Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 39

Ine, uly märeke!

Ine, uly märeke!

«Ine... hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesini gördüm. Olar tagtyň we Guzynyň öňünde... durdylar» (Ylh. 7:9).

144-NJI AÝDYM Goý, olar halas bolsun!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Ýahýa resulyň nähili ýagdaýa düşendigini gürrüň beriň.

I ASYRYŇ ahyrlarynda Ýahýa resul kyn ýagdaýa düşýär. Garrylyk çagynda ony Patmos adasyna sürgün edipdiler. Şol döwür Ýahýadan başga ähli resullar aradan çykan bolmaly (Ylh. 1:9). Ýahýa imandan dänenleriň ýalan taglymatlary ýaýradyp, mesihçileriň arasynda bölünişik döredýändigini bilýärdi. Mesihçiler ýygnagyny çoýýan ýalyn sönjek-sönjek bolup durdy (Ýahd. 4; Ylh. 2:15, 20; 3:1, 17).

Ýahýa resul «uly märekäni» görýär. Olar ak eşiklidi, ellerinde hurma agajynyň şahalary bardy (2-nji abzasa serediň)

2. Ylham 7:9—14-nji aýatlara görä, Ýahýa nähili görnüş gördi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

2 Ýahýa resul kyn ýagdaýa düşýär, emma Hudaý gelejek barada ajaýyp görnüş görkezýär. Onuň gören görnüşinde dört perişdä tabşyryk berilýär. Olar Hudaýyň gullarynyň maňlaýyna möhür basylýança, uly betbagtçylygy getirjek ýeli saklamalydy (Ylh. 7:1—3). Maňlaýyna möhür basylmaly topara Isa bilen gökde höküm sürjek 144 000 saýlanan mesihçiler degişli (Luka 12:32; Ylh. 7:4). Soňra Ýahýa başga bir topar barada gürrüň berýär. Topardaky adamlar şeýle bir köpdi welin, Ýahýa haýran galyp: «Şondan soň seretsem, ine, ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesini gördüm. Olar tagtyň we Guzynyň öňünde... durdylar» diýýär (Ylham 7:9—14-nji aýatlary okaň). Ýahýa resul gelejekde köp adamlaryň Hudaýa ak ýürekden sežde etjekdigini bilip, diýseň begenendir.

3. a) Näme üçin Ýahýanyň gören görnüşi imanymyzy berkidýär? b) Şu makalada näme hakda bileris?

3 Hudaýyň beren görnüşi Ýahýanyň imanyny berkitdi. Şol görnüş biziň hem imanymyzy berkidýär. Sebäbi biz şol görnüşiň ýerine ýetýän döwri ýaşaýarys. Biz millionlarça adamyň Ýehowanyň halkyna goşulýandygyny gözümiz bilen görýäris! Olar uly betbagtçylykdan aman galyp, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Ýehowa 80 ýyl mundan öň uly märekäniň kimdigini mälim etdi. Makalada şu barada gürrüň ederis. Şeýle-de uly märeke barada iki zady bileris: 1) olaryň sanyny we 2) dürli halkdan ýygnanýandygyny. Makalada öwrenjek zatlarymyz uly märekäniň her bir agzasynyň imanyny berkider.

ULY MÄREKE NIREDE ÝAŞAR?

4. Hristian dininiň ýolbaşçylary Mukaddes Kitapdaky haýsy hakykata düşünmeýär we Mukaddes Kitaby öwrenýänler nähili pikir edýärdiler?

4 Mukaddes Kitapda Hudaýa gulak asýan adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygy hakda açyk-aýdyň aýdylýar. Ýöne hristian dininiň ýolbaşçylary beýle öwretmeýär (2 Kor. 4:3, 4). Olar gowy adamlar ölenden soň gökde ýaşaýar diýýärler. XIX asyryň ahyrlarynda «Garawul diňi» žurnalyny neşir edip başlan kiçi topar, ýagny Mukaddes Kitaby öwrenýänler * düýbünden başga pikir edýärdiler. Olar Jennetiň ýer ýüzünde boljakdygyna we Hudaýa gulak asýan millionlarça adamlaryň gökde däl-de, ýerde ýaşajakdygyna düşünýärdiler. Emma Hudaýa gulak asýan adamlaryň kimlerdigi mälim bolýança wagt gerek boldy (Mat. 6:10).

5. Mukaddes Kitaby öwrenýänler 144 000 sany mesihçiler barada nämä düşündiler?

5 Elbetde, Mukaddes Kitaby öwrenýänler Isa bilen gökde höküm sürmek üçin birnäçe adamyň «ýerden satyn alynjakdygyna» düşünýärdiler (Ylh. 14:3). Şol topar ýer ýüzünde ýaşanda özüni Hudaýa bagyş edip, yhlasly gulluk eden 144 000 sany wepaly mesihçilerden ybarat bolmalydy. Mukaddes Kitaby öwrenýänler uly märeke barada nämä ynanýardylar?

6. Mukaddes Kitaby öwrenýänler uly märeke hakda näme pikir edýärdiler?

6 Ýahýa «tagtyň we Guzynyň öňünde» duran adamlary görýär (Ylh. 7:9). Şol sebäpli Mukaddes Kitaby öwrenýänler uly märeke hem 144 000 saýlanan mesihçiler ýaly göge alnar diýen netijä geldiler. Eger şol iki topar gökde ýaşamaly bolsa, olaryň arasynda näme tapawut bolarka? Mukaddes Kitaby öwrenýänler uly märeke Hudaýa ýürekden gulak asmadyk adamlardan ybarat bolar diýip pikir edipdirler. Olar Mukaddes Kitabyň talaplary boýunça ýaşasalar-da, hristian buthanasynyň agzasydylar. Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň pikiriçe, olar Hudaýa gulluk etselerem, Isa bilen höküm sürmäge mynasyp däldi we Hudaýy ýürekden söýmeýändikleri üçin tagtlarda oturman, tagtyň öňünde durmalydy.

7. Mukaddes Kitaby öwrenýänler Müňýyllyk Patyşalykda ýer ýüzünde kimler ýaşar öýdüpdirler? Olar gadymy döwürde ýaşan Hudaýa wepaly adamlar barada näme pikir edipdirler?

7 Onda ýer ýüzünde kimler ýaşarka? Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň pikiriçe, ilki 144 000 saýlanan mesihçiler we uly märeke göge alynmalydy. Soňra bolsa millionlarça adamlar Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygynda ýer ýüzündäki bereketlere eýe bolmalydy. Ýer ýüzünde ýaşajak adamlar Mesih höküm sürüp başlamanka däl-de, Müňýyllyk Patyşalygyň dowamynda Ýehowanyň kanunlaryny öwrenmelidi. Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşaýan adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşamalydy, gulak asmaýanlar bolsa ýok edilmelidi. Mukaddes Kitaby öwrenýänler ýer ýüzünde «han» bolup höküm sürjek adamlaryň käbiri Müňýyllyk Patyşalygyň ahyrynda gökdäki ýaşaýşy sylag alar diýip çaklapdyrlar. Şol «hanlaryň» arasynda Isa Mesihden öň ýaşap geçen Hudaýa wepaly adamlar hem bolar diýip pikir edipdirler (Zeb. 45:16).

8. Mukaddes Kitaby öwrenýänler haýsy üç topar bar diýip pikir edipdirler?

8 Mukaddes Kitaby öwrenýänler üç topar bar diýip pikir edipdirler. 1) 144 000 saýlanan mesihçiler Isa bilen gökde höküm sürer, 2) yhlasy gowşak uly märeke gökde Isanyň tagtynyň öňünde durar, 3) Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynda ýer ýüzünde ýaşajak millionlarça adamlar Ýehowanyň kanunlaryny öwrenerler *. Emma Ýehowa öz bellän wagtynda muňa has gowy düşünmäge kömek etdi (Nak. 4:18).

HAKYKAT BARHA NUR SAÇÝAR

1935-nji ýylda geçirilen kongresde ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar suwa çümdürilýär (9-njy abzasa serediň)

9. a) Uly märeke haýsy manyda «tagtyň we Guzynyň öňünde» durýar? b) Ylham 7:9-njy aýadyň düşündirilişine näme üçin ýerlikli diýse bolar?

9 1935-nji ýylda Ýahýanyň görnüşindäki uly märekäniň kimdigi mälim boldy. Ýehowanyň Şaýatlary uly märekäniň gökde «tagtyň we Guzynyň öňünde» göni manyda däl-de, göçme manyda durjakdygyna düşündi. Uly märeke ýer ýüzünde ýaşasa-da, Ýehowanyň Älemiň hökümdarydygyna düşünip we Oňa tabyn bolup, «tagtyň öňünde» durýarlar (Işa. 66:1). Olar Isanyň töleg gurbanyna iman edip Guzynyň öňünde durýarlar. Şeýle-de Matta 25:31, 32-nji aýatlarda ähli halklaryň, hatda erbet adamlaryň hem şöhratly tagtynda oturan Isanyň «öňüne ýygnanjakdygy» aýdylýar. Elbetde, ähli halklar gökde däl-de, ýer ýüzünde ýygnanar. Şeýle düşündiriş örän ýerlikli. Indi biz Mukaddes Kitapda uly märekäniň göge alynjakdygy barada näme üçin hiç zadyň aýdylmaýandygyna düşünýäris. Diňe bir topar gökde ebedi ýaşar. Ol topar Isa bilen birlikde patyşalar bolup «ýeriň üstünden höküm sürjek» 144 000 saýlanan mesihçilerdir (Ylh. 5:10).

10. Uly märeke näme üçin Müňýyllyk hökümdarlyk başlamanka Ýehowanyň kanunlaryny öwrenmeli?

10 1935-nji ýylda Ýahýanyň görnüşindäki uly märekäniň kimdigi mälim bolansoň, Ýehowanyň Şaýatlary olaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşajak wepaly mesihçilerdigine düşünýärler. Olar uly betbagtçylykda halas bolmak üçin Müňýyllyk hökümdarlyk başlamanka, ýagny häzirden Ýehowanyň kanunlaryny öwrenip, oňa sežde etmeli. Olar «boljak zatlardan gaçyp gutular» ýaly, Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygyndan öň imanyny berkitmeli (Luka 21:34—36).

11. Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň käbiri näme üçin Müňýyllygyň ahyrynda käbir adamlar göge galar diýip pikir edipdirler?

11 Hudaýa wepaly adamlaryň käbiriniň Müňýyllygyň ahyrynda göge galyp biljekdigi baradaky çaklama hakda näme diýse bolar? Şu çaklama hakda 1913-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan «Garawul diňinde» aýdylypdy. Kimdir biri şeýle diýmegi mümkin: «Näme üçin hakykata sowuk-sala seredýän adamlar gökde ýaşaýar-da, gadymy döwürde Hudaýa wepaly bolan adamlar ýer ýüzünde ýaşamaly?» Şeýle pikiriň döremegine iki nädogry çaklama sebäp boldy. 1) Uly märeke gökde ýaşar, 2) uly märekäniň agzalary hakykata sowuk-sala seredýän mesihçilerden ybarat bolar.

12, 13. Saýlanan mesihçiler we uly märeke nämä düşünýärler?

12 Görşümiz ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary Armageddonda aman galjak adamlaryň uly märekedigine 1935-nji ýyldan bäri düşünýärler. Uly märeke ýer ýüzünde boljak «uly betbagtçylykdan geçerler» we batly ses bilen: «Biz halas bolandygymyz üçin, tagtda oturan Hudaýa we Guza borçly» diýerler (Ylh. 7:10, 14). Mukaddes Kitapda gadymy döwürde ýaşan wepaly adamlara garanyňda, gökde ýaşajak adamlaryň «has gowy zatlara» eýe boljakdygy hakda aýdylýar (Ýew. 11:40). 1935-nji ýyldaky düşündirişden soň doganlar ýer ýüzünde boljak ebedi ýaşaýyş we Ýehowa sežde etmek barada yhlasly wagyz edip başladylar.

13 Uly märeke ajaýyp umydynyň bardygyna begenýär. Olar wepaly adamlaryň gökde ýa-da ýerde gulluk etjekdigini Ýehowanyň çözýändigine düşünýärler. Saýlanan mesihçiler we uly märeke diňe Ýehowanyň ýagşylygy bilen, ýagny töleg gurbany arkaly sylaga eýe bolandygyny bilýärler (Rim. 3:24).

SANSYZ-SAJAKSYZ MÄREKE

14. 1935-nji ýyldan soň käbirleri nämäni bilmek islediler?

14 1935-nji ýyldaky düşündirişden soňra köpler ýer ýüzünde näçe adamyň ýaşajakdygyny bilmek islediler. Meselem, uly märekäniň kimdigi mälim bolanda Ronald Parkin dogan 12 ýaşlaryndady. Ol şeýle ýatlaýar: «Şol wagt bütin dünýädäki wagyzçylaryň sany 56 000-e ýetýärdi. Olaryň aglabasy gökde ýaşamaga umyt edýärdi. Ýer ýüzünde ýaşajaklar uly märeke diýerden azdy».

15. Uly märekäniň sany nädip artýar?

15 Şondan soň onlarça ýylyň dowamynda köp ýurtlara missionerler iberildi we Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany gitdigiçe artýardy. 1968-nji ýylda «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat» atly kitapdan okuw geçip başlandy. Onda Mukaddes Kitapdaky hakykatlar sada dilde düşündirilýändigi üçin ençeme akýürekli adamlar hakykaty kabul etdiler. Dört ýylyň içinde takmynan 500 000 adam suwa çümdürildi. Latyn Amerikada we başga ýurtlarda katolik buthanalarynyň güýji gaçyp başlapdy. Gündogar Ýewropa we Afrika ýurtlarynda wagyz işine rugsat berlipdi. Şol sebäpli ýene-de millionlarça adamlar suwa çümdürildi (Işa. 60:22). Soňky ýyllarda Ýehowanyň guramasy adamlara Mukaddes Kitaby öwretmek üçin has köp peýdaly gurallary çykarýar. Dogrudan-da, Ýehowa uly märekäni ýygnaýar. Olaryň sany 8 000 000 adamdan geçdi.

DÜNÝÄNIŇ DÖRT KÜNJEGINDEN ÝYGNANAN MÄREKE

16. Uly märekä kimler degişli?

16 Ýahýanyň görnüşinde uly märekäniň «ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden boljakdygy» aýdylýar. Zekerýa hem şuňa meňzeş pygamberlik edipdi. Ol şeýle diýdi: «Şol günler ähli halklardan we dillerden on adam geler. Olar ýehudynyň donundan ýapyşyp, berk ýapyşyp, şeýle diýer: „Biz siziň bilen gitjek, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“» (Zek. 8:23).

17. Ýehowanyň guramasy ähli halkdan we dilden bolan adamlara nädip kömek edýär?

17 Ýehowanyň Şaýatlary «ähli dilden» adamlaryň ýygnanmalydygyna düşünip, hoş habary ähli dile wagyz edýärler. Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar 130 ýyldan bäri çap edilýär. Häzir bolsa taryhda iň uly terjime işi alnyp barylýar we edebiýatlarymyz 900-den gowrak dile terjime edilýär. Dogrudan-da, Ýehowa ähli milletden uly märekäni ýygnamak üçin gudrat görkezýär. Edebiýatlarymyzyň köp dillere terjime edilýändigi üçin her halkdan bolan adamlar Ýehowa agzybir sežde edýärler. Hoş habary yhlasly wagyz edýän we dogan-uýalaryny ýürekden söýýän Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde tanalýar. Muny bilmek imanymyzy berkitmeýärmi näme?! (Mat. 24:14; Ýah. 13:35).

ÝAHÝANYŇ GÖRNÜŞI NÄMÄ HÖWESLENDIRÝÄR?

18. a) Işaýa 46:10, 11-nji aýatlara görä, Ýehowanyň uly märeke baradaky pygamberligi amala aşyrýandygyna näme üçin geň galmaýarys? b) Näme üçin uly märekäniň agzalary gowy zatdan mahrum bolandyrys öýtmeýärler?

18 Uly märeke baradaky görnüş bizi örän ruhlandyrýar. Aslynda, Ýehowanyň şu pygamberligi täsin ýol bilen amala aşyrýandygy bizi geň galdyrmaýar (Işaýa 46:10, 11-nji aýatlary okaň). Uly märekäniň agzalary ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berendigi üçin Ýehowa örän minnetdar. Olar Hudaýyň ruhy bilen saýlanan mesihçileriň gökde ýaşajakdygyny bilip, gowy zatdan mahrum bolandyrys öýtmeýärler. Sebäbi Hudaýyň Sözünde mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşan Hudaýa wepaly erkekler we aýallar hakda aýdylýar. Ýöne olar 144 000 saýlanan mesihçileriň arasynda däl. Meselem, suwa çümdürýän Ýahýa (Mat. 11:11); Dawut pygamber (Res. 2:34). Bulardan başga-da ýer ýüzünde boljak Jennetde sansyz-sajaksyz adamlar direler. Uly märeke bilen deň hatarda olaryň ählisine Ýehowa wepaly bolup, hökümdarlygyny goldamaga mümkinçilik berler.

19. Ýahýanyň görnüşiniň ýerine ýetýändigini görmek näme etmäge höweslendirýär?

19 Adamzat taryhynda Hudaý ilkinji gezek millionlarça adamlary ýygnaýar. Biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän bolsagam, «başga goýunlara», ýagny uly märekä köp adam goşular ýaly, elimizde baryny edip wagyz etmeli (Ýah. 10:16). Tizden uly betbagtçylyk başlar, şonda Ýehowa adamlary ezen hökümetleri we dini guramalary ýok eder. Uly märeke ýer ýüzünde Ýehowa ebedi gulluk eder. Gör, nähili uly hormat! (Ylh. 7:14).

55-NJI AÝDYM Ahyry ebedi ýaşaýyş!

^ abzas 5 Şu makalada Ýahýanyň «uly märeke» barada gören görnüşi hakda gürrüň ederis. «Uly märeke» hakdaky pygamberlik ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänleriň imanyny berkider.

^ abzas 4 Ýehowanyň Şaýatlaryna öň Mukaddes Kitaby öwrenýänler diýýärdiler.

^ abzas 8 «Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýärler» atly kitaba serediň (rus. sah. 159—163).