Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 35

Garry dogan-uýalary başyňyza täç ediň

Garry dogan-uýalary başyňyza täç ediň

«Agaran saçlar şöhrat täjidir» (Nak. 16:31).

138-NJI AÝDYM «Agaran saçlar şöhrat täjidir»

MAZMUNY *

1, 2. a) Nakyllar 16:31-e görä, garry dogan-uýalara nähili garamaly? b) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

AMERIKANYŇ Arkanzas ştatynyň seýilgähleriniň birinde göwher daşlaryny tapsa bolýar. Emma göwher daşlary işlenip bejerilmese, öwşün atmaýar. Şol sebäpli adamlar olara adaty daşdyr öýdüp, deňinden geçip gidýärler.

2 Garry dogan-uýalary göwher daşyna meňzetse bolar. Hudaýyň Sözünde olaryň ak saçy «şöhrat täjine» meňzedilýär (Nakyllar 16:31-i okaň; Nak. 20:29). Emma biz olara hormat goýmasak, göwher daşyny saýgarman geçip giden adamlara meňzäris. Garry dogan-uýalaryň gadyryny bilýän ýaşlar gymmatbaha göwher daşyny tapan ýaly bolarlar we olardan köp zatlary öwrenip bilerler. Ýehowa näme üçin garry dogan-uýalary göwher daşy ýaly gymmat hasaplaýar? Garry dogan-uýalaryň Hudaýyň halkynyň arasynda nähili orny bar? Biz garry dogan-uýalaryň baý durmuş tejribesinden näme öwrenip bileris? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

ÝEHOWA GARRY DOGAN-UÝALARY SÖÝÝÄR

Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar garrylary ýürekden söýýär (3-nji abzasa serediň).

3. Zebur 92:12—15-nji aýatlara görä, Ýehowa garry dogan-uýalary näme üçin söýýär?

3 Ýehowa garry dogan-uýalary gözüniň göreji ýaly görüp, ýürekden aladasyny edýär. Allatagala olaryň päk niýetini we ýagşy häsiýetini görüp gadyryny bilýär. Garrylar Ýehowanyň beren bereketlerini we baý durmuş tejribesini ýaşlara gürrüň berseler, Ol örän begener (Eýp. 12:12; Nak. 1:1—4). Hudaý garrylaryň dürli kynçylyklara döz gelýändigini görüp, diýseň guwanýar (Mel. 3:16). Hawa, apy-tupan ýaly synaglar olaryň imanyny sarsdyryp bilmedi. Garrylaryň gelejege bolan umydy gün-günden berkeýär. Olar «garrylyk çagynda» hem Ýehowanyň adyny yglan edýärler (Zebur 92:12—15-nji aýatlary okaň). Ýehowa garry dogan-uýalary ýürekden söýýär.

4. Garry dogan-uýalary näme ruhlandyryp biler?

4 Garry dogan-uýalar, Ýehowa siziň wepaly gullugyňyzy we ýagşy işleriňizi hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10). Siz hoş habary yhlasly wagyz edýärsiňiz we gökdäki Atamyzyň ýüregini şatlandyrýarsyňyz. Agyr synaglarda Hudaýa wepaly bolýarsyňyz, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşaýarsyňyz. Siz ýygnakda hormatly borçlary ýerine ýetirdiňiz we ýaşlara tälim berdiňiz. Siz Hudaýyň guramasynda bolýan özgerişliklere derrew öwrenişýärsiňiz. Ýehowa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalary goldaýarsyňyz we ruhlandyrýarsyňyz. Ýehowa siziň wepalylygyňyzy gymmat saýýar. Ol size: «Wepaly gullarymy taşlamaryn» diýip söz berýär (Zeb. 37:28). Şeýle-de ol: «Saçyňyz agarsa-da, sizi göterip gezerin» diýip wada berýär (Işa. 46:4). Ýöne siz: «Indi garradym, men hiç kime gerek däl» diýip pikir etmäň. Ýehowanyň guramasynda siziň wajyp ornuňyz bar. Biz sizi gowy görýäris!

ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GARRYLAR GEREK

5. Garry dogan-uýalar nämäni ýatdan çykarmaly däl?

5 Garry dogan-uýalar Ýehowa üçin häzirem köp işleri edýärler. Olaryň gujur-gaýraty bolmasa-da, baý durmuş tejribesi bar. Ýehowa garry dogan-uýalary peýdaly gural edip ulanýar. Geliň, gadymy döwürde we şu günler Ýehowa garrylyk çagynda wepaly gulluk eden adamlar hakda gürrüň edeliň.

6, 7. Garrylyk çagynda Ýehowanyň berekedini alan adamlar hakda gürrüň beriň.

6 Mukaddes Kitapda Ýehowa garrylyk çagynda wepaly gulluk eden ençeme adamlar hakda ýazylan. Musa 80 ýaşlaryndaka, Ýehowa ony pygamber we baştutan edip belledi. Danyýar pygamber 90 ýaşlarynda bolsa-da, Ýehowa ony wajyp gural edip ulandy. Ýahýa resul hem 90 ýaşlaryndaka, Hudaýyň mukaddes ruhy bilen Ylham kitabyny ýazdy.

7 Gadymy döwürde Hudaýa garrylyk çagynda gulluk eden adamlaryň köpüsi atly-abraýly we tanymal adamlar däldi. Belki, adamlar olaryň gadyryny hem bilen däldir. Emma Ýehowa olary söýýär we wepaly gulluk edendikleri üçin bereket berýär. Meselem, «dogruçyl we hudaýhon adam» Şimgon hakda Mukaddes Kitapda köp agzalmaýar. Ýöne Ýehowa ony gowy tanaýardy. Beýik Biribaryň ýagşylygy bilen Şimgon bäbek Isany görýär we çaga hem-de ejesi hakda pygamberlik edýär (Luka 2:22, 25—35). 84 ýaşly pygamber aýal Anna «ybadathanadan gitmän» mukaddes gullugy berjaý edýärdi. Hudaýa wepaly gulluk edýändigi üçin Anna hem sylaglanýar. Ol bäbek Isany görýär. Ýehowa Şimgony we Annany gowy görýärdi (Luka 2:36—38).

Häzir Lois Didur 81 ýaşynda, ol Ýehowa wepaly gulluk edýär (8-nji abzasa serediň).

8, 9. Lois uýa hakda gürrüň beriň.

8 Şu günler hem Ýehowa wepaly gulluk edýän garry dogan-uýalar ýaşlara gowy görelde görkezýärler. Geliň, Lois Didur uýa hakda gürrüň edeliň. Ol 21 ýaşynda Kanadada ýörite pioner gullugyna başlaýar. Soňra äri Jon bilen aýlanýan gözegçi bolup, birnäçe ýyl gulluk edýär. Olar 20 ýyl Kanadanyň Beýtelinde hem gulluk edýär. Soňra olara Ukrainada gulluk etmegi teklip edýärler. Şonda Lois 58 ýaşyndady. Jon bilen Lois «biz daşary ýurtda gulluk ederden garry» diýip, teklipden ýüz öwürdilermi? Elbetde, ýok! Olar Ukraina gelip, Beýtelde gulluk edýärler. Jon filial komitetiniň agzasy edip bellenýär. Emma ýedi ýyldan soň Jon aradan çykýar. Lois ajy aýralyga garamazdan, Ukrainada galmagy ýüregine düwýär. Häzir Lois 81 ýaşynda, ol Ýehowa wepaly gulluk edýär. Ukrainanyň Beýtelindäki dogan-uýalar Loisi diýseň gowy görýärler.

9 Dogan-uýalar jogapkär doganlaryň aýallaryna sylag-hormat goýýarlar. Emma äri aradan çykandan soň, olara öňki ýaly üns berilmeýän bolmagy mümkin. Ýehowa dul galan uýalary göwher daşy hasaplaýar, sebäbi olar ençeme ýyllap ärini ýürekden goldadylar we häzirem Ýehowa wepaly gulluk edýärler (1 Tim. 5:3). Olaryň göreldesi we berk imany ýaşlary örän ruhlandyrýar.

10. Tony dogan hakda gürrüň beriň.

10 Hudaýa wepaly garry dogan-uýalaryň köpüsi ýarawsyzlyk sebäpli öýünden çykyp bilmeýärler ýa-da garrylar öýünde ýaşaýarlar. Tony dogan häzir garrylar öýünde ýaşaýar. Ol 1942-nji ýylyň awgustynda 20 ýaşlarynda Pensilwaniýada (ABŞ) suwa çümdürilýär. Tony harby gulluga gitmekden boýun gaçyranda, ony iki ýarym ýyl türmä basýarlar. Tony we Hilda iki çagasyny Ýehowanyň terbiýesi bilen ulaldýarlar. Tony üç ýygnakda baş gözegçi (häzir ýaşulular maslahatynyň koordinatory diýilýär) bolup gulluk etdi. Şeýle-de ol etrap kongresiniň gözegçisi bolup hem gulluk etdi. Tony türmelerde wagyz edip, tussaglara Mukaddes Kitap okuwyny geçirdi. Ol türmede ýygnak duşuşygyny hem alyp bardy. Häzir Tony 98 ýaşynda bolsa-da, Ýehowa elinde baryny edip gulluk edýär we ýygnagyndaky dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşýär.

11. Garry dogan-uýalaryň aladasyny nädip edip bileris?

11 Biz ýarawsyzlyk sebäpli öýünden çykyp bilmeýän garry dogan-uýalaryň nädip aladasyny edip bileris? Garry dogan-uýalar ýygnaga gatnaşyp we wagyz edip biler ýaly, ýaşuly doganlar elinde baryny etmeli. Dogan-uýalar hem olaryň öýüne baryp ýa-da jaň edip hal-ýagdaýyny sorap dursalar gowy bolar. Eger ýygnakdaky garry dogan-uýalara üns bermesek, göwher daşyny görmän geçen adamlara meňzäris. Belki, garry dogan-uýalar başdan geçiren wakalary hakda gürrüň bermäge çekinýändir ýa-da halaýan däldir. Şonuň üçin olara ýerlikli soraglary beriň we ünsli diňläň. Şonda olar Ýehowa şatlyk bilen gulluk eden ýyllary hakda gürrüň berip, sizi ruhlandyrarlar.

12. Ýygnakdaky garry dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsak nämä göz ýetireris?

12 Belki, biziň ýygnagymyzda hem Ýehowa ýürekden iman edýän garry dogan-uýalar bardyr. Olar bilen gürrüňdeş bolsak ruhlanarys. Geliň, Hariýet uýa hakda gürrüň edeliň. Ol Nýu-Jersidäki (ABŞ) ýygnakda Ýehowa onlarça ýyl wepaly gulluk etdi. Soňra ol başga ýygnakda gulluk edýän gyzynyň ýanyna göçýär. Şol ýygnakdaky doganlar uýamyz bilen ýakyndan tanyşmak üçin gürrüňdeş bolýarlar. Olar Hariýet uýanyň berk imanyna haýran galýarlar. Hariýet uýa 1920-nji ýyllarda Ýehowa hakda bilendigi barada gürrüň berýär we şol ýyllarda wagyzda bolan gyzykly wakalary aýdyp berýär. Ol her gezek wagza gidende: «Birden tussag etseler, şu-la gerek bolar» diýip, ýanyna diş çotkasyny alýan eken. 1933-nji ýylda ol iki gezek tussag edilýär; her sapar hem bir hepde türmede oturýar. Hariýetiň äri Ýehowanyň Şaýady bolmasa-da, aýalyny ýürekden goldaýar. Ol Hariýet türmede otyrka, çagalaryny ene mährine zar etmän, olaryň ýürekden aladasyny edýär. Geliň, Hariýet ýaly Ýehowa wepaly gulluk edýän garry dogan-uýalary başymyza täç edeliň.

13. Garry dogan-uýalaryň Ýehowanyň halkynyň arasynda nähili orny bar?

13 Garry dogan-uýalaryň Ýehowanyň halkynyň arasynda wajyp orny bar. Olar öz durmuşynda Ýehowanyň goldawyny ençeme sapar gördüler. Şeýle-de olar Ýehowanyň öz halkyna ak pata berýändiginiň hem şaýady boldular. Garry dogan-uýalar durmuşda goýberen ýalňyşyndan sapak edindiler. Biz olaryň akyldarlygyndan we baý durmuş tejribesinden köp zatlary öwrenip bileris (Nak. 18:4). Şonuň üçin garry dogan-uýalar bilen ýakyndan tanşyň. Olaryň berýän gürrüňinden köp zatlary öwrenip bilersiňiz. Şonda siziň Ýehowa imanyňyz has-da berkär.

GARRYLARYŇ BAÝ TEJRIBESINDEN ÖWRENIŇ

Alyşanyň Ylýasdan köp zatlary öwrenişi ýaly, dogan-uýalar hem garrylaryň baý durmuş tejribesinden köp zatlary öwrenip biler (14, 15-nji abzaslara serediň).

14. Ýaşlar 5 Musa 32:7-däki maslahata nädip eýerip bilerler?

14 Garry dogan-uýalaryň hal-ýagdaýyny soraň (5 Musa 32:7-ni okaň). Elbetde, olaryň gözi kütelendir, gulagy agralandyr, olar güýç-gurbatdan gaçandyr, emma göwünleri garran däldir. Ýehowanyň öňünde olaryň «ýagşy ady» bar (Nes. 7:1). Allatagalanyň olary göwher daşy hasaplaýandygyny ýatdan çykarmaň. Garrylara hormat goýuň! Alyşadan görelde alyň. Ylýas Alyşa «sen bärde gal» diýip, üç sapar aýtsa-da, Alyşa oňa «ýanyňdan aýrylmaryn» diýýär (2 Pat. 2:2, 4, 6).

15. Garry dogan-uýalara nähili soraglary berip bilersiňiz?

15 Garry dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanyň we ýerlikli soraglary beriň (Nak. 1:5; 20:5; 1 Tim. 5:1, 2). Meselem: «Ýaş wagtyňyz Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty öwredýändigine nädip göz ýetirdiňiz? Durmuşyňyzda bolan haýsy wakalar Ýehowa imanyňyzy has-da berkitdi? Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge näme kömek etdi?» (1 Tim. 6:6—8). Soňra olaryň berýän gürrüňini ünsli diňläň.

16. Garry dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagyň nähili peýdasy bar?

16 Garry dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsaňyz özüňiz hem, olar hem ruhlanar (Rim. 1:12). Siz olaryň gürrüňini diňläp, Ýehowanyň wepaly bendeleriniň aladasyny edýändigine göz ýetirersiňiz. Garry dogan-uýalar hem söýülýändigini we aladasynyň edilýändigini bilip begener. Olar Ýehowanyň beren bereketleri barada joşup gürrüň bererler.

17. Garry dogan-uýalara näme üçin gün-günden gözelleşýär diýse bolar?

17 Adam garrasa, onuň daşky gözelligi gül kimin solýar, ýöne Ýehowanyň wepaly bendeleriniň içki dünýäsi gün-günden gözelleşýär (1 Sel. 1:2, 3). Sebäbi olar Ýehowa bil baglap, durmuşyny üýtgedýärler we mukaddes ruhuň kömegi bilen ýagşy häsiýetleri ösdürýärler. Garry dogan-uýalary ýakyndan tanasak, hormat goýsak we baý tejribesinden öwrensek, olary gymmatbaha göwher daşy hasaplarys.

18. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

18 Şu makalada ýaşlaryň garrylara hormat goýmalydygy hakda gürrüň etdik. Emma ýygnakda agzybirlik höküm sürer ýaly, garrylar hem ýaşlaryň gadyryny bilmeli. Indiki makalada garry dogan-uýalaryň muny nädip edip biljekdigi hakda gürrüň ederis.

144-NJI AÝDYM Baýragy ýatda sakla!

^ par. 5 Ýehowa garry dogan-uýalary ýürekden söýýär, biz hem olary söýýäris. Şu makaladaky pikirler garry dogan-uýalaryň gadyryny bilmäge we olaryň baý durmuş tejribesinden, akyl-paýhasyndan köp zatlary öwrenmäge höweslendirer. Şeýle-de garry dogan-uýalaryň Hudaýyň halkynyň arasynda wajyp ornunyň bardygyna düşünmäge kömek eder.