Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Nesihat 5:8-⁠nji aýat diňe ynsan häkimiýetlerine degişlimi ýa-da Ýehowa Hudaýa hem degişli?

Şu aýatda: «Ýurtda garyp-gasarlar ezilse, adalat we dogruçyllyk ýok bolsa, geň galma. Sebäbi her häkimiň özünden ýokary baştutany bardyr, olaryň hem üstünden seredýän baştutanlar bardyr» diýilýär (Nes. 5:8).

Ilkibaşda aýady okanyňda diňe ynsan hökümetlerine degişli ýaly görünýär. Ýöne çuňňur oýlansaň, Ýehowa barada wajyp hakykat açylýar we şu hakykat bize teselli hem güýç berýär.

Nesihat 5:8⁠-⁠de garyp-gasarlary ezýän, adalatsyzlyk edýän häkim barada gürrüň edilýär. Her bir häkim özünden ýokary, erk-ygtyýarly baştutanyň bardygyny unutmaly däl. Hatda onuň wezipesinden hem beýik wezipeler bar. Gynansak-da, ähli hökümdarlar we häkimiýetler adalatsyzlyk edýärler, parahorlyga ýatdylar we olaryň golastyndaky halk ejir çekýär.

Ynsan gözi bilen seretseň, şeýle ýagdaýlary düzedip bolmaýar. Emma Ýehowanyň ähli hökümetleriň «üstünden seredýändigini» unutmaly däl. Biz bar gaýgy-aladamyzy Allatagala tabşyryp, ondan kömek hem güýç soramaly (Zeb. 55:22; Flp. 4:6, 7). Biz Ýehowanyň «özüne ýürekden wepaly adamlara kömek etmek üçin ýer ýüzüne syn edýändigini» bilýäris (2 Tar. 16:9).

Diýmek, Nesihat 5:8⁠-⁠de ynsan hökümetleri bilen bagly hakykat ýazylan. Hawa, olaryň üstünden hem hökümdarlyk edýän adamlar bar. Şeýle-de şu aýat Ýehowanyň hemmelerden beýik hökümdardygyny ýatladýar. Häzir Ol gökdäki Patyşalygynyň patyşasy bolan Isa Mesih arkaly höküm sürýär. Ähli zady görýän Gudratygüýçli Hudaý we Ogly Isa Mesih hemişe adalatly hökümdarlyk edýär.