Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýa bolan söýgi hakykatdan bagtly edýär

Hudaýa bolan söýgi hakykatdan bagtly edýär

«Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!» ZEB. 144:15

AÝDYMLAR: 28, 73

1. Biz näme üçin ähmiýetli döwürde ýaşaýarys diýse bolar?

BIZ adamzat taryhynyň ähmiýetli döwründe ýaşaýarys. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň «ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan... uly märekäni» ýygnajakdygy pygamberlik edildi. Bu «güýçli millete» degişli bolan adamlaryň sany häzir 8 milliondan gowrak bolup, olar «Hudaýa... gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärler» (Ylh. 7:9, 15; Iş. 60:22). Hudaýy hem-de ýakynyny söýýän adamlaryň sany öň hiç haçan şeýle köp bolmandy.

2. Hudaýdan daşlaşan adamlar nähili söýgini bildirýärler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Muňa garamazdan, Hudaýyň ylhamlanan Sözünde şu günler söýginiň başga bir görnüşi, ýagny adamlaryň Hudaýdan daşlaşyp, diňe özüni söýüp ýaşajakdygy barada pygamberlik edildi. Pawlus resul: «Soňky günlerde... adamlar özüni bilýän, puly söýýän... Hudaýy däl-de, lezzeti söýýän bolar» diýip ýazdy (2 Tim. 3:1—4). Söýginiň bu görnüşi mesihçileriň bildirýän söýgüsine düýbünden garşy gelýär. Özüni söýýän adamlar isleýşi ýaly bagtly bolup bilmeýärler. Gaýtam, olar dünýä mahsus bolan söýgini bildirip, özlerini öňküdenem «juda kyn» ýagdaýa salýarlar.

3. Şu makalada näme barada gürrüň ederis we näme üçin?

3 Pawlus resul dünýäde giňden ýaýran özüňi bilmeklik ruhunyň mesihçilere hem erbet täsir edip biljekdigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol hakyky söýgini bildirmeýän adamlardan «gaça durmagy» duýdurdy (2 Tim. 3:5). Emma biz olardan doly gaça durup bilmeýäris. Onda biz dünýä mahsus bolan garaýyşlary ret edip, söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa nädip ýaramly ýaşap bileris? Geliň, 2 Timoteos 3:2—4-nji aýatlarda agzalýan söýginiň gapma-garşylygy bolan Hudaýa söýgümiz barada gürrüň edeliň. Bu bize hakyky şatlygy berýän we bagtly edýän söýgini gymmat saýmaga hem-de ony ösdürmäge kömek eder.

HUDAÝY SÖÝÝÄŇMI ÝA-DA ÖZÜŇI?

4. Özüňi ýerlikli söýmek näme üçin nädogry däl?

4 Pawlus resul: «Adamlar özüni bilýän... bolar» diýip ýazdy. Eýsem, özüňi söýmek nädogrumy? Elbetde, ýok. Bu adaty zat; sebäbi Ýehowa bizi şeýle ýaratdy. Hatda özümizi ýerlikli söýmek peýdaly. Isa: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi (Mar. 12:31). Eger biz özümizi söýmesek, onda ýakynymyzy hem söýüp bilmeris. Şeýle-de Injilde: «Ärler hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir. Aýalyny söýýän adam özüni söýýändir. Hiç bir adam bedenini ýigrenýän däldir, gaýtam, ony iýmitlendirip aladasyny edýändir» diýilýär (Efes. 5:28, 29). Görşümiz ýaly, özüňi ýerlikli söýmek nädogry däl.

5. Siz özüni çendenaşa köp söýýän adamy nädip suratlandyrardyňyz?

5 2 Timoteos 3:2-de agzalýan söýgä ýerlikli diýip bolmaýar. Sebäbi ol ýoýulan we diňe özüňi bilmeklige iterýär. Özüni söýýän adamlar «özleri hakda çendenaşa köp pikir edýär» (Rimliler 12:3-i okaň). Olar diňe öz bähbidine çapyp, başgalar barada känbir alada etmeýär. Işi ugruna bolmasa, jogapkärçiligi çekmegiň deregine, başgalary günäkärleýärler. Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde özüni söýýän adamlar «ýumşajyk hamynyň içinde özüni rahat duýup, daşyndaky tikenleri bilen başgalara howp salýan kirpä» meňzedilýär. Dogrudan-da, diňe özüni bilýän adamlar bagtly bolup bilmeýär.

6. Hudaýa bolan söýgi näme etmäge höweslendirýär?

6 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar özüňi söýmekligi Pawlus resulyň agzan we şu günler giňden ýaýran erbet häsiýetleriniň gözbaşy hasaplaýarlar. Sebäbi ol adamy beýleki erbet häsiýetleri bildirmäge iterýär. Emma Hudaýy söýýän adamlar ruhuň miwesini bildirýärler. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýa bolan söýginiň şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähirlilik, ýagşylyk, iman, ýumşaklyk we özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetler bilen berk baglanyşyklydygy aýdylýar (Gal. 5:22, 23). Mezmurçy: «Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!» diýip ýazdy (Zeb. 144:15). Ýehowa bagtly Hudaý, onuň gullukçylary hem bu häsiýeti bildirýärler. Özüni söýýän we diňe öz bähbidine çapýan adamlardan tapawutlylykda, Ýehowanyň gullukçylary başgalaryň peýdasy üçin özünden geçmäge taýyn (Res. iş. 20:35).

Biz özümizi söýmekden nädip gaça durup bileris? (7-nji abzasa serediň)

7. Haýsy soraglar Hudaýa bolan söýgimizi barlamaga kömek edýär?

7 Eger özümizi Hudaýdan artyk söýýän bolsak näme edip bileris? Bu babatda Filipililer 2:3, 4-nji aýatlarda şeýle maslahat berilýär: «Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam, pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň». Özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men bu maslahata eýerýärinmi? Hudaýyň islegini ýürekden ýerine ýetirýärinmi? Ýygnagymyzdaky we wagyz edýän adamlaryma kömek etmek üçin elimde baryny edýärinmi?» Elbetde, başgalaryň islegini özüňkiden ýokary goýmak hemişe aňsat däl. Munuň üçin tagalla etmeli we köp zatdan geçmeli bolýar. Eýsem, älem-jahanyň Eýesini razy edýändigimizi bilmekden uly şatlyk barmy näme?!

8. Hudaýa bolan söýgi käbir dogan-uýalary näme etmäge höweslendirdi?

8 Hudaýa bolan söýgi käbir dogan-uýalary köpräk gulluk etmek üçin girdejili kärini taşlamaga höweslendirdi. ABŞ-da ýaşaýan Erika uýamyz öň lukman bolup işleýärdi. Ol lukmançylyk ugrundan wezipe edinmegiň deregine, pioner gullugyna başlaýar we ýanýoldaşy bilen dürli ýurtlarda gulluk edýär. Uýamyz yzyna ser salyp, şeýle diýýär: «Biz daşary ýurt dilindäki ýygnaga kömek edip, ençeme gyzykly wakalaryň şaýady bolduk we köp dostlary edindik. Bu biziň durmuşymyzy has-da manyly etdi. Men häzirem lukmançylyk bilen meşgullanýaryn, emma wagtymy hem güýjümi ruhy taýdan syrkaw adamlara kömek etmäge we ýygnakdaky dogan-uýalaryň aladasyny etmäge gönükdirýärin. Bu maňa şatlyk hem kanagat berýär».

GÖKDÄKI BAÝLYGY SAÝLARMYŇ ÝA-DA ÝERDÄKI?

9. Näme üçin pula bolan söýgi adamy bagtly etmeýär?

9 Pawlus resul adamlaryň «puly söýjekdigi» barada hem ýazdy. Irlandiýada pioner bolup gulluk edýän dogan birnäçe ýyl mundan öň, bir adama Hudaý barada gürrüň berýär. Ýaňky adam gapjygyndan pul çykaryp, gaty ses bilen: «Ine, meniň hudaýym!» diýýär. Bu dünýä puly söýýän we «ähli zady oňa satyn alyp bolýar» diýip pikir edýän adamlardan doly bolandygy üçin, köpleri Hudaý barada gürrüň etmek islemeýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Puly söýýän, puldan doýmaz, baýlygy söýýän-de, gazançdan» diýilýär (Wag. 5:9). Şeýle adamlar hemişe köp pul gazanjak bolup, hars urýarlar we «ençeme horluklara sezewar bolýarlar» (1 Tim. 6:9, 10).

10. Mukaddes Ýazgylarda garyplyk we baýlyk barada näme diýilýär?

10 Hawa, biziň ählimize pul gerek. Sebäbi ol gorag berýär (Wag. 7:12). Emma adamyň gazanjy diňe zerur zatlaryna ýetýän bolsa, ol hakykatdan bagtly bolup bilermi? Elbetde! (Wagyz kitaby 5:12-ni okaň) *. Ýakäniň ogly Agur: «Maňa garyplyk ýa baýlyk berme; çörekden rysgalymy ýetir» diýip ýazdy. Biz onuň «garyplyk... berme» diýip näme üçin aýdandygyna düşünýäris. Onuň düşündirmegine görä, ol ogry bolmak islemeýärdi. Sebäbi ogurlyk edýän adam Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Onda ol näme üçin «baýlyk berme» diýip dileg etdikä? Ol muny şeýle düşündirdi: «Men dok bolup-da: „Reb kim“ diýip Seni inkär etmez ýaly... baýlyk berme» (Sül. tym. 30:8, 9). Bizem Hudaýa däl-de, öz baýlygyna bil baglaýan adamlara meňzemez ýaly, oýlanyp bileris.

11. Isa pul babatda nähili maslahat berdi?

11 Puly söýýän adamlar Hudaýyň göwnünden turup bilmeýärler. Isa: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez. Sebäbi ol birini ýigrenip, beýlekisini söýer ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi. Şeýle-de ol: «Ýer ýüzünde hazyna ýygnamagyňyzy bes ediň. Sebäbi bu ýerde olary güýe, pos iýýändir we ogrular girip ogurlaýandyr. Muňa derek gökde hazyna ýygnaň. Ol ýerde hazynaňyzy ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr» diýip maslahat berdi (Mat. 6:19, 20, 24).

12. Durmuşyňy sadalaşdyrmak Ýehowa köpräk gulluk etmäge nähili mümkinçilik berýär? Mysal getiriň.

12 Köp adamlar diňe bir durmuşyny manyly etmek üçin däl-de, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin sada ýaşamaklygy saýladylar. ABŞ-da ýaşaýan Jek aýaly bilen pioner gullugyna başlamak üçin uly jaýyny hem-de kärhanasyny satýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Owadan öýümizden we girdejili kärhanamyzdan geçmek aňsat bolmady. Birnäçe ýyllaryň dowamynda men işim sebäpli öýe dilimi sallap gelýärdim. Aýalym bolsa pioner bolup gulluk edensoň, hemişe şadyýandy. Ol köplenç „Men iň uly hojaýyna hyzmat edýärin!“ diýýärdi. Häzir menem pioner bolup gulluk edýärin; indi biziň ikimizem şol bir hojaýyna, ýagny Ýehowa hyzmat edýäris».

Biz puly söýmekden nädip gaça durup bileris? (13-nji abzasa serediň)

13. Biz pula bolan garaýşymyzy nädip barlap bileris?

13 Pula bolan garaýşymyzy barlamak üçin, şu soraglaryň üstünde çynlakaý oýlanmaly: «Men Mukaddes Ýazgylarda pul babatda aýdylýan zatlaryň hakykatdygyna ynanýarynmy we şoňa görä ýaşaýarynmy? Men puly durmuşymda birinji orunda goýýarynmy? Maddy zatlary Ýehowa hem-de adamlar bilen dostlugymdan ileri tutýarynmy? Ýehowanyň zerurlyklarym hakda alada etjekdigine ýürekden ynanýarynmy?» Hawa, biz Ýehowanyň özüne umyt baglaýan adamlary hiç haçan lapykeç etmejekdigine doly ynanyp bileris (Mat. 6:33).

ÝEHOWANY SÖÝÝÄŇMI ÝA-DA LEZZETI?

14. Lezzete paýhasly garamak nämäni aňladýar?

14 Soňky günlerde adamlaryň «lezzeti söýjekdigi» hem aýdylypdy. Elbetde, özüň barada alada etmegiň, pula we lezzete paýhasly garamagyň hiç hili erbetligi ýok. Ýehowa biziň özümizi horlamagymyzy ýa-da lezzet berýän dynç alyşlardan asla el çekmegimizi islemeýär. Ol wepaly gullukçylaryna: «Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç» diýip ündeýär (Wag. 9:7).

15. 2 Timoteos 3:4-de lezzetiň haýsy görnüşi barada aýdylýar?

15 2 Timoteos 3:4-de Hudaýyň makullamaýan lezzeti barada aýdylýar. Üns beren bolsaňyz, bu aýatda adamlar lezzeti Hudaýdan köp söýýär diýilmeýär. Onda: «Hudaýy däl-de, lezzeti söýýär» diýilýär. Bir alym bu babatda şeýle diýdi: «Aýatdaky sözler olaryň belli bir derejede Hudaýy hem söýýändigini aňlatman, Ony asla söýmeýändiklerini görkezýär». Lezzeti çendenaşa söýýän adamlar üçin, gör, nähili ýerlikli duýduryş! «Lezzeti söýýänler» diýen jümle «ýaşaýşyň lezzetine özüni aldyrýan adamlary» gowy suratlandyrýar (Luka 8:14).

16, 17. Isa lezzete dogry garamakda nähili görelde galdyrdy?

16 Isa lezzete dogry garaýyşda bolmakda kämil görelde galdyrdy. Ol «nika toýunda» we «uly oturylyşykda» bolupdy (Ýah. 2:1—10; Luka 5:29). Hatda ol toýa baranda, suwy şeraba öwrüp, oňa öz goşandyny goşdy. Başga bir gezek bolsa ol özlerini dogry saýýan tankytçylaryň garaýşyny inkär edip, günäkärler bilen iýip-içdi (Luka 7:33—36).

17 Emma Isa lezzeti durmuşynda birinji orunda goýmaýardy. Ol Ýehowany birinji orunda goýýardy we adamlaryň peýdasy üçin janyny aýamaýardy. Şol sebäpli köpleriň ýaşamagy üçin jebir pürsündäki ölüme höwes bilen çydady. Isa öz yzyna eýerjek adamlary göz öňüne tutup, şeýle diýdi: «Maňa iman edýändigiňiz üçin, size sögenlerinde, yzarlanlarynda we her hili ýalan hem-de erbet zatlary aýdanlarynda bagtlysyňyz. Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberleri-de yzarlapdylar» (Mat. 5:11, 12).

Biz lezzeti söýmekden nädip gaça durup bileris? (18-nji abzasa serediň)

18. Lezzeti näçeräk söýýändigimizi barlamaga haýsy soraglar kömek eder?

18 Biz lezzeti näçeräk söýýändigimizi nädip barlap bileris? Munuň üçin özümize şeýle soraglary bermeli: «Men dynç almak üçin ýygnak duşuşyklaryny we wagzy ikinji orna geçirýärinmi? Hudaýa gulluk etmek üçin özümden höwes bilen geçýärinmi? Dynç almak meselesinde Ýehowanyň islegini göz öňünde tutýarynmy?» Eger biz Hudaýy hakykatdan söýýän bolsak, diňe bir onuň halamaýan zatlaryndan däl-de, hatda ony gynandyryp biläýjek zatlardan hem gaça durarys (Matta 22:37, 38-nji aýatlary okaň).

HAKYKY BAGTA ELTÝÄN ÝOL

19. Kimler hiç haçan hakykatdan bagtly bolup bilmez?

19 Adamzada 6 müň ýyl bäri görgi baryny görkezýän Şeýtanyň dünýäsiniň soňy ýetip gelýär. Ýer ýüzi özüni, puly we lezzeti çendenaşa köp söýýän adamlardan doly. Olar öz isleg-arzuwlaryny ähli zatdan ileri tutup ýaşaýarlar. Şeýle adamlar hiç haçan hakykatdan bagtly bolup bilmez. Mezmurçy: «Kömekçisi Ýakubyň Hudaýy bolan adam nähili bagtly! Onuň umydy Hudaýy Rebdedir» diýip ýazdy (Zeb. 146:5).

20. Hudaýa bolan söýgi siziň durmuşyňyza nähili täsir edýär?

20 Ýehowanyň gullukçylary Hudaýa bolan söýgüsi bilen tanalýar. Şol sebäpli olaryň sany ýyl saýyn köpelýär. Bu bolsa Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini we tizden bütin ýer ýüzüne görlüp-eşidilmedik bereketleri eçiljekdigini aýdyň subut edýär. Dogrudan-da, hakyky hem-de tükeniksiz şatlygy diňe Gudratygüýçli Hudaýyň göwnünden turup, Onuň islegini berjaý etmek bilen gazanyp bolýar. Ýehowany söýýän adamlar ebedi şatlanyp ýaşarlar! Indiki makalada biz öz peýdasyny gözleýän söýginiň nädip beýleki erbet häsiýetleri hem bildirmäge iterýändigini we munuň Ýehowanyň gullukçylarynyň görkezýän häsiýetlerine düýbünden garşy gelýändigini bileris.

^ abzas 10 Wagyz kitaby 5:12 Günüň astynda bir erbet dert gördüm: toplanan baýlyk eýesine zelel getirdi.