1-NJI MAKALA
«Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz»
2022-NJI ÝYLYŇ AÝADY: «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» (Zeb. 34:10).
4-NJI AÝDYM «Ýehowa meniň Çopanym»
MAZMUNY *
1. Dawut nähili kyn ýagdaýlary başdan geçirdi?
YSRAÝYLYŇ patyşasy Şawul Dawudy öldürmegiň küýüne düşýär. Dawut başyny gutarmak üçin gaçyp gaýdýar. Ol Nob galasyna gelip, Agamälik ruhana: «Gaýrat edip, bäş çörek ýa-da iýere nämäň bolsa ber» diýýär (1 Şam. 21:1, 3). Soňra Dawut esgerleri bilen daglarda, gowaklarda gizlenip ýaşaýar (1 Şam. 22:1).
2. Şawul patyşa nähili ýalňyşlyk goýberdi? (1 Şamuwel 23:16, 17).
2 Şawul patyşa Dawudy näme üçin öldürjek bolýar? Sebäbi Dawut köp ýeňiş gazanýar we il-günüň dilinden düşmeýär. Gelin-gyzlar hem ony taryplap aýdym aýdýarlar. Şeýle-de Ýehowa Şawuldan ýüz öwrüp, Dawudy Ysraýylyň patyşasy edip belläpdi (1 Şamuwel 23:16, 17-nji aýatlary okaň). Şawul patyşa göriplikden ýaňa janyna jaý tapmaýardy, Dawudy öldürmek isleýärdi. Şawul bütin Ysraýyl halkynyň patyşasydy we ägirt uly goşunyň serdarydy. Onuň tarapdarlary hem köpdi. Şawul patyşa Dawudy öldürip, Ýehowanyň niýetine päsgel berip bilerin öýtdümikä? (Işa. 55:11). Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Ýöne biz bir zady bilýäris, Şawul patyşa öz aýagyna özi palta urdy. Ýehowanyň garşysyna çykan adam hiç haçan ýeňiş gazanyp bilmez.
3. Dawut kyn ýagdaýa düşendigi üçin Ýehowany günäkärledimi? Düşündiriň.
3 Dawut şöhratparaz däl-de, pespäl adamdy. Ol Şawul patyşany tagtdan agdaryp, özi patyşa boljak bolmady. Dawudy Ýehowa patyşa edip saýlady (1 Şam. 16:1, 12, 13). Şawul bolsa Dawudy ganym duşmany hasaplady. Dawut gowaklarda ýaşap, gury çörek iýeni üçin Ýehowany günäkärlemedi, gaýtam Hudaýy şöhratlandyryp aýdym aýtdy. Dawut 34-nji mezmury gowakda ýaşan döwri ýazan bolmaly. Ol Ýehowany arkadaýanjy hasaplap, şu makalanyň baş aýadyndaky «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýen sözleri ýazdy (Zeb. 34:10).
4. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris we näme üçin?
4 Şu günler Ýehowanyň halkynyň köpüsi gün-güzeranyny zordan görýär. * Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri iýjek-içjegiňi tapmak has hem kyn bolýar. Uly betbagtçylyk golaýlap gelýär. Gelejekde has-da kyn günleri başdan geçirmegimiz mümkin (Mat. 24:21). Şol sebäpli şu dört soragyň jogabyny bilsek gowy bolar: Dawut «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Biz näme üçin barymyza kaýyl bolmaly? Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine näme üçin ynamly bolup bileris? Gelejekde boljak synaglara häzirden taýýarlanmak üçin näme etmeli?
«HIÇ ZADA MÄTÄÇ BOLMARYN»
5, 6. Zebur 23:1—6-njy aýatlar «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýen sözlere düşünmäge nädip kömek edýär?
5 Dawut «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Muňa düşünmek üçin, geliň, Dawudyň ýazan 23-nji mezmuryna seredeliň (Zebur 23:1—6-njy aýatlary okaň). Dawut Ýehowany taryplap: «Ýehowa meniň Çopanym. Hiç zada mätäç bolmaryn» diýýär. Şeýle-de ol aladaçyl Çopan Ýehowanyň beren bereketlerini ýekän-ýekän sanaýar. Ýehowa Dawudy «adyl ýoldan» ýöredýär, ýagşy hem ýaman günde goldaýar. Ol Ýehowanyň «ýaşyl ýaýlasynda» ýaşasa-da, kynçylyklaryň boljakdygyny bilýärdi. Käte Dawut ruhdan düşýärdi, özüni «tüm-garaňky jülgeden» ýöreýän ýaly duýýardy. Onuň duşmanlary köp bolsa-da, hiç zatdan gorkmaýardy. Dawut arkadaýanjy Ýehowanyň goldajakdygyny bilýärdi.
6 Dawut «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýende Hudaý bilen dostlugyny hiç kimiň we hiç zadyň bozup bilmejekdigini göz öňünde tutdy. Dawut gury çörek iýip ýaşasa-da, özüni bagtly duýýardy. Ol aladaçyl Çopan Ýehowa bil baglaýardy we baryna kaýyl bolup ýaşaýardy. Dawut Ýehowany razy etmegi we onuň penasynda bolmagy ähli zatdan wajyp hasaplaýardy.
7. Luka 21:20—24-nji aýatlara görä, I asyrda Ýahudada ýaşan mesihçiler näme etmelidiler?
7 Dawudyň sözleri bize baýlyga kowalaşman, barymyza kaýyl bolup ýaşamaga kömek edýär. Elbetde, biz bar zatlarymyzyň gadyryny bilýäris, emma olary birinji orunda goýmaýarys. Geliň, I asyrda Ýahudada ýaşan mesihçiler bilen bolan waka seredeliň (Luka 21:20—24-nji aýatlary okaň). Isa olara «Iýerusalimiň gabaljakdygyny» öňünden aýdypdy. Şonda Ýahudadakylar ähli zadyny taşlap, «daglara gaçmalydy». Isa pygamberiň duýduryşyna gulak asan adamlar halas boldular. 1999-njy ýylyň 1-nji maýynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Olar melleklerini, öýlerini, ähli goş-golamlaryny taşlap gitdiler. Olar Ýehowanyň goldajagyna we gorajagyna ýürekden ynanýardylar hem-de Hudaýa sežde etmegi birinji orunda goýdular».
8. Ýahudadan çykyp gaýdan mesihçilerden näme öwrenip bileris?
8 Biz I asyrda Ýahudada ýaşan mesihçilerden näme öwrenip bileris? Şol «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Gelejekde bize has agyr synaglar garaşýar. Şonda nämäni birinji orunda goýýandygymyz mälim bolar. Biz öýümizden, mal-mülkümizden geçip bilmän heläk bolarysmy ýa-da Ýehowa bil baglap halas bolarys? Dünýäniň soňy gelende köp kynçylyklara duşmagymyz mümkin. Şonda biz Ýahudadan çykyp gaýdan mesihçiler ýaly köp zatdan geçmeli bolarys». *
9. Pawlusyň ýewreýlere beren maslahaty bizi nädip ruhlandyrýar?
9 Öýüni, mal-mülküni taşlap gaýdan I asyrdaky mesihçileriň ýagdaýyny göz-öňüne getiriň. Olara täze ýere öwrenişmek, jaý we iş tapmak kyn bolandyr. Olar her gün iýjek-içjegini tapmak üçin Ýehowa bil baglamalydylar. Olara Pawlus resulyň beren maslahaty kömek eden bolmaly. Rimlileriň Iýerusalimi gabamazyndan bäş ýyl öň Pawlus resul ýewreýlere şeýle hat ýazypdy: «Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň, sebäbi Hudaý: „Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn“ diýendir. Şonuň üçin biz ynam bilen: „Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?“ diýýäris» (Ýew. 13:5, 6). Pawlusyň maslahatyna eýeren mesihçiler bar zadyna kaýyl bolup, sada ýaşadylar. Olar Ýehowanyň zerur zatlaryny ýetirjekdigine ýürekden ynandylar. Bizem Pawlusyň maslahatyna eýersek, Ýehowanyň hor etmejekdigine şübhelenmän bileris.
BAR ZADYMYZA KAÝYL BOLALYŇ
10. Pawlus resula ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek etdi?
10 Pawlus resul Timoteosa baryňa kaýyl bolup ýaşamagy maslahat berip: «Iýjegimiz we geýjegimiz bar bolsa, şoňa kaýyl bolalyň» diýdi (1 Tim. 6:8). Pawlusyň maslahaty bize-de degişli. Ol «süýji-süýji tagamlary iýmäň, kaşaň jaýda ýaşamaň, owadan, gymmatbaha egin-eşikleri satyn almaň» diýjek boldumy? Ýok! Pawlus baýlyga kowalaşman bar zadymyza kaýyl bolup ýaşamalydygymyzy aýtdy (Flp. 4:12). Pawlus resul baryna kaýyl bolup ýaşandygy üçin ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly boldy. Bizem onuň göreldesine eýerip, Ýehowa bilen dostlugymyzy hemme zatdan wajyp hasaplamaly (Hab. 3:17, 18).
11. Biz Musa pygamberiň aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?
11 Ýehowa Hudaý adamlara nämäniň gerekdigini gowy bilýär. Ysraýyllar çölde göçüp-gonup ýaşadylar. 40 ýyldan soňra Musa pygamber olara şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňizi oňuna etdi. Ol ägirt uly çölüň içinde äden her ädimiňizden habarlydyr. Geçen 40 ýylyň içinde Ýehowa Hudaýyňyz sizi goldap, hiç zada zar etmedi» (5 Mus. 2:7). Allatagala ysraýyllary 40 ýyllap manna bilen ekledi. Hatda olaryň egin-eşikleri hem ýyrtylmady (5 Mus. 8:3, 4). Belki-de, ysraýyllaryň käbiri: «Şol bir egin-eşikden we mannadan ýadadym» diýendir. Emma Musa pygamber Ýehowanyň olara ähli gerekli zatlary berendigini aýtdy. Biz mundan näme öwrenýäris? Biz Ýehowanyň berýän bereketleriniň — uly bolsun, kiçi bolsun — ählisiniň gadyryny bilmeli. Eger barymyza kaýyl bolsak, Ýehowanyň her gün berýän zatlaryna şükür etsek we minnetdar bolsak, biz gökdäki Atamyzy begendireris.
ÝEHOWANYŇ GOLDAJAKDYGYNA IMAN EDELIŇ
12. Dawudyň Ýehowa bil baglandygyny nireden bilýäris?
12 Dawut Ýehowanyň hudaýhon adamlary wepaly söýgüsi bilen çoýup, aladasyny edýändigini bilýärdi. 34-nji mezmury ýazanda Dawudyň janyna howp abanýan hem bolsa, ol: «Ýehowanyň perişdesi Hudaýdan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýar» diýip, ynam bilen aýtdy (Zeb. 34:7, çykgyt). Dawudyň döwründe esgerler söweş meýdanynda düşelge gurýardylar. Düşelgede käbir esgerleri garawul edip belleýärdiler. Olar düşelgäni duşmanlardan goraýardylar. Dawut Ýehowanyň perişdesini şeýle esgerlere meňzeden bolmaly. Dawut edermen serkerdedi, atan sapany sowa geçmezdi, ussatlyk bilen elinde gylyç oýnadardy. Şeýle-de Ýehowa ony patyşa edip, tagtda oturtmagy wada beripdi (1 Şam. 16:13; 24:12). Emma Dawut özüne däl-de, Ýehowa bil baglaýardy. Allatagalanyň perişdesi arkaly gorajakdygyna şübhelenmeýärdi. Elbetde, Ýehowa şu günler bizi gudrat bilen goramaýar. Emma Ýehowa bize agyr synaglara döz gelmäge güýç berer. Eger aradan çyksak-da, Ýehowa bizi gelejekde direlder.
13. Mäjit ýurdundaky Äjit näme üçin bizi bir demde ýok ederin öýder, emma biz nämä ynamly bolmaly? (Daşky sahypadaky surata serediň).
13 Tizden biziň Ýehowa bolan imanymyz synalar. Mäjit ýurdundaky Äjit, ýagny «milletleriň üýşmegi» Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Şonda Ýehowanyň bizi halas etjekdigine ynanmaly bolarys. Milletlere Hudaýyň halkyny ýok etmek aňsat bolup görner (Hyz. 38:10—12). Sebäbi biz elimize ýarag almaýarys we söweşmegi öwrenmeýäris. Milletler bizi bir demde ýok ederis öýderler, emma olaryň tamasy puja çykar. Olar biziň daşymyzda Ýehowanyň perişdeleriniň düşelge guranyny görmezler, sebäbi olar Hudaýa iman etmeýärler. Milletleriň üstüne Ýehowanyň gökdäki goşuny hüjüm edende, olar aňk-taňk bolarlar (Ylh. 19:11, 14, 15).
SYNAGLARA HÄZIRDEN TAÝÝARLANYŇ
14. Gelejekde boljak synaglara taýýarlanmak üçin näme etmeli?
14 Gelejekde boljak synaglara taýýarlanmak üçin häzirden näme etmeli? Birinjiden, biz baýlyga kowalaşmaly däl, sebäbi Ýahudada ýaşan mesihçiler ýaly iru-giç ähli zadymyzdan geçmeli bolarys. Ikinjiden, biz barymyza kaýyl bolmaly we Ýehowa bilen dostlugymyzy birinji orunda goýmaly. Biz Ýehowany gowy tanasak, Mäjit ýurdundaky Äjidiň hüjüminden gorajakdygyna ynamly bolarys.
15. Dawut Ýehowanyň hemişe goldajakdygyna näme üçin şübhelenmeýärdi?
15 Bize gelejekde boljak kynçylyklara taýýar bolmaga ýene näme kömek eder? Dawut: «Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň, Hudaýy pena edinýän adam bagtlydyr» diýdi (Zeb. 34:8). Dawut Ýehowanyň gorajakdygyna we ýeke goýmajakdygyna ynanýardy. Ol hemişe Ýehowa bil baglaýardy. Ýehowa-da ony goraýardy we goldaýardy. Dawut ýaş wagty piliştlileriň äpet pälwany bilen göreşende: «Häzir Ýehowa seni elime berer» diýdi (1 Şam. 17:46). Şawul patyşa Dawudy ençeme sapar öldürjek boldy, ýöne Ýehowa Dawudy gorady (1 Şam. 18:12). Dawut ýaş wagty Ýehowanyň goldaw berişini ençeme sapar görüpdi. Şol sebäpli ol Arkadagynyň ýene-de goldajakdygyna şübhelenmeýärdi.
16. Biz nädip Ýehowany synap, goldaw berişini görüp bileris?
16 Biz häzirden Ýehowanyň goldaw berişini görsek, gelejekde boljak synaglarda kömek etjegine ynamly bolup bileris. Biz hemişe Ýehowa iman etmeli we bil baglamaly. Aýdaly, siz kongrese gatnaşmak üçin başlygyňyzdan rugsat soraýarsyňyz. Ýa-da köpräk wagyz etmek we ýygnak duşuşyklarynyň ählisine gatnaşmak üçin iş grafigiňizi üýtgetmegi haýyş edýärsiňiz. Ýöne başlyk haýyşyňyzy bitirmeýär we siz işden çykmaly bolýarsyňyz. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň sizi taşlamajakdygyna we gerek-ýarak zatlar bilen üpjün etjekdigine iman edersiňizmi? (Ýew. 13:5). Ýehowa wepaly Hudaý, ol wepaly bendelerini terk etmeýär. Muňa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar durmuşynda göz ýetirdiler.
17. 2022-nji ýyl üçin haýsy aýat saýlanyldy we näme üçin?
17 Biz hiç zatdan gorkmaly däl, sebäbi Ýehowa biziň Arkadagymyz. Eger Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak, Ýehowa bizi taşlamaz. Biz gelejekde boljak synaglara taýýar bolmaly we Ýehowanyň bizi goldajakdygyna, gorajakdygyna ýürekden iman etmeli. Şonuň üçin Ýolbaşçylyk maslahaty 2022-nji ýyl üçin Zebur 34:10-y saýlady. Aýatda: «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýilýär.
38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer
^ 2022-nji ýyl üçin Zebur 34:10-njy aýat saýlandy. Aýatda: «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýilýär. Emma Ýehowa sežde edýän adamlaryň köpüsi ýeter-ýetmezçilikden kösenýärler. Onda aýatdaky «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýen sözler nämäni aňladýar? 2022-nji ýyl üçin saýlanan aýat gelejekde boljak synaglara häzirden taýýarlanmaga nädip kömek edýär?
^ «Okyjylaryň sowallaryna» serediň (w14 15/9).
^ «Garawul diňi» žurnalyna serediň (w99-U 1/5 sah. 19).