Olaryň pikirini höwes bilen diňleýärinmi? Elbetde, hiç birimiz fariseýlere meňzemek islemeýäris. Olara sorag berseler, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardylar we aýdanlaryna garşy çykan adamlara ýowuz daraşýardylar (Mar. 3:1—6; Ýah. 9:29—34).

«JANYŇYZ RAHATLYK TAPAR»

12—14. Isanyň tabşyran işi näme üçin rahatlyk berýär?

12 Isanyň tabşyran işi näme üçin rahatlyk berýär? Munuň ençeme sebäbi bar, geliň, olaryň käbirine seredeliň.

13 Biziň iň gowy gözegçilerimiz bar. Ýehowa Beýik Gözegçi bolsa-da, gadyrbilmez we zalym däl. Ol biziň edýän işlerimiziň gadyryny bilýär (Ýew. 6:10). Şeýle-de tabşyran işini ýerine ýetirmäge güýç berýär (2 Kor. 4:7; Gal. 6:5). Patyşamyz Isa ýolbaşçylyk etmekde ajaýyp görelde görkezýär (Ýah. 13:15). Ýaşulular hem «beýik çopan» Isanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň aladasyny edýär (Ýew. 13:20; 1 Pet. 5:2). Olar bizi batyrgaýlyk bilen goraýarlar we mähir bilen ruhlandyryp tälim berýärler.

14 Biziň iň gowy dostlarymyz bar. Biziň mähirli dostlarymyz we şatlyk berýän işimiz bar. Oýlanyp görüň, biz ýokary ahlak kadalaryna eýerýän we kiçigöwünli adamlar bilen eginme-egin işleşýäris. Olar zehinli bolsalar-da, başgalary özünden ýokary saýyp, pälini pes tutýarlar. Dogan-uýalar diňe bir işdeşlerimiz däl-de, jana-jan dostlarymyzdyr. Olar bizi şeýle güýçli söýýärler welin, janlaryny bermäge-de taýyn.

15. Biziň edýän işimize näme üçin iň gowy iş diýse bolar?

15 Biziň iň gowy işimiz bar. Biz adamlara Ýehowa barada hakykaty öwredip, Iblisiň ýalan taglymatlaryny paş edýäris (Ýah. 8:44). Şeýtan adamlaryň egnine agyr ýük goýup, olary ezýär. Meselem, ol Ýehowanyň günämizi bagyşlamaýandygyna we bizi söýmeýändigine ynandyrjak bolýar. Gör, nähili elhenç ýalan we agyr ýük! Aslynda, Isanyň çakylygyny kabul etsek, günämiz bagyşlanýar. Ýehowa hem her birimizi ýürekden söýýär (Rim. 8:32, 38, 39). Adamlara Ýehowa bil baglamagy öwretmek we olaryň durmuşyny özgerdýändigini görmek nähili uly bagt!

ISANYŇ BOÝUNTYRYGYNY DAKYNYP RAHATLYK TAPYŇ

16. Isanyň bize götermegi tabşyran ýüki başga ýüklerden nämede tapawutlanýar?

16 Isanyň bize götermegi tabşyran ýüki başga ýüklerden tapawutlanýar. Meselem, adamlar uzakly gün işläp, öýüne ýadap gelýärler, özlerini bagtsyz duýýarlar. Emma biz Ýehowa we Isa gulluk edip, özümizi bagtly saýýarys. Belki, biz uzakly gün işläp ýadaýandyrys, hatda ýygnaga barmak üçin özümize zor salmaly bolýandyrys. Ýöne ýygnakdan gaýdanymyzda köplenç ruhlanyp, güýç-kuwwat alýarys. Adamlara wagyz edenimizde we Mukaddes Kitaby okanymyzda hem güýjümiz artýar. Elbetde, munuň üçin köp tagalla etmeli bolýarys, ýöne ençeme bereketleri hem alýarys.

17. Biz näme üçin özümize dogry baha bermeli we nämeden ägä bolmaly?

17 Biz özümize dogry baha bermeli. Sebäbi her birimiziň güýjümiz çäkli. Şonuň üçin güýjümizi nämä sarp edýändigimiz barada oýlanmaly. Ýogsam baýlyk toplamak üçin köp güýç sarp etmegimiz mümkin. Bir ýigit Isanyň ýanyna gelip: «Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip soraýar. Ýigit Kanuny berjaý edýärdi. Ol gowy adamdy, sebäbi Markus Isanyň şol ýigide «mähirli seredendigini» ýazýar. Isa ýigide: «Bar, ähli zadyňy sat... Soňra gel-de, şägirdim bol» diýýär. Ýigit Isanyň şägirdi bolmak isleýärdi, ýöne mal-mülkünden geçip bilmeýär (Mar. 10:17—22). Ýigit Isanyň teklip eden boýuntyrygyny dakynman, «baýlygyň guly» bolup galdy (Mat. 6:24). Siz haýsyny saýlardyňyz?

18. Biz wagtal-wagtal näme etmeli we näme üçin?

18 Biz nämäni birinji orunda goýýandygymyz hakda wagtal-wagtal oýlanmaly. Şonda biz güýjümizi nämä sarp edýändigimize göz ýetireris. Mark atly ýaş dogan şeýle diýýär: «Men sada ýaşaýandyryn öýdüp, ençeme ýyl özümi aldap ýörüpdirin. Men pioner bolup gulluk etsem-de, hemişe pul gazanmak we gowy ýaşamak hakda oýlanýardym. Ýöne men özümi näme üçin bagtsyz duýýandygyma düşünmeýärdim. Soňra men köp wagtymy we güýjümi özüme sarp edip, galanjasyny Ýehowa berýändigime düşündim». Mark garaýşyny, durmuşyny özgerdýär we Ýehowa has köp gulluk etmek üçin tagalla edip başlaýar. Ol: «Käte men pulsuzlykdan kösenýärin, ýöne Ýehowanyň we Isanyň kömegi bilen yhlasly gulluk edýärin» diýýär.

19. Biz näme üçin dogry garaýyşda bolmaly?

19 Isanyň boýuntyrygyny dakynyp, hemişe rahatlyk tapmak üçin üç ädim ätmeli. Birinjiden, Ýehowanyň işine dogry garaýyşda bolmaly. Biz Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirýäris, şonuň üçin onuň isleýşi ýaly etmeli. Ýehowa biziň Hojaýynymyz, biz bolsa işçiler (Luka 17:10). Eger tabşyrylan işi öz pikirimizçe etsek, ýagdaýymyzy has-da kynlaşdyrarys. Boýuntyryk salnan öküz näçe güýçli bolsa-da, hojaýynynyň görkezen ugruna däl-de, başga tarapa gitjek bolsa, tiz ýadar we özüne zyýan ýetirer. Ýöne biz Ýehowanyň görkezmesine eýersek başarmajak zadymyz bolmaz we islendik kynçylygy ýeňeris. Unutmaň, hiç kim Ýehowanyň isleginiň amala aşmagyna päsgel berip bilmez (Rim. 8:31; 1 Ýah. 4:4).

20. Isanyň boýuntyrygyny näme üçin dogry niýet bilen dakynmaly?

20 Ikinjiden, dogry niýet bilen gulluk etmeli. Biz aladaçyl Atamyz Ýehowany şöhratlandyrmak isleýäris. I asyrda açgöz adamlar peýdasy üçin Isanyň yzyna eýerdiler. Emma tizden olaryň tamasy puja çykyp, Isanyň boýuntyrygyndan ýüz öwürdiler (Ýah. 6:25—27, 51, 60, 66; Flp. 3:18, 19). Ýöne Hudaýy we adamlary ýürekden söýýän janaýamaz mesihçiler boýuntyrygy şatlyk bilen dakynýardylar. Olar Isa bilen gökde höküm sürmegi umyt edýärdiler. Şonuň ýaly bizem Isanyň boýuntyrygyny dogry niýet bilen dakynsak, bagtly bolarys.

21. Matta 6:31—33-nji aýatlara görä, biz nämä ynamly bolup bileris?

21 Üçünjiden, Allanyň goldawyna bil baglamaly. Biziň saýlan ýolumyz janaýamazlygy we ýürekden zähmet çekmegi talap edýär. Isa biziň yzarlanjakdygymyzy aýdypdy. Ýöne Ýehowa bize islendik synaga döz gelmäge güýç berer. Synaglarda näçe çydamly bolsak, şonça-da imanymyz berkär (Ýak. 1:2—4). Şeýle-de Ýehowanyň gerekli zatlary berjekdigine, Isanyň goldajakdygyna we dogan-uýalaryň ruhlandyrjakdygyna ynamly bolup bileris (Matta 6:31—33-nji aýatlary okaň; Ýah. 10:14; 1 Sel. 5:11). Hawa, biz islendik synaga döz gelip bileris!

22. Biz nämä begenýäris?

22 Isanyň keselden sagaldan aýaly şol günüň özünde rahatlyk tapdy. Emma ol hemişelik rahatlyk tapmak üçin Isanyň wepaly şägirdi bolmalydy. Aýal Isanyň şägirdi boldumyka? Eger ol Isanyň boýuntyrygyny dakynan bolsa, gökde gulluk etmek hormatyna eýe bolandyr we alan bereketleri Isanyň yzyna eýermek üçin geçen islendik zadyna degýändir. Bizem gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt etsek-de, Isanyň: «Meniň ýanyma geliň» diýen çakylygyny kabul edenimize diýseň begenýäris.

5-NJI AÝDYM Isa pygamberiň galdyran göreldesi

^ abzas 5 Isa: «Meniň ýanyma geliň» diýýär. Isanyň çakylygyny kabul etmek üçin näme etmeli? Makalada şu soragyň jogabyny bileris. Şeýle-de Isa bilen işleşmegiň ruhlandyrýandygy barada gürrüň ederis.

^ abzas 60 SURAT: Isa sözleri we edýän işleri bilen ruhlandyrýardy.

^ abzas 66 SURAT: Isanyň göreldesine eýerýän dogan başgalary ruhlandyrýar.