ÖWRENILÝÄN MAKALA 39
Maşgala agzalaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse
«Ençeme gezek... Hudaýyň ýüregini agyrtdylar» (Zeb. 78:40).
102-NJI AÝDYM «Ejizlere kömek edeliň»
MAZMUNY *
1. Dogan-garyndaşlarymyz ýygnak gatnaşygyndan kesilende özümizi nähili duýýarys?
SIZIŇ dogan-garyndaşlaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesildimi? Eger şeýle bolsa, ýüregiňize bitmejek ýara salnandyr. Hilda * uýa şeýle gürrüň berýär: «Men ärim bilen 41 ýyl bagtly ýaşadym. Ýöne ol aradan çykanda, şundan ajy aýralyk ýokdur öýtdüm. Emma oglum ýygnak gatnaşygyndan kesilende we aýalyny, çagalaryny taşlap gidende, özümi hasam erbet duýdum. Diri aýralyk ölümden hem ajy eken».
2, 3. Zebur 78:40, 41-nji aýatlara görä, wepaly gullukçylary Ýehowadan ýüz öwrende, ol özüni nähili duýýar?
2 Ýehowanyň gökdäki ogullary ondan ýüz öwrende, oňa nähili agyr degendir (Ýahd. 6). Hudaýyň saýlan halky ysraýyllar ençeme sapar gozgalaň turzanda, Onuň ýüregi para-para bolandyr (Zebur 78:40, 41-nji aýatlary okaň). Dogan-garyndaşlaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilende, Ýehowa hem gynanýar. Ol siziň ýagdaýyňyza gowy düşünýär. Ýehowa mähir bilen siziň aladaňyzy eder we ýüregiňize giňlik berer.
3 Dogan-garyndaşlary ýygnak gatnaşygyndan kesilenler Ýehowanyň goldawyny almak üçin näme etmeli? Biz olara nädip kömek edip bileris? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Geliň, ilki bilen, nähili garaýyşdan seresap bolmalydygy barada biliň.
ÖZÜŇIZI GÜNÄKÄRLEMÄŇ
4. Ene-atalar çagalary Ýehowadan ýüz öwrende özlerini nähili duýýar?
4 Käbir ene-atalaryň çagalary Ýehowadan ýüz öwürýär. Şonda ene-atalar özlerini nähili duýýarlar? Olar çagama kömek etmedim diýip, özlerini günäkärleýärler. Luka dogan
şeýle gürrüň berýär: «Oglum ýygnak gatnaşygyndan kesilende, men özümi günäkärledim. Gijelerine basyrganyp, gorkunç düýşleri görýärdim. Käte aglaýardym, ýüregim agyrýardy». Elizabet uýa şeýle diýýär: «Oglum ýygnak gatnaşygyndan kesilende, özümi günäkärläp: „Men näme ýalňyşlyk goýberdimkäm?! Wah, ogluma Ýehowany ýürekden söýmäge kömek etmändirin“ diýýärdim».5. Çagalar Ýehowa gulluk etmegini bes etseler, näme üçin ene-atalar özüni günäkärlemeli däl?
5 Ýehowa ähli adamlara erkinlik berýär. Ol adamlary mejburlyk bilen özüne gulluk etdirmeýär. Muny her bir adamyň özi çözýär. Käbir ene-atalar çagalaryna gowy terbiýe bermese-de, olar ulalanda Ýehowa gulluk edýärler. Käbir ene-atalar bolsa çagalaryny Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça terbiýelese-de, ulalanlarynda Ýehowadan ýüz öwürýärler. Diýmek, Ýehowa gulluk etmelimi ýa-da etmeli däldigini her kimiň özi çözýär (Ýuşa 24:15). Mähriban ene-atalar, çagalaryňyz Ýehowa gulluk etmegini bes etseler, siz özüňizi günäkärlemäň!
6. Ene-atasy ýygnak gatnaşygyndan kesilse, çagalar özüni nähili duýýar?
6 Käte är-aýalyň biri Ýehowadan ýüz öwürýär, hatda maşgalasyny-da taşlap gidýär (Zeb. 27:10). Şeýle aýralyk çagalara agyr urgy bolýar, sebäbi olar ene-atasyny jany-teni bilen söýýär we olary dünýäde iň gowy adam hasaplaýar. Esteriň kakasy ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Ester şeýle gürrüň berýär: «Men her gün diýen ýaly aglaýardym, sebäbi kakam diňe bir ýygnak gatnaşygyndan kesilmän, bilgeşleýin Ýehowadan ýüz öwürdi. Men kakamy gowy görýärdim. Ol ýygnak gatnaşygyndan kesilensoň: „Onuň jany bir sagmyka?!“ diýip alada edýärdim. Men howsala düşüp, janyma jaý tapmaýardym».
7. Ene-atasy ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýaşlara Ýehowa nähili garaýar?
7 Ýaşlar, belki, siziň hem kakaňyz ýa-da ejeňiz ýygnak gatnaşygyndan kesilendir. Biz siziň ýagdaýyňyza gynanýarys. Ýehowa hem siziň ýürek derdiňizi görýär. Ol sizi söýýär, biz hem sizi söýýäris. Unutmaň, ene-ataňyzyň gelen kararyna siz günäkär dälsiňiz. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, Ýehowa her bir adamy erkin edip ýaratdy. Özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilen adam «öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Gal. 6:5).
8. Maşgala agzalarynyň yzyna dolanmagyna umyt edýän dogan-uýalar näme edip bilerler? (« Ýehowa dolanyň» atly çarçuwa serediň).
8 Belki-de, siz ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan-garyndaşlaryňyz haçan hem bolsa bir gün yzyna dolanar diýip umyt edýänsiňiz. Emma siz häzir näme edip bilersiňiz? Hudaýa berk iman etmek üçin eliňizde baryny ediň. Şonda siz maşgala agzalaryňyza we ýygnak gatnaşygyndan kesilen adama gowy görelde bolarsyňyz. Şeýle-de güýjüňize güýç goşulyp, ýürek ýaraňyza melhem taparsyňyz. Geliň, Ýehowa berk iman etmek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň edeliň.
ALLATAGALA IMANYŇY NÄDIP BERKITMELI?
9. Ýehowa güýjüňize güýç goşar ýaly näme edip bilersiňiz? (« Maşgala agzalaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse, şu aýatlar sizi ruhlandyrar» atly çarçuwa serediň).
9 Mukaddes Kitaby her gün okaň we ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyň. Siz hem özüňiziň, hem maşgala agzalaryňyzyň Ýehowa imanyny berkitmek üçin jan ediň. Eger Hudaýyň Sözüni her gün okasaňyz we ýygnaklarda ruhlandyryjy jogaplary berseňiz, Ýehowa siziň güýjüňize güýç goşar. Juananyň kakasy we gyz dogany Ýehowa gulluk etmegini bes edýär. Juana şeýle gürrüň berýär: «Men Mukaddes Kitapdan Abygaýyl, Ester, Eýýup, Ýusup we Isa pygamber hakda okanymda ýüregim giňäp gidýär. Olaryň göreldesi barada oýlananymda derdim ýeňleýär. Şeýle-de teleýaýlymdaky aýdymlary diňläp ruhlanýaryn».
10. Zebur 32:6—8-nji aýatlar kyn ýagdaýa döz gelmäge nädip kömek eder?
10 Ýehowa ýüregiňizi döküň. Agyr dert egniňizden basanda, Alla ýalbaryp doga-dileg ediň. Başdan geçirýän agyr ýagdaýyňyza Hudaýyň garaýşy ýaly garap bilmek üçin, Ondan kömek soraň. Şeýle-de «düşünje bermegi, ýörejek ýoluňyzy görkezmegi» haýyş ediň (Zebur 32:6—8-nji aýatlary okaň). Belki-de, Ýehowa ýüregiňizi döküp doga-dileg etmek aňsat bolmaz. Ýöne Ýehowanyň ýagdaýyňyza we ýürek derdiňize düşünýändigini unutmaň. Ýehowa sizi söýýär we doga-dileg etmegiňize garaşýar (2 Mus. 34:6; Zeb. 62:7, 8).
11. Ýewreýler 12:11 Ýehowanyň söýgi bilen temmi berýändigine düşünmäge nädip kömek edýär? (« Ýygnak gatnaşygyndan kesmek — Ýehowanyň söýgi bilen berýän temmisi» atly çarçuwa serediň).
11 Ýaşulularyň gelen kararyny goldaň. Ýygnak gatnaşygyndan kesmek — Ýehowanyň Ýewreýler 12:11-i okaň). Käbirleri: «Ýaşulular ýygnak gatnaşygyndan kesip, nädogry karara geldiler» diýip, olary aýyplamagy mümkin. Emma ýaşululary ýazgarýan adamlar günäkäriň erbet işlerini agzaman, ony «akja jüýje» edýärler. Biziň ähli maglumatlary bilmeýändigimizi unutmalyň. Geliň, düzediş komitetinde gulluk edýän doganlary ýürekden goldalyň! Sebäbi olar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna gyşarnyksyz eýerip, meseläni çözýärler we Ýehowanyň islegine görä «höküm çykarýarlar» (2 Tar. 19:6).
ýola goýan çäresi. Onuň söýgi bilen berýän temmisi dogan-uýalara, hatda günäkäre-de peýdaly (12. Dogan-uýalar ýaşulularyň gelen kararyny goldap nähili peýda aldylar?
12 Eger siziň hem maşgala agzalaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse, ýaşulularyň gelen kararyny ýürekden goldaň. Şonda siz oňa Ýehowa dolanmaga kömek edersiňiz. Ýokarda agzalan Elizabet uýa şeýle gürrüň berýär: «Oglum ýygnak gatnaşygyndan kesilende, onuň bilen gepleşmän ýörmek kyn boldy. Ýöne oglum Ýehowa dolananda: „Ýaşulular meni ýygnak gatnaşygyndan kesip dogry etdiler. Men şu ýagdaýdan wajyp sapak edindim“ diýdi. Men hem Ýehowanyň berýän temmisiniň peýdalydygyna göz ýetirdim». Uýanyň äri Mark şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe wagtdan soň oglumyz bilen gepleşmän ýörmegimiz, oňa Ýehowa dolanmaga kömek edendigini aýtdy. Ýehowanyň bize ýaşululara gulak asmaga kömek edendigi üçin örän minnetdar».
13. Ýürek derdiňize döz gelmäge näme kömek eder?
13 Ynamdar dostuňyz bilen derdiňizi paýlaşyň. Ýehowa imany berk dogan-uýalar bilen gürrüňdeş boluň. Olar size umydyňyzy üzmän garaşmaga kömek ederler (Nak. 12:25; 17:17). Ýokarda agzalan Juana şeýle diýýär: «Men özümi ýeke duýýardym, ýöne Ýehowany söýýän dostlaryma derdimi aýdanymda ýüregim giňeýärdi». Dogan-uýalaryň biri ýürek ýaraňyza duz sepse näme?!
14. Biz näme üçin dogan-uýalary «ýürekden bagyşlamaly»?
14 Dogan-uýalara sabyrly boluň. Olaryň ählisi ýagdaýyňyza düşüner öýdüp garaşmaň (Ýak. 3:2). Dogan-uýalaryň ählisi bikämil. Belki, olar sizi ruhlandyrmak üçin gerekli söz tapýan däldir ýa-da özleri hem bilmän ýaraňyza duz sepýändir. Şeýle ýagdaýda Pawlus resulyň şu maslahatyna eýeriň: «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» (Kol. 3:13). Dogan-garyndaşlarynyň biri ýygnak gatnaşygyndan kesilen uýamyz şeýle diýýär: «Dogan-uýalar käte meni ruhlandyrjak bolup, gaýtam derdimi gozgaýardylar. Emma Ýehowa maňa olary ýürekden bagyşlamaga kömek etdi». Biz dogan-garyndaşlary ýygnak gatnaşygyndan kesilen imandaşlarymyza nädip kömek edip bileris?
DOGAN-UÝALARYŇ GOLDAWY
15. Dogan-garyndaşlary ýygnak gatnaşygyndan kesilen imandaşlarymyza nädip kömek edip bileris?
15 Olar bilen mähirli boluň we dostlaşyň. Merýem uýanyň oglan jigisi ýygnak gatnaşygyndan kesilende, ol ýygnaga barmaga ýaýdanýar. Merýem şeýle gürrüň berýär: «Men dogan-uýalar näme diýerkä diýip alada edýärdim. Emma olar jigimiň eden işine nägile bolup, meniň bilen gepleşmän ýörmediler, gaýtam ýygnakdaky joralarym derdimi deň paýlaşdylar. Men olaryň kömegi bilen özümi ýeke duýmadym, gaýgy-gama batyp oturmadym». Ýene bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Oglum ýygnak gatnaşygyndan kesilende, joralarym maňa göwünlik berdiler. Olar näme diýjegini bilmeseler-de, meniň bilen agladylar we ruhlandyryjy hatlary ýazdylar. Olaryň beren kömegini hiç haçan unutmaryn».
16. Ýygnak gatnaşygyndan kesilenleriň maşgala agzalaryny nädip goldap bileris?
16 Olary eliňizde baryny edip goldaň. Sebäbi olar ruhlandyryjy sözlere we goldawa has-da mätäç bolýarlar (Ýew. 10:24, 25). Käbir dogan-uýalar ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamyň maşgala agzalary bilen hem gepleşmeýärler. Eger siz hem şeýle etseňiz, olar özlerini ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýaly duýarlar. Geliň, ýygnakda şeýle ýagdaýyň bolmagyna ýol bermäliň! Esasan-da, ene-atasy ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýaşlary ruhlandyralyň! Mariýanyň äri ýygnak gatnaşygyndan kesilýär we maşgalasyny taşlap gidýär. Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalar öýe gelip, maňa nahar bişirişýärdiler, maşgala okuwyny geçmäge kömek edýärdiler. Olar duýgudaşlyk bildirýärdiler, meniň bilen bile aglaýardylar. Men hakda ýalan gep-gürrüňler ýaýranda, olar arkamy alýardylar. Olar meniň howandarym boldular» (Rim. 12:13, 15).
17. Ýaşulular dogan-garyndaşlary ýygnak gatnaşygyndan kesilen imandaşlaryny nädip ruhlandyryp biler?
17 Ýaşulular, dogan-garyndaşlary ýygnak gatnaşygyndan kesilen imandaşlaryňyzy her bir mümkinçilikden peýdalanyp ruhlandyryň. 1 Sel. 5:14). Olar bilen ýygnak başlamanka ýa-da ýygnak gutarandan soň gürrüňdeş boluň. Olaryň öýüne baryp ruhlandyryň we bile doga ediň. Olar bilen wagyz ediň, maşgala okuwyňyza çagyryň. Ýaşulular çopan hökmünde, Ýehowanyň göwnüçökgünlige düşen «guzujyklaryna» mähirli bolmaly we söýgi bilen aladasyny etmeli (1 Sel. 2:7, 8).
Sebäbi olara göwünlik bermek siziň borjuňyzdyr (ÝEHOWA BIL BAGLAP, UMYDYŇYZY ÜZMÄŇ
18. 2 Petrus 3:9-dan Ýehowa Hudaý barada näme bilýäris?
18 Ýehowa «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Petrus 3:9-y okaň). Ol agyr günä eden adamlaryň hem janyny gymmat saýýar. Allatagala ähli adamlar, hatda günäkärler üçin hem ýeke-täk Ogluny töleg hökmünde gurban berdi. Ýehowa ýygnak gatnaşygyndan kesilen adama kömek edip, ony yzyna dolamak isleýär. Ol hiç haçan umydyny üzmeýär. Muny Isa pygamberiň ýiten ogul baradaky mysalyndan hem bilse bolýar (Luka 15:11—32). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan-uýalaryň köpüsi söýgüden doly gökdäki Atasyna dolandylar. Dogan-uýalar olary gujak açyp garşy aldylar. Ýokarda agzalan Elizabet uýanyň ogly Ýehowa dolananda, uýa begenjinden ýaňa ganat kakyp uçaýjak boldy. Ol geçen günlerini ýatlap: «Maňa umydymy üzmän, ogluma garaşmaga kömek eden dogan-uýalara örän minnetdar» diýýär.
19. Ýehowanyň bizi hemişe goldajakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?
19 Biz hemişe Ýehowa bil baglamaly. Onuň tabşyryklary peýdaly. Ol jomart we mähirli Ata. Ýehowa özüne sežde edýän adamlaryň ählisini söýýär. Siz Ýehowanyň goldajakdygyna we kyn günüňizde taşlamajakdygyna ynamly bolup bilersiňiz (Ýew. 13:5, 6). Ýokarda agzalan Mark şeýle diýýär: «Ýehowa bizi hiç haçan taşlamady, kyn günümizde elinde göterdi» (2 Kor. 4:7). Siziň maşgala agzalaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse-de, umydyňyzy üzmän Ýehowa wepaly bolup bilersiňiz, Ol hem size güýç berip goldar.
44-NJI AÝDYM Ejizlän adamyň dogasy
^ par. 5 Biziň dogan-garyndaşlarymyz ýygnak gatnaşygyndan kesilende ýüregimiz para-para bolýar. Şeýle ýagdaýda Ýehowa özüni nähili duýýar? Bize aýralyk oduna döz gelmäge we imanda berk durmaga näme kömek eder? Dogan-uýalar şeýle hasrata döz gelýän imandaşlaryny nädip ruhlandyryp we goldap bilerler? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.
^ par. 1 Käbir atlar üýtgedildi.