Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 37

«Eliň boş durmasyn»

«Eliň boş durmasyn»

«Tohumyňy säher bilen sep, agşama çenli eliň boş durmasyn» (Nes. 11:6).

68-NJI AÝDYM Hakykat tohumyny ekeliň

MAZMUNY *

1, 2. Nesihat 11:6⁠-⁠daky maslahatyň hoş habary wagyz etmek bilen nähili baglanyşygy bar?

KÄBIR ýurtlarda adamlar Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary höwes bilen diňleýärler. Olar şeýle hoş habara bütin ömrüne garaşandyrlar! Emma käbir ýurtlarda adamlar Hudaý ýa-da Mukaddes Kitap hakda onçakly gyzyklanmaýarlar. Siziň ýurduňyzda adamlar hoş habary diňleýärmi? Adamlar hoş habara nähili seslenseler-de, Ýehowa iş tamamlandy diýýänçä, Ol biziň yhlasly wagyz etmegimizi isleýär.

2 Ýehowanyň bellän wagtynda wagyz işi tamamlanar, «soňra dünýäniň soňy geler» (Mat. 24:14, 36). Şu günler biz «eliň boş durmasyn» * diýen maslahata nädip eýerip bileris? (Nesihat 11:6-⁠ny okaň).

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Birinji makaladan «adam tutýan» ökde balykçy bolmaga dört zadyň kömek edýändigini bildik (Mat. 4:19). Şu makalada kynçylyklara duş gelsek-de, yhlasly wagyz etmäge şu üç zadyň kömek etjekdigi hakda gürrüň ederis: 1) wajyp işi unutmaly däl; 2) sabyrly bolmaly we 3) imanymyzy berkitmeli.

WAJYP IŞI UNUTMAŇ

4. Ýehowanyň tabşyran wajyp işini unutmaz ýaly näme etmeli?

4 Isa pygamber soňky günlerde nähili wakalaryň we ýagdaýlaryň boljakdygyny aýtdy. Ol şol zatlaryň şägirtleriniň ünsüni wagyz işinden sowjakdygyny bilýärdi we olara «oýa bolmagy» duýdurdy (Mat. 24:42). Şu günler Nuh pygamberiň döwrüne meňzeýär, sebäbi adamlar onuň aýdan habaryna gulak asman, durmuşyň gaýgy-aladasy bilen ýaşadylar. Biz hem şeýle ýagdaýdan seresap bolmaly (Mat. 24:37⁠—⁠39; 2 Pet. 2:5). Geliň, Ýehowanyň tabşyran wajyp işini unutmaz ýaly jan edeliň.

5. Resullar 1:6⁠—⁠8⁠-⁠nji aýatlara görä, wagyz işi nädip ýerine ýetirilmeli?

5 Şu günler Patyşalyk baradaky hoş habary has-da köp wagyz etmeli. Isa özi ölenden soň, şägirtleriniň has köp ýerlerde we uzak wagtlap wagyz etjekdiklerini aýtdy (Ýah. 14:12). Ol ölenden soňra käbir şägirtleri ýene-de balyk tutup başladylar. Allatagala Isany direlenden soňra ol gudrat görkezdi: şägirtlerine köp balyk tutmaga kömek etdi. Şonda ol şägirtlerine «adam tutýan balykçy» bolmakdan başga wajyp işiň ýokdugyny öwretdi (Ýah. 21:15⁠—⁠17). Isa göge galmanka, şägirtlerine özüniň başlan işiniň diňe Ysraýylda däl-de, bütin ýer ýüzünde ýerine ýetiriljekdigini aýtdy (Resullar 1:6⁠—⁠8-⁠nji aýatlary okaň). Şondan köp ýyl geçensoň, Isa Mesih Ýahýa resula görnüş arkaly «Halypamyzyň gününde» * boljak wakalary görkezdi (Ylh. 1:10; 14:6). Şonda Ýahýa üýtgeşik bir wakany görýär: «Bir perişde... her millete, her taýpa, her dile we her halka ebedi hoş habary yglan edýärdi» (Ylh. 1:10; 14:6). Görşümiz ýaly, Ýehowa iş tamamlandy diýýänçä, Ol biziň bütin dünýäde wagyz etmegimizi isleýär.

6. Wagyz işiniň wajypdygyna düşünmek üçin näme etmeli?

6 Biz Ýehowanyň tabşyran wagyz işiniň wajypdygyny unutmaz ýaly näme etmeli? Ýehowanyň bize berýän zatlary hakda oýlanmaly. Meselem, Ýehowa edebiýatlaryň çap edilen we elektron görnüşi, audio-wideo ýazgylary, JW teleýaýlymy arkaly ruhy iýmiti bolluk bilen berýär. Biziň jw.org® saýtymyz 1 000⁠-⁠den gowrak dilde çykýar (Mat. 24:45⁠—⁠47). Şu dünýädäki adamlar syýasat, din we ykdysadyýet sebäpli agzala ýaşaýar, sekiz milliondan gowrak Ýehowanyň halky bolsa bütin dünýäde agzybirligi bilen tanalýar. Meselem, 2019⁠-⁠njy ýylyň 19⁠-⁠njy aprelinde, anna güni tutuş ýer ýüzünde Ýehowanyň Şaýatlary irdenki seždäniň wideosyny gördüler. Şol gün agşam 20 919 041 adam Isa Mesihiň ölümini ýatlamak üçin ýygnandylar. Biz şeýle ýatdan çykmajak wakalara gatnaşmagy uly hormat saýýarys. Şol sebäpli Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýäris.

Isa pygambere hakykaty wagyz etmäge hiç zat päsgel bermedi (7⁠-⁠nji abzasa serediň).

7. Isanyň göreldesi wajyp işi unutmazlyga nädip kömek edýär?

7 Wagyz işiniň wajypdygyny unutmazlyk üçin ýene-de näme etmeli? Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Ol wagyz edýän hoş habarynyň wajypdygyny unutmaz ýaly ünsüni başga zatlara sowmady (Ýah. 18:37). Meselem, Isa Şeýtanyň teklip eden «patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny» kabul etmedi. Adamlar Isany patyşa etjek bolanlarynda hem razylaşmady (Mat. 4:8, 9; Ýah. 6:15). Ol baýlygyň yşkyna düşmedi we zalym duşmanlardan gorkmady (Luka 9:58; Ýah. 8:59). Pawlus resul mesihçileri «ýadap ruhdan düşmez ýaly» Isa pygamberden görelde almaga höweslendirdi (Ýew. 12:3). Biz hem şu maslahata eýersek, synaga düşenimizde imanymyz gowşamaz, wajyp işi unutmarys.

SABYRLY BOLUŇ

8. Sabyrlylyk näme we sabyrly bolmak näme üçin wajyp?

8 Sabyrly adam ýagdaý üýtgeýänçä garaşýar. Biz kynçylyklarymyz gutarýança we arzuwlarymyz hasyl bolýança sabyrly garaşmaly. Habakuk pygamber Ýahudadaky zorluk-sütemiň gutarmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy (Hab. 1:2). Isanyň şägirtleri tizden gökdäki Patyşalygyň gelmegine we Rimiň süteminden halas eder diýip umyt edýärdiler (Luka 19:11). Biz hem Hudaýyň Patyşalygynyň erbetligi ýok edip, adalatly täze dünýäni dikeltmegine garaşýarys (2 Pet. 3:13). Emma biz Ýehowanyň bellän gününe sabyrly garaşmaly. Geliň, Ýehowanyň bize nädip sabyrly bolmagy öwredýändigini bileliň.

9. Ýehowanyň sabyrlygy nämeden görünýär?

9 Ýehowa sabyrly bolmakda bize gowy görelde görkezýär. Ol Nuh pygambere gämi gurmaga we «dogruçyllyk hakda wagyz etmäge» ýeterlikli wagt berýär (2 Pet. 2:5; 1 Pet. 3:20). Ýehowa Sodom we Gomorranyň zalym ilatyny ýok etmek kararyna gelýär. Ybraýym pygamber muny eşidende, Ýehowa köp sorag berýär, ol hem sabyrly diňleýär (1 Mus. 18:20⁠—⁠33). Ýehowa biwepa ysraýyl halkyna ençeme asyrlaryň dowamynda sabyrly bolýar (Neh. 9:30, 31). Şu günlerem Allatagalanyň sabyrlydygyny görkezýän subutnama bar: ol her bir toba edýän we halas bolmak isleýän adama özüni tanadýar (2 Pet. 3:9; Ýah. 6:44; 1 Tim. 2:3, 4). Biz wagyz edenimizde we tälim berenimizde sabyrly bolmak bilen Ýehowadan görelde alýarys. Şeýle-de ol bize Mukaddes Kitapda ýazylan bir mysal arkaly sabyrly bolmagy öwredýär.

Biz edýän işimiziň netijesini görmek üçin, daýhan ýaly zähmetsöýer we sabyrly bolmaly (10, 11⁠-⁠nji abzaslara serediň).

10. Ýakup 5:7, 8⁠-⁠nji aýatlardaky daýhan baradaky mysaldan näme öwrenýäris?

10 Ýakup 5:7, 8-⁠nji aýatlary okaň. Daýhan baradaky mysal bize sabyrly bolmagy öwredýär. Elbetde, käbir tohumlar tiz gögerýär. Emma olar hasyl berýänçä, köp wagt gerek bolýar. Meselem, Ysraýyl ýurdunda hasyl almak üçin takmynan alty aý garaşmalydy. Oktýabr aýynda ýagan ilkinji ýagyşdan soňra ýere tohum sepilýärdi; aprel aýynyň ahyrynda ýagan ýagyşdan soňra hasyl ýygnalýardy (Mar. 4:28). Biz hem daýhan ýaly sabyrly bolmaly, ýöne käte kyn bolýar.

11. Biz wagyz we şägirt taýýarlamak işinde näme üçin sabyrly bolmaly?

11 Bikämil adamlar çeken zähmetiniň hözirini tiz görmek isleýärler. Emma ekinden hasyl almak üçin ýeri sürmeli, tohum sepmeli, haşal otlary aýyrmaly we wagtly-wagtynda suwaryp durmaly. Edil şonuň ýaly, şägirt taýýarlamak üçin hem tagalla etmeli. Biz okuw geçýänlerimize ýüreginden «haşal otlary» aýyrmaga, ýagny adamlary ala tutmazlygy we mähirli bolmagy öwretmek üçin köp wagt sarp etmeli. Adamlar biziň aýdýan hoş habarymyzy diňlemeseler-de, sabyrly bolsak ruhdan düşmeris. Ýöne adamlar hoş habary kabul etseler-de, sabyrly bolmagy unutmaly däl. Sebäbi biz okuw geçýän adamlarymyzy ruhy taýdan ösmäge mejbur edip bilmeýäris. Hatda Isanyň şägirtleri hem onuň öwredýän zatlaryna derrew düşünmediler (Ýah. 14:9). Geliň, şuny unutmalyň, biz tohumy eksek-de, suwarsak-da, ösdürýän Hudaýdyr (1 Kor. 3:6).

12. Biz dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde näme üçin sabyrly bolmaly?

12 Biz Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde has-da sabyrly bolmaly. Şeýle ýagdaýda Nesihat 3:7⁠-⁠däki: «Dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» diýen maslahat kömek edýär. Biz dogan-garyndaşlarymyza sözsüz, ýagny ýagşy edim-gylymymyz bilen şaýatlyk edip bilýäris. Emma imanymyz barada gürrüň bermäge-de hemişe taýyn bolmaly (1 Pet. 3:1, 2). Elbetde, biz wagyz we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşmak isleýäris, ýöne hemmelere, dogan-garyndaşlarymyza-da sabyrly bolmagy unutmaly däl.

13, 14. Sabyrly bolmakda gowy görelde galdyran adamlar hakda gürrüň beriň.

13 Biz gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlardan we şu günler Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan sabyrly bolmak babatda köp zatlary öwrenýäris. Meselem, Habakuk pygamber zalym adamlaryň ýok edilmegini islese-de, sabyrly garaşýardy. Ol «diwaryň üstüne çykyp», «garawul diňinde garaşjakdygyny» aýtdy (Hab. 2:1). Pawlus resul hem wagyz işini «soňuna çenli berjaý etmek isleýärdi». Emma ol sabyrlylyk bilen «hoş habary birkemsiz wagyz etdi» (Res. 20:24).

14 Gilead mekdebini tamamlan bir är-aýaly Ýehowanyň Şaýatlarynyň az bolan ýurduna gulluk etmäge belleýärler. Ilatyň köpüsi hristian dinine uýmaýardy. Ol ýerde Mukaddes Kitapdan okuw geçmek isleýän adamlary barmak büküp sanaýmalydy. Olar bilen Gilead mekdebinde okan dogan-uýalar bolsa okuw geçýänleriniň suwa çümdürilýändigini we gyzykly wakalary gürrüň berýärdiler. Emma är-aýal ruhdan düşmedi. Adamlar hoş habara seslenmeseler-de, olar sabyrlylyk bilen wagyz etmegini dowam etdiler. Olaryň eken tohumy hiç hili hasyl bermejek ýalydy. Emma sekiz ýyl geçenden soň olar ilkinji hasylyny ordular, ýagny okuw geçýän bir aýal suwa çümdürildi. Habakuk pygamber, Pawlus resul we şu är-aýal bilen bolan wakanyň nähili meňzeşligi bar? Olar Ýehowa wepaly gulluk edip, tabşyran işini ýerine ýetirdiler we gol gowşuryp oturmadylar. Ýehowa olaryň sabyrlylygyny bereketledi. Geliň, «iman eden, sabyrly bolan, wadalary miras alan adamlardan» görelde alalyň! (Ýew. 6:10⁠—⁠12).

ÝÜREKDEN IMAN EDIŇ

15. Biziň imanymyz yhlasly wagyz etmäge nädip kömek edýär?

15 Biz wagyz edýän hoş habarymyza iman edýäris. Şol sebäpli her bir adama wagyz etmek isleýäris. Biz Mukaddes Kitapda ýazylan Hudaýyň wadalaryna ynanýarys (Zeb. 119:42; Işa. 40:8). Biz Hudaýyň Sözündäki pygamberlikleriň şu günler ýerine ýetýändigini görýäris. Şeýle-de adamlar Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerende, durmuşy düýpgöter özgerýär. Şu zatlar hakda oýlananymyzda, Patyşalyk baradaky hoş habary her bir adama aýtmak isleýäris.

16. Zebur 46:1⁠—⁠3⁠-⁠nji aýatlara görä, yhlasly wagyz eder ýaly näme üçin Ýehowa we Isa Mesihe iman etmeli?

16 Biz hoş habary yglan edýän Ýehowa we gökdäki tagtda oturan Isa Mesihe iman edýäris (Ýah. 14:1). Durmuşda kyn ýagdaýlara duşsak-da, Ýehowa bize hemişe pena bolýar we güýç-kuwwat berýär (Zebur 46:1⁠—⁠3-⁠nji aýatlary okaň). Isa bolsa Ýehowanyň beren erk-ygtyýary we güýji arkaly gökden wagyz işine ýolbaşçylyk edýär (Mat. 28:18⁠—⁠20).

17. Yhlasly wagyz etmäge höweslendirýän wakany gürrüň beriň.

17 Biz yhlasly wagyz etsek, Ýehowanyň ak pata berjekdigine iman ederis. Käte ol biziň garaşmadyk wagtymyz ak pata berýär (Nes. 11:6). Meselem, her gün müňlerçe adamlar edebiýatly stendlerimiziň ýanyndan geçýärler. Stendli wagyz etmek gowy netije berýärmi? Elbetde! «Hudaýa gullugymyzyň» 2014⁠-⁠nji ýylyň noýabrynda çykan sanynda Ýehowanyň Şaýatlary barada referat ýazmak islän bir talyp gyz hakda gürrüň berilýär. Ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýygnak jaýyny näçe gözlese-de, tapyp bilmeýär. Ýöne bir güni ol talyplaryň ýaşaýan şäherçesinde edebiýatly stendimizi görýär we Ýehowanyň Şaýatlary oňa gerekli maglumatlary tapar ýaly edebiýatlary berýär. Ahyrsoňy, talyp gyz suwa çümdürilýär, häzir ol pioner bolup gulluk edýär. Şeýle wakalar bizi yhlasly wagyz etmäge höweslendirýär we Hudaýyň Patyşalygy barada henizem eşitmedik adamlaryň bardygyny subut edýär.

ELIŇIZ BOŞ DURMASYN

18. Wagyz işiniň Ýehowanyň bellän wagtynda tamamlanjakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

18 Patyşalyk baradaky wagyz işiniň bellenen wagtda tamamlanjakdygyna şek-şübhe ýokdur. Geliň, Nuh pygamberiň günlerini ýatlalyň. Şonda Ýehowa özüniň wagtyň Hojaýynydygyny subut etdi. Allatagala Tupanyň boljak gününi takmynan 120 ýyl öňünden belledi. Ol onlarça ýyl geçenden soňra Nuha gämi gurmagy tabşyrdy. Belki-de, Nuh 40⁠-⁠50 ýyllap agyr zähmet çekendir. Ol adamlar diňlemese-de, Tupanyň boljakdygyny wagyz etdi we tä Ýehowa haýwanlary gämä salýança, gol gowşuryp oturmady. Soňra Ýehowa bellän güni «gäminiň gapysyny ýapdy» (1 Mus. 6:3; 7:1, 2, 16).

19. Gol gowşuryp oturman yhlasly wagyz etsek nämä ynamly bolup bileris?

19 Ýehowa tizden Patyşalyk baradaky wagyz işiniň tamamlanjakdygyny yglan eder. Soňra ol Şeýtanyň dünýäsini ýok eder we adalatly höküm sürjek täze dünýäni dikelder. Geliň, Nuhuň, Habakuk pygamberiň we gol gowşuryp oturmadyk Hudaýa wepaly adamlaryň göreldesine eýereliň! Wajyp işi, ýagny wagyz etmegi unutmalyň, sabyrly bolalyň, Ýehowa we wadalaryna ýürekden iman edeliň.

75-NJI AÝDYM «Men giderin! Meni iber!»

^ par. 5 Birinji makalada Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere «adam tutýan balykçy» bolmak üçin, Isanyň çakylygyny kabul etmelidigi hakda maslahat berildi. Şu makalada ähli wagyzçylara, ýagny tejribeli we ýaňy-ýakynda wagyzçy bolanlara Ýehowa iş tamamlandy diýýänçä, Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz etmäge nämäniň kömek etjekdigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: şu makaladaky «eliň boş durmasyn» diýen jümle Ýehowanyň bellän wagtyna çenli hoş habary yhlasly wagyz etmelidigini aňladýar.

^ par. 5 «Halypamyzyň güni» 1914⁠-⁠nji ýylda Isa Patyşa bolanda başlandy we onuň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyryna çenli dowam eder.