Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 38

Ýehowa Atamyzy we dogan-uýalary söýeliň

Ýehowa Atamyzy we dogan-uýalary söýeliň

«Men Atamyň ýanyna barýaryn. Ol siziň hem Ataňyzdyr» (Ýah. 20:17).

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

MAZMUNY *

1. Hudaýhon adamlar Ýehowa näme diýip ýüzlenip bilýär?

ÝEHOWA HUDAÝ «ýaradylan zatlaryň ilkinjisi» Isany we sansyz-sajaksyz perişdeleri ogullary hasaplaýar. Olar gökdäki Atasyna ýürekden sežde edýär (Kol. 1:15; Zeb. 103:20). Isa ýer ýüzüne gelende, hudaýhon adamlaryň Ýehowa «Atam» diýip ýüzlenip biljekdiklerini aýtdy. Bir gezek Isa şägirtlerine: «Ol (Ýehowa) siziň hem Ataňyzdyr» diýdi (Ýah. 20:17). Özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilen her bir adam, Onuň ogul-gyzy bolup, agzybir halkyna goşulýar (Mar. 10:29, 30).

2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Dogan-uýalaryň käbirine Ýehowa «Atam» diýip ýüzlenmek kyn bolýar. Käbirine bolsa imandaşlaryny ýürekden söýmek kyn bolýar. Şu makalada Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowany nädip Atamyz we dostumyz hasaplap biljekdigimiz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowa Atamyzyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin näme etmelidigini bileris.

ÝEHOWA — BIZIŇ ATAMYZ

3. Isa doga etmegi öwredende, Ýehowa näme üçin «Atamyz» diýip ýüzlendi?

3 Ýehowa — aladaçyl Ata. Isa Ýehowanyň gödek, talapkär hojaýyn däl-de, çagalarynyň aladasyny edýän mähirli Atadygyny düşündirdi. Ol şägirtlerine doga etmegi öwredende, Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlendi (Mat. 6:9) Isa Ýehowa «Gudratygüýçli», «Ýaradyjy», «döwürleriň Patyşasy» diýip bilerdi. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň şeýle titullarynyň bardygy aýdylýar (1 Mus. 49:25; Işa. 40:28; 1 Tim. 1:17). Ýöne Isa Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyny görkezmek üçin, oňa «Atamyz» diýip ýüzlendi.

4. Ýehowanyň biziň bilen dostlaşmak isleýändigini nireden bilýäris?

4 Size Ýehowa «Atam» diýip ýüzlenmek kyn bolýarmy? Belki-de, kakaňyz urup-sögüp terbiýelänsoň, atalyk mährine zar bolansyňyz. Şonuň üçinem size Ýehowany mähirli Ata hökmünde göz öňüne getirmek kyn bolýandyr. Ýöne Ýehowa biziň ýürek ýaralarymyzy görýär we duýgularymyza düşünýär. Muny bilmek bizi örän ruhlandyrýar. Ýehowa biziň bilen dostlaşmak isleýär. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýak. 4:8). Ýehowa bizi söýýär we biziň aladamyzy edip, mähirli Ata boljagyny söz berýär.

5. Isa Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edýär? (Luka 10:22).

5 Isa pygamber bize Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýär. Ol Ýehowany gowy tanaýar we onuň ähli häsiýetlerine eýerýär. Isa: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýah. 14:9). Agasynyň jigisine öwredişi ýaly, Isa hem bize Ýehowa hormat goýmagy, tabyn bolmagy we ony gynandyrman, hemişe razy edip ýaşamagy öwredýär. Isanyň aýdan sözleri we eden işleri Ýehowanyň mähirli hem-de söýgüden doly Atadygyny görkezdi (Luka 10:22-ni okaň). Geliň, käbir mysallara seredeliň.

Söýgüden doly Ýehowa perişdesini iberip, Ogluny ruhlandyrdy (6-njy abzasa serediň). *

6. Ýehowanyň Oglunyň dogalaryny diňländigi hakda gürrüň beriň.

6 Ýehowa ogul-gyzlarynyň edýän doga-dileglerini hemişe diňleýär. Geliň, Ýehowanyň nowbahar Ogly Isanyň eden dogalaryny diňländigi barada bileliň. Isa ýer ýüzünde ýaşanda Ýehowa onuň ençeme dogalaryny diňländir (Luka 5:16). Ýehowa Oglunyň wajyp kararlara gelmek üçin eden dogalaryny hem diňländir. Meselem, Isa 12 resulyny saýlamanka, Atasyna doga edipdi (Luka 6:12, 13). Şeýle-de Ýehowa Isanyň gam-gussa batyp eden dogalaryny hem diňledi. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi duş geljek agyr synaglary barada Ýehowa ýalbaryp doga etdi. Ýehowa eziz Oglunyň dogalaryny diňe bir diňlemän, ony ruhlandyrmak üçin perişdesini iberdi (Luka 22:41—44).

7. Ýehowanyň wepaly bendeleriniň dogalaryna jogap berýändigi size nähili täsir edýär?

7 Şu günlerem Ýehowa biziň doga-dileglerimizi diňleýär we öz wagtynda jogap berýär (Zeb. 116:1, 2). Geliň, Hindistanda ýaşaýan uýa barada gürrüň edeliň. Ol dogalaryna Ýehowanyň öz wagtynda jogap berýändigine göz ýetirdi. Uýa ýygy-ýygydan howsala düşýärdi. Ol Ýehowa doga edip, ýürek derdini aýdýar. Uýa şeýle ýazýar: «Men 2019-njy ýylyň maý aýyndaky teleýaýlymy gördüm. Onda howsala düşmek keseline döz gelen dogan-uýalar hakda görkezildi. Şonda men Ýehowanyň dilegime tüýs wagtynda jogap berendigine düşündim».

8. Ýehowa Isany söýýändigi üçin näme etdi?

8 Ýehowa bizi söýýär we hemişe aladamyzy edýär. Isa ýer ýüzünde ýaşanda Ýehowa söwer Oglunyň aladasyny edýärdi we hemişe goldaýardy (Ýah. 5:20). Ýehowa Oglunyň imanyny berkidýärdi, kyn güne düşende ruhlandyrýardy we iýjek-içjegini ýetirip durýardy. Şeýle-de Ýehowa Isany söýýändigini we ondan razydygyny aýdýardy (Mat. 3:16, 17). Isa Atasynyň hemişe ýardam berjekdigini bilýärdi we özüni ýeke duýmaýardy (Ýah. 8:16).

9. Ýehowanyň bizi söýýändigini nireden bilýäris?

9 Bizem Isa ýaly Ýehowa Atamyzyň her birimizi söýýändigini duýýarys. Oýlanyp göreliň, Ýehowa biziň bilen dostlaşýar we agzybir halkynyň arasyna goşýar. Ol dogan-uýalar arkaly göwnümizi göterýär we kyn güne düşenimizde ruhlandyrýar (Ýah. 6:44). Şeýle-de Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar arkaly imanymyzy berkidýär. Ol biziň aladamyzy edip, iýjegimizi, geýjegimizi ýetirip durýar (Mat. 6:31, 32). Gökdäki Aramyz Ýehowanyň bizi söýýändigi barada oýlansak, bizem ony ýürekden söýeris.

ÝEHOWA ATAMYZYŇ GÖRELDESINE EÝERELIŇ

10. Dogan-uýalary Ýehowanyň söýşi ýaly söýmek näme üçin kyn bolýar?

10 Ýehowa dogan-uýalary ýürekden söýýär. Emma bize dogan-uýalary söýmek we ýagşylyk etmek käte kyn bolýar. Sebäbi medeniýetimiz we alan terbiýämiz bir-birimiziňkiden tapawutlanýar. Üstesine-de, biz ýalňyşýarys we imandaşlarymyzyň göwnüne degýäris. Ýöne Ýehowanyň halkynyň arasynda söýginiň gülläp ösmegi üçin, biziň her birimiz goşant goşup bileris. Nädip? Biz gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ýürekden söýmeli (Efes. 5:1, 2; 1 Ýah. 4:19). Geliň, gökdäki Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigini bileliň.

11. Isa duýgudaş Hudaý Ýehowanyň göreldesine nädip eýerdi?

11 Ýehowa — mähirli we duýgudaş Hudaý (Zebur 145:8; çykgyt). Duýgudaş adam başgalaryň çekýän agyr derdini görüp, ýüregi gyýylýar we olara göwünlik bermek, kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Isa hem Atasynyň göreldesine eýerip, adamlara hemişe kömek edýärdi (Ýah. 5:19). Bir gezek «Isa märekäni görüp, ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyzdy, hor-homsy ýaşaýardy» (Mat. 9:36). Isa adamlara diňe bir haýpy gelmek bilen çäklenmän, olara elinde baryny edip kömek edýärdi. Ol syrkawlary sagaltdy, «ýadaw we agyr ýükli adamlary» ruhlandyrdy (Mat. 11:28—30; 14:14).

Ýehowadan görelde alyp, duýgudaş we jomart boluň (12—14-nji abzaslara serediň). *

12. Dogan-uýalara nädip duýgudaş bolup bileris?

12 Biz dogan-uýalaryň duş gelýän kynçylyklary barada oýlansak, duýgudaş bolup, ýürekden kömek ederis. Aýdaly, uýa agyr keselden ejir çekýär. Belki, ol ýagdaýy barada aýdýan däldir. Ýöne kömek etsek, ol begener. Uýanyň ýagdaýy barada oýlanyp göreliň, ol maşgalasynyň aladasyny edip bilýärmi? Belki, biz oňa nahar bişirmäge, öýüni syryp-süpürmäge kömek ederis. Ýa-da dogany işden çykarandyrlar. Dogan iş tapýança, oňa pul kömegini bersek gowy bolmazmy?! Belki-de, dogany oňaýsyz ýagdaýa salmazlyk üçin, puly kimiň berendigini aýtmarys.

13, 14. Biz nädip Ýehowa ýaly jomart bolup bileris?

13 Ýehowa — jomart Hudaý (Mat. 5:45). Biz dogan-uýalar kömek soraýança garaşman, jomartlyk bilen ýagşylyk etsek, Ýehowa Atamyzyň göreldesine eýereris. Ýehowa Gününi ähli adamlaryň üstünden dogurýar. Gün şöhlesi diňe Alla alkyş aýdýanlary däl-de, ähli adamlary çoýýar. Ýehowa ýaşaýyş üçin zerur zatlary berip, adamlary söýýändigini görkezýär. Jomart Atamyz Ýehowa alkyşlar bolsun!

14 Dogan-uýalaryň köpüsi gökdäki Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýerip, imandaşlaryna jomartlyk bilen kömek edýärler. Mysal üçin, 2013-nji ýylda Filippinde güýçli harasat turup, ähli zady ýer bilen ýegsan etdi. Dogan-uýalaryň köpüsi ähli zadyndan mahrum boldy. Şonda bütin ýer ýüzünde ýaşaýan Ýehowanyň halky imandaşlarynyň dadyna ýetişdi. Dogan-uýalaryň käbiri pul kömegini berdi. Käbiri bolsa, Filippine gelip imandaşlarynyň ýykylan jaýlaryny dikeltmäge kömek etdi. Bary-ýogy bir ýylyň içinde 750-ä golaý öý dikeldildi. Koronawirus (Kowid-19) keseliniň ýaýran döwri hem Ýehowanyň Şaýatlary imandaşlaryny ýürekden goldadylar. Biz dogan-uýalara kömek etmek üçin elimizden gelenini gaýgyrmasak, olary ýürekden söýýändigimizi görkezeris.

15, 16. Luka 6:36-a görä, rehimdar Atamyzyň göreldesine nädip eýerip bileris?

15 Ýehowa — rehimdar, geçirimli Hudaý (Luka 6:36-ny okaň). Biz her gün ýalňyşsak-da, geçirimli Atamyz bizi bagyşlaýar (Zeb. 103:10—14). Şägirtleri köp ýalňyşsa-da, Isa pygamber olary ýürekden bagyşlaýardy. Isa biziň günälerimizi ýuwmak üçin şirin janyny gurban berdi (1 Ýah. 2:1, 2). Gökdäki Atamyz Ýehowanyň we Halypamyz Isanyň rehimdarlygy hem-de günälerimizi bagyşlaýandygy hakda oýlansak, ýüregimiz minnetdarlykdan joşar.

16 Biz biri-birimizi «ýürekden bagyşlasak», Ýehowanyň halkynyň arasynda agzybirlik höküm sürer (Efes. 4:32). Emma ýürekden bagyşlamak käte kyn bolýar. Biz geçirimli bolmak üçin jan etmeli. Bir uýa «Garawul diňi» žurnalyndaky «Biri-biriňizi bagyşlaň» * diýen makala kömek etdi. Ol şeýle ýazýar: «Men şol makalany okap, dogan-uýalary bagyşlamagyň wajypdygyna düşündim. Bagyşlamak — seniň ýüregiňe ýara salynmandygyny, adalatsyzlyga göz ýumup, eden işini oňlamagy aňlatmaýar. Bagyşlamak — göwnüňe degen adamdan öýkeläp oturman, geçirimli bolmagy we kalbyňda parahatlygy saklamagy aňladýar». Biz dogan-uýalary ýürekden bagyşlasak, olary söýýändigimizi we gökdäki Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýerýändigimizi görkezeris.

HUDAÝYŇ HALKYNYŇ AGZASYDYGYŇYZA BUÝSANYŇ

Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli dogan-uýalar imandaşlarynyň ýürekden aladasyny edýär (17-nji abzasa serediň). *

17. Matta 5:16-a görä, gökdäki Atamyzy nädip şöhratlandyryp bileris?

17 Biri-birini ýürekden söýýän Hudaýyň halkynyň agzasy bolmak, biziň üçin uly hormat! Biz köp adamlaryň Ýehowa sežde etmegini isleýäris. Biz gökdäki Atamyzyň adyna ysnat getirýän we halkynyň abraýyny düşürýän erbet işleri etmeli däl. Gaýtam ýagşy işleri edip, Ýehowany şöhratlandyrmaly. Şonda köp adamlar hoş habara seslener (Matta 5:16-ny okaň).

18. Batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge näme kömek eder?

18 Ýehowa Atamyza gulak asýandygymyz üçin, käbirleri bizi kemsidip, üstümizden gülerler we yzarlarlar. Şeýle ýagdaýda adamlardan gorkup, wagyz etmäge çekinmegimiz mümkin. Ýöne Ýehowa we Isa bil baglasak, bize batyrgaýlyk hem güýç bererler. Isa şägirtlerine «näme diýerin ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň» diýdi. Näme üçin? Isa pygamber şeýle diýdi: «Siz näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz. Sebäbi siziň özüňiz däl, siz arkaly Ataňyzyň ruhy geplär» (Mat. 10:19, 20).

19. Robertiň batyrgaýlygy hakda gürrüň beriň.

19 Geliň, Günorta Afrikada ýaşaýan Robert dogan hakda gürrüň edeliň. Robertiň Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyna köp wagt geçmänkä, ony harby gullugyna çagyrýarlar. Ýöne ol bitaraplygyny saklap, harby gullugyna gitmejekdigini aýdanda, işini kazyýete geçirýärler. Robert kazyýetde doganlaryny söýýändigi üçin harby gullugyna gitmeýändigini batyrgaýlyk bilen aýdýar. Robert Hudaýyň halkynyň arasyndaky ornuny gymmat saýýardy. Kazy ondan: «Doganlaryň kim?» diýip soraýar. Robert şeýle soraga garaşmandy. Emma şol günki aýat, ýagny Matta 12:50 onuň ýadyna düşýär. Onda şeýle diýilýär: «Gökdäki Atamyň islegini berjaý edýän adam meniň doganym, uýam hem ejemdir». Robert ýaňy-ýakynda Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlan hem bolsa, mukaddes ruhuň kömegi bilen kazyýetdäki ähli soraglara jogap berdi. Ýehowa Robert ogluna guwanandyr! Eger yzarlamalara garamazdan batyrgaýlyk bilen wagyz etsek, Ýehowa Atamyz bize-de guwanar.

20. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? (Ýahýa 17:11, 15).

20 Biz biri-birini ýürekden söýýän Ýehowanyň agzybir halkynyň agzasydygymyza diýseň begenýäris. Gökdäki Atamyz Ýehowa biziň mähir bilen aladamyzy edýär. Dogan-uýalar hem bizi ýürekden söýýär. Geliň, bizem Ýehowa Hudaýa we dogan-uýalara minnetdar bolalyň! Şeýtan we onuň tarapdarlary Ýehowanyň söýgüsine şübhe döretmek hem-de dogan-uýalar bilen aramyza çöp atmak isleýär. Isa pygamber şägirtleriniň agzybir bolmagyny, olary goramagyny sorap, Ýehowa ýürekden doga edipdi (Ýahýa 17:11, 15-nji aýatlary okaň). Ýehowa Oglunyň dilegine jogap berdi. Eger Isanyň göreldesine eýersek, Ýehowa Atamyzyň söýgüsine we hemişe goldajakdygyna şübhelenmeris. Geliň, Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşmagy ýüregimize düweliň!

99-NJY AÝDYM Müňlerçe dogan-uýalar

^ par. 5 Biz bir-birini ýürekden söýýän agzybir maşgalanyň agzasydygymyza guwanýarys. Biziň her birimiz Ýehowanyň halkynyň agzybirligine goşant goşup bilýäris. Munuň üçin söýgüden doly Atamyz Ýehowanyň, Isa pygamberiň we dogan-uýalaryň göreldesine eýermeli.

^ par. 16 «Garawul diňine» serediň (w12 15/11 sah. 26—30).

^ par. 57 SURAT: Ýehowa Isany ruhlandyrmak üçin perişdesini iberýär.

^ par. 59 SURAT: koronawirus (Kowid-19) keseliniň ýaýran döwri dogan-uýalar imandaşlaryna iýmit paýladylar.

^ par. 61 SURAT: ejesi gyzyna türmedäki dogana ruhlandyryjy hat ýazmaga kömek edýär.